''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Sözüň güýji

Göwün aldamaýar, göwün aldanýar Bir halypa şägirtlerinden:

Goňşy welaýatdan hat

Halk mirasynyň howandarlary Şu ýazgyma şeýle sözbaşy goýup, ýalňyşandyryn ýa-da öteräk gidendirin öýdemok. Sebäbi, Mary welaýatynda halkyň gymmatly medeni mirasynyň howandarlary az däl. Özem ýalňyşmasam, munuň gözbaşynda ýurdumyzda meşhur mirasgär Ümür Esen durdumyka diýýärin. Bu günki günde onuň başlan başlangyjy ýurdumyzyň ähli ýerinde işjeň dowam etdirilýär. Şu setirleriň awtory hem özüne Ümür Eseniň şägirdi diýilmegini uly mertebe hasaplaýar.

Baş arçanyň yşyklary nur saçýar

Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly» şygary astynda tamamlanyp barýan ýyl köptaraply tutumlary bilen şöhratly taryhymyza zer harplar bilen ýazylýar. Ýurdumyzyň okgunly ösüşiniň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň binýadyny berkiden taryhy tutumlar bosagada duran Täze ýyly ýokary ruhubelentlikde garşylamagyň gözbaşyna öwrülýär. Şeýle buýsançly hakykaty Balkanabat şäherine bezeg berip oturan «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňünde oturdylan welaýatyň baş arçasynyň ýanynda badalga alan dabaralar ähli aýdyňlygy bilen subut etdi.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Tebigat gözelliginiň waspçysy XVIII asyr türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilýän günlerinde, diňe bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde geçirilýän çäreler, dabaralar giňden ýaýbaňlandyrylýar. Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, bütin Gündogaryň beýik şahyry we akyldarydyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi adamzadyň geçmişini, şu gününi we geljegini öwrenmekde egsilmez hazynadyr, düýpsüz ummandyr.

Halypa-şägirtlik mekdebi

Türkmenistanyň Döwlet serhediniň goragyny guramakda bildirilýän talaplary harby gullukçylaryň dykgatyna ýetirmek, bu ugurda ýaş serkerdelere tejribe kömeklerini bermek maksady bilen, ähli serhet birikmelerine we serhet galalaryna tejribeli serkerdeler tarapyndan iş saparlary amala aşyrylyp, degişli işler geçirilýär. Olar serhet galalarynda harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş hem gulluk şertleri bilen gyzyklanyp, ýörite okuw sapaklaryny, wagyz-nesihat, terbiýeçilik çärelerini guraýarlar. Şeýle işleriň yzygiderli guralmagy eziz Watanymyzyň serhet çäkleriniň hemişelik asudalygyna, harby düzgün-nyzamyň pugta berjaý edilmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Ilaman AZYMOW, kapitan.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Şu günüň talaby Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda öňümizde jogapkärli wezipeler durup, olaryň durmuşa geçirilmegine her birimiz mynasyp goşandymyzy goşýarys. Raýat jemgyýetimiziň demokratik ýol-ýörelgeler bilen ynamly öňe gitmeginde, ösüşli döwrümiziň talabyna laýyklykda mundan beýläk-de kämilleşdirilmeginde tutumly işler ýaýbaňlandyrylýar. Döwrebap kanunlar kabul edilip, demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň milli kanunçylygyny pugtalandyrmakda ýokary netijeler gazanylýar.

Düşündiriş çäreleriň ähmiýeti

Bölümimiziň gözegçileri welaýatymyzyň ýollarynyň we köçeleriniň hadysasyz bolmagy ugrunda aladalanýarlar. Köçe-ýollarda ulaglaryň mukdarynyň artyp, gatnawyň ýokarlanmagy işimiziň jogapkärçiligini artdyrýar. Gözegçilerimiz ýollara berk gözegçiligi ýola goýmak bilen, düşündiriş çäreleriniň talaba laýyk alnyp barylmagyna-da uly ähmiýet berýärler. Sebäbi, bu işiň gowy guralmagy welaýatymyzyň ýollarynda ýol-ulag hadysalarynyň azalmagyna netijeli täsirini ýetirýär. Şeýle çäreleriň çagalar bilen baglanyşykly ýol-ulag hadysalaryny aradan aýyrmakdaky ähmiýetini aýratyn nygtamalydyrys. Şonuň üçinem biz welaýatymyzdaky mekdeplerde, çagalar baglarynda düşündiriş işini göwnejaý ýola goýýarys. Çagalar bilen duşuşyklarymyzda diwarlyklardyr beýleki görkezme esbaplarynyň kömegi bilen köçäni ýa-da ýoly kesip geçmegiň, gatnawly köçeleriň gyrasyndan ýöremegiň, çatryklardaky ýolyşyklaryň, ýol belgileriniň olara degişlileriniň talaplaryny düşündirýäris.

Durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň kadalaryny berjaý edeliň we tygşytly ulanalyň!

“Marygazüpjünçilik” müdirligi welaýatymyzyň tebigy gazy sarp edijilerine ýüzlenýär Tebigy gaz amatly we tygşytly energiýa çeşmesidir hem-de biziň milli baýlygymyzdyr. Tebigy gazy tygşytly hem-de howpsuz ulanmak biziň borjumyzdyr. Ýöne onuň nädogry ulanylmagy howply netijelere getirip biler. Şonuň üçin heläkçilikleriň öňüni almak we özüňiziň hem-de ýakynlaryňyzyň saglygyny goramak üçin durmuşda gazy howpsuz ulanmagyň düzgünlerini berk berjaý etmek möhümdir.

Bagtyýarlygymyzy wagyz etmek bagty

Günbe-günden gülleýän güneşli Diýarymyz hormatly Prezidentimiziň  parasatly ýolbaşçylygynda uly ösüşlere, özgerişlere ýetip, her bir günümiz toý-baýramlara beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly, ynsanperwer içeri we daşary syýasatynyň netijesinde döwletimiziň gazanýan üstünliklerinden ganatlanyp, halkymyz bagtyýar durmuşda ýaşaýar, gurýar, döredijilikli zähmet çekýär. Etrabymyzyň zähmetsöýer adamlary, işjeň partiýa agzalary ata-babalarymyzyň ýüzýyllyklaryň dowamynda toplan baý tejribesine, gadymdan gelýän asylly däplerine eýerip, ýurdumyzy ösdürmekde yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Berkarar döwletimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmekde, jemgyýetimiziň demokratik kadalaryny we halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmakda jemgyýetçilik-syýasy guramalara möhüm orun degişlidir. Biz hem, beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan beýik özgertmelerine ilatyň arasynda geçirýän wagyz-nesihat işlerimiz bilen goşandymyzy goşýarys. Döwlet Baştutanymyzyň öňümizde goýan anyk wezipelerinden ugur alyp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň mazmunyny ilat arasynda giňden düşündirmekde, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi sagdyn ruhda terbiýelemekde, olarda türkmen halkyna mahsus bolan edermenlik, watançylyk, zähmetsöýerlik, dogruçyllyk ýaly iň oňat sypatlary oýaryp, Watana, il-güne gerekli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmagy

Zehini zyýada Zaman

Ýakynda gözel paýtagtymyz Aşgabatda ýurdumyzyň zähmetde, döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryna Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Şol bagtyýar ýaşlaryň biri hem welaýat ýörite sungat mekdebimiziň mahmal owazly, kalby buýsançdan doly talyby Zaman Garlyýewdir. Zamanyň aýdym-saza bolan höwesi çagalykdan başlanýar. Onuň dädesi Myratdurdy Garlyýew Esenguly etrabynyň Ajyýap oba medeniýet öýüniň çeper ýolbaşçysydy, ökde sazandady. «Ata kesbi — ogla halal» diýlişi ýaly, dädesi saz çalan pursatlarynda kiçijik Zamanjyk hem özüçe hiňlenýärdi. Şeýdip, ol ýaňy üç ýaşyndaka, «Şat dünýämde ýaýnaýan» diýen aýdymy bilen obalaryndaky medeniýet öýünde çykyş edýär. Şowhunly el çarpyşmalar ýaş zehiniň göwün guşuny göge göterýär. Şol pursatdan soň ol aýdym-saz bilen bile ýaşaýar. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň eýesi, «Merdana nesil — 2008» atly şadyýan bäsleşigiň ýeňijisi bolýar, «Ýaňlan, Diýarym! — 2015» telebäsleşigindäki çykyşy bilen aýdym-saz söýüjileriň söýgüsini gazanýar. Watanymyzy wasp edýän aýdymlary bilen dürli çärelerde yzygiderli çykyş edýän ýaş zehin üçin ýene bir begençli, buýsançly wakalaryň biri welaýat ýörite sungat mekdebiniň talyby bolmak bagtynyň miýesser etmegidir.

Bagtdan paýly nesiller

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda halkymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, hemişelik Bitaraplygymyzyň beren bagtyna guwanyp, erkana ýaşaýar. Elbetde, abadançylygyň, parahatçylygyň höküm sürýän ýerinde çagalaryň şadyýan gülki sesleri ýaňlanýar. Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ajaýyp ýurdumyzda ýaş nesliň ähli amatlyklary bolan, kämil tehnologiýalar ornaşdyrylan çagalar baglarynda, mekdeplerde bilim-terbiýe almaklary olaryň bagtyýar geljegini üpjün edýär. Ata Watanymyzda röwşen geljegimiz bolan ýaş nesiller uly alada bilen gurşalýar. Olaryň berk bedenli, sagdyn ruhly, giň gözýetimli, edep-ekramly bolup ýetişmeklerine gönükdirilen giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolan bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär.

Sazlaşykly hereket ýollaryň bezegidir

Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek, esasan-da, herekete gatnaşyjylaryň özlerini alyp baryşlaryna, ýol hereketiniň kadalaryny berjaý edişlerine bagly bolup durýar. Herekete gatnaşýan her bir adam özünden edilýän kanuny talaplary doly we dogry ýerine ýetirmelidir. Ýurdumyzyň ýollarynda bolup geçýän ýol-ulag hadysalarynyň esasy sebäpleri tehniki taýdan näsaz awtoulaglary ulanmak, awtoulag dolandyrylanda, ugry nädogry üýtgetmek, howpsuzlyk kemerlerini dakynmazlyk, çatrykda durlan wagtynda pyýada geçelgeleriniň üstünde ulagy saklamak, gaty sesli audio-wideo enjamlary diňlemek, telefonda gürleşmek bolup durýar. Ýol-ulag hadysalarynyň köp bölegi ulaglaryny ýokary tizlikde dolandyrýan sürüjileriň günäsi bilen bolýar. Ulag serişdelerini ýokary tizlikde dolandyrmagyň howply ýagdaýlara getirýändigini ýatdan çykarmaly däl. Mundan başga-da, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda diňe bir sürüjileriň we pyýadalaryň ýalňyşlyklary däl-de, käbir ýagdaýlarda ýollarda hereket edýän awto-ulaglaryň hereketine uly ýollarda idegsiz gezip ýören mallar hem sebäp bolýar. Bu barada mal eýeleri bilen yzygiderli wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Olarda mallary, esasan-da, uly mallary uly ýollara idegsiz goýbermeli däldigi, ýörite mallar üçin niýetlenen yşyklandyryjylary dakmak hakynda gürrüň edilýär.

Ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini bilmeli we berjaý etmeli

Halkymyzyň asuda ýaşaýşyny üpjün etmekde ýurdumyzyň içeri işler edarasynyň beýleki gulluklary bilen bir hatarda, ýangyn howpsuzlygy gullugynyň gullukçylarynyň öňünde-de ullakan wezipeler, şonuň ýaly-da, çagalaryň ot oýnamaklary zerarly döreýän ýangyn hadysalarynyň öňüni almak meselesi durýar. Ot bilen oýnamagyň howpludygyna, onuň nähili betbagtçylyga eltmeginiň mümkindigine çagalar heniz doly düşünmeýärler. Şonuň üçin çagalarda ot bilen seresaply bolmak başarnyklaryny terbiýelemek zerurdyr. Olaryň ot bilen oýnamak ýaly garagollukly hereketleriniň öňüni almak, çagalar bilen düşündiriş işlerini alyp barmak ata-eneleriň borjudyr.  Ýangynyň öňüni almak üçin çagalar ýangyn howpsuzlygynyň şu aşakdaky düzgünlerini bilmelidirler hem-de olary berjaý etmelidirler.

Ýaş maşgalalaryň hukuklary düşündirilýär

Darganata etrabynyň Raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy bölüminde etrabymyzyň ýaşaýjylarynyň gatnaşmaklarynda «Raýat hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek mukaddes borçdur» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa syýasy partiýalaryň we iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem-de kümüş saçly eneler gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda ýaş maşgalalaryň raýatlyk hukuklary barada gürrüň edildi. Aýdylyşy ýaly, ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýaş maşgalalaryň ösüp-örňäp, durmuşda ornuny tapyp gitmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Şol mümkinçiliklerdir hukuklar kanunçylyk namalary arkaly berkidilýär. Duşuşykda çykyş eden harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri ýaş maşgalalaryň agzalaryna şol hukuklar barada giňişleýin düşündiriş berdiler. Özara alşylan sowal-jogaplar has-da netijeli boldy.

Okuwçy ýaşlarda gyzyklanma döretdi

Kaka etrabyndaky 14-nji orta mekdebiň kitaphanasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Hakyda göwheri” atly täze kitaby bilen tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Etrap bilim bölümi hem-de Ylym we bilim işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň etrap Geňeşi tarapyndan guralan çärä ýokary synp mekdep okuwçylary gatnaşdy. Mekdep kitaphanalarynyň kitaphanaçylarydyr bilim işgärleri çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň “Hakyda göwheri” atly täze kitabynyň neşir edilip, halk köpçüligine ýetirilmegi mynasybetli ýaşlary gutladylar hem-de ajaýyp eseriniň terbiýeçilik ähmiýeti barada gürrüň berdiler. Täsirli gürrüňler çärä gatnaşanlar uly gyzyklanma döretdi. Bu ýere ýygnananlar “Hakyda göwheri” atly kitabyny sowgat eden Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýaş nesle şatlyk eçiler

Täze ýyl arçalarynyň yşyklarynyň ýakylmagy bilen baýramçylyk dabaralary giň gerimde badalga aldy. Bu dabaralara Gökdepe etrabynda hem taýýarlykly gelindi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň etrap Geňeşi, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalary, etrap bilim we medeniýet bölümleri tarapyndan täsirli çäreleriň birnäçesi geçirilýär. Etrabymyzyň merkezindäki Medeniýet köşgüniň öňündäki meýdança bezeg berýän etrabymyzyň Täze ýyl arçasynda guraljak baýramçylyk çärelerine mekdep okuwçylarydyr çagalar baglarynyň körpeleri gatnaşar. Ol ýerdäki şowhunly çykyşlara Aýazbabadyr Garpamyk hem gatnaşyp, çagalara ruhy lezzet paýlap, şatlyklaryny goşalandyrar.

Muzeýde geçen söhbetdeşlik

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň, etrabyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň hem-de işjeň agzalarynyň gatnaşmagynda Änew şäherindäki Milli “Ak bugdaý” muzeýinde “tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlik geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň şanly wakalaryna we üstünliklerine bagyşlanan söhbetdeşlik diýseň täsirli boldy. Söhbetdeşlikde Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan, şeýle-de Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni göteren 2024-nji ýylda Watanymyzda toýlarymyzyň toýlara ulaşandygy, milli ykdysadyýetiň ähli ugurlarynda, halk hojalygynyň pudaklarynda, medeni ulgamlarda guwandyryjy üstünliklere eýe bolnandygy dogrusynda täsirli gürrüň edildi. Änew şäheriniň “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýen derejäni götermegi bilen baglanyşykly guralan çäreleriň taryhy ähmiýeti hakdaky aýdylanlar uly täsirleri döretdi.

«Türkmenpoçtanyň» çaparçylyk hyzmaty: Täze ýyl sowgatlaryny ugratmak üçin oňaýly hyzmat

Täze ýylyň bosagasynda «Türkmenpoçta» ýurduň islendik künjegine baýramçylyk sowgatlaryny ugratmagyň ygtybarly we oňaýly usulyny hödürleýär. Kompaniýanyň çaparçylyk hyzmaty Türkmenistanyň dürli sebitlerine ýollamalary tiz we ýokary hilli eltip bermegi üpjün edýär. Kompaniýanyň çaparlary baýramçylyk döwründe aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan her bir sowgatlyk ýollamasyny alyjynyň gönümel öz eline gowşurmagy kepillendirýärler. Müşderiler sargyt etmegiň birnäçe amatly usullaryndan peýdalanyp bilerler:

Baýramçylygy asudalykda garşylalyň!

Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugynyň işgärleri watandaşlarymyzy ýetip gelýän Täze ýyl baýramçylygy bilen tüýs ýürekden gutlap, ony asudalykda geçirmegi arzuw edýärler hem-de raýatlara öz maslahatlary bilen ýüzlenip, şulary ýatladýarlar. Köpçülikleýin çäreleriň geçirilýän ýerlerinde mugallymlaryň, synp ýolbaşçylarynyň, terbiýeçileriň nobatçylygy ýola goýlup, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri doly berjaý edilmelidir. Nobatçylyga bellenilýän ähli işgärler bilen howpsuzlyk çäreleri, ýangyn dörän halatynda adamlary guramaçylykly halas ediş işleri barada gözükdirme geçirip, ol degişli howpsuzlyk kitabynda hasaba alynmalydyr. Köpçülikleýin çäräniň geçirilmegine jogapkär işgärler çäre başlanmazdan öň ähli otaglary, ätiýaçlyk çykalgalary barlap, howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişiniň talabalaýykdygyna, ähli otaglaryň ilkinji ýangyn söndüriş serişdeleri bilen üpjün edilendigine doly göz ýetirmeli. Ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berjaý edilişine jogapkär işgärler arça baýramçylygynyň geçirilýän senesi we wagty barada ýerli ýangyn howpsuzlyk bölümine habar bermeli. Ýokarky örtükleri ýanmaga ukyply binalarda baýramçylyk çäreleri 2-nji gatdan ýokary bolmadyk ýerde geçirilmeli. Arça gurnalan otaglardan göni daşaryk ýa-da binanyň basgançaklaryna çykýan azyndan 2 çykalganyň bolmagyny üpjün etmeli. Geçelgeleriň, çykalgalaryň ugrunda arça g

Arkadag şäheri — hiliň göwher öwüşgini

Bu gün Arkadag şäheriniň ady Garaşsyz döwletiň döredijilik kuwwatynyň beýany bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik eseri bolup taryha altyn sahypalar bilen ýazylýar. Ak mermere beslenen, belent-belent ymaratlary nur saçýan bu şäheriň keşbinde geljegiň şan-şöhraty şöhlelenýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine her bir iş sapary şäheriň täze ösüşine itergi berýän täze tutumlara, döwletli habarlara beslenýär. Ýakynda, 14-nji dekabrda Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäherine iş saparynyň dowamynda şäheriň mynasyp bolan halkara sylaglary hem-de bu ýerde gurulmagy, durky täzelenmegi meýilleşdirilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanşyp, degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirmegi, Fransiýanyň «Buig» kompaniýasynyň ýurdumyzdaky wekili bilen duşuşmagy şähergurluşygynyň ösmeginiň toplumlaýyn häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň Wenada ýerleşýän Ýewropanyň Hil barlaglary boýunça jemgyýetiniň hil boýunça baýragyna, «Hil saýlawy — 2024» nyşany bolan «Diamond» derejesine mynasyp bolandygy baradaky hoş habaryň aýdylmagy agzybir jemgyýetimizde uly joşgun, buýsanç duýgusyny döretdi. Bu gün milli Liderimiziň başlangyjy bilen düýbi tutulyp, hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen açylan we gurluşygynyň i