Sagdynlyk – bagtyýarlyk

7 Iýul 2023
263

«Bedenterbiýe we sport jemgyýetimizi jebisleşdirýän, halkymyzy beýik ösüşlere ruhlandyrýan güýçdür» diýip, mähriban Arkadagymyz belleýär. Halkymyzy sporta höweslendirmekde, ýaş türgenleriň sanyny artdyrmakda, sporta ukyply ýaşlary ýüze çykarmakda, olary sagdyn ruhda terbiýelemekde uly işler alnyp barylýar.

Häzirki wagtda tehnologiýanyň ösen zamanasynda ýaşaýarys. Hut şoňa görä-de, biziň gündelik durmuşymyz işjeň ýagdaýda geçýär. Şol başagaýlygyň arasynda biz özümiziň saglygymyzy ünsden düşürýäris. Ýogsa ynsanyň iň uly baýlygynyň saglykdygyna hem gowy düşünýäris. Saglygy hiç zat bilen deňäp bolmaz. Elbetde, şonuň üçinem ýaşymyza, kärimize garamazdan, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermelidiris.

Şuhrat REÝIMOW,
Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň ýanyndaky Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy baradaky gullugyň Lebap welaýat müdirliginiň Çärjew etrabynyň müdiri, uly döwlet bellige alyjysy.