Ruhy päkligiň gözbaşy
Berkarar Watanymyzda halkymyza yranmaz döwleti, mizemez bagtyýarlygy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen her günümiz toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Hut sapaly tomsuň ilkinji günlerinde biz şanly seneleriň birnäçesini baýram etdik. Şu günler bolsa eziz halkymyz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdyp, milli senenamamyzda aýratyn orun alan Gurban baýramyny tutumly dabaralar bilen bellemäge taýýarlyk görýär. Mukaddes Gurban baýramy güneşli ülkämizde ynsanlaryň köňlüni päkläp, il-güni ýagşylyga çagyrýan, dostlaşdyrýan we jemgyýetde ruhubelentligi döredýän baýram hökmünde her ýyl uly dabaralar bilen bellenilýär. Aslynda, Gurbanlyk etmegiň asyl maksady dini däp-dessurlary doly ýerine ýetirmek bilen, Beýik Biribaryň razylygyny, ýalkawyny gazanmakdyr. Üç günläp baýram edilýän bu günlerde asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip, dowam etdirilip gelinýän ruhy-ahlak gymmatlyklarymyz esasynda milli ýörelgelerimiz, däp-dessurlarymyz berjaý edilýär. Ynsan kalbynyň tämizligini dabaralandyrýan bu sene agzybir halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýar. Baýramyň ilkinji gününden başlap, ähli maşgala ojaklarynda saçaklar giňden ýazylyp, gazanlar atarylyp, her bir öýi şadyýanlyk, bagtyýarlyk gurşap alýar. Gurbanlyk kesmek we ony paýlamak bu baýramyň esasy aýratynlygydyr. Gurbanlyk beriljek malyň sagdyn bolmagy esasy talap hasap