Gül durmuşyň gunçalary

12 Iýul 2023
552

Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer başlangyçlary bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň işi berkarar döwletimizde ýaş nesliň ýokary derejede üns-alada, mähir bilen gurşalandygyna güwä geçýär. Bu gaznanyň goldawy bilen köp sanly çagalara dürli görnüşdäki operasiýalar geçirilip, olaryň saglyklary dikeldilýär, hassahanalar lukmançylyk enjamlary, «Tiz kömek» awtoulaglary bilen üpjün edilýär. Lukman Arkadagymyz hassahanalara baryp, çagalaryň saglyk ýagdaýlary bilen içgin gyzyklanýar we gymmatly maslahatlaryny berýär. Ýaňy-ýakynda Arkadag şäherinde Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda geçirilen gaznanyň müdiriýetiniň birinji mejlisinde bu ugurdaky işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisde Gahryman Arkadagymyz Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda Ýaşulular geňeşiniň döredilendigini belläp, onuň agzalary bilen bilelikdäki işleriň ýola goýulmalydygyny aýtdy. Şunda utgaşykly işleriň alnyp barylmagyna, ösüp gelýän ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kömek-goldaw bilen gurşalmagyna, olaryň ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri üçin mümkinçilikleriň döredilmegine zerur üns berilmelidir. Bu işleriň kanunçylyk taýdan berkidilmegi häzirki döwrüň möhüm talabydyr diýip, hormatly Arkadagymyz degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Gahryman ROZYÝEW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň orunbasary.