Işewürligiň saglyga ýa-da saglygyň işewürlige täsiri

16 Iýul 2023
358

Häzirki wagtda dünýäde, şol sanda biziň jemgyýetimizde hem işjeň durmuşa geçirilýän sagdyn durmuş ýörelgesi ynsan saglygy üçin iň gerekli düzgün-kadadyr. Sagdyn durmuş ýörelgesine girýän oňat endikleriň sany kesgitli bolmasa-da, olary mümkin boldugyndan azaltmak däl-de, köpeltmek zerurdyr. Çünki bizi gurşap alýan durmuş hadysalarynyň islendiginde hem saglygymyza howp salyp biläýjek zatlaryň bolşy ýaly, saglygymyzy goramaga hemaýat berip biljek zatlar hem az däl.

Adamyň saglygy hakynda gürrüň edilende, onuň diňe beden saglygyny göz öňüne getirmek ýalňyşdyr. Adamda bedenden başga-da, ruhuň hem bardygyny unutmaly däl. Lukmançylyk ylmynda uly yz goýan meşhur şahsyýetleriň tejribelerine, şeýle-de ýazuw çeşmelerine salgylananyňda-da, adamyň ruhunyň päkliginiň we berkliginiň beden saglygyndan has ýokarydygyny görmek bolýar. Bu barada Ibn Sinadan biraz öň ýaşap geçen Abu Bakr al-Razi ruhy lukmançylyk ugruny döredýär. Al-Raziniň bu ýoly döretmekden maksady, ynsan kalbynyň ýaramaz taraplaryny düzetmek we ruhy häsiýetleri kämilleşdirmek, has takygy, beden gigiýenasyndan öňürti ruhy bilen baglanyşykly düzgünleri berjaý etmek bolup durýar.

Merjen Berdiýewa,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.