''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Dostuň dogan bolanda

Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky ynanyşmaga we birek-birege hormat goýmaga daýanýan gatnaşyklar ýylsaýyn berkeýär. Hormatly Prezidentimiziň bu babatdaky taýsyz tagallalary ähmiýetli orun eýeleýär. Owganystan Yslam Respublikasynyň syýasy, ykdysady durnuklylygyny, parahatçylygyny saklamakda we olaryň ösüşini gazanmakda Türkmenistan goňşy döwlet hökmünde uly işleri durmuşa geçirdi we geçirmegini dowam edýär. Munuň iň täze we täsirli mysalyny ýakynda, has takygy, 14-nji ýanwarda Akina — Andhoý menzilleriniň arasyndaky demir ýol şahasynyň ulanmaga berilmeginde, Kerki — Şibirgan ugry boýunça 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň, şonuň ýaly-da, iki ýurduň arasyndaky Ymamnazar — Akina, Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli halkara ulgamyň işe girizilmeginde-de göz ýetirmek bolýar.

Dost-doganlygyň ýoly

Häzirki zaman dünýäsinde parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur derwaýyslyklaryň biridir. Biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan bu ýörelgeler taryhyň bütin dowamynda hyzmatdaşlygyň hem ösüşiň möhüm şertine öwrülip gelýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk — bularyň ählisi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň öňe sürýän daşary syýasat taglymatynda, 2021-nji ýyl üçin saýlan — «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda öz beýanyny tapýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň öňe süren teklibi esasynda kabul eden «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasy muny nobatdaky gezek subut etdi. Bu Kararnamada bellenilişi ýaly, parahatçylyk diňe bir gapma-garşylyklaryň bolmazlygy däl-de, köp tarapyň gatnaşmagyna esaslanýan oňyn, okgunly ösüşdir, onda netijeli gepleşikler goldanylýar. Eziz Diýarymyzyň daşary syýasat ugry hem-de öňe sürýän başlangyçlary ählumumy parahatçylygyň berkidilmeginiň bähbidine dürli ýurtlar we halkara guramalar bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin ygtybarly binýat bolup durýar. 2021-nji ýylyň şygary türkmen halkynyň milli ýörelgelerine hem-de taryhy we medeni dessurlaryna kybap gelýär. Bu şygar häzirki döwürde parahatçylyk dörediji döwletimiziň okgunly ösüşiniň esasyny düz

Halkara hyzmatdaşlygy: täze ugurlar we öňde durýan wezipeler

Häzirki döwürde adamzadyň durmuşyny energiýa üpjünçiliksiz göz öňüne getirmek örän kyn. Bizi gündelik gurşap alýan zatlaryň ählisi energiýa harçlanmasy bilen berk baglanyşyklydyr. Energiýa howpsuzlygy, üpjünçiligi ýaly meseleler bütindünýä gün tertibiniň gaýragoýulmasyz meseleleriniň biri bolmagynda galýar. Birleşen Milletler Guramasy bu meselä aýratyn ähmiýet berýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2012-nji ýyly «Hemmeler üçin halkara energiýa ýyly» diýip yglan etmegi ýa-da edil şol ýyl bu babatda Jarnamanyň kabul edilmegi hem-de 2015-nji ýylda bu guramanyň agza döwletleri tarapyndan ählumumy kabul edilen Ösüşiň 2030-njy ýyla çenli gün tertibiniň 7-nji maksadynyň hut energiýa üpjünçiligi bilen bagly bolmagy munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýär.

Dö­wür we ma­ha­bat

Türkmenistanyň önümçilik kärhanalarynda öndürilýän önümleriň bäsleşige ukyby gün-günden ýaýbaňlanýar, olara bolan isleg içerki hem-de daşarky bazarlarda has-da köpelýär. Köp harytlarymyz daşary ýurt bazarlarynda öz orunlaryny tapdylar. Hormatly Prezidentimiz milli önümlerimiziň dünýä bazarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak we harytlaryň eksportynda paýyny artdyrmak, olary ýerlemek boýunça ösen marketing gullugyny döretmek, eksporta gidýän taýýar önümleriň möçberini artdyrmak, öndürmekde we eksport etmekde hususy telekeçiligi ösdürmäge ýardam bermek meselelerini birjikde üns merkezinden düşürmeýär.

Adam hukuklaryny üpjün etmek boýunça pudagara toparyň mejlisi

AŞGABAT, 28-nji ýanwar (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginiň maslahatlar zalynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Mejlisiň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde öňe süren başlangyçlaryndan hem-de degişli ugurda pudagara toparyň işini kämilleşdirmek babatda beren tabşyryklaryndan ugur almak bilen, adam hukuklaryny üpjün etmek hem-de halkara ynsanperwer hukugyň kadalaryny durmuşa geçirmek barada döwlet edaralarynyň we jemgyýetçilik birleşikleriniň ýerine ýetirmeli işleriniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistan – Azerbaýjan Respublikasy: energetika hyzmatdaşlygynda täze tapgyr

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy boldy. Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ösüşinde täze tapgyry alamatlandyrýan bu möhüm resminama gol çekmek dabarasyna göni wideoaragatnaşyk arkaly iki döwletiň Baştutanlary gatnaşdylar. Ilki bilen Türkmenistanyň Prezidentine söz berildi. Döwlet Baştutanymyz azerbaýjanly kärdeşi bilen salamlaşyp hem-de onlaýn görnüşindäki şu duşuşyga gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, şu günüň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryndaky örän wajyp gündügini belledi. Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilýär. Bu resminama biziň ýurtlarymyzyň energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge, iki iri energetika döwletleriniň ägirt uly özara mümkinçiliklerini açmaga, Hazar deňziniň sebitinde durnukly energetika ösüşi, giň we özara bähbitli halkara gatnaşyklar üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilen işle

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Gatnaşyklar berkidilýär

Golaýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-belarus geňeşmeleri geçirildi. Oňa Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Wladimir Makeý gatnaşdy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşygyň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri girizildi. Şunda däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary derejedäki özara gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy. Geňeşmeleriň dowamynda BMG, ÝHHG, GDA ýaly abraýly sebit we halkara düzümleriniň ugry boýunça gatnaşyklaryň netijeliligi bellenildi. Hususan-da, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygyň netijeli ugry bolan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde özara gatnaşyklar meselesi barada aýdyldy.

Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň täze ugurlary

Belent mertebeli Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2021-nji ýylyň 14 — 15-nji ýanwarynda ýurdumyzyň Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde halkara ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň işe girizilmegi mynasybetli dabaralara gatnaşdy. Şonda milli Liderimiziň olaryň işine ak pata bermegi «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylymyzyň ilkinji günleriniň şanly wakalary bolup, ähli türkmenistanlylary guwandyrdy. 14-nji ýanwarda Owganystan Yslam Respublikasynyň Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky 30 kilometrlik demir ýoluň ulanylmaga berilmegi, şeýle hem Kerkiden Owganystanyň Şibirgan şäherine çenli ugur boýunça güýjenmesi 500 kilowolt bolan 153 kilometrlik elektrik geçiriji ulgamyň we ýurtlarymyzyň arasyndaky Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) hem-de Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli halkara ulgamyň işe goýberilmegi mynasybetli dabaralar boldy. Dabaralara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdylar.

Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen

AŞGABAT, 26-njy ýanwar (TDH). Şu gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-belarus geňeşmeleri geçirildi. Oňa Belarus Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Wladimir Makeý gatnaşdy. Wideomaslahat görnüşinde geçirilen duşuşygyň gün tertibine syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň wajyp meseleleri girizildi. Şunda däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmakda ýokary derejedäki özara gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

Hazaryň uglewodorod serişdelerini özleşdirmekde täze sahypa

Öz gözbaşyny taryhyň irki zamanlaryndan alyp gaýdýan türkmen-azerbaýjan goňşuçylyk we dostluk gatnaşyklary häzirki döwürde barha pugtalanýar. Muňa 21-nji ýanwarda Aşgabatda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekmek dabarasy hem aýdyň delildir. Iki döwletiň hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny täze derejä çykarjak bu möhüm waka aýratyn ähmiýet berip, türkmen we azerbaýjan Liderleri onlaýn görnüşinde derwaýys resminamanyň kabul edilmegini mübäreklediler. Hormatly Prezidentimiz onlaýn görnüşindäki wideoşekil arkaly duşuşyga gatnaşýandygy üçin azerbaýjanly kärdeşine minnetdarlyk bildirip, şu günüň Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryndaky örän wajyp gündügini belledi. Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda iki döwletiň Hökümetleriniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygy we özara düşünişmek gatnaşyklaryny berkitmäge, iki iri energetika döwletiň ägirt uly özara mümkinçiliklerini açmaga, Hazar deňziniň sebitinde durnukly energetika ösüşi, giň we özara bähbitli halkara gatnaşyklar üçin aňrybaş amatly şertleriň döredilmegine g

Parahatçylyga we ynanyşmaga esaslanýan hyzmatdaşlyk

Ýakynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň hoşniýetli gatnaşyklarynda taryhy waka boldy. Dost-doganlyk nyşany hökmünde halkara taslamalaryň, ýagny Akina — Andhoý beketleriniň arasyndaky demir ýol böleginiň, Kerki — Şibirgan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berilmegi şu ýylymyzyň turuwbaşdan öz adyna mynasyp şatlykly wakalar bilen başlanandygyny habar berdi. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen ýurdumyzda öndürilen önümlerden ybarat ynsanperwer ýükler ýüklenen ilkinji otlynyň Akina demir ýol bekedinden Andhoý demir ýol bekedine tarap ugur almagy çuňňur many-mazmuna eýe boldy. Bu wakalar Türkmenistan döwletimiziň Aziýa sebitindäki geosyýasy ornunyň has hem berkeýändiginiň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli daşary syýasatynyň tutuş dünýä ýüzünde barha dabaralanýandygynyň ýene-de bir ykrarnamasy boldy.

2020-nji ýylyň dekabry: Milli Liderimiziň daşary syýasy başlangyçlarynyň ugry bilen

Dekabr aýy türkmen Bitaraplygynyň 25 ýyllyk baýramynyň nyşany astynda geçen 2020-nji ýylda Garaşsyz ýurdumyzda bitirilen işleriň jemini jemledi. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlyk ýörelgeleri Milletler Bileleşiginiň goldawyna mynasyp bolan bu hukuk derejesiniň özenini düzýär. Geçen aýda halkara derejede geçirilen çäreler munuň subutnamasyna öwrüldi. Şolaryň hatarynda onlaýn tertibinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen işjeň syýasatynyň çäklerinde ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan guralan syýasy geňeşmeler, işewür gepleşikler, iri we mowzuklaýyn maslahatlar, sergiler hem-de forumlar bar.

Hazarda açylýan täze gözýetimler

türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlygynyň möhüm çelgisine öwrüler Türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde okan döwrümizde ýurdumyzda geçirilýän iri halkara çäreler bilen baglylykda, köplenç, meýletinçilik işine gatnaşýardyk. Indi-indiler onuň diňe bir meýletinçilik etmek däl, eýsem, tejribäňi artdyrmak, saýlan hünäriň amaly taraplaryny kämilleşdirmek, täze adamlar bilen tanyşmak hem pikir alyşmak üçin özboluşly mekdep bolandygyna göz ýetirýärin. Paýtagtymyzda geçirilen halkara forumlaryň birinde türkiýeli we azerbaýjanly žurnalistler özara gürrüňleriniň arasynda nämedir bir sowal bilen ýüzlendiler. Iňlis dilinde jogap bermekçi bolup, ýaňy söze başlanymdan, azerbaýjanly žurnalistiň: «Türkmençe gürläberiň, düşüneris!» diýmesine birtüýsli geň galanym edil häzirki ýaly ýadymda...

Hazar — dostlugyň deňzi

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda gol çekilen nobatdaky Ähtnama hem muny doly tassyklaýar Hazar — dostlugyň, ynanyşmagyň we hyzmatdaşlygyň deňzidir. Dünýäde geosyýasy we geoykdysady taýdan örän möhüm orun eýeleýän bu deňiz bäş sany kuwwatly senagat döwletlerini birleşdirýär. Häzirki zaman şertlerinde olaryň özara dostlugy we düşünişmegi bolsa, Hazarýaka bäşliginiň arasyndaky köpugurly gatnaşyklaryň işjeň ösdürilmeginde äşgär duýulýar. Muňa sebitiň iki dostlukly ýurdy bolan Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky ynanyşmaga ygrarlylyk esasynda ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Ulag ulgamy ösdürilýär

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ulag-logistika ulgamynda sebitara we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmek, üstaşyr-ulag geçelgelerini giňeltmek ýurdumyzyň içeri we daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Döwletimiz dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň esasy şertleriniň birine öwrülýän ulag ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek ugrunda özara bähbitli halkara başlangyçlary öňe sürüp, hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebit we yklym ähmiýetli taslamalary yzygiderli durmuşa geçirýär. Munuň şeýledigini 2020-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň, Owganystanyň we Azerbaýjanyň Prezidentleriniň arasynda wideomaslahat görnüşinde üçtaraplaýyn geçirilen duşuşyk aýdyň mysal bolup durýar. Bu maslahatda döwlet Baştutanymyz Owganystanyň hem-de Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlary bilen käbir garaýyşlaryny paýlaşdy we ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeň ýola goýmak boýunça anyk teklipleri öňe sürdi. Öňe sürlen teklipler, ýagny, birinjiden, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda 2017-nji ýylyň 15-nji noýabrynda Aşgabatda gol çekilen Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgesi («Lapis Lazuli») hakyndaky Ylalaşyga esaslanyp, Bitewi logistik merkezi döretmegi teklip etmegi; ikinjiden, ýük daşamalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin häzirki zaman, ýokary tehnologiýaly ulag-üpjünçilik ulgamlarynyň bolmagy ägirt uly ähmiýete eýedir. Ýükleriň u

Gatnaşyklaryň täze tapgyry

Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilik we dostlukly gatnaşyklara esaslanýan daşary syýasatynyň netijesinde ýurdumyzyň halkara abraýy barha belende galýar. Golaýda paýtagtymyzda Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi hem bu ugurdaky möhüm gatnaşyklaryň täze tapgyryna badalga berdi. Häzirki wagta çenli ýurdumyz bilen Azerbaýjan Respublikasynyň arasynda 100-den gowrak, şol sanda soňky üç ýylyň dowamynda bolsa 50-den gowrak resminamalara gol çekilendigi aýratyn bellärliklidir. Ikitaraplaýyn amala aşyrylýan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklar hem hil taýdan täze derejä çykýar. Munuň özi hoşniýetli goňşuçylyk we döwletara dostlukly gatnaşyklaryň barha berkeýändiginiň aýdyň görkezijisidir. Döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde öňe çykýan Hazar meselesi iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň agramly bölegini öz içine alýar. Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň awgust aýynda Hazarýaka döwletleriniň bäşisiniň ýolbaşçylarynyň Hazar deňziniň hukuk derejesi baradaky Konwensiýa gol çekmegi Hazar deňzinde energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň täze tapgyrynyň möhüm başlangyjy boldy. Şeýle hem, 2019-njy ýylda Türkmenbaşy şäherinde geçirilen birinji Haza

Ýaşasyn Türkmenistan — Azerbaýjan dostlugy!

Türkmenistan bilen Azerbaýjan Respublikasynyň halklaryny umumy taryhy hem-de köpasyrlyk doganlyk gatnaşyklary birleşdirýär. Häzirki wagtda Türkmenistan we Azerbaýjan iki Garaşsyz döwlet hökmünde üstünlikli ösýär. Türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary täze tapgyra çykdy hem-de syýasy ulgamda we ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Türkmenistan hem, Azerbaýjan hem ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy we rowaçlygy üpjün etmek boýunça halkara bileleşiginiň tagallalaryna saldamly goşant goşýar. Şu maksat bilen biziň ýurtlarymyz BMG, ÝHHG, YHG ýaly abraýly halkara guramalaryň we beýlekileriň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk edip, birek-birege kömek berýärler. Häzirki wagtda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk täze derejä çykyp, syýasy, ykdysady, energetika we maýa goýum ulgamlarynda özara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Ikitaraplaýyn esasda hem-de halkara we sebit derejesinde biziň döwletlerimiz gatnaşyklaryň oňyn mysalyny görkezýärler. Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Munuň özi türkmen hem-de azerbaýjan halklaryny birleşdirýän taryhyň, medeni däpleriň we ruhy gymmatlyklaryň umumylygy bilen şertlendirilendir. Häzirki döwürde sport ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek üçin hem giň mümkinçilikler açylýar.

Geljegi nazarlaýan taslamalar

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ilkinji günlerinde Lebap welaýatynda ulag-aragatnaşyk we elektroenergetika ulgamlarynda iri sebitleýin taslamalaryň açylyş dabaralary geçirildi. Olaryň hatarynda Owganystan Yslam Respublikasynda Akina — Andhoý demir ýol şahasy, kuwwatlylygy 500 kW bolan Kerki (Türkmenistan) — Şibirgan (Owganystan) elektrik geçiriji ulgamy, şeýle hem Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny bellemek bolar. Taraplaryň gatnaşmagynda energetika, ulag-aragatnaşyk ýaly möhüm pudaklarda iri düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi doganlyk ýurduň syýasy durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna hem-de dünýä hojalyk ulgamyna üstünlikli goşulmagyna ýardam berer. Anyk mysallara ýüzlenip aýdylanda, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamyny, «Lapis-Lazuli» üstaşyr ulag geçelgesini, şeýle hem Serhetabat (Türkmenistan) — Turgundy (Owganystan) we Kerki (Türkmenistan) — Ymamnazar (Türkmenistan) demir ýol şahalaryny aýratyn nygtamak bolar. Bu halkara taslamalary doganlyk ýurduň halkara giňişligindäki eýeleýän ornunyň barha ýokarlanmagyna ýardam berer.

Saglygy goraýyş: türkmen-german gatnaşyklary işjeňleşdirilýär

21-22-nji ýanwarda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezinde teleköpri arkaly saglygy goraýyş boýunça IX türkmen-german forumy geçirildi. Iki günläp dowam eden foruma Germaniýanyň Mýunhen uniwersitetiniň Grosshadern klinikasynyň alym-professorlary hem-de ýurdumyzyň döwlet düzümleriniň we ylmy-kliniki merkezleriniň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, saglygy goraýyş ulgamynyň welaýatlardaky hem-de paýtagtymyzdaky düzümleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Onuň dowamynda saglygy goraýyş ulgamynyň wajyp meseleleriniň biri bolan eneleriň we çagalaryň saglygyny goramakda gazanylan üstünlikler we ýetilen sepgitler ara alnyp maslahatlaşyldy, täze keselleriň öňüni alyş, anyklaýyş we bejeriş usullary beýan edildi hem-de olary amaly lukmançylyga ornaşdyrmagyň ýollary kesgitlenildi. Nobatdaky onlaýn duşuşykda urologiýa we ginekologiýa, şol sanda çagalar urologiýasy we ginekologiýasy meselelerine üns berildi. Lukmançylygyň bu ugurlarynyň Türkmenistandaky hem-de Germaniýadaky ýagdaýy baradaky çykyşlar diňlenildi, öňüni alyş çäreleri beýan edildi, işgärleri okatmagyň häzirki zaman çözgütleri hem-de aýratynlyklary barada gürrüň edildi. Şonuň ýaly-da, adam doglandan tä garraýança urologiýa skrininginiň çäreleri; böwrek keselleriniň patofiziologiýasy, anyklanylyşy, bejerilişi we gaýraüzülmeleriniň öňüniň a