Hyrydarly harytlar
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda haryt bolçulygyny üpjün etmek baradaky tagallalary uly rowaçlyklara beslenýär. Täze ýylyň öňüsyrasynda bazara gelýän alyjylara bereket-bolçulygy alamatlandyrýan ýokary hilli önümlerdir harytlar hödürlenilýär. Munuň şeýledigine ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki ak bazarlaryň we dükanlaryň haryt bolçulygynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Şu günler mähriban halkymyz Täze — 2025-nji ýyly uly zähmet sowgatlary bilen garşylamaga uludan taýýarlyk görýär. Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda berekede beslenýän ak bazarlara we dükanlara baranyňda daýhanlarymyzyň bereketli türkmen topragynda ýetişdiren, ekologik taýdan arassa gök-bakja önümleriniň, olaryň gaýtadan işlenen görnüşleriniň, et, balyk, süýt we çörek önümleriniň, şeýle-de senagat harytlarynyň dürli görnüşleriniň elýeterli bolmagy aýratyn guwandyryjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynda: «Ak bazarlara baranyňda eşidilýän, «Gökderäniň almasy», «Bagyr obasynyň narpyzy, reýhan oty», «Gökdepäniň gök önümleri», «Nohuryň pomidory», «Baharlynyň garpyzy», «Garrygalanyň nary, hozy, injiri ýa-da böwürsleni», «Gäwersiň üzümi ýa-da garpyzy», «Tejeniň waharmany», «Lebabyň gülabysy», «Köýtendagyň arnaby», «Daşoguzyň garrygyz gawuny», «Sarahsyň pissesi» ýaly mahabat sözleri türkmen topragynyň berekedine bolan ýürekleriň töründäki buýsanjy oýarýar» diýip nygtalýar.