Ýoga we saglyk

20 Iýul 2023
747

Ýoga endamyňy owadan görkezýär we agramyňy kadaly saklaýar. Ýoga gimnastikasy saglygyň sakasydyr. Ol horlanmak üçin iň gowy usullaryň biridir. Soňky döwürde sportuň bu görnüşi sport desgalarynda hem ýola goýuldy. Lukmanlar uly ýaşly adamlara ýoga gatnaşmagy maslahat berýärler. Sebäbi ýoga diňe bir maşklaryň toplumyny özünde jemlemän, eýsem, adamyň bedenini ýokary derejede taplamagyň usullaryny özünde hem birleşdirýär. Ýoganyň iň ýönekeý hereketleri hem (olar dogry ýerine ýetirilende) saglygymyza güýçli bejergili netije berýär. Ýoga diňe bir bedenimiziň owadanlygyny saklamaga ýardam etmän, eýsem, uzak günki işden soň ýadawlygymyzy aýyrmaga, adam bedeniniň dartgynlylygyny peseltmäge hem ýardam berýär. Dartgynlylygyň bedene bolan howpuny azaltmakda ýoganyň ýardamy uludyr.

Hurşud IZZATOWA,
Aşgabat şäherindäki 14-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.