Datly hem peýdaly nygmat

20 Iýul 2023
393

Öz möwsüminde we wagtly-wagtynda iýilýän miwelerdir gök önümler saglygy goramakda örän wajypdyr. Tomsuna ýetişýän bakja ekinleri hem bedenimizi bu pasylda zerur bolan witaminler bilen üpjün edýär. Düzüminiň 90 göterimden gowragynyň suwdan ybaratdygy üçin garpyz bu möwsümde teşneligi gandyryjylygy, ýeňil siňýändigi bilen aýratyn tapawutlanýar.

Garpyz — B, C, E, PP witaminleriniň, pektin maddalarynyň, foliý turşusynyň we A prowitamininiň çeşmesi. Garpyza gyzyl reňk berýän likopin maddasynyň ýürek-damar hem-de çiş keselleriniň öňüni almakda peýdasy uludyr. Şeýle-de onda demriň, marganesiň, magniniň, kaliniň, nikeliň, natriniň, fosforyň duzlary bar. Garpyzyň süýjüligi bolsa onuň düzümindäki fruktoza bagly bolýar. Magniý garpyzyň düzümindäki iň gymmatly elementleriň biri bolup, ol gan damarlarynyň çeýeligini saklaýar we bedeniň holesterinden saplanmagyna ýardam edýär, içegäniň işini kadalaşdyrýar. Adam bedenine günüň dowamynda gerek bolan magniniň möçberi üçin garpyzyň 150 gramyny iýmek ýeterlikdir.