''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Ýaşlar röwşen geljegimiziň eýeleridir

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hem ýaşlar baradadyr. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny röwşen geljegimiziň eýeleri bolan ýaş nesilleriň eşretli, bolelin durmuşda ýaşamagyna, okamagyna, işlemegine gönükdirilendir. Milli Liderimiz Watanymyzyň geljeginiň ýaşlara baglydygyny hemişe nygtap, ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olaryň arasynda ruhy-ahlak we medeni gymmatlyklarymyzy, milli däp-dessurlarymyzy wagyz etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da rowaçlandyrmak, watansöýüjiligi, raýat jogapkärçiligini, zähmete bolan söýgini terbiýelemek, döwlet we jemgyýetçilik bähbitleri bilen ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny utgaşdyrmak, olaryň jemgyýetçilik, şahsy başlangyçlaryny ileri tutmak, goldamak we höweslendirmek ýaly örän möhüm wezipeleri öňe sürýär. «Ýaşlar Watanymyzyň güýç-kuwwaty we abraý-mertebesidir» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyzyň sagdyn pikirli, ahlak taýdan arassa, ruhubelent, ylmyň soňky gazananlaryny ele alan, watansöýüjilik ruhunda terbiýelenen ýaş nesliň kemala gelmegi üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredýändigi, elbetde, döwrümiziň ajaýyp hakykatydyr. «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» durmuşa

Türkmen mekdep okuwçylarynyň halkara ders bäsleşigindäki üstünligi

Gazagystan Respublikasynda 7 — 12-nji ýanwar aralygynda geçirilen matematika, fizika we informatika dersleri boýunça Halkara ders bäsleşiginde türkmen mekdep okuwçylarynyň üstünlikli çykyş etmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli bilim ulgamynda başy başlanan özgertmeleriň netijeliliginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ozal habar berlişi ýaly, ders bäsleşigine dünýäniň 21 ýurdundan, şol sanda Russiýa Federasiýasyndan, Awstriýadan, Daniýadan, Rumyniýadan, Serbiýadan, Hindistandan, Indoneziýadan, Eýrandan, Mongoliýadan, Belarusdan, Ukrainadan, Ermenistandan, Gruziýadan, Özbegistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Täjigistandan zehinli okuwçylaryň müňden gowragy gatnaşdy. Ýurdumyzyň toparyna halkara derejede ukyplaryny mynasyp görkezen bäsdeşleriň 10-sy wekilçilik etdi.

Sanly bilim — ösüşlere badalga

Häzirki wagtda ýurdumyzda durmuşa ornaşdyrylýan sanly bilim ulgamy ýaşlaryň dünýä derejesinde ýokary hilli bilim almaklaryny doly derejede üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda milli bilim we ylym ulgamynyň kämilleşdirilmegi, hususan-da, ýokary hünärli ýaş hünärmenleri, alymlaryň ýaş neslini taýýarlamagy, şeýle hem bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýär. Bilim babatdaky jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän, bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýän «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilmegi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap mekdepleriň, çagalar baglarynyň, ýörite orta, ýokary okuw mekdepleriniň gurlup ulanmaga berilmegi, olarda täze ugurlaryň girizilmegi, täze, ýokary hilli okuw kitaplarynyň taýýarlanylmagy we çap edilmegi, bilim ulgamyny dünýä derejesine çykarmak maksady bilen sanly bilim ulgamynyň giňden ornaşdyrylmagy bu babatda ädilen beýik ädimler boldy.

Kitap — paýhas ummany

Kitap — bilimler hazynasy. Gyzykly wakalaryň hem-de başdan geçirmeleriň beýanyny edýän kitap — jadyly dünýä. Çaganyň kitap okap, bilimler dünýäsine aralaşmagy, gyzykly maglumatlardan habarly bolup, dünýägaraýşyny giňeltmegi üçin, ene-ata olara kiçiliginden ertekidir hekaýa okap bermeli, goşgulary ýat tutdurmaly. Perzendine kitap okamagy, onuň manysyna düşünmegi öwretmek üçin, ilki bilen, ene-atanyň özi kitap okamagy endik etmeli. Häzirki sanly tehnologiýalaryň ösen döwründe audio kitaplar hem bar. Kähalatda ene-atalar çagalaryna audio kitap alyp berip, olaryň kitaby okamagyny däl-de, diňe diňlemegini isleýärler. Ýöne çaga ýaşlykdan kitap okamagy öwretmek bilen, ene-ata perzendiniň sowatlylygyny hem artdyrýandygyny bilmelidir. Sebäbi hat-sowat öwrenen çaga bir kitaby okamak bilen çäklenmän, onda başga-da eserleri okamaga bolan mümkinçiligi bolýar. Eýýäm harplary tanaýan çaga hat ýazmagy-da özleşdirýär. Ata-babalarymyz «Köp okan — köp biler» diýip, kitap okamagyň gymmatyny beýan edipdir. Audio kitap bolsa diňe öz çygryndaky eseri «gürrüň bermek» bilen çäklenip, «ýadyna» girizilen eseriň gürrüňi gutaransoň, ony zol-zol diňlemegiň gyzygy hem barha peselýär.

Kämilligiň berk binýady

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň geljegi ýaşlar bilen berk baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp barýan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy, ylymly-bilimli, ýokary düşünjeli adamlar bolup ýetişmegi üçin möhüm şertler döredilýär. Onuň şeýledigini ýaşlarymyzyň durmuşy, okuwy, işi we dynç alşy bilen bagly esasy wezipeleriň durmuşda öz beýanyny tapýandygy hem aýdyň görkezýär. Milli Liderimiz ýaşlaryň çuňňur bilim almagyna, olaryň iş bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmaga aýratyn üns berýär. Türkmenistanyň ýaşlar baradaky syýasaty döwlet syýasatynyň möhüm bölegi bolup durýar. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde Türkmenistanda ýaşlaryň hukuklarynyň ygtybarly goralyp, mertebesiniň belent tutulýandygy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Olaryň ýaşaýyş derejesini we durmuş taýdan goraglylygyny ýokarlandyrmak üçin zerur şertler döredilýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 8-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda geçirilen sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklandy. Bu maksatnama ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ýörelgelerini, maksatlaryny, wezipelerini, ileri tutulýan ugurlaryny hem-de ony amala aşyrmagyň çärele

Bilim ulgamynda döwrebap özgertmeler

Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaş nesillere döwrebap bilim bermek, olary milli ýörelgelere laýyklykda terbiýelemek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly esasy wezipeler kesgitlendi. Olaryň hatarynda Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, 2019 — 2025-nji ýyllarda umumy orta bilim berýän ulgamy ösdürmegi dowam etdirmek, umumybilim berýän mekdepleri tamamlaýan ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak maksady bilen, okuw maksatnamalarynyň mazmunyny yzygiderli baýlaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler bar.

Pähim-paýhasa ýugrulan kitap

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby çuňňur pähim-paýhasa ýugrulyp, halkymyzyň milli ýörelgesini, şöhratly taryhyny beýan edýär. Bu ajaýyp kitapda nakyllaryň, rowaýatlaryň beýan edilmegi okyjylaryň gyzyklanmasyny has-da artdyrýar. Munuň özi çuňňur pikirli, pelsepewi garaýyşly bu kitabyň terbiýeçilik ähmiýetini ýokary derejä ýetirýär. Kitabyň çuňňur many-mazmunynda halkymyzyň ruhy dünýäsi, gadymdan gelýän milli medeniýeti öz beýanyny tapýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby ruhy dünýämizi baýlaşdyrýar. Hut şunuň özi hem bu ajaýyp kitabyň halkymyz üçin ýokary gymmatlykdygyny, ýakyn hemradygyny aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasyna ýugrulan bu kitapda ylym-bilime aýratyn orun berilýär. Kitabyň «Ylym-bilim durmuşa ýagty saçýar” atly bölüminde ynsanyň mertebesini has-da ýokarlandyrýan ylym hakynda giňişleýin beýan edilýär. Şu ýerde ylym-bilimiň örän ýokary gymmatlykdygyny, ösüşleriň gözbaşydygyny aýratyn nygtasymyz gelýär. Sebäbi, ata-babalarymyz sowat öwrenmegi zerur hasaplapdyrlar. Milli Liderimiziň bu ajaýyp kitabyny okanymyzda ylymly bolmagyň hem asylly ýörelgedigine aýdyň göz ýetirýäris. Ýaşlary terbiýelemekde ylym-bilimiň uly orny bardyr. Çünki ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegi üçin ylym-bilim gerekdir. Bu hakda hormatly Prezidentimizi

Çeper eserleri okatmak

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesilleri ýetişdirmekde giň mümkinçilikleri döredýär. Şeýle mümkinçiliklerden peýdalanýan bilim ulgamynyň işgärleri, mugallymlar ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde öz goşantlaryny goşýarlar. Munuň üçin milli terbiýä esaslanyp, Gahryman Arkadagymyzyň eserlerini ýakyn gollanma edinýärler. Şeýle asylly, mukaddes wezipeden ugur alyp, öz gündelik işlerimizi şu ýokary talaplara laýyk guramaga çalyşýarys. Şunda türkmen dili we edebiýat mugallymlaryna-da jogapkärli borçlar degişli bolup durýar. Şolara abraý bilen amal etmekde alyp barýan işlerimiziň bir ülşi — bir esere dilden syn bermek sapagyna taýýarlanyşym, guraýşym we geçirişim barada söhbet etmek isleýärin.

Dil öwretmegiň ähmiýeti

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda ylym-bilim ösdürilýär, ýaşlar döwrebap bilim alýar. Şunda ýaşlaryň kämilligi, ökde hünärmenler bolup ýetişmekleri baş maksat bolup durýar. Şonuň üçin hem, häzirki wagtda ýaşlara berilýän bilim döwrebaplygy bilen tapawutlanýar. Esasan hem, bilim bermegiň sanly ulgamyna geçilmegi aýdyň netije berýär, şunda ýaşlara daşary ýurt dillerini öwretmek has-da işjeň häsiýete eýe bolýar. Esasan hem, sanly bilim ulgamynda birnäçe dil öwretmegiň ugurlary işlenip düzüldi. Bu bolsa ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine oňat ýardam berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda ýaşlara dünýä dillerini öwretmek, olary giň dünýägaraýyşly hünärmenler edip ýetişdirmek esasy ugurlaryň biri bolup durýar. Iň täze tehnologiýalary özleşdirmäge we häzirki zaman hünär maglumatlary bilen tanyşmak üçin daşary ýurt dillerini bilmäge ukyply halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak maksat edinilýär.

Kompýuter sowatlylygy — esasy ugur

Bilim ulgamynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi ugrunda ýurdumyzda ylmy esasda giňişleýin alnyp barylýan işler «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda netijeli häsiýete eýe bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýurdumyzda häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna esaslanýan bilim ulgamyny kemala getirmek babatynda durmuşa geçirilýän döwrebap işleriň barha giň gerim alýandygyna doly şaýatlyk edýär. Dünýäniň hemmetaraplaýyn ösüşine işjeň goşulmak, ykdysadyýeti yzygiderli we depginli ösdürmek üçin eziz Diýarymyzda bilim ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi, zehinli, ussat hünärmenleriň ýetişdirilmegi ýola goýulýar.

Mekdep kitaphanasynyň işini guramak

Ýurdumyzyň bilim ulgamynda kitaphanalara aýratyn ornuň degişlidigi sebäpli, olaryň işiniň guralyşy hem dünýä ülňülerine laýyk derejede alnyp barylýar. Jemgyýetçilik durmuşymyzyň ähli ugurlarynda elektron dolandyryş ulgamyna geçilýän häzirki döwürde kitaphana işini maglumatlaşdyrmak, olarda elektron kataloglary we kitaplary peýdalanmaga geçmek, maglumat alyş-çalyş işini ýola goýmak işleri üstünlikli alnyp barylýar.

Ylym bilen berkdir ýurduň binýady

Akyldarlaryň biri: «Siwilizasiýanyň iň derwaýys wezipesi adama pikirlenmegi öwretmekdir» diýipdir. Pikir bolsa, mälim bolşy ýaly, ylmyň önümidir. Biziň durmuşymyza tapgyr-tapgyr täzelikleri girizip gelýän ylym bu gün iň ýokary derejä ýetip, dünýäni bütinleý özgertdi. Indi ýaşaýşy biri-birinden kämil tehnikasyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Ylym, şeýle-de, döwre öz talaplaryny girizýär. Şol talaplara abraý bilen hötde gelinmegi ösen jemgyýeti kemala getirýär.

Harby bilim we sanly ulgam

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly, öňdengörüji, aýdyň syýasaty netijesinde ýurdumyzyň ykdysadyýetinde we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerinde düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Munuň esasyny düzýän syýasat bolsa ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagynyň ähli ugurlara giňden ornaşdyrylmagy bilen mümkin bolýar. Goşuny kämil ýagdaýa getirmegiň iň möhüm wezipeleriniň biri hem harby okuw-terbiýeçilik ulgamyny kämilleşdirmek arkaly häzirki zaman innowasion enjamlary hem-de maglumat tehnologiýalaryny ulanyp, harby taýýarlygyň has amatly, şol sanda netijeli görnüşlerini we usullaryny gözläp tapmakdan ybaratdyr. Harby okuw-terbiýeçilik ulgamyny ösdürmegiň iň netijeli ýollarynyň biri hem ony maglumatlaşdyrmak bolup durýar. TGM-niň ýokary we ýöriteleşdirilen harby okuw mekdeplerinde bilim berlişiniň, ylmy işleriň geçirilişiniň, dolandyryş işlerini guramagyň hilini we netijelerini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýän sanly ulgamy kämilleşdirmek hem şeýle işleriň hatarynda bolup, ol işler yzygiderli alnyp barylýar.

Edep-terbiýeli ýaşlar — döwrümiziň bezegi

Ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bilim, ylym, edep-terbiýe bermek bilen bir hatarda, olary millilige, pederlerimizden miras galan medeni gymmatlyklarymyza sarpa goýmak ruhunda terbiýelemek möhüm ähmiýete eýedir. Giň dünýägaraýyşly, bilimli, edep-terbiýeli, ýokary ahlak sypatly şahsyýetleri kemala getirmek biziň mukaddes borjumyzdyr. Hut şonuň üçinem ähli babatda ilki özümiz ýaş nesillere nusga bolmalydyrys, çünki olar görüm-göreldäni, edep-terbiýäni ululardan alýarlar. Şol sebäpden hem görüm-göreldäniň, edep-terbiýäniň ynsanyň özüni alyp barşyndan, sözleýşinden, ula goýýan hormatyndan, kiçä bildirýän sarpasyndan gözbaş alýandygyny ýaşlaryň aňyna yzygiderli ýetirmelidiris. Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň geljekde ilhalar, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly işleri amala aşyrýar. Ýaşlara döredijilik, ylym, taslama işleri bilen meşgullanmaga, dünýäde gazanylan öňdebaryjy, kämil tehnologiýalary öwrenmäge, özleşdirmäge uly mümkinçilikleri döredip berýär. Bu bolsa ýaş nesliň öňünde Arkadag Prezidentimiziň bildirýän uly ynamyny ödemäge giň ýollaryň açylandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Sazlaşykly ösýän jemgyýetimizde ýaşlaryň bilimde, ylymda uly üstünlikleri gazanyp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmekde, mertebesini has-da belende galdyrmakda öz goşantlaryny goşmaklaryny gazanmak borjumyzdyr.

Sanlylaşdyrmak: wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamy täze ösüşlere eýe bolýar. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Hut şu nukdaýnazardan ugur alnyp, häzirki döwürde ýurdumyzda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy hem tapgyrma-tapgyr durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde eden çykyşynda bilim ulgamy hakynda şeýle durup geçdi: «Döwlet syýasatymyzda ýurdumyzyň durnukly ösmegine, dünýä ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmagyna, bilim ulgamyny hem halkara derejede döwrebap ýagdaýa getirmäge, iň esasy bolsa mynasyp ýaş nesilleri terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris. Şoňa görä-de, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde häzirki zaman orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglarydyr dynç alyş-sagaldyş merkezleri guruldy we gurulýar. Bilim edaralaryny döwrebap okuw kitaplary hem-de gollanmalar bilen üpjün etmek, olara dünýä ölçeglerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary we okuw-tehniki enjamlary ornaşdyrmak işleri yzygider alnyp baryl

Kitaphana ulgamynyň döwrebap ösüşi

Adamzat jemgyýetiniň özara bähbitli gatnaşyklarynyň ähli ugurlarynda gazanylan ösüşlerde çeper edebiýatyň, saz sungatynyň, neşir önümleriniň orny juda uludyr. Halkymyzyň kitaba bolan hormaty öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Pederlerimiz geçmişde öz nesillerini kitaplarda öňe sürülýän gymmatlyklaryň, milli ýörelgeleriň üsti bilen terbiýeläpdir. Kitap maglumat almagyň we toplamagyň ygtybarly serişdesidir. Medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän Gahryman Arkadagymyz medeniýetimizi, sungatymyzy ösdürmekde, dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýar. Hormatly Prezidentimiz ähli ulgamlarda bolşy ýaly, medeniýet ulgamynyň möhüm pudagy bolan kitaphanaçylyk işini ösdürmegi hem üns merkezinde saklaýar. Muňa ähli welaýatlarda dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap kitaphanalaryň gurlup, ulanylmaga berilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Kitaphana işinde sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, bitewi elektron katalog ulgamynyň we elektron kitaplary okamak üçin mümkinçilikleriň döredilmegi kitaphana hünärmenleriniň işiniň ýeňilleşmegine mümkinçilik döretse, beýleki bir tarapdan kitaphanamyzda bar bolan neşir önümleriniň abat saklanylmagyna uly ýardam edýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, biz kitaplaryň hem-de kitaphanalarda alnyp barylýan giň gerimli işleriň üsti bilen halkymyzyň köpasyrlyk şöhratly taryhynyň milli gymmatlyklaryny, Berka

Döwrebap bilim — mizemez binýat

Her bir jemgyýetiň we döwletiň ösüşiniň gözbaşynda ylym-bilim durýar. Ýer ýüzüniň islendik ösen ýurdunyň ýeten belent derejesiniň, gazanan üstünliginiň syry bilen gyzyklananyňda, şübhesiz şu hakykat bilen ýüzbe-ýüz bolýarsyň. Munuň özi bu ulgama berilýän ünsüň, bu babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň düýp manysyny açyp görkezýär. Häzirki döwürde güneşli Diýarymyzy belent derejelere ýetirmekde öňde durýan wezipeler, il-ýurt bähbitli wajyp işler bilim işgärlerini has jogapkärli işlemeklige borçly edýär. Şu hakykatdan ugur alyp, hormatly Prezidentimiz ylym-bilimi ösdürmäge, şonuň netijesinde ýaş nesli sagdyn, sowatly, giň dünýägaraýyşly, kämil bilimli edip ýetişdirmek bilen bagly möhüm meselä uly ähmiýet berýär.

Ylma we tehnika daýanyp

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň täze gazananlaryna esaslanýan innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek babatdaky alnyp barylýan işler üstünlikli amala aşyrylýar. Ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, ylym ulgamynda hem täze tehnologiýalar işjeň durmuşa ornaşdyrylýar, degişli işler ýola goýulýar. Hormatly Arkadagymyz ýurdumyzyň ylmy-tehnologiýa taýdan ösüşine, ylmy ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» we «Türkmenistanda ylym ulgamyny 2020 — 2025-nji ýyllarda sanly ulgama geçirmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda sanly tehnologiýalary ulanmak bilen ylmy, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp taýýarlamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň wajyp meselelerini çözmäge gönükdirmek boýunça giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Dünýä tejribesinden hem belli bolşy ýaly, iş bilen üpjünçilik, önümçilik, sarp ediş üçburçlygyna netijeli täsirini ýetirýän sanly ulgam häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli önümçilik pudaklaryny öz içine alýar. Şunda sanly tehnologiýalara daýanýan ylmy-barlag işleri ylmy synaglaryň we seljermeleriň barşynda anyk netijeleri ýüze çyka

Yhlasa — myrat

Golaýda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabaralary geçirildi. Bu baýrak çagalara 1992-nji ýyldan bäri gowşurylyp gelinýär. Şu ýyl bu baýraga çagalaryň 64-si, çagalar döredijilik toparlarynyň 2-si mynasyp boldy. Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda we welaýat merkezlerinde guralan dabaralar ýokary ruhubelentlikde geçirildi. Dabaralarda Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi bolan körpelere şahadatnamalar, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Mähriban çagalar! Şu ýyl Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi bolmagy başaran deň-duşuňyzyň biri-de, Aşgabat şäherindäki daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 74-nji «Bagtyýar nesiller» orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Merdan Çuriýewdir. Ol mekdebe ilki gadam basan gününden başlap, Aşgabat şäheriniň Çagalar we ýetginjekler köşgüniň «Galkynyş» çeper okaýyş gurnagyna gatnaýar. Özüniň ukyp-başarnygy, erjelligi bilen deň-duşlaryndan tapawutlanýan Merdan geljekde medeniýet we sungat işgäri bolmagy maksat edinýär. Şeýle hem, ol türkmen hem-de daşary ýurt edebiýaty bilen içgin gyzyklanýar. Mundan başga-da, Merdan daşary ýurt dillerini, ýagny, rus, iňlis, nemes dillerini hem içgin özleşdirýär. Sapaklaryndan soňra ol sportuň dürli görnüşleri, esasan-da, futbol, basketbol,

Oýlan, pikirlen!

1. Myradyň ýantorbasynda 36 sany galam bar. Onuň üçden bir bölegini dosty Maksada berdi. Myratda näçe galam galdy? 2. Garynja günüň dowamynda 3 sany bugdaý dänesini daşaýar. Eger-de garynja 15 gün işlese, ol näçe bugdaý dänesini daşar?