Arkadag — sagdynlygyň şäheri

8 Iýul 2023
464

Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň desgalarynyň açylyp ulanmaga berilmegi ähli halkymyz bilen birlikde, biz — saglygy goraýyş işgärlerini hem juda begendirdi. Täze şäher lukman Arkadagymyzyň ilatyň saglygy baradaky aladasynyň aýdyň nusgasyna öwrüldi. Şäheriň ekologik aýratynlyklary, onuň «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlandygy, bu ýerde elektromobilleriň we elektrobuslaryň hereket etmegi, bina edilen saglygy goraýyş maksatly desgalar, olarda ornaşdyrylan innowasion lukmançylyk enjamlary hem munuň şeýledigine şaýatlyk edýär.

29-njy iýunda beýleki durmuş maksatly desgalar bilen bir hatarda, Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirligi we onuň garamagyndaky 350 orunlyk köpugurly hassahana, 150 orunlyk onkologiýa merkezi, 150 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi, Awtoulaglar kärhanasy hem açylyp ulanmaga berildi. Bilşimiz ýaly, şol gün Arkadag şäherinde ilkinji gezek täze «123» gullugy işe girizildi. Munuň özi degişli dessin gulluklary, şol sanda gaz we ýangyn howpsuzlygy, «Tiz kömek» gulluklaryny çagyrmagyň bitewi belgisidir. Täze şäherde bilim ugruna hem uly üns berilýär. Saçly Dursunowa adyndaky lukmançylyk orta hünär okuw mekdebi ýaşlara saýlap alan hünärini öwrenmäge we ele almaga giň mümkinçilik döreder.

Ýusup IŞANGULYÝEW,
Arkadag şäheriniň Saglygy goraýyş müdirliginiň başlygy.