Gün urmasyndan ägä boluň!

10 Iýul 2023
436

Ýaşaýyşda zerur bolan Günüň ýagtylygy hem ýylylygy topragyň düzümindäki kesel döredijileri ýok edip, bakterisid häsiýete eýedir. Günüň ultramelewşe şöhlesi süňkleriň berkemeginde, çagalarda igleme keseliniň öňüni almakda juda peýdalydyr. Tomusda howanyň gyzgynlyk derejesiniň ýokarlanmagynyň netijesinde, Gün aşa gyzyp, onuň ýaramaz täsirleri bildirip başlaýar. Şonuň üçin yssy günlerde Gün urmasyndan ägä bolmaly. Howanyň gyzgyn mahaly uzak wagtlap daşarda gezilende Gün urýar. Şol sebäpli lukmanlarymyz raýatlarymyza şulary ýatladýar:

Howanyň aşa gyzan wagty zerurlyk bolmasa, daşarda gezmeli däl. Ylaýta-da, çagalary, uly ýaşly adamlary aýratyn goramaly. Günden goraýan serişdeleri ulanmaly, kellä ak başgap geýmeli ýa-da ýaglyk daňmaly, saýawan götermeli, egin-eşikler hem açygyrak reňkde bolsa gowy. Gün ursa kelläň agyrmagy, gyzgynyň galmagy, essiň aýylmagy, ýüregiň bulanmagy, gan basyşyň beýgelmegi we gaýtarmak ýaly alamatlar bolýar. Eger-de şeýle ýagdaý ýüze çyksa, haýal etmän lukmana ýüz tutmaly we ilkinji kömegi bermeli.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy.