Ýiti gün şöhlesinden goranalyň!

12 Iýul 2023
623

Tomus paslynda Gün şöhlesi has-da ýiti bolýar. Gün şöhlesiniň zyýanly täsiriniň bardygynam ýatdan çykarmaly däl. Günüň ýiti şöhleleriniň aşagynda adamlara, ylaýta-da çagalara uzak wagtlap durmak, gezmek, oýnamak howpludyr. Eger-de Gün şöhlesi bilen çaganyň bedenini taplamak isleseňiz, onda ony howanyň salkyn wagty gezdirip bilersiňiz. Çagalar güneşli howada gezdirilende, olaryň endamy Güne ýanmaly däldir. Hökman ýeňiljek başgap geýdirilen bolmalydyr. Kiçi ýaşly çagalary ýiti Gün şöhleleri düşýän ýere çykarmak maslahat berilmeýär. Yssy wagty uzak wagtlap açyk howada gezilende, Gün şöhlesi adam bedenine zyýanly täsir edip, dürli näsazlyklara getirýär. Muňa başgaça aýdylanda, «Gün urma» diýilýär.

Gün urma – bu aşa yssy günlerde Günüň göni şöhleleriniň adamyň kellesine uzak wagtlap eden täsiri netijesinde ýüze çykýan ýagdaýdyr. Bu ýagdaý daşarda, açyk meýdanda saýawansyz we başgapsyz uzak wagtlap bolnan ýagdaýda ýüze çykyp biler. Gün urmada adamda güýçli kellagyry, ysgynsyzlyk, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, ýürek bulanma, gaýtarma ýaly alamatlar ýüze çykýar. Eger-de şunuň ýaly ýagdaýlar ýüze çyksa, näsagy kölegä ýa-da salkyn otaga geçirip ýatyrmaly we dessine «Tiz kömegi» çagyrmaly, Gün uran adama sowuk suw ýa-da düýe çalyny içirmeli, ýüzüni sowuk suw bilen ýuwmaly, iri damarlaryň geçýän ýerine sowuk suwa öllenen esgi goýmaly.