Günüň ýiti şöhlesinden goranmagyň düzgünleri

10 Iýul 2023
709

Tomus paslynda Günüň ýiti şöhlesinden goranmak hemmämiziň saglygymyz üçin hökmanydyr. Yssydan goranmagyň düzgünlerini berk berjaý etmek bilen biz saglygymyzy gorap bileris.

Tomsuň yssy günlerinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak üçin ak, açyk reňkli egin-eşik, başgap geýmek, ýaglyk daňynmak, Gün şöhlesinden goraýan äýnekleri, saýawanlary ulanmak, arassa agyz suwuny ýanymyz bilen götermek maslahat berilýär. Şeýle hem köpräk gök önümleri, miweleri iýmek, günüň dowamynda gerekli mukdarda 1,5-2,5 litre çenli arassa agyz suwuny içmek peýdalydyr. Agyr we ýagly naharlary iýmekden, gazly we sowuk içgileri içmekden, bedene fiziki agram salmakdan saklanmaly.

«Güneş».