Yssy howadan goranalyň!

10 Iýul 2023
652

Adaty bolmadyk yssy howa adamyň beden saglygyna zyýan ýetirýär we bar bolan keselleriň täze döremegine ýa-da güýçlenmegine sebäp bolup biler. Şonuň üçin hökmany ýagdaýda yssy howadan goranmak zerurdyr.

Howa gaty gyzanda we Gün şöhlesi ýitileşende, bedeniň gyzgynlygy deriň bölünip çykmasy we bugarmasy bilen kadalaşdyrylýar. Deriň bölünip çykmagy bilen beden özüni öte gyzmakdan goraýar. Mundan başga-da, derlemek bedenden toksinleriň çykarylmagyna hem ýardam edýär. Yssy howadan goranmak üçin günde sarp edilýän suwuň mukdaryny köpeltmeli hem-de limonly suw, gök çaý, miwe şirelerini köp içmeli.

«Diýar»