''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça bellige alnan dalaşgärler barada maglumat

Ahal welaýaty boýunça

Saýlawlara taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlandy

27-nji fewralda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Mejlisiň gün tertibine guramaçylyk meseleleri, şol sanda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça hödürlenilen dalaşgärleri bellige almak, saýlawlar güni ýurdumyzyň welaýatlarynda hem-de Aşgabat şäherinde welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň ses bermek boýunça mejlisleriniň geçiriljek ýerleriniň sanawyny tassyklamak meseleleri girizildi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 6-njy fewralda badalga alan dalaşgärleri hödürlemek möwsüminiň çäklerinde, şu güne çenli ýurdumyz boýunça dalaşgärleriň jemi 111-si hödürlenildi. Olaryň 20-si Ahal welaýatyndan, 21-si Balkan welaýatyndan, 18-si Daşoguz welaýatyndan, 18-si Lebap welaýatyndan, 17-si Mary welaýatyndan hem-de 17-si Aşgabat şäherinden hödürlenen dalaşgärlerdir. Dalaşgärleri hödürlemek 2-nji martda tamamlanýar, bellige almak bolsa 7-nji marta çenli dowam eder.

Welaýat häkimliginde

Arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri boýunça iki aýlyk çäreleri geçirmek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky syýasatyny durmuşa geçirmek, halkyň arasynda sagdyn durmuşy wagyz etmek, ýerlerde arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleriniň köpçülikleýin geçirilmegini gazanmak hem-de şäherleriň, etraplaryň we obalaryň arassaçylygyny has-da gowulandyrmak maksady bilen, welaýatymyzyň häkimi karar kabul etdi.

Medeni habarlar

Onlaýn duşuşyklarGolaýda merkezi hem-de welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň dowamynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda belleniljek ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilýän medeni çärelere giň gerimli taýýarlyk görmek barada giňişleýin gürrüň edildi. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli mirasymyzy öwrenmäge, düýpli ylmy seljermeleri geçirmäge we olary wagyz etmäge uly mümkinçilikleriň döredilýändigi hakynda duşuşygyň dowamynda edilen çykyşlarda nygtalyp geçildi. Halkymyzyň medeni mirasyna degişli gymmatlyklary, eksponatlary ýygnamak, wirtual muzeýleri döretmek babatda amala aşyrylýan çäreler barada gürrüň edildi. Çykyşlarda «Türkmenistanda medeniýet ulgamyny ösdürmegiň 2020—2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň çägindäki muzeýleriň işini kämilleşdirmek boýunça zerur çäreleriň durmuşa geçirilýändigi barada aýdyldy. * * *

Giň dünýäniň geň habarlary

Reňbe-reň ylmy açyşlarTebigatyň reňbe-reň öwüşginlerinden ylham alyp, himiýa, fizika ugurlaryna degişli alymlar reňkleriň has açyk we doýgun bolan täze görnüşlerini ýüze çykarýarlar. Beýik Britaniýanyň Şeffild uniwersitetiniň alymy Endrýu Parnell we onuň kärdeşleri gögümtil öwşün atýan morfo kebeleklerinden ylham alyp, täsin açyş etdiler. Olar tebigatda seýrek duş gelýän bu reňki emeli usulda döretmegiň üstünde iş alyp bardylar. Şu nukdaýnazardan, alymlar topary gök reňkli materiallaryň nanogurluşyny özgerdip, şeýle öwüşgini almagyň hötdesinden geldiler. Toparyň ýolbaşçysy: «Biz özümizden bir hokga çykarmaýarys, tebigatdan öwrenýäris» diýip, öz pikirini beýan edýär. Tebigatda maddalara gök öwüşgin berýän pigmentler seýrek duşýar. Bu ugurda barlag işlerini alyp baran alymlaryň biri hem ABŞ-nyň Oregon uniwersitetiniň alymy Mas Subramanýan gök reňkiň täze öwüşginini ýüze çykardy. Ol ittriý, indiý we marganes himiki elementleriň garyndysyndan täze bir reňk öwüşgininiň emele gelýändigine şaýat bolýar. Britan suratkeşi Stýuart Sempl tarapyndan gara reňkiň «Has gara» (Betterblack) diýlip atlandyrylýan pigmenti ýüze çykaryldy. * * *

Saýlawlara taýýarlyk: açyklyk we giň bäsdeşlik

27-nji fewralda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň we onuň ýanynda döredilen iş toparlarynyň agzalary, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň jogapkär işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Mejlisiň gün tertibine guramaçylyk meseleleri, şol sanda 2021-nji ýylyň 28-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça hödürlenilen dalaşgärleri bellige almak, saýlawlar güni ýurdumyzyň welaýatlarynda, Aşgabat şäherinde welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň ses bermek boýunça mejlisleriniň geçiriljek ýerleriniň sanawyny tassyklamak meseleleri girizildi.

Ýaşlar syýasaty rowaçlanýar

Mälim bolşy ýaly, 25-nji fewralda ýurdumyzyň deputatlar düzümi bilen geçiren duşuşygynda milli Liderimiz: «Ýetginjekleriň we ýaşlaryň hukuklarynyň döwlet tarapyndan goldanmagynyň kanunçylyk esasyny mundan beýläk-de berkitmek üçin bu ugurda hem kanunçylygy kämilleşdirmek zerurdyr» diýip belledi. Munuň özi ýaşlar baradaky kanunçylygyň netijeliligini we durmuşa geçirilişini hil taýdan täze derejä çykarmaga hem-de düýpli kämilleşdirmäge esas döredýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli kanunçylygy kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak syýasatyndan ugur alnyp, durmuşa geçirilýän özgertmelerde ýaşlar meselelerine aýratyn üns berilmegi bizi has-da buýsandyrýar. Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň barşynda degişli ugruň kanuny kepilliklerini we ýaşlaryň ýaşaýyş-durmuş ýeňilliklerini üpjün etmek meseleleri hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde saklanýar. Çünki ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýurdumyzda ýaşlaryň hukuklaryny üpjün etmäge we olary goldamaga gönükdirilen durmuş-ykdysady, syýasy, medeni, guramaçylyk hem-de hukuk çäreleriniň ulgamyny öz içine alýar.

Zeminiň görki

Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyny okap başlanyňda, üýtgeşik, täsin duýgular, hemmeler üçinem mähriban ahwallar tutuş durkuňy eýeleýär, balasynyň ýekeje ýylgyryşynyň hatyrasyna bu goja dünýäniň ähli synaglaryna mertlerçe döz gelmäge kaýyl eziz eneler hakyndaky mähriban sözler kalbyňa rahatlyk berýär. Ýüreginiň ýagyny, ýaşlygyny, gujur-gaýratyny, galyberse-de, ömrüni bagrynyň parasyna — balasyna bagyşlaýan enelere Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent sarpa goýulýar. Eziz eneleriň arzylanýan ýurdy asudadyr, abadandyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri mähribanlygy, päk zähmeti, söýgüsi bilen öý-ojagyna nur çaýýan enelerimize bagyşlanan gymmatly kitapdyr. Hormatly Prezidentimiz bu kitabynda: «Ene iň gowy gylyk-häsiýetleriň, şeýle hem söýgä gurşalan duýgularyň, mähribanlygyň ýaradylyşa serpaýydyr. Bular bitewülikdir» diýip ýazýar.

Bahar, seniň keşbiň enä meňzeýär

Müşk-anbar ysyna, reňkine, owadanlygyna haýran boldugym türkmen topragy! Täsinligi, mähremligi bilen seni özüne çekýän bu gözel topraga bolçulygyň, mähremligiň, täzelenişiň buşlukçysy bolup, täze gelniň edasyny, uly gyzyň zybalygyny, enäniň mährini ýadyňa salyp, bahar pasly geldi. Baharyň gözellikleri hakynda pikir edeninde, adamyň kalbynda heýjana getiriji duýgular artýar. Bahar paslynyň gelşem şeýle täsin, şeýle gözel! Erik agajynyň päklige, aklyga beslenip, gül-pürçük bolup pyntyklamasynyň özem bir täsinlik. Ine, bir görseňem öýlänçi geler. Mele topragyň ysyny burk urduryp ýagyş ýagar. ªeýle pursatlarda çagajyklaryň şadyýan gülküsi, mele toprakdan kömelekleriň jyklap çykmasy, arassa asmanda dürli reňkde öwşün atýan älemgoşaryň görünmesi... kalbyňda unudylmajak täsirleri galdyrar. Sährada ülpüldeşýän çigildem gülleri türkmen tebigatynyň gözelligine hasam gözellik goşar. Ine, şeýle ajaýyplyklaryň netijesinde kalbyňa ylham geler.

Bu pasylda dünýä gelýär heýjana

Owadan dünýäniň gözelligini artdyryp, ene mähremligine meňzeş bahar pasly geldi. Älem-jahany alaýaz edip, bir ajaýyp mukam bolup gelýän bahar paslynda tutuş dünýä ýaşlygyna dolanýar, bütin barlyk nura dolýar. Asmandan zemine inýän ýaz ýagşy ynsan kalbyny joşdurýar, ýaşaýşa, barlyga höwesiňi artdyryp, ene topragyň gujagyna siňýär. Ýaz ýagşyndan has terlenen baglaryň ýapraklary zer sepilen ýaly lowurdaýar. Baglar zerli şelpe dakynan gözellere meňzäp, ýaz şemalyna ýuwaşjadan ygşyldap, şirin saz çalýan mysaly. Ine, birdenem asmanda üýşen lemmer-lemmer bulutlary bölüp, gögi gümmürdedip, kalbynyň syryny açmaga howlugýan ýaly bolup, ýyldyrym çakýar. Ýazda agaçlar güllere bürenip başlaýar. Daglaryň egnindäki ak possuny syrylyp, mahmal begresden don ýapynyşyny göreniňde, şahyr Halyl Kulyýewiň «Gaýalaryň gary eräp bireýýäm» diýen sözleri biygtyýar seriňe dolýar.

Döredijilikli işlemek ― baş maksadymyz

Ata Watanymyzda ýetilýän belent sepgitleri, gazanylýan ýeňişleri dünýä ýaýmak, jemgyýetiň sazlaşykly ösüşini we syýasy bitewiligini, jebisligini yzygiderli pugtalandyrmak, halk hojalygynyň dürli pudaklarynda ýokary netijeleri gazanýan zähmetkeş zenanlary maddy we ruhy taýdan goldamak, ýaşlary milli ruhda terbiýelemek Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň öňünde durýan möhüm wezipelerdir. Bu wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen birleşigiň welaýat bölümi hem netijeli işleri, meýilnamalaýyn çäreleri yzygiderli durmuşa geçirýär. Biz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda merdana halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşyny wasp etmeklige, halallygy, ahlaklylygy, zenan edep-terbiýesini ýaşlaryň arasynda ündemeklige, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylmagyna gönükdirilen terbiýeçilik ähmiýetli çärelere aýratyn üns berýäris. Nesilme-nesil geçip gelýän milli mirasymyzyň, medeniýetimiziň, sungatymyzyň wagyz edilmegi bolsa tertipnamalaýyn işimiziň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde orta çykýar. Hut şuňa görä-de, üstümizdäki ýylyň başyndan bäri milli mirasymyzy, şöhratly taryhymyzy, gadymy ruhy-ahlak ýörelgelerimizi, zenan el işleriniň gadymy nusgalaryny halkyň arasynda wagyz etmeklige bagyşlanan çäreleriň gerimi has hem giňeýär. Ýurdumyzda raýat jemgyýetiniň binýadynyň pugtalandyrylmagyna, şol sanda zenanlaryň konstitusion hukuklarynyň we erkinlikleriniň ber

Bedewler — paýtagtymyzyň bezegi

Ak şäherimiz Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşamak üçin amatly şertleri özünde jemlemek, kämil binagärligiň ajaýyp nusgasyny äşgär etmek bilen häzirki wagtda köpleri haýrana goýýar. Berkarar Diýarymyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, tutuş paýtagtymyzda toplumlaýyn durmuş-ykdysady özgertmeleriň durmuşa geçirilişi bilen bagly meseleler hormatly Prezidentimiziň hemişe üns merkezinde durýar. Şunda paýtagtymyzda milli gymmatlyklarymyzy şöhlelendirýän binagärlik çözgütleri, täsin monumentler, özboluşly heýkeller köpleriň ünsüni çekýär, ýaş nesillerde bolsa halkymyzyň bu ugurdaky gazananlaryna bolan buýsanç duýgulary döreýär. Ine, şol gymmatlyklaryň hatarynda ahalteke bedewleriniň orny has-da ýokarydyr. Behişdi bedewler bu gün halkymyzyň buýsanjyny goşalandyrýar. Häzirki günlerde behişdi bedewlerimiziň şanyna Watanymyzda belentden tutulýan toý-dabaralar, amal edilýän beýik işler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň çuň many-mazmunyny, buýsandyrýan belent ruhuny açyp görkezýär. Ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň genji-hazynasyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak babatda gysga döwrüň içinde Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen möhüm işler üstünlikli durmuşa ornaşdyryldy.

Aşgabat — söýginiň we arassaçylygyň şäheri

Hormatly Arkadagymyzyň paýtagtymyzyň gür baglyga, al-elwan güllere beslenmegi, ajaýyp tebigatymyzyň baýlaşdyrylmagy, arassaçylygyň üpjün edilmegi babatda bitirýän beýik işleri diňe bir paýtagtlylarda däl, eýsem, ähli türkmenistanlylarda uly buýsanç duýgularyny döredýär. Çünki ak şäherimiz Aşgabat özüniň ajaýyp binagärligi, gözel tebigaty bilen häzirki wagtda köpleriň ünsüni özüne çekýär. Golaýda hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň häkimliginde Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görmek hem-de ony mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine bagyşlanan maslahatda hem birnäçe möhüm wezipeleri öňde goýdy. Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan möhüm wezipelerinden ugur almak bilen geçen şenbe güni paýtagtymyzda köpçülikleýin abadanlaşdyryş we arassalaýyş işleri geçirildi. Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde geçirilen köpçülikleýin çärelere syýasy we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalarynyň işgärleri, şol sanda ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, saglyk öýleriniň işgärleri uly höwes bilen işjeň gatnaşdylar. Şol gün «Bagt köşgi» toý-dabaralar merkeziniň, «Aşgabat» köpugurly stadionynyň, «Arkadag» binasynyň töwerek-daşyndaky baglar timarlanyp, täze agaç nahallarynyň oturdyljak ýerleri düýpli arassalanyp, abadanlaşdyryldy. Ýollaryň gyralaryna ekilen baglar timarlandy we düýpleri haşal otlardan ar

Eneler — Zeminiň görki

Güneşli Diýarymyza kalplara nur çaýyp, owadan baharyň gelmegi bilen mähriban enelerimiziň, gelinlerimiziň, derek boýly owadan gyzlarymyzyň baýramy bolan 8-nji mart — Halkara zenanlar güni hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda, il agzybirligi, ýurt parahatçylygynda uly şatlyk-şowhun, dabara bilen bellenilýär. Tebigatyň janlanýan bahar paslynyň ilkinji günlerine gabat gelýän bu baýramyň ýokary derejede bellenilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda zenanlara goýulýan belent hormat-sarpanyň nyşanydyr. Halkara Zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde şol sanda merjen şäherimiz Aşgabatda baýramçylyk dabaralary ýokary guramaçylykly geçirilýär. Golaýda paýtagtymyzda ýerleşýän «Altyn ýyldyz» toý mekanynda Aşgabat şäher Köpetdag etrap häkimligi we Türkmen döwlet medeniýet instituty bilen bilelikde guramagynda Halkara Zenanlar güni mynasybetli «Al-elwan güllerden gözel zenanlar» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Halkara zenanlar gününe bagyşlanan bu ajaýyp dabara turuwbaşdan uly ruhubelentlige beslendi. Dabarada ata Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň asuda durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen beýik işlerini wasp edýän aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlandy. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetiren özboluşly tanslary dabara gatnaşyjylara ýakymly duýgulary bagyş etdi. Dabarada edilen çykyşlarda zenanlarymyzyň

Asuda gijeleriň nury

Gahryman Arkadagymyzyň çuň pähim-parasaty bilen ösüşleriň belent sepgitlerine barýan eziz Watanymyzyň paýtagty Aşgabadyň täsin keşbi kämil görnüşe eýe bolýar. Geçen sanlyja ýyllaryň içinde Aşgabatda şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň netijesinde ak mermere beslenen jemgyýetçilik-medeni desgalaryň ençemesi gurlup ulanylmaga berildi. Şeýle ähmiýetli binalaryň birnäçesiniň gurluşygy bolsa häzirki wagtda batly depginler bilen alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlaryndan ugur alnyp, merjen şäherimizde durmuşa geçirilýän gurluşyk işleri bilen bir hatarda, desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmaklyga, binagärligiň ajaýyp sazlaşygyny döretmeklige aýratyn üns berilýär. Şunda yşyklandyryş ulgamynyň paýtagtymyzyň sazlaşykly özgerýän keşbinde möhüm ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Şaýollardyr köçeleriň iki gyralaryna, jemgyýetçilik binalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň, gür bagly seýilgähleriň çäklerindäki yşyklandyryş ulgamlary Aşgabadyň şäher düzüminiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Gatnaw ýollarynyň gyralaryndaky yşyklandyryjy çyralar ýollarymyzyň ajaýyp bezegi bolmak bilen ýol-ulag düzüminiň howpsuzlygynyň üpjün edilmeginde hem ähmiýeti örän ýokarydyr. Olar eziz paýtagtymyzyň gijeki gözelligine özboluşly nur çaýýar.

Ruhubelentligiň gözbaşy

Ýakynda Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlangyç hünär okuw mekdebinde talyplaryň gatnaşmagynda ýaşlaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, ylymly-bilimli bolmagyny gazanmak, ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren milli mirasymyza sarpany, zähmete bolan söýgini döretmek, halkymyzyň ynsanperwer ýörelgelerine ygrarly bolmaklaryny terbiýelemek maksady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan başlangyç hünär okuw mekdebi bilen bilelikde guraldy. Wagyz-nesihat çärede hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyndan» we «Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň we ösdürmegiň Maksatnamasyndan» ugur alnyp ýurdumyzda durmuşa geçirilýän netijeli işler, öňde goýlan wezipeler dogrusynda täsirli çykyşlar guraldy. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň beden taýdan sagdyn, ruhubelent, bilimli-ylymly, giň dünýägaraýyşly, edep-ekramly, watansöýüji we hünärli bolup ýetişmekleri üçin nusgalyk işler alnyp barylýar. Bular dogrusynda dabaranyň dowamynda giňişleýin gürrüň edildi. Dabaranyň ahyrynda Berkarar döwleti

Eli çeper, dili şeker zenanlar

Hormatly Prezidentimiziň zenanlara goýýan sarpasyna jogap etmek we zenanlaryň ukyp-başarnygyny açyp görkezmek maksady bilen Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi eziz Watanymyzyň hem-de halkymyzyň öňünde guwandyryjy işleri bitirýän zenanlaryň arasynda ýylyň-ýylyna «Ýylyň zenany» bäsleşigini yglan edýär. Golaýda Baýramaly şäher medeniýet öýünde şeýle bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Milli öwüşginde bezelen sahnada haly önümlerinden, owadan gülli keçelerden, gyz--gelinleriň milli egin-başlaryndan, bezeg şaý--seplerinden, muzeý gymmatlyklaryndan, surat eserlerinden, amaly-haşam sungatyndan guralan sergiler bäsleşige gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

Tutanýerli zähmetiň miwesi

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip atlandyrylan 2021-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ähli pudaklar bilen bilelikde oba hojalyk pudagynda ýetilýän sepgitlerdir gazanylýan üstünliklerem buýsançlydyr. Ýylyň-ýylyna ýüzlerine Günüň nury siňen babadaýhanlarymyz tutanýerli zähmet çekip, beýleki ekinler bilen bir hatarda gant şugundyrynyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirýärler. Babadaýhan kärendeçileriň ýetişdiren şugundyr hasylyny gaýtadan işlemek bilen kärhanamyzyň hünärmenleri ondan şeker we gant önümlerini öndürip, halkymyza ýetirmekde jan aýaman zähmet çekýärler. Kärhanamyzyň işçileri netijeli zähmet çekip, meýilnamalarymyza abraý bilen hötde gelýärler. Bu işlerde kärhanamyzyň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň orny hem bellärliklidir. Kärdeşler arkalaşygy komiteti tarapyndan agzalarymyzyň zähmet-durmuş hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmeklige, olara howpsuz iş şertleriniň döredilmegine, olary yzygiderli maddy hem-de ruhy taýdan goldamaklyga gönükdirilen çäreleriň giň toplumyny durmuşa geçirmekde köp işler alnyp barylýar.

Şöhratly ýyl bolar

Mary etrabynyň Peşanaly şäherçesindäki medeniýet öýüniň mejlisler zalynda etrabyň KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary, tehniki howpsuzlyk boýunça hünärmenleri we işjeň agzalary bilen bilelikde KA-nyň işini şu günki günüň talabyna laýyk guramak barada maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda bagtyýarlyk döwrüniň her bir gününiň üstünliklere we şanly wakalara beslenýändigi, eziz Watanymyzyň nurana geljegi we halkara abraýynyň barha ýokarlanmagy üçin öňde goýlan syýasy, ykdysady we medeni-durmuş maksatnamalarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy barada giňişleýin durlup geçildi. Soňra maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, il-ýurt bähbitli we dünýä ähmiýetli beýik işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Öňdebaryjy ulgamyň bähbitli geljegi Soňky ýyllarda dünýäniň dürli döwletleriniň ykdysadyýetinde täze, ykdysady tygşytlylyk we ekologiýa babatda has kämil we bähbitli usullar giň gerime eýe bolýar. Aýratynam, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi döwrüň talaby bolup öňe çykýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan oýlanyşykly ykdysady syýasaty Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň depginli ösüşiniň barha rowaçlanmagyna itergi berýär. Şeýlelikde, ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagynda ynamly gadamlary batlanýar. Bu hakykata 2021-nji — Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynyň ilkinji günlerinde gazanylýan üstünliklerden, ulanmaga berilýän desgalardanam göz ýetirmek bolýar.