Geljegiň şäheriniň kitaby

29 Iýun 2023
381

XXI asyryň birinji çärýeginde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwrebap ösüşleriň taryhy şertleriniň kemala gelýän mekany bolup dünýä dolýar. Gojaman Köpetdagyň eteginde ýerleşýän Arkadag şäheri hem şonuň mysalydyr.

«Arkadag şäheri — geljegiň şäheri» diýlip atlandyrylýan, owadan suratlar bilen bezelen täze kitapda döwrümiziň täsinligi, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen dörän täze «akylly» şäher barada söhbet açylýar. Ekologiýa taýdan arassa, «ýaşyl» tehnologiýalary, sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmagyň tejribelerini bir ýere jemleýän, ahalteke bedewlerini dünýä beren bu gadymy topragyň özgerişi hakynda gürrüň berilýär.