''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Biziň ruhy dünýämiz

Mertebe hakda söz Türkmeniň asyrlardan aşyp, biziň bagtyýarlyk zamanamyza gelip ýeten milli däp-dessurlary, döreden nakyllary, rowaýatlary, her hili aýtgylary täzeden belentlige galdyryldy. Hormatly Arkadagymyzyň ýiti zehininden çykan kitaplaryny okanymyzda, olaryň adamkärçilik, ynsan mertebesi barada ýazylandygyna anyk göz ýetirýäris. Sylag-hormat, adam mertebesini saklamak, ýaşaýyş--durmuşyň parahat bolmagynyň kepilidir. Sylag-hormat, mertebe diýlen häsiýetler adamyň ruhuna siňip, nesilme-nesile geçip, durmuşy parahat saklap duran gudratdyr diýmek bolar. Birek-biregi sylap-hormatlap, adam mertebesini saklap bilmek, ýaşaýyş-durmuşyň has oňat bolmagyna itergi berip bilýän uly güýçdür diýip düşünsek, onda biz ýaşaýan zamanamyzyň ajaýyp adamsy bolup bileris.

Halkara nobel baýragynyň döreýiş taryhyndan

Häzirki wagtda ylmy açyşlar üçin döredilen baýraklaryň sany 100-den hem geçip gitdi. Şol baýraklaryň arasynda giň halkara jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen iň bir abraýly baýraklaryň biri 1900-nji ýylyň 29-njy iýunynda esaslandyrylan halkara Nobel baýragydyr. Eýsem-de bolsa, Nobel baýragynyň döreýiş taryhyny bilmek her kim üçin gyzykly bolsa gerek. Nobel baýragy kimlere, näme üçin we haçan berilýär? Bu baýragyň pul möçberi näçeräkkä? Bu sowallara jogap bermek üçin taryhy maglumatlara ser salalyň.

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Degişli kadalar kesgitlenilýär Bagtyýarlyk zamanamyzda hormatly Prezidentimiziň tabşyryklaryndan ugur alnyp, kämil kanunlar kabul edilýär. Şol kanunlaryň birem “Gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we onuň bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagy hakynda” Kanundyr. Bu Kanunda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň we borçlanmalaryň, bular bilen bagly geleşikleriň döwlet tarapyndan bellige alynmagynyň kanunçylygy düzgünleşdirilýär. Şu Kanunyň 6-njy maddasynyň 1-nji bölüminde gozgalmaýan emlägiň obýektleri babatda döwlet tarapyndan bellige almagyň şu görnüşleri bellenilýär:

Güller bilen bäs edişer gözeller

Ýakynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň «Altyn nesil» medeniýet merkezinde geçirilen «Talyp gözeli — 2021» atly gözellik bäsleşigi uly ruhubelentlige beslendi. Bu bäsleşik Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi, Bilim ministrligi hem-de Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilip, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň sahna ussatlygyny, ukyp-başarnygyny we el işlerine ezberligini ýüze çykarmak maksady bilen her ýyl yzygiderli geçirilýär. Owadan güller bilen bezelen baýramçylyk sahnasynda çykyş eden talyp gyzlar bäsleşigiň birinji şerti boýunça aýdym aýtmakda, şygyrlary labyzly okamakda, monologlary, gysgajyk sahnalary ýerine ýetirmekde öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Olaryň çykyşlarynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, baky Bitaraplygymyzyň, gözel tebigatymyzyň, dost-doganlygyň waspy giňden beýan edildi. Bäsleşigiň ikinji şerti boýunça talyp gyzlar milli naharlarymyzyň jana şypalysy hasaplanylýan unaşy kesmekde özara bäsleşdiler. Şeýle-de bäsdeşler üçünji şerte laýyklykda keşde çekmek, jorap örmek, jähek salmak, alaja işmek, haly dokamak, gaýma gaýamak boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler. Biri-birinden owadan, nepis sünnälenilen el işleri zenan kalbynyň gözelligini ýatlatdy.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi

AŞGABAT, 27-nji fewral (TDH). Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine guramaçylyk meseleleri, şol sanda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça hödürlenilen dalaşgärleri bellige almak, saýlawlar güni ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň ses bermek boýunça mejlisleriniň geçiriljek ýerleriniň sanawyny tassyklamak meseleleri girizildi.

2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan dalaşgärler barada maglumat

Aşgabat şäheri boýunça

Saýlawlara taýýarlykly barylýar

Şu ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri Ahal welaýatynda hem guramaçylykly alnyp barylýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony ýokary guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyndan ugur alnyp, welaýatymyzda degişli işler bellenilen möhletde we tertipde amala aşyrylýar. Üstümizdäki ýylyň 2-nji ýanwarynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topar tarapyndan Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary boýunça möwsüm yglan edildi. Saýlawlary aýanlyk şertlerinde geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 6-njy maddasyna laýyklykda, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik guramalary, raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenen milli synçylaryň 61-si welaýat saýlaw topary tarapyndan bellige alyndy hem-de olara şahsyýetnamalar gowşuryldy.

Parahatçylykly ösüşiň berk binýady

Hormatly Prezidentimiz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda şeýle belleýär: «Eger-de milletiň erkana we özerkli ýaşaýşyny bürgüt hem laçyn guşlaryň öz dünýäsinde erkana parahat ýaýnaýşyna meňzetsek, olar şunda öz goşa ganatlaryna daýanýandyrlar. Şeýlelikde çeper dil bilen aýtsam, Garaşsyzlyk hem Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatydyr!». Diýmek, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» bolan 2021-nji ýylda Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň bütin dünýä ýaň saljak 30 ýyllyk dabaralary geçen ýyl halkara derejesinde giňden bellenilen baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk dabaralarynyň mynasyp dowamyna öwrülip, bu iki senäniň taryhy wakalary bir-biri bilen ajaýyp sazlaşyp, Ýer ýüzüne ýaýylar. Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşmak bilen, türkmen döwleti parahatçylyk söýüji ýurt hökmündäki abraýyny barha artdyrýar. Döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän başlangyçlar bolsa häzirki döwrüň iň bir wajyp meseleleriniň giň toparyny gurşap alýandygy bilen tapawutlanýar. Şonuň bilen birlikde, şol başlangyçlaryň döwrüň wajyp meselelerini çözmäge, dünýäde özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynyň ýola goýulmagyna we saklanylmagyna, umumy durnukly ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendigi bilen halkara jemgyýetçiliginiň arasynda uly gyzyklanm

Gender deňligi

Adam hukuklaryny goramak, şol sanda gender deňligi meselesi jemgyýetçilik durmuşynyň demokratiýalaşdyrylmagynyň esasy şertleriniň biri hasaplanylýar. Hut şol sebäpli-de, adamyň ýaşamaga, zähmet çekmäge, bilim almaga, hünär öwrenmäge, maşgala gurmaga bolan hukugy we beýleki binýatlaýyn hukuklary barada gürrüň edilende, gender deňliginiň üpjün edilmegi aýratyn nygtalýan meseleleriň hataryna girýär. Gender deňligi aýal-gyzlaryň, erkek kişileriň konstitusion hukuklarynyň, azatlyklarynyň, şeýle-de olaryň jemgyýetdäki borçlarynyň deň goýulmagyny, birmeňzeş teswirlenilmegini, deň garalmagyny we deň derejede berjaý edilmegini mizemez kada hökmünde öňe çykarýar. Gender deňligi zenanlaryň kanunyň, jemgyýetiň, milli adatyň, ruhy-ahlak ýörelgeleriň öňünde deň kadalara tabyn bolýanlygyny, hukuklara, borçlara deň derejede eýedigini aňladýar.

Wepaly hem ygtybarly goragçy

Halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda ösdürip, kämilleşdirip, häzire çenli asyl durkuny saklap gelýän milli gymmatlyklarynyň biri-de türkmen alabaý itleridir. Asyrlaryň dowamynda gurak hem yssy howa şertlerimize uýgunlaşan wepaly alabaý itleri mallaryň ygtybarly goragçysy, çopanlaryň wepadar kömekçisidir. Olar rahat, gaýduwsyz gylyk-häsiýeti bilen tapawutlanýar. Eýesine wepalylygy, tutuş maşgala agzalaryna hoşgylawlygy, hojaýynynyň sesini eşidenden, onuň näme isleýändigine düşünmegi türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklarydyr. Çopanlar uzak ýaýlalara mal bakmaga gidenlerinde hem itlerini ýanlaryndan aýyrmandyrlar, goşlaryny wepadar goragçylaryna ynanypdyrlar. Türkmen alabaýlary sakçy we yzçy itleriň içinde hem öňdäki orunlarda goýulýar. Ynsanyň wepaly dosty, goragçysy bolan türkmen alabaýlary dünýäde uly meşhurlyga eýedir. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda olaryň tohum arassalygyny gorap saklamak üçin seçgi işlerini yzygiderli dowam etdiripdirler. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda alabaýlaryň artykmaçlyklary, durmuşdaky orny, olary ösdürip ýetişdirmegiň we saklamagyň aýratynlyklary giňişleýin beýan edilýär. Türkmen alabaý itlerini bütin dünýä tanatmakda, itşynaslygyň umumy medeniýetini ýokarlandyrmakda bimöçber işleri alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolup, il bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri rowaçlykla

Baýlyk (Durmuş we biz)

Bu söz ählimiz üçin düşnükli, gulaga ýakymly söz. Emma jemgyýetiň öňdebaryjy akylly adamlarynyň, bilermenleriň: «Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça hem pikir, garaýyş bar» diýişleri ýaly, bu söz hem her bir adam üçin dürli manylarda bolup biler. Adam ömrüniň dowamynda gowy zatlaryň arzuwynda ýaşaýar. Oňa ýetmek, çagalarynyň bolelin, rahat, gowy durmuşda ýaşamagy üçin hereket edýär. Ýöne ilçilikde: «Näme üçin men islän durmuşyma çalt ýetmeýärin? Pylanyňky ýaly ýaşamaýaryn?» diýen sowallara duş gelmek bolýar. Hereket diýlende, şu sözler ýadyma düşdi. Eýnşteýin: «Şol bir hereketleri edip, dürli netijä garaşmak dälilikdir» diýip belleýär. Diýmek, biz, ilki bilen, öňümizde goýan maksadymyzy anyk kesgitlemeli we şoňa gönükdiren ýolumyzyň hakykatdan hem dogrulygyna göz ýetirmeli. Sebäbi adamy şeýle bir arzuwlaryň, hyýalbentlikleriň gurşaýan pursatlary bolýar. Bu ählimize mahsus we tanyş duýgular. Emma alymyň aýdyşy ýaly, şol bir hereketler bilen däl-de, ýetmek isleýän zadyň talap edýän geçmeli ýolundaky hereketleri etmeli bolýarys. Beýle diýildigi, harsydünýälik, galplyk bilen däl-de, hakykat we halallyk bilen edilen hereketiň netijesidir. Durmuşda käbir adamlara, isle, ol erkek adam ýa-da aýal adam bolsun, tapawudy ýok, «perişdesypat» ynsan diýilýär. Nämäniň hasabyna? Elbetde, halallygynyň, eden ýagşylygynyň ýüzlerine nur, ömürlerine abraý getirmeginiň netijesinde. Dünýämiziň abatly

Netijeli işleriň beýany

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyz asuda, abadan durmuşyň hözirini görüp, rahat ýaşaýar. Döwlet Baştutanymyz kazyýet edaralarynyň işgärleriniň öňünde jogapkärli wezipeleri goýýar. Hut şonuň üçin hem milli Liderimiziň täze taryhy eýýamyň başyny başlap, neşekeşlige hem-de neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna aýgytly göreşe badalga bermegi täzeçe işlemegimize giň ýol açdy. Ösen jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň gerim almagyna gönükdirilen aýgytly işleriň netijesinde neşe howpunyň öňüni almakda buýsançly sepgitlere eýe bolundy. Derwaýys meselede gazanylan üstünliklerimiz halkymyzda uly buýsanç, ruhubelentlik hem-de hoşallyk döretdi.

Şa serpaýynyň şatlygy

Halk bilen Watan bir ten, bir jan bolanda, il-gün bir Başa uýanda bähbitler, maksatlar birleşýär. Topragyň berekedi, hasylyň hümmeti artýar. Durmuş, ýaşaýyş süýjeýär, ömürler uzaýar, eller uzadan ýeriňe ýetýär. Agzybirlik, asudalyk, jebislik Watany özgerdýär, onuň abraýyny belende göterýär, şanyna şan goşýar, şöhratyny artdyrýar. Biz şeýle Watanda ýaşaýarys. Bizi eşretli durmuşda ýaşadýan, ýeňişlerden ýeňişlere, belentliklerden belentliklere alyp barýan Gahryman Arkadagymyz bar. Ynha, ýakynda Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň «Bagtyýar zaman» obasyndaky medeniýet öýüniň töweregini gurşap alan çäreler etrabyň uludan-kiçä ähli ýaşaýjylaryna ýatdan çykmajak şatlyk paýlady. Bu ýerde bezelen ak öýler, ene-mamalarymyzdan gelýän el işleriniň sergisi, bagşy-sazandalaryň hoş owazly aýdym-sazlary bütin töweregi şowhuna besledi.

Aşgabadyň waspy — dillerde dessan

Eziz Diýarymyzyň baş şäheri bolan Aşgabat günsaýyn tanalmaz derejede ösýär, özgerýär. Ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşýan desgadyr binalaryň her biri onuň sungat derejesindäki gurluşyk-binagärlik görküne özboluşly sazlaşyk goşýar. “Aşgabady döwrümiziň nyşany bolan ajaýyp şähere öwrüp, çagalarymyza we agtyk-çowluklarymyza miras goýmalydyrys” diýip belleýän Gahryman Arkadagymyz merjen şäherimiziň baş binagäridir. Soňky sanlyja ýylyň içinde paýtagtymyzda üstünlikli amala aşyrylan gurluşyk taslamalary — gurlan medeni-durmuş, ylym-bilim, saglygy goraýyş we sport desgalary, kaşaň ymaratlar, köşkler, belent ýaşaýyş jaýlary, şeýle-de suw çüwdürimleri, şaýollar, köpugurly köprüler, seýilgähler we beýlekiler döwlet Baştutanymyzyň öňdengörüjilikli başlangyçlarynyň ajaýyp miweleridir.

Adam hakda alada

Asuda, parahat ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan her bir tutumly işler halkyň bähbidine gönükdirilendir. Munuň şeýledigine ýurdumyzda islendik ugurdan alnyp barylýan işlere seredeniňde hem anyk göz ýetirmek bolýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurt baştutanlygyna geçen ilkinji günlerinden başlap ýurdumyzda hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegine aýratyn orun berildi, şonuň netijesinde Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan birnäçe kanunlar kabul edilip, ozal hereket edýän kanunçylyk namalary döwrüň talabyna laýyk getirildi we şol işler häzirki günde hem dowam etdirilýär.

Ot babatda örän seresap boluň!

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş edaralarynyň binalarynda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň berk berjaý edilmegi üçin aşakdakylary ýatladýarys: Hassahanalaryň ýangyn howpsuzlygyna jogapkär işgärler her gün näsaglaryň ýatylýan otaglaryny jikme-jik gözden geçirmelidirler. Köp gatly hassahanalarda çagalar we agyr keselli näsaglar jaýyň birinji gatynda ýerleşdirilse, talabalaýyk bolar. Näsaglaryň ýatylýan otaglarynda ütük, elektrik gyzdyryjy we gaz enjamlaryny ulanmaga ýol berilmeli däldir. Hassahanalarda ulanylýan kislorod ballonlary hassalaryň bolýan jaýlaryndan uzaklykda, ýörite jaýlarda berk gözegçilikde saklanmalydyr. Hassahanalaryň ýolbaşçylary tarapyndan işgärleriň ilkinji ýangyn söndüriji serişdelerini ulanmagyň düzgünlerini bilişleri boýunça barlaglar geçirilip durulmalydyr.

Döredijilik duşuşygy

Ýakynda Ahal welaýat kitaphanasy bilen Balkan welaýat kitaphanasynyň arasynda sanly ulgam arkaly döredijilik duşuşygy geçirildi. «Garagum» žurnalynyň bölüm redaktory, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýewiň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphanaçysy, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Tuwakgül Gylyjowanyň kitaphana okyjylary bilen bolan bu duşuşygy oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin täsirli boldy. Duşuşygyň myhmanlary Arkadagly döwrümizde döredijilik işgärleriniň uly alada bilen gurşalýandygyny, olaryň döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda ähli şertleriň döredilýändigini aýdyp, ata Watanymyzyň ösüşdir özgertmeleriniň ýazyjy-şahyrlaryň kalbyny joşduryp, ýüregine ylham berýändigi we täze-täze eserleri döredip, döwrümiziň waspyny ýetirmäge ruhlandyrýandygy dogrusynda buýsançly gürrüň etdiler.

Milli demokratiýanyň ýörelgesi

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary milli Liderimiziň başlangyjy hem-de parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleriň ýolunda täze ädim bolar. Munuň şeýledigini bu möhüm syýasy çäräni ýokary derejede geçirmek ugrunda alnyp barylýan taýýarlyk işleriniň çäginde hem görmek bolýar. Şeýle syýasy çäreleriň mazmunyny we jemgyýetimiziň durmuşyndaky ähmiýetini wagyz etmek we olara ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny gazanmak bolsa bilim-terbiýeçilik ulgamynyň wekilleriniň hem paýyna düşýär. Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli ýörelgeleri bar. Şeýle ýörelgämize buýsanyp, milli demokratiýany döwrebap ösdürýäris. Milli demokratiýamyzyň döwrebap ösdürilmegi bolsa jemgyýetimiziň öňe gitmegine, halkymyzyň agzybirlikli ýola ygrarly bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Hut şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde milli gymmatlyklara, asylly ýörelgelere, milli demokratiýa aýratyn sarpa goýulýar.

Ýaşlar we Ýaşlar guramasy

♦ Aşgabat şäherindäki 144-nji orta mekdebiň mejlisler jaýynda «Türkmenistan — sportuň, parahatçylygyň we ösüşiň ýurdy» şygary bilen wagyz-nesihat hem-de maslahat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda çykyş edenler mekdep okuwçylaryna döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna işjeň gatnaşyp, ata Watanymyzda amala aşyrylýan özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşmalydyklary barada degerli maslahatlary berdiler. Maslahat duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler. Mährijemal ATAÝEWA,TMÝG-niň Büzmeýin etrap Geňeşiniň hünärmeni.

Terbiýeçilikde kitaphanalaryň orny

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin bimöçber aladalar edilýär. Şonuň bilen baglylykda, kitaphana ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi ugrunda buýsandyryjy işler alnyp barylýar. Çünki kitaplar iň gymmatly baýlyklaryň biri hasaplanýar. Kitaphanalar bolsa ynsanyň ruhy taýdan kämilleşmeginde esasy merkez hökmünde mukaddes ýerler bilen deň derejede görülýär. Bu ýörelge häzirki wagtda hem döwrebap röwüşde dowam etdirilýär. Kitaphanalaryň ähli amatlyklar bilen üpjün edilmegi üçin döwlet derejesinde aladalar edilýär. Muňa mysal hökmünde üstümizdäki ýylyň 7-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini has-da kämilleşdirmek boýunça geçiren iş maslahatynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, kitaphana işini ösdürmek meselesine hem aýratyn üns berendigini bellemelidiris. Maslahatda elektron kitaphana ulgamynyň maglumat binýadynyň we kitaplaryň sanynyň yzygiderli artdyrylmagy boýunça degişli işleri geçirmek hem-de sanly kitaphana hyzmatlarynyň geriminiň giňeldilmegine gönükdirilen çäreleri dowam etmek tabşyryldy. Bu bolsa ýurdumyzda hereket edýän kitaphanalaryň döwrüň talaplaryna doly laýyk getirilmelidigini aňladýar. Maglumatlaryň elýeterliliginiň üpjün edilmegi, maglumat çeşmeleriniň elektron gorlary bilen ýaşlaryň i