Sahawat daragtynyň saýasy

29 Iýun 2023
494

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW:
— Biz ata-babalarymyzyň howandarlyga mätäçlere goldaw bermek bilen bagly asylly däplerinden ugur alyp, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretdik. Bu gaznanyň ştab-kwartirasyny Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde ýerleşdirdik. Mälim bolşy ýaly, gaznanyň serişdeleriniň hasabyna howandarlyga mätäç çagalaryň köpüsiniň saglygy dikeldildi, biz bu işleri geljekde-de dowam etdireris. Sebäbi halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy bolman, eýsem, türkmenistanlylaryň häzirki we geljek nesilleriniň bagtyýar geljeginiň hem berk binýadydyr.

Çaga doglanyndan başlap, onuň durmuş goraglylygyny, sagdyn ösmegini üpjün etmek adamzat ösüşiniň aýrylmaz bölegi. Ýurdumyzda ýaş nesliň sagdyn, bagtyýar ösmegi, olaryň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, dostluk ruhunda terbiýelenmekleri üçin ähli şertler döredilýär.

Maýa ÖKÜZOWA,
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň direktory.