''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Döwletiň we jemgyýetiň gymmatlygy

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyz döwletimiziň we agzybir jemgyýetimiziň ösüşi ylym, bilim hem-de medeniýet bilen berk baglydyr» diýmek bilen, täze döwrüň amala aşyrylýan özgertmeleri has-da giňeldip, jemgyýetimiziň aň-bilim mümkinçiligini ýokarlandyrmagy talap edýändigini nygtady. Şu nukdaýnazardan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler oňyn netijelerini berýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ylmyň, tehnikanyň örän çalt depginlerde ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär. Şunda Halk Maslahatynyň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» aýratyn bellemek bolar. Bu möhüm resminamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň 2024 — 2028-nji ýyllar üçin Meýilnamasynda bolsa göz öňünde tutulýan anyk işler görkezilendir. Munuň özi ylmyň gazananlarynyň durmuşa ornaşdyrylmagynyň durnukly ykdysady ösüşiň wajyp şertidigini aýdyň görkezýär.

Bilim özgertmerinde täze ädim

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly uly üstünliklere beslenýär. Bu ýyl akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi bütin dünýäde uludan bellenilýär. Halkymyzyň durmuşynyň ähli ugurlarynda uly zähmet ýeňişleri gazanylýar. Beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamynda hem täze-täze sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde, geljegimiz bolan ýaş nesil baradaky alada döwlet derejesine ýetirildi. Ösüp gelýän ýaş nesliň ylymly, bilimli, işbaşarjaň, watansöýüji, giň gözýetimli, öňdebaryjy innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ýaşlar bolup ýetişmekleri, olaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary üçin döwletimizde ähli şertler döredilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde nesil terbiýesine aýratyn üns berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar hakyndaky alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýaş nesiller we nesil terbiýesi, olaryň sazlaşykly ösüşi hem-de saglygy, mynasyp bilim-terbiýe almaklary, şeýle hem saýlap alan hünärine eýe bolmaklary, olaryň yzygiderli sport, bedenterbiýe bilen meşgullanmaklary üçin zerur şertler döredilýär. Bu babatda ýakynda gelip gowşan ýene-de bir hoş habar bilim işgärlerinde uly buýsanç döretdi. Türkmeni

Döwrebap bilim özgertmeleri

Beýik başlangyçlaryň rowaçlanýan mekany bolan Türkmenistan döwletimiz gün-günden özgerýär. Munuň şeýledigi eşretli eýýamda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan beýik işlerde, ýetilýän sepgitlerde aýdyň görünýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda  ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny, sanly ulgamdan baş çykarmaklaryny, boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak möhüm wezipe bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylmy we bilimi düýpli ösdürmek, onuň gazananlaryny milli ykdysadyýetde netijeli ulanmak, halkyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli ösdürmek ýaly möhüm işler esasy ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykaryldy. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň gözbaşynda ylym-bilimiň goýulmagy, bu ugurda dünýäniň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Bilim ulgamyndaky öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu ugurda oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu ugra aýratyn ähmiýet bermegi bilen ähli ösüşleriň pugta binýadyny düzýän ylym-bilim ulgamynyň işi döwrüň talabyna görä, dünýä ülňülerine laýyk derejede yzygiderli kämilleşdirilýär. Aýratyn hem, bu ulgamda ylmy-te

Maksada okgunly ýaşlar

Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler ylmyň-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly tagallalar edilýär. Hususan-da, ýurdumyzda maksatnamalaýyn esasda milli bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanda ylmyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldaw yzygiderli artýar, düýpli we amaly ylmy-barlaglary geçirmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalaryň gerimini giňeltmek ugrunda zerur şertler döredilýär. Ylmy edaralaryň, ýokary okuw mekdepleriň maddy-enjamlaýyn binýady görnetin berkidilýär. Her ýyl döwlet derejesinde geçirilýän ylmy işleriň bäsleşigi hem şu maksatlara gönükdirilendir. Intellektual bäsleşikde nanotehnologiýalar, biotehnologiýalar, oba hojalygy, ekologiýa we genetika, maglumat-kommunikasiýa, kompýuter tehnologiýalary, döwrebap lukmançylyk hem-de derman serişdeleriniň önümçiligi, innowasion sanly ykdysadyýet we başga-da birnäçe ugurlara aýratyn üns berilýär.

Bilimli nesil — Watanyň kuwwaty

Halkymyzyň intellektual kuwwatyny ýokarlandyrmak, ylym we bilim ulgamyny dünýä tejribelerine daýanyp, ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmek Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň esasy ugrudyr. Ýurdumyzyň sazlaşykly ösdürilýän ykdysadyýetinde gazanylýan üstünlikler we belent sepgitler hem hut ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Häzirki wagtda döwlet Baştutanymyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara uly ynam bildirýär. Şunda sanly bilim ulgamy, uzak aralykdan geçirilýän okuwlar, bilim portaly we beýlekiler oňyn netijelerini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň ylym-bilimiň ösüşleri babatda aýdan çuň manyly jümleleri biziň her birimiz üçin ýolgörkezijidir. «Ähli döwürlerde beýik işler, beýik özgerişler ylmyň we bilimiň güýji bilen amala aşyrylypdyr. Ylma, döredijilige, zehine üns berilýän ýurt elmydama ösüşde, özgerişde, galkynyşda bolupdyr. Ylym jemgyýetleri hereketlendiriji, döwletleri ösdüriji ägirt uly güýçdir» diýip, onuň ähmiýetine ýokary baha berýär. Aşgabat, Arkadag şäherlerinde sanlyja ýylyň içinde ylym-bilim ulgamynda bitirilen beýik işler ähli halkymyzy guwandyrýar.

Bilim syýasaty rowaçlanýar

Bilim ulgamyny ösdürmek hormatly Prezidentimiziň parasatly döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, ýaş nesillerimize berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça badalga berilýän özgertmeler rowaçlyklara beslenýär. «Belent sepgitler, beýik ösüşler, ilkinji nobatda, ylymly-bilimli nesliň güýji, zehin baýlygy hem-de döredijilik başarnygy bilen berk baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda bilim ulgamyny dünýä ülňülerine, umumy ykrar edilen halkara kadalara we öňdebaryjy tejribelere laýyk kämilleşdirmek, ýaş nesillerimizi milli hem-de umumadamzat gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek, olara döwrebap bilim bermek biziň alyp barýan bilim syýasatymyzyň baş maksadydyr» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz nygtaýar. Hut şol esasdanam, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynyň maddy‑enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmaga, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen bilim ojaklaryny gurmaga, okuw-usulyýet binýadyny döwrebaplaşdyrmaga uly üns berilýär. Çünki bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryndaky ornuny has-da pugtalandyrmakda esasy şertleriň biridir.

Bilimli nesil — kuwwatly Watan

Röwşen geljege şamçyrag Ata Watanymyza, halkymyza, hormatly Prezidentimize çyn ýürekden wepaly, ruhubelent, giň gözýetimli, kämil bilimli, anyk maksatly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykarýan zehinli ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek möhüm wezipeleriň biridir. Çünki, ýaş nesle berilýän bilim jemgyýetimiziň we döwletimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin berk binýatdyr. Şoňa laýyklykda hormatly Prezidentimiz bilimiň derejesini we hilini ýokarlandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Sanly bilim ulgamy – mümkinçilikleriň badalgasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň üstünlikli durmuşa geçirýän bilim diplomatiýasynyň netijesinde milli bilim ulgamymyzda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeler mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri, ýaş nesillerimiziň kämil bilim almaklary üçin giň mümkinçilikleri açýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda bilim ulgamyna aýratyn üns berýän döwlet Baştutanymyzyň ýardamlaryndan hem-de sargytlarydyr öňde goýýan wezipelerinden ruhlanyp işleýän mugallymlar ýokary bilimli, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň bilim derejesini häzirki zamanyň ylmy gazananlaryna laýyk ösdürmek maksady bilen, zehin-ukyplaryny orta goýup işleýärler. Elbetde, munuň üçin dünýä bilim ulgamynda peýdalanylýan bilim bermegiň häzirki zaman usulyýetlerinden we okatmagyň iň täze tehnologiýalaryndan peýdalanmak zerurdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň amal edýän öňdengörüjilikli syýasatynyň esasy maksady ilatymyzy ýaşaýyş derejesi boýunça ösen döwletleriň hataryna goşmakdan ybarat. Döwletiň üstünlikli öňegidişligi ylmyň we bilimiň ösüş derejesi bilen kesgitlenýär. Sebäbi ylmyň we bilimiň her bir döwletiň ösmegi üçin egsilmez güýçdügi ikuçsuzdyr. Bu hakykaty göz öňünde tutup, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň or

Ylym ulgamyny ösdürmegiň strategiýasy aýdyň geljegi nazarlaýar

Ylym ýurduň ösüşleriniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde kesgitlenýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmy hil taýdan täze derejä çykarmak, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary halkymyzyň we döwletiň durmuşynyň gündelik meselelerini çözmäge gönükdirmek babatda möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar. Şu ýylyň sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň wajyp ugurlary aýdyň beýan edildi. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen tassyklanan «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024 — 2052-nji ýyllar üçin Strategiýasyny» aýratyn bellemek bolar. Biziň ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Döwlet Baştutanymyzyň bu mejlisde eden taryhy çykyşynda nygtaýşy ýaly, döwletimiziň ylym ulgamynda ylmy-barlaglaryň we täze tehnologiýalaryň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça köp işler ýerine ýetirildi. Şeýle hem ylmyň, tehnikanyň ösmegi, täze tehnologiýalaryň döremegi ylym, bilim edaralarynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegi talap edýär.

Bagtyýarlygyň ygtybarly ýoly

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Ähli ugurlarda, pudaklarda gazanylan ösüşler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän beýik işler ösüşiň berk binýady bolup durýar, röwşen geljegimizi üpjün edýär. Bu bolsa ýurdumyzyň şan-şöhratyny has-da beýgeldýär, halkymyzy örän buýsandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gazanylan beýik ösüşleri, ulanmaga berlen desgalary synlanyňda hem ýürek buýsanjyň goşalanýar. Şeýle desgalaryň hatarynda bilim ojaklarynyň, täze mekdepleriň hem bardygyny aýratyn bellemek gerek. Munuň özi bilim ulgamyna, ýaş nesilleriň döwrebap bilim öwrenmeklerine uly üns berilýändigini beýan edýär. Şu ýylyň sentýabrynda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyş dabaralary boldy. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlydygyny aýdyň beýan etmek bilen, halk bähbitli işlere uly ähmiýet berilýändigini alamatlandyrýar. Şeýle beýik işleriň sakasynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň bardygyny aýratyn bellemek gerek. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler, belent üstünlikler ýurdumyzy täze ösüşlere ýetirýär, biziň her bir günümizi bagtyýarlyga besleýär. Şunda ýurdumyzyň ylym-bilim pudagynyň, umuman

Bilim özgertmeleri rowaçlanýar

Jemgyýetiň ösüşinde ylym-bilim esasy orny eýeleýär. Adamzat durmuşynda gazanylan ähli üstünlikler we ýeňişler, ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki taryhy döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň belentlikleri nazarlaýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Biziň ýurdumyzda, ilki bilen, ylym-bilimiň ileri tutulýan, öňde goýlan maksada ýetmegiň ygtybarly ugurlary kesgitlendi. Şeýle hem bu babatda ýurdumyzy syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösdürmegiň derwaýys meselelerinden ugur alyndy. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlarymyzyň bilimli bolup ýetişmegi üçin edýän taýsyz tagallalary netijesinde, dünýä ylmynda gazanylan iň täze, döwrebap tehnikalar bilim ulgamyna giňişleýin ornaşdyrylýar. Döwlet tarapyndan bu ulgamyň ösdürilmegine her ýyl uly möçberdäki serişdeleriň goýberilýändigini hem aýtmak gerek. Döwrebap bilim almak we döredijilik mümkinçilikleriniň şeýle tiz ösüş derejesi bu ulgamda ylmy-tehniki täzelikleriň ornaşdyrylmagy bilen has-da rowaçlanýar. Türkmenistanda bilim ulgamyny ösen döwrüň talaplaryna laýyk has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler maksatnamasy

Sanly ulgamyň mümkinçilikleri

Häzirki döwürde kompýuter tehnologiýasynyň ösmegi bilen maglumat alyş-çalşygy täze görnüşlere eýe boldy. Mälim bolşy ýaly, bilim ojaklarynda hünärmenler, professor-mugallymlar, şeýle-de talyp ýaşlar tarapyndan sanly bilim ulgamynyň tor programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portaly işlenip taýýarlanyldy. Sanly bilim portaly elektron poçta, elektron resminama dolanyşygy, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdesi, bäsleşikler, olimpiadalar, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekde, alnyp barylýan bilim-terbiýeçilik, ylym, sport, medeni-köpçülik işlerini, ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli özgertmeleri, ösüşleri giňden şöhlelendirmekde sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak maksadalaýykdyr. Şonuň ýaly-da, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw kitaplary, okuw gollanmalary, wideo-audiomateriallar, interaktiw-multimedia programmalary, okuw-görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär.

Çagalaryň durmuşynda ertekileriň ähmiýeti

Çagalar baglarynda terbiýelenýän körpeleriň ählisi üns-alada bilen gurşalyp alynýar we olaryň düşünjesiniň ösmegi üçin dürli usullar peýdalanylýar. Esasan hem, olar bilen terbiýeçilik sapaklaryny guramak, oýunlar arkaly dünýägaraýyşlaryny giňeltmek ýaly ugurlara uly üns berilýär. Şunda halk döredijilik eserleri bolan ertekileri peýdalanmak hem örän ýerliklidir. Ertekiler körpelere iň düşnükli bolan we sada dilde beýan edilýän çeper eserdir. Şonuň üçin hem çaga terbiýesinde ertekileriň hyzmaty uly bolup durýar. Pähimdar pederlerimiz hem ýaş nesilleriň terbiýesinde halk döredijiligine ýygy-ýygydan ýüzlenipdirler. Esasan hem, nakyllary, ertekileri peýdalanmak arkaly milli terbiýäni beripdirler. Çagalar bagynda bu ugry ösdürmek bilen terbiýeçiler körpelere ertekileri gürrüň berýärler, ýörite multimedia tagtasynda surat şekilleri bilen ertekileriň gahrymanlaryny janlandyrýarlar. Şeýle usulyň özi körpelerde uly gyzyklanma döredýär, aýdylýan erteki hakynda pikirlenip başlaýar, ýagşylygyň, birek-birege kömek etmegiň, dostlugyň manysyna düşünmäge çalyşýar. Bu bolsa çaganyň geljekde kämil ynsan bolup ýetişmeginde ädilen ilkinji ädimdir.

Sowat öwretmekde kämil usullar

Häzirki ajaýyp döwrümizde ylym-bilime uly üns berilýär, çünki kämil ýaşlary kemala getirmek röwşen geljegimiziň binýadydyr. Şonuň üçin hem ylymly-bilimli nesiller dürli pudaklarda üstünlikli iş alyp barjak hünärmenlerdir. Şeýle hünärleriň biri hem mugallymçylyk hünäri bolup, bu ugurda kämil ýaşlar ýetişýär. Bu ugurdan bilimleri öwretmek, pedagogikanyň aýratynlyklaryny düşündirmek bilen, geljekki mugallymlar, bilim işgärleri taýýarlanylýar. Esasan hem, mugallymçylyk ugrundan okaýan ýaşlara okatmagyň iň kämil usullary öwredilýär. Şu nukdaýnazardan, okatmagyň we pedagogikanyň käbir aýratynlyklaryna nazar aýlap geçmek zerurdyr. Bilim öwretmegiň öňdebaryjy usullary döwrebaplygy, çaganyň bilime bolan höwesiniň artdyrylmagyny nazara alýar. Şunda häzirki döwrüň mümkinçilikleri, şol sanda sanly tehnologiýalar, multimedia serişdeleri hem yzygiderli ulanylýar. Okatmagyň döwrebap usullary dürli-dürlüdir. Has takygy, umumy okuwlar arkaly aýry-aýry temalar, meseleler boýunça maslahat görnüşinde görelde sapaklaryny guramak, işjeň oýunlar arkaly sapaklary guramak, krosswordlar, testler, çekişmeler, internet maglumatlary esasynda slaýdlary taýýarlamak ýaly görnüşleri beýan etmek bolar. Matematika sapaklarynda san maglumatlaryny ulanmak, multimedia tagtasynda dürli görnüşli meseleleri çözmek bilen okuwçynyň aňy ösdürilýär hem-de tema oňat özleşdirilýär.

Körpeleriň döredijilik ukyplaryny ösdürmekde pedagogik tehnologiýalaryň orny

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan özgertmeler, kabul edilýän döwlet bilim resminamalary türkmen halkyny uly ösüşlere atarýar. Halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap mekdebe çenli çagalar edaralarynyň sany ýyl-ýyldan artdyrylýar. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýady häzirki zaman tehniki serişdeleri arkaly pugtalandyrylýar. Bilimiň üsti bilen durmuşyň sungat, medeniýet, saglyk, bedenterbiýe ýaly ulgamlary her bir adamyň kalbynda kiçi ýaşlaryndan orun alýar. Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy» we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy uly ähmiýete eýedir. Bu Konsepsiýada umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň gidişinde täze usullar bilen işlemegiň ýola goýulmagy bellenildi. Konsepsiýada mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýe we bilim bermek işinde dünýä tejribesine işjeň ornaşdyrylýan hem-de çagalaryň sazlaşykly kemala gelmeginiň we ösmeginiň möhüm şerti bolup durýan innowasion tehnologiýalardan peýdalanmaga uly ähmiýet berilýär. Şu maksat bilen, «Innowasion tehnologiýalaryň saglygy goraýyş, taslama, gözleg-barlag, maglumat, kommunikasiýa, oýun, çagalaryň döredijilik ukyplaryny ösdürmäge g

Ene dilim — eziz dilim

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ene dilimizi ylmy esasda öwrenmäge, wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň özi ýaşlary milli ruhda terbiýelemäge hem, olarda watansöýüjiligi kemala getirmäge hem binýat bolup durýar. Watansöýüjilik halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, ene dilimize, nusgawy edebiýatymyza bolan sarpadan başlanýar. Munuň özi bolsa dilimizi öwrenmäge, söz baýlyklaryna düşünmäge biziň her birimizi ruhlandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ylym-bilimiň ösüşine, ýaşlaryň giň dünýägaraýşyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýaşlaryň bilim almaklary, kämil hünärmenler bolmaklary üçin, ilkinji nobatda, ene dillerini bilmekleri, milli ruhda terbiýelenmekleri wajyp bolup durýar. Şonuň üçin orta we ýokary okuw mekdeplerinde türkmen diliniň çuňňur öwredilmegi aýratyn bellärliklidir. Munuň ilki bilen, ýaşlaryň okaýan ugurlaryna çuňňur düşünmeklerine, pikirini sagdyn beýan etmeklerine, iň esasysy bolsa, sagdyn pikirlenmeklerine oňat täsiri bardyr.

Tebigata söýgi döretmek maksady bilen

Türkmenabat şäherindäki 46-njy çagalar bakja-bagynda welaýat baş bilim müdirliginiň guramagynda «Mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen gezelençleri maksadalaýyk guramagyň, olaryň daş-töwerek we tebigat baradaky düşünjelerini ösdürmegiň öňdebaryjy iş usullary» atly mowzukda usuly-amaly maslahat geçirildi.

Gyzykly zehin bäsleşigi

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdepde mekdep okuwçylarynyň okuwdan boş wagtyny täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen dürli usullardan peýdalanylýar. Bu işde mekdebiň taryh mugallymy Wepa Abdyrahmanowyň iş tejribesi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Ol sapaklary hem dürli bäsleşikleri we çekişmeleri geçirmek arkaly ýola goýýar. Onuň guran zehin bäsleşigi okuwçylarda uly gyzyklanma döretdi. Bäsleşik iki topar görnüşinde geçirildi we her toparda 10 okuwçy çykyş etdi. Wepa mugallym bu bäsleşigi synpara görnüşinde hem yzygiderli geçirýär.

Gymmatly gollanmalar

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen durmuşa geçirilýän beýik işler halkymyzyň bähbidini, ýurdumyzyň röwşen geljegini nazarlaýar. Şeýle döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baý mazmunly kitaplary röwşen geljege uzaýan ýolda halkymyz üçin, aýratyn-da ösüp gelýän nesil üçin ýol görkeziji şamçyrag bolup durýar. Çünki bu eserlerde beýan edilýän parasatly pikirler halkymyzyň bagtyýar durmuşy bilen aýrylmaz baglydyr. Hormatly Prezidentimiziň halkyna peşgeş beren «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji kitaby munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu ajaýyp eserde ýurdumyzyň ýaşlarynyň dürli ugurlarda ýeten sepgitleri, gazanan üstünlikleri beýan edilýär. Baý many-mazmunly kitabyň watandaşlarymyzda uly gyzyklanma döredýändigine, kitapdaky görkezilen ugurlaryň usulyýet hökmünde her birimiziň işimizde gymmatly gollanma bolup durýandygyna diýseň guwanýarys.

Dil öwrenmek derwaýys mesele

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň syýasy, ykdysady hem-de medeni ulgamlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Döwlet we jemgyýetçilik gurluşyny, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny, şol sanda milli bilim ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek boýunça giň möçberli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär hem-de bu ugurda geçirilýän özgertmeler barha rowaçlanýar. Şeýle hem, ýuirdumyzda hereket edýän “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatynda örän ähmiýetlidir. Bilim ulgamynyň ähli basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek, daşary ýurt dillerini okatmagyň mazmunyny ulgamlaýyn döwrebaplaşdyrmak, dil öwrenýänleriň dil we medeni bilimleriniň hiliniň ýokarlanmagyny hem-de netijeli okuw işini ele almagyny üpjün edýän innowasion dil öwrediş tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, olary durmuşa ornaşdyrmak - bu Konsepsiýanyň esasy maksadyny düzýär. Ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap we ýokary hilli bilim bermekde, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde milli we dünýä tejribeleri öwrenilip, okatmagyň we terbiýelemegiň innowasion usullary, kämil serişdeleri milli bilim ulgamyna yzygiderli ornaşdyrylýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly: “Biziň esasy wezipäm