Gün urmadan goranalyň!

19 Iýul 2023
486

Gün urmanyň öňüni alyş çäreleri şulardan ybarat, ýagny bedenimiz ýokary temperatura uýgunlaşdyrylmalydyr, gün tertibini, suw we iýmit düzgünini berjaý etmeli. Teşneligi gandyrmak üçin bedeni ýeterlik suw bilen üpjün etmeli. Suwa derek çaý içilse, has hem gowy bolýar, sebäbi çaý teşneligi gowy gandyrýar. Bulardan başga-da, witaminli suwlar, şireler içilmelidir.

Yssydan goranmak üçin kölegeleri, suwly duşlary gurnamaly, yssy günleri zähmet çekilende ýygy-ýygydan biraz arakesme yglan etmeli.

Ogulgül ATAMYRADOWA,
Aşgabat şäherindäki 14-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.