Tebigatyň eçilen melhemi

12 Iýul 2023
335

Ýurdumyzda özüniň melhemlik suwlary, palçyklary bilen tanalýan şypahanalar raýatlarymyza saglyk we medeniýetli dynç alşy paýlaýar. Şol şypahanalaryň içinde düzüminde 32 element bolan tebigy melhemlik suwy bilen tapawutlanýan «Farap» şypahanasy hem watandaşlarymyza ýokary hilli hyzmat edýär. Bu ýere gelip, saglygyny dikeldýän raýatlar hemişe şypahananyň şypaly suwundan, ähli hyzmatlaryndan hoşal bolýarlar. Şypahanada mineral suw arkaly dürli keselleriň bejeriş usullary bar.

Dowamly inçe we ýogyn içegeleriň sowuklama keselinde mineral suwy, adatça, nahardan öň 3 gezek kabul edilýär. Ýöne suwuň hem-de iýmitiň kabul edilişiniň dogry utgaşdyrylmagyny, aşgazanyň işjeňligini anyklamak örän ähmiýetlidir. Eger-de aşgazanda pes turşulyk bolanda, nahardan 15―30 minut soň, tersine, ýokary bolanda, 1―1,5 sagat nahardan öň içilýär.

Gülşen KURBANOWA,
«Farap» şypahanasynyň lukmany.