''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Adamzat paýhasynyň göwheri

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde «Magtymguly» atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy uly buýsanç duýgularyna eýe boldy. Dabaraly ýagdaýda geçen çärä ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň serkerdeleri, çagyryş boýunça harby gullukçylar, harby talyplar hem-de harby okuwçylar gatnaşdylar. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti — ykbalyň türkmen halkyna, tutuş ynsanyýete ýapan serpaýy. Çünki beýik söz ussadynyň her bir setiri — durmuş mekdebiniň gymmatly sapagy. Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanylýan ýyly hem halkymyza sowgat yzyna sowgat eçilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabynda: «Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür şahyrana eserleri türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy» diýip belleýşi ýaly, akyldaryň şygyrlary dünýä gymmatlygyna öwrüldi.

Halypa-şägirtlik däplerine eýerip

Golaýda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Guryýer goşunlarynyň tabynlygyndaky podpolkownik Sapar Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölümine TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 4-nji ýyl harby talyplary goşun werzişgärligine geldiler. Goşun werzişgärligine gelen harby talyplara halypa-şägirtlik däbimize eýerip, harby bölümiň serkerdesiniň orunbasary, maýor Röwşen Saparowyň ýolbaşçylygynda tejribeli serkerdelerden halypalar bellenildi. Harby talyplara goşun werzişgärliginiň dowamynda şahsy düzüm bilen geçirilýän söweşjeň we gumanitar sapaklaryna işjeň gatnaşmaklary, harby tehnikalarda abatlaýyş we bejergi işlerini geçirmekde özleriniň nazary bilimlerinden peýdalanyp, amaly mümkinçiliklerini berkitmekleri barada düşündirildi. Maslahatyň ahyrynda harby talyplara harby bölümiň ýolbaşçy düzümi tarapyndan goşun werzişgärliklerini üstünlikli geçirmekleri arzuw edildi. Begmyrat WELSAHATOW, maýor.

Wagyz-nesihat duşuşyklary

Ykballarymyzyň söýenji, Watanymyzyň daýanjy hasaplanýan ýaş nesillerimiz 2023-2024-nji okuw ýylyny uly üstünlikler bilen tamamladylar. Olar okuw ýylynyň dowamynda özleriniň bilim gorlaryny baýlaşdyrdylar. Özara, mekdebara, etrap we welaýat derejesindäki ders bäsleşiklerine gatnaşyp, öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Şeýle hem döwlet we halkara derejesindäki olimpiadalarda üstünlikli çykyş etdiler. Ynha, çagalaryň iň arzyly döwri bolan tomusky dynç alyş möwsümi hem gelip ýetdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şu günümiziň guwanjy, ertirki günümiziň daýanjy we buýsanjy bolan ýaş nesiller dogrusyndaky aladalar döwlet syýasatymyzyň esasylarynyň biri bolup durýar.

Ezber ussalaryň zähmeti

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň ähli harby bölümlerinde bolşy ýaly, podpolkownik Hydyr Öwezowyň serkerdelik edýän serhet birikmesinde hem harby tehnikalary, awtoulaglary abatlamak işleri sazlaşykly ýola goýlan. Harby bölümiň bu ugurdan tejribeli hünärmeni, maýor Amangeldi Bekeşowyň ýolbaşçylygynda, çagyryş boýunça harby gullukçy esgerler Berdimyrat Mämmetgurbanow, Guwanç Annaýew, Resul Atamyradow dagynyň yhlasly zähmetleri ýerine-de düşýär. Halypa-şägirtlik ýoluna eýerip, kesp-kärlerine wepaly ýigitleriň bilelikdäki birleşen tagallalarynyň netijesinde, düýpli abatlanylan awtoulaglar we harby tehnikalar Watan goragynda zerur maksatlar üçin ulanylýar. Albert DÖWLETOW, borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy.

Dünýä ýaýylýan gymmatly miras

Şu günler türkmen halkynyň Milli Lideriniň parasatly başlangyçlary, hormatly Prezidentimiziň taryhy tutumlary arkaly adamzat medeniýetiniň genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen edebi gymmatlygy miras galdyran akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy dünýäniň çar künjünde dürli derejeli dabaralara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalarynyň hatarynda mynasyp orun alýan bu çäreler Gündogaryň beýik söz ussadynyň ýedi yklyma dolan at-abraýynyň, şan-şöhratynyň güwäsidir. Çünki akyldar şahyrymyzyň tutuş döredijiligi ynsanperwerlik, dost-doganlyk, watançylyk, wepalylyk, zähmetsöýerlik, halallyk, belent adamkärçilik ýaly umumadamzadyň ahlak belentligini açyp görkezýän kämil garaýyşlara ýugrulandyr. Beýik Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň hormatyna türkmen, rus we iňlis dillerinde aýratyn kitaplar görnüşinde neşir edilen «Magtymguly» atly saýlanan eserleriniň ýygyndysynda ýerleşdirilen goşgularyň her biri muňa anyk subutnamadyr. Ýeri gelende nygtasak, akyldar şahyrymyzyň şygyrlarynyň üç dilde çap edilmegi söz ussadynyň jahanyň çar künjündäki dürli ýaşdaky okyjylary üçin sözüň doly manysynda ajaýyp sowgat boldy. Munuň özi Magtymguly Pyragynyň gymmatly edebi mirasynyň dünýä halklarynyň ýakynlaşmagyna, dostlukly gatnaşyklarynyň has-da berkemegine ýardam berýändigi dogrusyndaky hakykaty ýene bir ýola tassyklaýar. Ajaýyp

Ýürekler buýsançdan doly

Serdar Myradow, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Magtymguly etrap geňeşiniň başlygy: — Ýurdumyzyň her bir güni şatlyga beslenip, toýlar goşadan tutulýar. Bilşimiz ýaly, ata Watanymyz Türkmenistan bagtly çagalygyň, çaga arzuwlarynyň hasyl bolýan mekanyna öwrüldi. Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli etrabymyzda çagalaryň medeniýetli dynç almaklary üçin «Arkadagly nesiller» çagalar medeni dynç alyş merkeziniň ulanmaga berilmegi aýratyn ähmiýete eýe boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň paýhasly ýolbaşçylygynda döwletimizde ýaş nesil barada edilýän aladanyň subutnamasydyr. Çagalaryň dynç almagy üçin ähli şertler döredilen döwrebap merkez ösüp gelýän ýaş nesliň wagtlaryny gyzykly we şadyýan geçirmegine ýardam eder. Munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz dillerimiziň senasydyr.  

Hökman ýerine ýetirilmeli düzgünler

Ýörite niýetlenen goraýjylaryň peýdalanylmagy elektrik ulgamyndaky tok güýjüniň artmagyndan ýa-da gysga utgaşmadan döreýän ýangynlaryň öňüni almagyň esasy şertidir. Ulanylýan tok geçirijileriň daşky örtügi wagtyň geçmegi bilen guraýar. Şonuň üçin wagtal-wagtal olaryň garşylyga çydamlylygy barlanyp durulmalydyr. Elektrik arkaly gyzdyryjy enjamlar ulanylanda bolsa, olaryň aşagyna ýörite oda çydamly gatlaklar goýulmalydyr, enjamlar işledilip, gözegçiliksiz galdyrylmaly däldir. Otagdan çykylanda, ulanylýan elektrik enjamlarynyň öçürilendigine doly göz ýetirilmelidir.

Geçeni, geljegi öwredýän dana

Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy: «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýip belleýär. Kitap adama ruhy baýlyk eçilip, dünýägaraýşyny giňeldýär. Şonuň üçinem halkymyz kitaba uly hormat goýýar. «Kitap — geçeni, geljegi öwredýän dana» diýen paýhasyň  döremegi munuň subutnamasydyr.  Türkmenbaşy etrap merkezi kitaphanasynyň kitap gaznasynda gymmatly kitaplar saklanylýar we okyjylara ýetirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda nygtaýşy ýaly, türkmenler — medeniýetli, ylymly halk. Türkmen topragy özüniň ylym-bilim ojaklary, metjit-medreseleri, kitaphanalary bilen tapawutlanypdyr. Gadymy Köneürgenç, Merw, Nusaý, Dehistan, Amul ýaly şäherler barada gelip ýeten maglumatlarda bular dogrusynda aýdylýar. Irki döwürlerde medeniýetiň gülläp ösmeginde kitaphanalaryň orny örän uly bolupdyr. Bu hakykat dürli döwürlerde beýik ösüşleri, ruhy-medeni galkynyşlary amala aşyran dünýä halklarynyň taryhyndan hem, medeni ösüşlere mynasyp goşant goşan halkymyzyň taryhyndan hem aýdyň görünýär.

Kalpdan dörän keşp

Türkmen halkynyň göz guwanjy bolan haly sungatynyň meşhurlygy onuň diňe zenanyň on barmagynyň hünäridiginden başga-da, onda ynsan keşpleriniň dokalýandygy bilenem baglydyr diýip oýlanýaryn. Ykjam lybaslar adama gözel görk berýär. Şeýle ynsan keşbini hala çitmegem juda ünsli, üşükli bolmagy talap edýär. Işiň örän sünnäli ýerine ýetirilmegi adam keşbine «janly ýaly» diýdirýär. Muňa bolsa halyçynyň el hünärinden başga-da, ýürek mähri, kalp yhlasy-da siňýär. Hala dokalýan keşp meşhur adamlaryň keşpleri bolanda, ol aýratyn yhlaslylygy talap edýär. Ajaýyp reňkler, el hünäri bilen şol ynsanyň kalbyna ýol salmak, halyçynyň ezber, öz göwün beren sungatyna ussat bolmalydygyna ünsi çekýär. Şeýle bolansoň, keşpleri hala çitmek üçin şol keşbe diýseň belet bolmaly. Onuň kalp dünýäsini hünäriň bilen öňküdenem gözelleşdirmäge goşandyňy goşmaly.

Energetika pudagynyň ösüşli menzilleri

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyz Türkmenistan döwletimiziň at-abraýyny artdyrmak, milli ösüşli üstünliklerimizi dünýä ýaýmak, ýurdumyzyň elektroenergetika kuwwatyny artdyrmak üçin beýik işleri durmuşa geçirýär. Häzirki wagtda türkmen jemgyýetini, bagtyýar, eşretli ýaşaýşy energetika pudagyndan üzňelikde göz öňüne getirmek mümkin däl. Sebäbi, bu gün energiýa serişdeleri bilen herekete gelýän abzallar, enjamlar biziň gündelik durmuşymyz üçin zerurdyr. Şeýle nukdaýnazardan ugur alnyp, döwletimiziň energetika syýasaty beýik başlangyçlary nazarlap, rowaç menzilleriň ýoluna ymykly düşdi. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmaga we onuň ösüşini üpjün etmäge, eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga, ýurdumyzy senagatlaşdyrmaga nobatdaky möhüm ädim boldy. Şeýle öňdebaryjy tehnologiýalaryň, innowasion işläp taýýarlamalaryň işjeň durmuşa ornaşdyrylmagy ýurdumyzyň yzygiderli we hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmäge amatly şertleri döretdi. Garaşsyz Watanymyz gurýan, döredýän we iri taslamalary üstünlikli amala aşyrýan döwlet hökmünde tanalýar. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän iri taslamalar, ulanmaga berilýän, gurluşygy alnyp barylýan desgalar milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Şeýle taslamalaryň amala aşyrylyşynda ekologik talaplaryň berjaý e

Täze kitabyň tanyşdyrylyş dabarasy

ŞANLY SENÄ SOWGAT «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň taryhy wakalary, şanly seneleri, toý-baýramlary türkmeniň beýik ogly, akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň ýubileý toýuny dabaralandyrýar. Maý aýynyň 17-sine Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly täze kitabyň çapdan çykandygyny aýdyp, onuň halkymyz üçin gymmatly sowgat boljakdygyny belledi.

Bütindünýä welosiped güni giňden bellenilip geçildi

WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ — SAGDYNLYGYŇ SAKASY Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda eziz Watanymyzda welosipedli ýörişler, welosport uly ösüşe eýe boldy. Hormatly Prezidentimiz welosporty ösdürmäge, ildeşlerimizi sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga giňden çekmek maksady bilen mümkinçilikleri döredip berýär.

Döredijilik bäsleşigi

ZEHINLI ÝAŞLAR — WATANYMYZYŇ GELJEGI Üstümizdäki — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk toýunyň giňden dabaralanýan günlerinde ýaş nesillerimiziň ukyp-başarnygyny artdyrmak maksady bilen surat çekmek boýunça bäsleşik guraldy. Çagalarda watançylyk duýgusyny terbiýelemek, olary döredijilik işine höweslendirmek, olaryň surat çekmäge bolan ukybyny artdyrmak, dünýägaraýşyny giňeltmek maksady bilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan ilkinji gezek yglan edilen “Biz — Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly bäsleşik şatlyk-şowhuna beslendi. Oňa ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat we Arkadag şäherlerinden çagalar gatnaşdylar.

Ylymlar gününe

BAGTYÝARLYGYŇ BINÝADY Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär. Okamaga, işlemäge, döretmäge, bilim almaga giň mümkinçilikler bar. Ösüp gelýän ýaş nesliň kämil hünärmenler bolup ýetişmegi ugrunda döwrebap işler alnyp barylýar.

Şahyryň döredijiliginden ruhlanyp

“Dünýäni saklaýan zat gözellikdir” diýilýär. Elbetde, “gözellik” diýlende, dünýäniň, tebigatyň gözelligi, şeýle-de, gyz-gelinleriň görk-görmegi, zenan gözelligi göz öňüňe gelýär. Diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, Gündogaryň beýik akyldary diýlip ykrar edilen, biziň milli buýsanjymyz — nusgawy şahyrymyz, beýik söz ussady Magtymguly Pyragy hem: ...Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,

Adam. Jemgyýet. Kanun.

Wajyp wezipe Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolan Garaşsyz Türkmenistanymyz ösüş-özgerişli ýol bilen öňe barýar. Raýat jemgyýetimizi mundan beýläk-de kämilleşdirmekde tutumly işler bitirilýär. Kabul edilýän täze kanunlar döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar.

Asudalygyň goragynda

NESIL TERBIÝESI — ERTIRIŇ ALADASY “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda-da ösüp gelýän nesil hakda alada aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Nesil terbiýesi bagtyýar geljegimiz bilen berk bagly bolany üçin dana pederlerimiziň ýol-ýörelgesinden ugur alnyp bu meselä uly üns berilýär. Ösüp gelýän nesil hakynda alada döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwrülip, bu babatda hormatly Prezidentimiz wajyp wezipeleri öňde goýýar.

Söwda nokatlarynda ýangyn howpsuzlygy

Ýakynda habarçymyz welaýat polisiýa müdirliginiň ÝHB-niň Baýramaly etrabynyň ÝHB-niň döwlet ýangyn gözegçiliginiň uly gözegçisi, içerki gullugyň uly leýtenanty Baýram AMANOW bilen duşuşyp, söwda nokatlarynda ýangyn howpsuzlygynyň kadalary barada gürrüň bermegini haýyş etdi. — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy ähli söwda nokatlarynyň ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň tertibini kesgitleýän gaýragoýulmasyz çäreleri ýatlatmagy maksat edindi.

Bagtyýarlyk we sagdynlyk

1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Arkadag şäheriniň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň uly mejlisler zalynda «Bagtyýarlyk sagdyn nesilden başlanýar» atly amaly maslahat geçirildi. Oňa «akylly» şäherde zähmet çekýän saglygy goraýyş işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Körpeleriň sagdynlygy — baş aladamyz

Güneşli diýarymyzda körpe nesil aýratyn üns we alada bilen gurşalýar. Munuň şeýledigine mekdebe çenli çagalar edaralarynda alnyp barylýan işler anyk şaýatlyk edýär. Çagalar baglarynda körpelere döwrebap sowat öwredilýär, olaryň watansöýüjilik ruhunda terbiýelenmegi, sagdyn ösmegi babatda buýsanja mynasyp işler alnyp barylýar. Tomus möwsüminiň gelip ýetmegi bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynda körpeler bilen geçirilýän taplama, göwünaçma we oýun çäreleriniň sany artýar. Şonuň bilen baglylykda, biziň çagalar baglarymyzda hem tomus sagaldyş möwsümine ykjam taýýarlykly gelindi. Tomusky taplama çäreleri guramak üçin toparyň meýdançalarynda çägedanlary çägeden doldurmak we reňklemek, taplama degişli çagalar üçin enjamlary ýerbe-ýer etmek, düşekçeleri taýýarlamak, egin-eşikler, süpürgiçler taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp baryldy.