Pi sanynda täze rekord
Mälim bolşy ýaly, islendik töweregi onuň diametrine böleniňde, netijesi 3,14 çykýar. Aslynda, bu san tükeniksiz ýagdaýda uzap gidýär. Şeýle bolansoň, matematikler we inženerler her ýylda ýokary tehnologiýadan peýdalanyp, Pi sanynyň has takyk bahasyny tapýarlar. Şeýlelikde, üçden soň gelýän oturyň yzyna ýene-de müňlerçe san goşulýar. «StorageReview» laboratoriýasynyň inženerleri 202 trillion 112 milliard 290 million basgançagyny hasapladylar. Şeýlelikde, inženerler topary şu ýylyň 14-nji martynda, ýagny halkara Pi gününde hasaba alnan özlerine degişli 105 trillion basgançakly rekordy täzelediler. Bu sany hasaplamak üçin örän ýokary kompýuter tehnologiýasy ulanylýar. Inženerler topary 85 günläp yzygiderli işleýän algoritmden peýdalandylar. Hasaplama jemi 1,5 petabaýtlyk ýer aldy.