Okyjylara döwrebap hyzmatlar
Gökdepe etrap merkezi kitaphanasynda we onuň ýerlerdäki kitaphana şahamçalarynda okyjylara ýokary derejedäki hyzmatlar amala aşyrylýar. Kitaphanalaryň okyjylarynyň sanynyň barha artmagy hem şonuň bilen baglanyşyklydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen bäş aýynda etrap merkezi kitaphanasynyň okyjylarynyň sanynyň geçen ýylyň degişli döwründäkisinden artmagy hem muňa şaýatlyk edýär. Has takygy, şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda etrap merkezi kitaphanasyna täze ýazylanlaryň sany 210-dan geçip, hasapda duran okyjylaryň umumy sany 6 müň 755 adama golaýlady. Ýylyň başyndan bäri dürli mazmunly kitaplaryň 11 müň 630-sy, şol sanda syýasy neşirleriň 2 müň 398-si, çeper eserleriň 4 müň 192-si, çagalar edebiýatlarynyň 3 müň 143-si, beýleki neşirleriň 1 müň 897-si okyjylar tarapyndan okalmaga alyndy. Bitewi elektron kitaphana ulgamynyň hyzmatyndan peýdalanyjylaryň sany hem artdy. Yzgant şäherçesindäki, Babarap obasyndaky kitaphana şahamçalarda hem bu babatda oňat görkezijiler hasaba alyndy.