Gün şöhlesinden goranmak üçin

17 Iýul 2023
703

Adamyň sagdyn ýaşamagy üçin Gün şöhlesi edil howa, suw, iýmit ýaly zerur. Ýöne onuň dowamly täsiriniň bedene uly zyýan ýetirip biljekdigini hem unutmaly däl. Günüň aşagynda aşa köp durulmagy, onuň zyýanly täsir edýän wagtynda Gün wannasynyň kabul edilmegi ýaramaz netijelere getirip bilýär.

Gün şöhlesi ganda limfositleriň mukdaryny köpeldýär. Deriniň ýanmagy, wagtyndan öň ýygyrt atmagy, çeýeligini ýitirmegi, garramagy, ukynyň bozulmagy, gaharjaňlygyň, newrozlaryň, deriniň howply täze döremeleriniň ýüze çykmagy, köplenç, ultramelewşe şöhleleriniň dowamly täsiri bilen baglanyşyklydyr. Şeýle-de yssyda daşarda köp wagtlap gezilende, Gün urmasy bolup bilýär. Şu ýagdaýlaryň öňüni almak üçin howanyň örän ýokary gyzgynlyga ýetýän häzirki günlerinde daşary çykylanda, kelläňe başgap geýmek, ýaglyk atynmak, äýnek dakynmak, saýawan götermek maslahat berilýär.

Selbinyýaz BAÝRAMOWA,
Aşgabat şäherindäki 13-nji saglyk öýüniň maşgala lukmany.