''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Ýangyndan ägä boluň!

Watandaşlarymyzyň ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň gaýragoýulmasyz çärelerine garaýşynyň giň bolmagy möhümdir. Bu, elbetde, jemgyýetimiziň geljeginiň has-da sagdyn bolmagyny üpjün edýär. Ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek biziň her birimiz üçin hökmany zerurlykdyr. Şonuň üçin, biziň wezipämiz, öýlerimizde we iş ýerlerimizde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini ygtybarly üpjün etmek, şonuň bilen birlikde her bir adam olary bilmäge, şeýle-de şol düzgünleri doly, dürs ýerine ýetirmäge borçludyr. Ýangyn hadysasy ýüze çykanda, Ýangyn howpsuzlyk gullugyna öý we iş telefonlary arkaly 01 ýa-da öýjükli ykjam el telefonyndan 001 belgisine jaň edip, habar bermeli. Ilkinji nobatda, garrylary, hassalary, çagalary howpsuz ýere çykarmaly. Elektrik germewlerindäki awtomatiki abzallary öçürmeli. Güýçli tüsselemede öýden çykylanda gözleri, dem alyş ýollaryny suwda öllenen islendik esgi bilen tüsseden gorap, gapyny gulplaman pugta ýapmaly.

Beýik halkyň taryhy hem beýikdir

Döredijilik ynsan ömrüniň manysy hakynda oýlanmaga, geçmişe nazar aýlamaga ýardam edýän ylahy güýçdür. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere, taryhy wakalara beslenýän günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň halkymyza gowuşmagy kalba ylham bagyşlaýan wakalaryň biri boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda belent maksatly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan taryhy özgertmeleriň rowaçlanýan ajaýyp döwründe edebiýata, medeniýete, milli gymmatlyklarymyza belent hormat-sarpa goýulýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda: «Beýik ynsanlar beýik halky, beýik halklar bolsa beýik taryhy döredýärler. Gerdişinde gadymyýetiň aýanu-syrly habarlaryny saklaýan mukaddes topragymyzda daş-töweregiň gözelliklerini synlaýan mahalym, çuňňur oý-pikirlere hemra bolýaryn. Ýollar we iller, ykballar we ahwallar, hadysalar we netijeler hakda pikir ýöredýärin. Şunda adamzat taryhyndaky iň gadymy medeni ojaklaryň hut şu topraklarda döräp, soňra töwereklere, sebitlere, dünýä ýaýrandygy hakyndaky hakykata buýsanýaryn. Dogrudanam, taryh şu ýerden başlanýar. Taryh şu ýerde dowam edýär» diýip belleýşi ýaly, ähli beýik işler halkyň beýikligi bilen barabardyr.

Baýramçylyk buýsanjyna beslenen dabaralar

Ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Halkara Bitaraplyk gününi, baky Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk senesini dabaralandyrmak maksady bilen, baýramçylyk çäreleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň welaýat bölüminiň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň bilelikde guramagynda Daşoguz şäherindäki «Berkarar» toý mekanynda baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Halypa hatyrasy

Aky agaly günler Rejepguly Ataýewiň daýaw göwresi, gürrüňdeşine talapkär nazarlary bardy. Ol welaýatymyzda iň abraýly hojalyk ýolbaşçylarynyň biridi, döwlet baýragynyň laureatydy. Bu sylag oňa obany suwlulandyrmak boýunça tutuş ýurda görelde bolarlyk işleri bitirenligi üçin berlipdi. Akylly-paýhasly, bar zat hakynda alada edýän adamdy. Şonuň üçin onuň oba adamlarynyň arasynda abraýy juda uludy.

Magtymguly Pyragyly Diýarym

Halkara at-abraýy, belent mertebesi bilen ady dünýä dolan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyz gülläp ösüşleriň has täze sepgitlerine eýe bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Gahryman Arkadagymyzyň beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda halk hojalygynyň ähli pudaklarynda gazanylýan ajaýyp görkezijiler hemmeleriň kalbyny belent buýsanja gaplaýar. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda döwletimiziň gerimli ösüşleriniň gadamy has-da batlanýar. Çünki, diňe bir türkmen halkynyň däl, bütin Gündogaryň akyldar şahyry hökmünde abraýy belende göterilen Magtymguly Pyraga goýulýan sarpanyň şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejesinde dabaralandyrmak baradaky belent buýsanç bilen utgaşmagy ýurdumyzy gaplap aldy. Beýik akyldaryň uly toýuny zähmet sowgatlary bilen şöhratlandyrmak bolsa biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr. Şol borçdan ugur alyp, biz hem ýaşlara ylym bermek babatdaky işimize ýokary jogapkärçilik bilen çemeleşmäge çalyşýarys.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Akyldar şahyrdan söz açsak... Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli şu ýylyň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlen şygara beslenmegi şahyra goýlan uly hormat-sarpadyr.

Bagşynyň iň agyr synagy

Gaýynatam, Türkmenistanyň halk bagşysy Bally Mätgeldiýew öz şägirtlerine berýän öwütlerinde, öýümize myhman bolan belli bagşy-sazandalar bilen edýän söhbetlerinde bagşy-sazandalaryň edebi hakynda has köp ýanjardy. Ol: «Bagşy öz edebinden çüýreýändir» diýip, köp gaýtalardy. Bir gezek şeýle söhbetleriň birinde: «Toýuň bagşysynyň iň agyr synagy nämedir?» diýip, oturanlara ýüzlendi. Menem boşan çäýnegi alyp, bosagadan ätläp, bir zada güýmenen bolup sägindim. Bu sowal mende-de uly gyzyklanma döretdi. Şägirtleriniň biri «Dessan aýtmak» diýse, biri «Jemleýji aýdym aýtmak» diýdi, gaýynatam olary ünsli diňledi. Soňra birsalym dymdy-da:

Düşündiriş işiniň ähmiýeti

Köçe-ýollarymyzyň hadysasyz bolmagyny gazanmak hemişe derwaýys mesele bolup, döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli bu wezipäniň oňyn çözgütlerine badalga berilýär. Bu mesele “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da möhümligine galýar. Bölümçämiziň gözegçileri ýollara we köçelere berk gözegçiligi ýola goýmak bilen, düşündiriş çäreleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyna-da uly ähmiýet berýärler. Şeýle çäreleriň çagalar bilen baglanyşykly ýol-ulag hadysalaryny aradan aýyrmakdaky ähmiýetini aýratyn nygtamalydyrys. Şonuň üçinem biz etrabymyzdaky mekdeplerde, çagalar baglarynda düşündiriş işini göwnejaý ýola goýýarys. Çagalar bilen duşuşyklarymyzda diwarlyklardyr beýleki görkezme esbaplarynyň kömegi bilen köçäni ýa-da ýoly kesip geçmegiň, gatnawly köçeleriň gyrasyndan ýöremegiň, çatryklardaky ýolyşyklaryň, ýol belgileriniň çagalara degişlileriniň talaplaryny düşündirýäris.

Bilim edaralarynda ýangyn howpsuzlygy

Golaýda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Murgap etrap ÝHB-niň DÝGB-niň uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory Kakaly KELOW bilen duşuşyp, bilim-terbiýe edaralarynda ýangyn howpsuzlygynyň düzgünleri barada gürrüň bermegini haýyş etdi. — Mekdeplerde we çagalar baglarynyň jaýynyň golaýyna barylýan ýollaryň, geçelgeleriň, ýangyna garşy peýdalanmak üçin niýetlenen suw çeşmeleriniň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik edilip durulmalydyr. Ähli howuzlar wagtly-wagtynda suwdan doldurylyp durulmalydyr. Jaýlaryň ätiýaçlyk çykalgalary elmydama açyk ýagdaýda saklanylmalydyr. Olarda ýangyn söndüriji tehnikalar päsgelçiliksiz barar ýaly boşluklar bolmalydyr. Mekdep jaýlarynda himiýa barlaghanalary, fizika otaglary, okuw usulhanalary ýangyn howpuny döredýän esasy ýerlerdir. Adatça, ol ýerlerde ýanyjy materiallar, maddalar, ýeňil ot alýan suwuklyklar, gaz we spirt bilen ýakylýan çyralar, elektrik gurallary hem-de beýlekiler peýdalanylýar. Şonuň üçin tejribe geçirilip gutarylandan soň seljerişhanadaky we ussahanalardaky iş stollary tertibe salynmalydyr hem-de jaýyň içi süpürilip ýygnalmalydyr.

Ýadygärlikler toplumyna syýahat edildi

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň guramagynda Ak bugdaý etrabynyň çägindäki Seýit Jemaleddin ýadygärlikler toplumyna syýahat guraldy. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylyna bagyşlanan syýahata Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat, etrap birleşmeleriniň işgärleridir işjeň agzalary gatnaşdy. Syýahatyň barşynda ýadygärlik toplumyna aýlanyp görüldi. Olara ýadygärligiň gurluş aýratynlyklary we oňa degişli toplanan ylmy maglumatlar barada gürrüň berildi. Geçmişde “Gözellik öýi” diýen at bilen meşhurlyk gazanan ýadygärlikler toplumynyň baý taryhynyň bardygy, onuň binagärlik sungatynyň ajaýyplyklaryny özünde jemleýändigi barada aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

Halkymyza gymmatly sowgat

Hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň galamyna degişli bolan baý many-mazmunly kitaplar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyz üçin gymmatly hazyna bolup, ulus-ilimiziň ýankitabyna öwrüldi. Şol ajaýyp eserleriň üstüniň Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly kitaby bilen ýetirilmegi hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygynyň öňüsyrasynda ildeşlerimiz üçin ajaýyp sowgat boldy. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynda ata-babalarymyzyň şan-şöhratly geçmişiniň, baý medeni mirasynyň we döwletlilik ýörelgeleriniň, taryhda yz goýan şahsyýetlerimiziň nusgalyk ýolunyň, türkmen halkynyň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandynyň giňden beýan edilmegi ählimizde uly gyzyklanma döredýär. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitabynda türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak mirasy hasaplanýan taryhy­medeni ýadygärlikler baradaky pikirlerini halkymyz bilen paýlaşmagy bolsa her birimizi begendirýär hem-de buýsandyrýar.

At-abraýy dünýä dolan Bitarap Türkmenistan!

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komiteti, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölümi, «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebi hem-de welaýat ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde Balkanabat şäherindäki Nebitçileriň medeniýet köşgünde Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «At-abraýy dünýä dolan Bitarap Türkmenistan!» atly dabaraly maslahat geçirdik. Onda çykyş edenler: «Bitaraplyk bize asudalykda, agzybirlikde erkana ýaşamaga, mukaddes Garaşsyzlygymyzy berkitmäge giň mümkinçilikleri açdy. Ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, birek-birege ynam bildirmek we hormat goýmak ýaly ýörelgeleriň döwletimiziň daşary syýasatynyň düýp özenini düzýändiginiň we ýurdumyzyň halkara derejede alyp barýan işleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilýändiginiň subutnamasy bolup durýar. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem asudalygyna, bagtyýarlygyna we rowaçlygyna gönükdirilýär» diýip bellediler. Dünýä döwletleri bilen syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim we beýleki ugurlarda hoşniýetli gatnaşyklary ýola goýmakda uly tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Paýtagtymyzda Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär

Şu gün — 4-nji dekabrda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady. Giň gerimli foruma doganlyk ýurduň dürli ugurlarda iş alyp barýan kompaniýalarynyň hem-de birleşmeleriniň 70-den gowragy gatnaşýar. Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şeýle hem köp sanly işewürler, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary we myhmanlary gatnaşdy.

Hajy Bekdaş Weliniň öwütleri

Hajy Bekdaş Weli XIII asyrda ýaşap geçen beýik pelsepeçi, alym hem akyldardyr. Magtymguly Pyragynyň ruhy halypalarynyň biri bolan bu beýik adamyň ynsançylyk, ynsanperwerlik taglymlarynda ylmy taýdan örän çuňluklara ýetendigi bellidir. Muňa onuň çuň pelsepelere ýugrulan öwüt-nesihatlaryny okap çykanyňda hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Ynjasaň-da, ynjytma.*  *  *Hiç bir milleti we ynsany aýyplamaň.*  *  *Her näme gözleseň, özüňden gözle.*  *  *Keramat başdadyr, ol täçde däldir.*  *  *Gördügiňi ört, görmedigiňi söýleme.*  *  *Eliňe, diliňe, biliňe eýe bol.*  *  *Ylymdan gidilmeýän ýoluň soňy tümlükdir, ylym ähliniň ilkinji basgançagy edepdir .*  *  *Özüňe agyr geleni özgä ýükleme.*  *  *Asyllynyň aslyny söýmesi geň zat däldir.*  *  *Iman bir hazynadyr.*  *  *Köňül beýik bir şäherdir.*  *  *Her kime kapyrdan-da has ýaman üç duşman bardyr: birinjisi nebsewürlikdir, ikinjisi ulumsylyk we egrilikdir, üçünjisi ýalançylyk we hilegärlikdir.*  *  *Döwlet edep, akyl we gözel ahlakdyr.*  *  *Ýerde agajy dik tutýan kökdür.*  *  *Öz aýyplaryny gören kişi hiç kimiň aýybyny dile getirmeli däldir.*  *  *Döwletli kişi janyny gafl

Arkadag şäheri – bagtly geljegiň mekany

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen Köpetdagyň eteginde gözel künjekde gurlan Arkadag şäheri ýurdumyzyň häzirki gülläp ösüşiniň ajaýyp nyşany, adam hakynda edilýän aladanyň nobatdaky subutnamasy bolup durýar. Dürli maksatly desgalaryň we binalaryň ençemesini özünde jemleýän bu şäheriň birinji tapgyrynyň gysga wagtyň içinde gurulmagynyň özi haýran galdyryjy wakadyr, şol bir wagtda-da buýsandyryjy we guwandyryjy hakykatdyr. Bu “akylly” şäher Konsepsiýasynyň iň häzirki zaman innowasion şähergurluşyk taslamasynyň ýaş türkmen gurluşykçylary we hünärmenleri tarapyndan ýerine ýetirilmegi buýsanjyňy goşalandyrýar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan iri taslamalarda ýaşlaryň mümkinçiliklerine uly ynam bildirilýändigine şaýatlyk edýär. Arkadag şäheriniň gurluşygynda ýaşaýjylar üçin iň amatly, rahat we howpsuz şertleri üpjün etmäge gönükdirilen öňdebaryjy kommunikasiýa we maglumat tehnologiýalarynyň peýdalanylandygyny göz öňünde tutsak, onda munuň özi soňky ýyllarda ýurdumyzda zehinli, giň gözýetimli, sowatly we ukyply türkmenistanlylaryň täze ýaş nesliniň dörändiginden habar berýär. Bu nesil döwür bilen aýakdaş gitmäge, ylmyň iň täze gazananlaryny özleşdirmäge, ykdysady pudaklary ýokary tehnologiýalar bilen dolandyrmaga ukyply nesildir. Munuň özi döwrüň talabydyr, kuwwatly döwlet bolmagyň,

Jöwher paýhasyň «hakyda göwheri»

Düýn Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde medeniýet we sungat işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Dabaranyň dowamynda ýerine ýetirilen «Arkadagly Serdarymyz», «Ýaşa, Arkadagym!», «Arkadagym, Arkadagly Serdarym» ýaly aýdymlar oňa gatnaşyjylaryň ruhuny has-da galkyndyrdy. Biz dabarada çykyş edenleriň täze kitabyň many-mazmuny hem-de ähmiýeti barada buýsançly sözlerini okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Bagtyýarlyk şuglasy

Bagtyýarlygyň mekany bolan eziz Diýarymyz gözümiziň alnynda özgerýär, Watanymyzyň nowjuwan keşbi kalbymyzy joşa getirip, ruhumyzy belende göterýär. Ýurdumyzda her bir senäniň uludan toý edilmegi, utgaşykly gelýän ýyllaryň ýagşy arzuwlar bilen dabaraly garşylanmagy bolsa, bagtyýarlykdan nyşan bolup, ýürekleri heýjana getirýär. Hormatly Prezidentimiziň 22-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisiniň barşynda Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görmek bilen bagly bezeg işlerini geçirmek, täze ýyl arçalaryny bezemek boýunça işleri ýokary hilli ýerine ýetirmek bilen bagly gürrüňe ünsüň çekilmegi ýurdumyzda täze — 2025-nji ýylyň şowhunly garşylanjakdygynyň güwäsidir. Hökümetiň mejlisinde bellenip geçilişi ýaly, 15-nji dekabrda Täze ýyl Baş arçasynyň yşyklarynyň ýakylyş dabarasy geçiriler. «Ylham» seýilgähinde, Döwlet sirkiniň, «Älem» medeni-dynç alyş merkeziniň, Arkadag şäherindäki «Arkadag Binasynyň» öňündäki meýdançalarda we ýurdumyzyň welaýatlaryndaky «Türkmeniň Ak öýi» binalarynyň öňündäki baýramçylyk meýdançalarynda medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertleri geçiriler.

Şöhratly taryhyň beýany

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň tamamlanmagyna sanaýmaly günler galdy. Taryhy wakalara, şanly senelere beslenen bu ýylyň noýabr aýynyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz agzybir halkymyza ýene bir gymmatly, çuňňur pelsepä ýugrulan «Hakyda göwheri» atly täze eserini peşgeş etdi. Bu gymmatly eseriň Halkara Bitaraplyk gününiň we Bitaraplygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda halkymyza ýetirilmeginde uly many-mazmun bar. Düýn gözel paýtagtymyzda ýerleşýän Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň medeniýet-sungat, döredijilik işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmaklarynda Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler bu kitapda türkmen halkynyň umumadamzat medeniýetine goşan ägirt uly goşandy we dünýä taryhyndaky orny barada ylmy taýdan delillendirilen maglumatlara baýdygy barada täsirli gürrüňleri berdiler. Bulardan başga-da, türkmen halkynyň Milli Lideriniň täze eserinde türkmen topragynda ömür sürüp, yklymlaryň taryhy ösüşine uly goşant goşan meşhur serkerdeler, şalar, soltanlar, akyldarlar baradaky pikirdir garaýyşlaryň giňişleýin beýan edilendigini buýsanç bilen nygtap geçdiler.

Köpdür ajap däbimiz, olar ruhy känimiz

Gahryman Arkadagymyz «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Türkmen topragynda dörän iň gadymy toý-baýramlaryň döreýiş gözbaşy bol hasyly üçin ene topraga tagzym etmek bilen bagly däp-dessurlardan başlanýar diýsek, ýalňyşmarys. Türkmen üçin toprak mukaddes, ene ýerden önýän datly miweler gudrat-keramat» diýip belleýär. Biz hem mukaddes topragymyza hyzmat etmegiň nusgalyk göreldesini görkezip, daýhançylygyň asylly ýörelgelerini döwrebap dowam etdirip, «Malym — janym» diýip, ömrüni mal yzynda ötüren maldar ata-babalarymyzyň ruhuna tagzym etmek bilen, olaryň uzak taryhy döwrüň dowamynda döreden ekerançylyk we maldarçylyk däpleri barada söhbet etmegi makul bildik. Ilkinji nobatda, gadymy däp-dessurlar bilen baglanyşykly maglumatlaryň paýhas çeşmesi bolan nakyllarda, atalar sözünde öz beýanyny tapandygyny, «Oguznama», «Görogly» şadessanlarymyzda bardygyny bellemek gerek. Bu günki bagtyýar ildeşlerimiziň ata-babalarymyzdan miras galan ekerançylyk we maldarçylyk däp-dessurlarynyň, halkymyzyň gadymy döwürlerdäki durmuşy bilen tanyşmakda, zähmet ýörelgeleriniň dowamat-dowam bolmagyny gazanmakda, ýaş nesillerde oba hojalyk işgärleriniň hünärlerine bolan höwesini artdyrmakda ähmiýeti uludyr. Şeýle hem ekerançylyk we maldarçylyk däpleri halkymyzyň neslegeçijilik ýörelgesiniň ozal hem, häzirki wagtda-da rowaçlygyndan habar berýär. Ýurdumyzda, sebitlerimizde, şol sanda her etrapda, obada ata-

Ýakymly duýgulary döretdi

Ak bugdaý etrap merkezi kitaphanasynyň Berkarar şäherçesindäki şahamçasynda okyjylaryň gatnaşmagynda baý mazmunly çäreler yzygiderli guralýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlanan nobatdaky duşuşyk has-da täsirli boldy. Duşuşyk hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly eserlerini öz içine alýan kitap sergisi bilen tanyşmakdan başlandy. Kitaphana işgärleri serginiň aýratynlygy, ondaky gymmatly kitaplaryň terbiýeçilik ähmiýeti hakda ýaş okyjylara gürrüň berdiler. Sergiden göwni galkynan ýaşlar ajaýyp kitaplaryny ulus-ilimize sowgat edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.