Zergäriň çigildem gülleri
Türkmen sährasynda açylýan çigildemler öz gözelligi bilen ýüzüge gaş, gülýaka nagyş bolup bilýär. Zergär hökmünde Göwheriň bu gülüň şekilini öz işlerinde ýygy-ýygydan ulanmagynyň sebäbi nämedenkä?! Olaryň dünýäni öz owadanlygy bilen nurlandyryp durşy, soňra-da sungat eseri hökmünde diňe çyn zehinlere açylýandygyndanmyka ýa-da?! Göwher Nuryýewa nepisligiň nusgasy hökmünde onuň şekilini öz işlerinde ulanyp, täsin sungat eserlerini döredýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 3 — 5-nji maýy aralygynda goňşy Özbegistan Respublikasynyň Buhara şäherinde zergärçilik hem-de keşdeçilik sungaty boýunça geçirilen halkara festiwalda onuň ýasan bukaw şaý işi BMG-niň Ylym, bilim, medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) diplomyna mynasyp boldy. Bellemeli tarapy, Göwher bu işini hem çigildem gülüniň şekilindäki nagyş hem-de pöwrize, hakyk ýaly daşlar bilen bezäpdir. Häzirki wagtda bu şaý Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherindäki muzeýde saklanýar. Ondan soňra bolsa ol beýleki döwletleriň muzeýlerinde hem görkeziler. Bu bukawa çigildem gülüniň şekilinden başga-da “üzülmez” nagşy haşamlanypdyr. Bukawyň umumy şekili metjidiň görnüşinde bolup, dürli şelpeler, kümüş zynjyrlar bilen döwrebap öwüşginde bezelipdir.