Sag başym – soltan başym

10 Iýul 2023
838

Hormatly adamlar!

Tomus möwsüminde howanyň aşa gyzmagy adamlaryň özüni alyp barşynda käbir kadalara has ünsli bolmagyny hem-de olary berk berjaý etmegini talap edýär. Gartaşan we dowamly keselleri bolan adamlara, kiçi ýaşly çagalara howanyň aşa gyzan mahalynda daşary çykmak maslahat berilmeýär. Gezelenje  irden sagat  9:00-a çenli we öýlän howanyň salkynlaşan mahalynda, ýagny 18:00-dan soň  çykmak maslahat berilýär. Daşary çykylanda, möwsüme görä (açyk reňkli, nah matadan tikilen eşikleri) geýinmek, kellä Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, saýawan götermek, gözleri goraýan gara äýnek dakynmak, arassa agyz suwuny ýanyň bilen almak maslahat berilýär.