Melhemler mekany

28 Iýun 2023
454

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde, beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, saglyk ulgamynda hem uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda hereket edýän döwrebap şypahanalar halkymyzyň saglygyny berkitmekde uly ähmiýete eýedir. «Daşoguz» şypahanasynda hyzmatyň ýola goýluşy, raýatlaryň şypaly dynç almaklary üçin oňaýly şertler ildeşlerimizde hoşallyk duýgularyny döredýär.