Fransuz kino sungatynyň meşhur aktýory aradan çykdy
Fransuz kino sungatynyň altyn döwrüniň iň tanymal aktýorlaryndan bolan Alan Delon 1935-nji ýylyň 8-nji noýabrynda Parižiň golaýyndaky So diýen ýerde dünýä inýär. 1950-nji ýyllaryň ikinji ýarymyndan başlap, kino sungatyna aralaşan aktýor 90-a golaý filmde ululy-kiçili keşpleri janlandyrýar. Ol Ren Klemen, Kristian Žak, Žan-Pier Melwill, Luçino Wiskonti, Miçelanhelo Antonioni ýaly ussat režissýorlaryň filmlerinde surata düşdi. Oňa ilkinji şöhrat getiren keşp Ren Klemeniň «Has ýiti gün» (Plein Soleil) filmindäki Tom Ripliniň keşbi boldy. Alan Delonyň meşhur filmleriniň hatarynda «Günüň ýaşmagy» (L’Eclisse, 1962), «Alajagaplaň» (Il gattopardo, 1963), «Gara çigildem» (La Tulipe noire, 1964), «Samuraý» (Le Samourai, 1967), «Ýüzüş howzy» (La Piscine, 1969), «Sisiliýa klany» (Le clan des Siciliens, 1969), «Borsalino» (Borsalino, 1970), «Gyzyl halka» (Le Cercle Rouge, 1970) ýaly ilhalar kinolary görkezmek bolar. Delonyň «Alajagaplaň», «Samuraý» filmleri nusgawy filmleriň hatarynda bolup, olaryň ikisi kino sungatynyň kult eserleri hökmünde görülýär. Alan Delon 60 ýyldan gowrak karýerasynda egindeşleri – aktýorlar Žan-Pol Belmando, Burt Lankaster, Iw Montan, aktrisalar Jeýn Fonda, Romi Şne