Gün urmanyň öňüni alyş düzgünleri

12 Iýul 2023
414

Gün şöhlesi dürli şöhlelenmeleriň güýçli çeşmesi bolup, olaryň içinde ultramelewşe şöhlesi adamyň saglygynda wajyp ähmiýete eýedir. Olar adam bedeniniň ösmegi we kämilleşmegi üçin gerek bolan witaminleriň emele gelmegine gatnaşýar. Şunda tomus paslynda howanyň aşa gyzmagy netijesinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmagy hem ýatdan çykarmaly däl. Çünki Günüň aşagynda uzak gezilende ynsan saglygy üçin örän howply bolan Gün urma hadysasy ýüze çykyp bilýär. Çendenaşa güýçli Gün şöhlesi agyr keselleriň, şeýle-de howply täze döremeleriň emele gelmegine sebäp bolýar. Her bir adam Gün şöhlesini dürli derejede duýup başlaýar, ýagny ilki mylaýym ýylylyk, soňra derisiniň gyzarmak, ýanmak hadysasy bolup geçýär. Gün urma hadysasy gyzgynlygyň gönüden-göni beýnä täsir etmeginiň netijesinde ýüze çykýar. Uly bolmadyk gan inmeler merkezi nerw ulgamynyň işine şikes ýetirip bilýär.

Gün urmanyň ilkinji alamatlary 2—10 sagatdan soň ýüze çykýar. Ilkibada umumy ysgynsyzlyk, kellagyry, başaýlanma, arkada we aýaklarda agyry, gulak şaňlamagy, gözüň garaňkyramagy ýaly alamatlar döreýär. Gün uran adamda howa ýetmeýän ýaly duýgy bolýar, ýüregi çalt urup başlaýar, güýçli teşnelik duýýar. Agyr ýagdaýlarda adamyň ýüzi gögerip, dem alşy ýygylaşýar, näsag huşuny ýitirýär. Merkezi nerw ulgamynyň zeperlenmegi netijesinde tutgaýlar, samrama, gözüne görünme ýaly ýagdaýlar döräp biler. Bedeniň gyzgynlygy 41 —  42  dereje gyzgynlyga çenli ýokarlanýar we agyr gaýraüzülmeler ýüze çykyp bilýär.

Aýna ATDAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 14-nji saglyk öýüniň lukmany.