Il sylagly ýaşulular Arkadag şäherinde boldular

19 Iýul 2023
437

Öňňin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandyrlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Maslahatlar merkezinde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň barşynda eden teklibinden ugur alyp, Arkadag şäherinde gezelençde boldular. Turuwbaşdan, özboluşly mana eýe bolan gezelenjiň dowamynda «ýaşlaryň şäheriniň» gözel künjeklerini, şeýle-de «Arkadag Binasyny» höwes bilen synlan ýaşuly nesliň wekilleri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine hem baryp gördüler. Ýaşulular merkeziň alyp barýan işleri bilen tanşanlaryndan soň, bejeriş otaglaryna aýlanyp, çagalaryň saglygyny dikeldip, wagtlaryny hoş geçirmekleri üçin ýokary derejeli şertleriň döredilendiginiň şaýady boldular. «Akylly» şähere edilen bu gezelenç il sylagly ýaşulularyň kalbynda döwrümize bolan buýsanjy has-da artdyrdy.