Saglygym — baýlygym

6 Iýul 2023
377

Ýurdumyzda ynsan saglygy ýurduň baş baýlygyna deňelýär. Şeýle bolansoň, diýarymyzda raýatlaryň saglygy, sagdynlygy we bagtyýarlygy hakda uly aladalar edilip, bu babatda giň göwrümli işler durmuşa geçirilýär. Bu ugurdaky tagallalardan ugur alnyp, Ak bugdaý etrabynyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ilatyň arasynda baý many-mazmunly wagyz-nesihat çäreleri guralýar.

Häzirki günlerde sagdyn durmuş ýörelgelerine bagyşlanyp geçirilýän wagyz-nesihat çäreleriň netijeliligine aýratyn ähmiýet berilýär. Tomus paslynyň howanyň gyzgyn häzirki günlerinde Günüň ýiti şöhlesinden goranmak, ýokumly gök-bakja önümleri, ir-iýmişler bilen köpräk iýmitlenmek, arassaçylyk düzgünlerini we sagdyn durmuş ýörelgelerini gyşarnyksyz berjaý etmek boýunça ildeşlerimize gymmatly maslahatlaryň berilýändigini bellemelidiris.

Rejepgeldi ATAJANOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.