Medeni habarlar
«Akyl giňişligi» Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň we TDP-niň welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda mekdebiň mejlisler eýwanynda 1-nji ýyl talyplaryň arasynda «Akyl giňişligi» atly bäsleşik geçirildi. Oňa mekdebiň Ýer gurluşygy we kadastrlar; ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy; sanly ykdysadyýet ykdysadyýet we önümçiligi guramak (oba hojalygynda); sanly ykdysadyýet oba hojalyk önümlerini öndürmegiň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy hünärlerinden bilim alýan talyplar toparlaýyn gatnaşdylar. Örän gyzykly we şowhunly geçirilen bu bäsleşikde 1-nji orna Ýer gurluşygy we kadastrlar, 2-nji orna ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy, 3-nji orna bolsa sanly ykdysadyýet hünärlerinde bilim alýan talyplar mynasyp boldular. Ýeňiji bolan toparlara TDP-niň welaýat komitetiniň sowgatlary we agzalan mekdebiň Hormat hatlary, şeýle-de höweslendiriji baýraklary gowşuryldy.