Gün urma

6 Iýul 2023
390

Tomus paslynda daşarda köp wagtlap başaçyk gezseň, Gün urýar. Şeýle ýagdaýda ilki ýadawlyk, gowşaklyk, kellagyry, başaýlanma duýulýar. Bu alamatlara soňra göz öňüniň garaňkyramagy, gulaklaryň şaňlamagy, ýüregiň urşunyň çaltlanmagy hem goşulýar. Bada-bat kömek edilmedik, üstesine, özüni näsag duýýandygyna garamazdan, Günüň astynda bolmagy dowam etdirýän adamyň ýagdaýy has-da beterleşýär. Gün uran adamyň kähalatlarda burny ganaýar. Gün urmanyň ýeňil görnüşinde hassany kölegä geçirip, ýatyrmaly, daşky eşiklerini çykarmaly, kellesine sowuk ýapgy goýmaly, suw içirmeli we haýal etmän hassahana ibermeli.

Hormatly adamlar, tomsuň yssy günlerinde Gün urmazlygy üçin başyňyza başgap, egniňize ak reňkli, nah lybaslary geýmegi ýa-da saýawan götermegi unutmaň!

Maýagül GARAJAÝEWA,
Aşgabat şäherindäki 16-njy saglyk öýüniň maşgala şepagat uýasy.