''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Ikatýok

Guşlaryň içinde iň mugthory ikatýok hasaplanýar. Bu guşlara nesil aladasy ýatdyr. Olar höwürtge-de gurunmaýar, ýumurtga-da basyrynmaýar, hatda jüýjelerini-de ekläp-saklamaýar. Ikatýok ýumurtgalaryny keseki guşlaryň höwürtgesine taşlaýar. Şonuň bilenem olaryň nesil aladalary tamamlanýar. Ikatýoklaryň horanja jüýjejikleri bolsa keseki guşuň höwürtgesinde kemala gelýär. Dünýäde ikatýoklaryň 140 görnüşi bolup, olaryň 50-si öz jüýjejikleriniň eklenjini başga guşlaryň üstüne atýar. Ornitologlar munuň sebäbini anyklamak üçin birgiden synag geçirdiler, dürli çaklamalary orta atdylar. Ilkibaşda guşlaryň iýmit ýetmezçiligi sebäpli şeýdýän bolmagy mümkin diýen pikire gelindi. Ýöne dowamly gözegçilikleriň netijesinde ikatýoklaryň bu hereketleriniň iýmit gytçylygy bilen bagly däldigi anyklanyldy.

Çyn bedewler meýdanynda bellidir

«7/24. tm», № 13 (148), 27.03.2023. «Saňa at diý­me­rin, gar­daş di­ýe­rin» di­ýip ýüz­len­ýän hal­ky­my­zyň dur­mu­şyn­da­ky ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň or­ny ulu­dyr. Ata-ba­ba­la­ry­my­zyň müň­ýyl­lyk­la­ra uza­ýan ga­dy­my ta­ry­hyn­dan mi­ras ga­lan ga­myş­gu­lak be­dew­le­ri­mi­ziň hä­zir­ki döw­rü­mi­ziň ösüş­le­ri­niň öz­bo­luş­ly ny­şa­ny­na öw­rül­me­gin­de, ola­ryň naý­ba­şy gym­mat­lyk hök­mün­de bü­tin dün­ýä­de yk­rar edil­me­gin­de ony aň­ry­ýa­ny bi­len gör­mek bol­ýar.

Manul

Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlaryň biri-de manuldyr. Ýyrtyjylar toparyna, pişikler maşgalasyna degişli bolan manulyň ululygy we bedeniniň uzynlygy öý pişiginiňki bilen deňeçerdir. Onuň aýaklary gysga, kellesi kiçiräkden togalak bolup, gözleri uly, inli gulaklarynyň uçlary tegelegräkdir. Adatça ýiti çypar, kähalatlarda gyzylymtyl çyparrak ýa-da solak çypar reňkli tüýi gür we ösgündir. Arkasynda keseligine geçýän birnäçe zolak bolýar. Guýrugynda insizje gara halkalar bar. Manula daglyk ýerleriň deňiz derejesinden 1500 metr belentlikde, ylaýta-da, Köýtendagda, Köpetdagda, uly hem-de kiçi Balkan daglarynda otjumak ýerlerde duş gelmek bolýar. Ol çuň dereleriň gaýa eňňitlerinde, dagyň üstündäki tekiz düzlüklerde, selçeň arçaly ýerlerde ýaşaýar. Dere boýundaky tokaýlarda, gyrymsy we gamyş bilen birleşen uly uçutly jülgeleriň ýokarsynda hem oňa duşmak bolýar.

Owlakbakar

Towşan ýylynda bu ajaýyp jandar bilen bagly käbir yrymlar hakda gürrüň etmegi makul bildik. Ilki bilen bellemeli zat, towşany adamzadyň hem-de janly tebigatyň gowy görýänligidir. Şonuň üçin bu ýyl söýginiň, birek-birege mähribanlygyň ýyly bolar. Ikinjiden, ýurdumyzda akja bäbekler köp bolar. Gazanlaryň gapagy toý diýlip açylyp, sallançaklar üwrelip, toý pişmeleri bişiriler. Sebäbi towşan köpelgiç haýwanlaryň hataryna girýär. Könekilerimiz onuň gök otdan garny doýsa, çebşekleýändigi barada şeýle aýtgyny miras goýupdyrlar. On iki düýe,On ýylky,Dokuz sygyr,Bäş tokly,Üç köpegi ýanynda,Bir ýarym towşan,Bir — tilki.

Haýwanat dünýäsinde

Algyrlar ýokardan aşaklygyna awuna tarap okdurylanynda, tizligi sagatda 322 kilometre ýetýär. Algyryň adaty wagtdaky uçuşynyň tizligi sagatda 90 kilometre deňdir. ***

Sugun

Sugun göwresi uly, agramy 100 – 300 kilograma çenli, owadan bedenli, ýabany haýwandyr. Erkek sugunlaryň şahy bir metre çenli bolup, onuň şahynyň ösüntgisi bäşden köp bolmaýar. Reňki bir öwüşginde sarymtyl-goňur. Gerşinden oňat görünýän garamtyl reňkli çyzyk geçýär. Sugunlaryň ýaýran we ýaşaýan ýerleri Amyderýanyň kenaryndaky gyrymsy we jeňňelli tokaýlyklardyr. Hünärmenleriň berýän maglumatlaryna görä, ýaz döwürleri iýmitlenmek üçin çöllük meýdana yzygiderli çykýarlar. Jübütleşýän döwri awgust aýynyň aýagyndan, oktýabr aýynyň ahyryna çenli bolýar. Adatça, maý aýynda bir göle taşlaýarlar we ol göläniň reňki sarymtyl-goňur, ak nokat-nokat tegmilli bolýar.

Keýik — tebigatyň bezegi

Türkmen tebigaty gözelliklere baýdyr. Tebigatda mesgen tutunan dürli görnüşli haýwanlar onuň bezegini has-da artdyrýar. Keýik hem tebigatymyzyň özboluşly bezegidir. Bu owadan jandaryň meýdan alamatlary barada gysgaça aýtsak, onuň ululygy öý geçisi ýaly bolup, bedeni irimçikdir. Keýikler çägesöw-goňur reňkde bolýar. Boýnunyň aşagy, döşi, garny we aýaklarynyň içki taraplary ak reňkdedir. Guýrugynyň ujy gara bolup, uzynlygy 14-18 santimetre barabardyr. Keýik gataňsy toprakly çöllükde, dag eteklerinde we berkän çägeliklerde ýaşaýar. Dagyň uçut gaýaly ýerlerine barmagy halamaýar. Keýik ösümlikleriň 80-den gowrak görnüşi bilen iýmitlenýär. Otjumak ösümlikler, gyrymsy agaçlaryň ýapraklary onuň esasy iýmitidir. Keýik bir gije-gündizde 3,1-5,5 kilogram, ortaça 4,1 kilograma çenli ot iýýär, ýaz aýlarynda bolsa onuň düzüminde 70-80% suw saklaýan gök otlaryň 6 kilograma çenlisini iýýändigi anyklanyldy.

Düýe çaly

Türkmen halky gadym wagtdan bäri maldarçylygy, şol sanda düýedarçylygy hem ýaşaýyş hajatlaryny üpjün edýän kesp-kär hasaplapdyr. Uç-gyraksyz, aňňat-aňňat gum depeli türkmen ýaýlalarynda ösüp-örňäp ýören düýe malynyň belli bahasy ýokdur. Düýäniň süýdi we ondan taýýarlanylýan çal, agaran gündelik iýmitlenişde giňden ulanylýar. Bu melhem içgi diňe bir teşneligi gandyrman, eýsem, keselleri bejermekde we olaryň öňüni almakda hem uly ähmiýete eýedir. Düýe çalynyň düzüminde köp mukdarda ýaglar, uglewodlar, kalsiý, magniý we beýleki ýokumly maddalar, witaminler toplumy, dokumalarda täze öýjükleriň emele gelmegine hem-de bedende madda çalşygynyň kadaly bolup geçmegine itergi berýän beloklar jemlenendir. Çalyň düzümindäki C we D witaminler bedende ýaglaryň alyş-çalşygyny hem-de turşadyjy hadysany güýçlendirýär. Düýe çaly merkezi degna ulgamyna oňyn täsir edip, ukyny kadalaşdyrýar, ýatkeşligi berkidýär, akyl zähmetine ukyby ýokarlandyrýar. Düýe çalyny howanyň temperaturasyna, adamyň ýaşyna we saglygyna baglylykda bir günüň dowamynda bir litre çenli mukdarda içmek mümkindir. Lukmanlar dem alyş ýollarynyň we aşgazan-içege ulgamynyň kesellerinde ýaňy saglan düýe süýdüniň bir bulguryny içmegi maslahat berýärler. Yzygiderli çal içýän adamyň işdäsi hem-de şähdi açyk bolýar. Ylaýta-da, mineral duzlaryň we ýokumly maddalaryň köp ýitirilýän döwri bolan tomus paslynda düýe çalyny içmek peýdalydyr.

Towşanlar hakda biläýmeli zatlar

■ Towşanlaryň 28 sany dişi bardyr. ■ Olaryň hininiň çuňlugy 3 metr bolup, onuň içinde ýatmak, iýmitlenmek we kiçijik towşanjyklar üçin «otaglar» bar.

Bulary bilmek gyzykly

Towşanlar Awstraliýa hem-de Antarktidadan başga ähli ýerlerde ýaşaýarlar. Olar daglyklarda, jülgelerde, sähralyklarda, hat-da batgalyklarda-da duşýarlar. Towşanlar öňki aýaklaryny tapyrdatmak arkaly özara «gürleşmäge» ukyplydyrlar.

Täsin mag­lu­mat­lar

Daş gör­nü­şi bo­ýun­ça beý­le­ki haý­wan­la­ryň ara­syn­da aý­ra­tyn go­wy gö­rül­ýän tow­şan­lar gün­diz­le­ri­ni uk­lap, gi­je­le­ri­ni bol­sa he­re­ket­de ge­çir­ýär­ler. Ýer ýü­zün­de ola­ryň 60-dan gow­rak gör­nü­şi­ne ga­bat ge­lin­ýär. Mult­film­ler­de, esa­san, tow­şan­la­ryň kä­şir iý­ýän­dik­le­ri­ni gör­mek bol­ýar. Em­ma olar di­ňe kä­şir bi­len däl, eý­sem, gök ot­la­ryň dür­li gör­nüş­le­ri, şeý­le-de bak­ja önüm­le­ri bi­len hem iý­mit­len­ýär­ler. Ola­ryň ömür­le­ri tak­my­nan 10-12 ýyl bol­ýar. Uzyn gu­lak­la­ry we yz­ky aýak­la­ry­nyň uzyn­ly­gy bi­len üns­le­ri özün­de jem­le­ýän tow­şan­la­ryň se­se bo­lan duý­gur­ly­gy örän ýo­ka­ry­dyr. Tow­şan­la­ryň boý­la­ry 60 sm çen­li bo­lup, ola­ryň ag­ra­my bol­sa 3-5 kg ba­ra­bar­dyr. Olar to­kaý­lar­da, dag­lar­da, bat­ga­lyk ýer­ler­de hem ýa­şap bil­ýär­ler. Tow­şan­lar, esa­san, ýy­ly kli­mat­lar­da ýa­şa­ma­ga uý­gun­la­şan haý­wan­lar­dyr.

Soňky sütün

Dag tekesidir keýik ýaralansa, suwotunyň gögeren ýerinde ýatýar. Çünki olar ösümligiň antibiotik täsirini duýýarlar. Şeýle-de olar dag goçlary ýaly uklan wagty abanýan howpy duýmak üçin gemrijileriň töwereginde ýatýarlar. Senjaplar (belkalar) iň gowy bagban hasaplanýar. Olar milliardlarça ösümligiň tebigy halda gögermegine esas bolýarlar. Onuň sebäbi bu senjaplaryň topraga gömen ösümlik tohumyny nirede gizländiklerini ýatdan çykarmaklarydyr.

Kolibri guşy

Tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsi owadanlygy, üýtgeşikligi bilen tapawutlanýar. Kolibri guşy özüniň kiçiligine garamazdan, ýer ýüzünde iň owadan guşlaryň biri hasaplanýar. Bu guşlara «Topaz kolibri», «Uçýan lagyl», «Zümerret bokurdajyk», «Ýalynly topaz» diýlen atlaryň goýulmagy ýöne ýerden däldir. Kolibri guşunyň ýelegini gymmat bahaly daşlara deňeýärler. Guşuň ýelegine Gün şöhlesi düşende lowurdaýar. Şeýlede bu guş dünýäde öňe, yza we gapdala uçup bilýän ýeketäk guşdur. Kolibri guşuň ölçegi 5 santimetre, agramy 1,6—1,8 grama ýetýär. Bu guşlar, hakykatdanam, dünýäde iň kiçi guşlaryň biridir. Olaryň içinde has uly wekilleri hem duş gelýär. Uly wekilleriniň agramy 20 grama, käbirleriniň uzynlygy 21 santimetre ýetýär. Bu guşlaryň höwürtgesinde iki sany ýumurtga bolýar, ýumurtgasynyň diametri 10 millimetre ýetýär.

Aýazly gyş günlerinde

Halkymyzda «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýen pähim bar. Gyş paslynyň gelmegi bilen, howa sowaýar, aýazly hem ýagyşly günler köp bolýar. Howa aşa sowuk bolanda, ýer doňup, toprak gowy yzgarlanýar. Doňaklykda bolsa ekinlere zyýan beriji mör-möjekleri sowuk alýar. Eýsem-de bolsa, tebigatda erkin şertlerde ýaşaýan ýabany haýwanlar, janly-jandarlar aýazly gyş paslyny nähili geçirýärlerkä? Bu köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek.

Biler bolsaňyz!

•Syçanlar düýelere garanyňda, suwsuzlyga has çydamlydyr. •Siňekler her sekuntda 500 gezek ganat kakyp bilýärler. Bu bolsa olaryň wyzzyldyly ses çykarmasyna sebäp bolýar.

Ak we gara leglekler

Leglekler owadan guş bolup, häzirki döwürde olaryň 17 görnüşi bellige alnandyr. Şolardan 2 görnüşi ýurdumyzda duş gelýär. Olar ak we gara legleklerdir. Ak leglekleriň ýelek örtüginiň aglaba bölegi ak reňkdedir. Ganatlarynyň uçlary ýalpyldawuk gara, uzyn çüňki we aýaklary gyzyldyr. Mäkiýany horazyndan biraz kiçiräk bolup, reňkleri boýunça tapawutlanmaýarlar. Leglekler ümsüm guş bolup, ganaty 55-60 santimetr, agramy 4 kilograma golaý bolýar.

Mawy asmanyň bezegi

Mawy asmanyň ýüzünde ganatlaryny ýaýyp uçýan bürgüt türkmen sährasynyň bezegidir. Ol pessaýlap uçdugyça, sähranyň janly-jandary gozgalaň tapýar. Çünki «asmanyň hökmürowany» adyny alan bu algyr guş öz awuny entek 3-4 kilometr beýiklikde mahaly görüp, ony awlamak üçin juda çalt tizlikde dik aşak inmäge ukyplydyr. Gadymy grekleriň mifologiýasynda asmanyň we ýyldyrymyň hökmürowany Zews wagtal-wagtal bürgüde öwrülip, dünýä ser salýan eken. Daşyndan seredeniňde eýmendiriji, hökümli bürgüdiň akylly, çalasyn, edermen, gujur-gaýratly, wepaly guş bolmagy Zewsiň hut bürgüdi saýlap almagynyň esasy sebäbidir. Bürgüt islendik beýiklikde bolsa-da, ýiti nazary bilen daş-töwerekdäki gymyldy-hereketi saýgaryp bilýär. Ol reňkleri tapawutlandyryp bilýär. Bu ýagdaý haýwanat dünýäsinde örän seýrek duşýar.

Alabaý — biziň milli buýsanjymyz

Geçmişi şöhratly, şahyrana, şahandaz halkymyzyň durmuşynda eýesine wepaly, agras, çyn dost, kanagatly ýoldaş, nätanşa hüşgär, juda duýgur bolan alabaý itlerimiziň mynasyp orny bar. Halkymyz türkmen alabaýyna bedew atyna bakýan nazary bile seredýär. Bu geçmişden şu güne çenli dowam edip gelýän aýdyň hakykat.  Türkmen alabaýynyň şan-şöhratyny dünýä derejesinde ýokary galdyrmak, itşynaslygy ösdürmek we ony kämilleşdirmek maksady bilen hormatly Prezidentimiziň alyp barýan buýsançly işleri çäksiz waspa mynasypdyr.

Türkmen tazysy — halkymyzyň milli gymmatlygy

Türkmen tazysy hem edil halkymyzyň ösdürip ýetişdiren bedewleri, alabaýlary ýaly umumadamzat gymmatlyklarynyň hataryna degişlidir. Ata-babalarymyz tazysyny uzak müňýyllyklaryň dowamynda yhlas bilen ýetişdiripdir. Mälim bolşuna görä, awy tazyly, elguşly awlamak usuly ýeke-täk Türkmenistanda saklanyp galypdyr. Türkmen awçylary iň gadymy, iň täsin däbi ussatlyk bilen gorap saklapdyrlar. BMG-niň geçiren barlaglarynyň maglumatlary boýunça, Türkmenistan awuň şu görnüşiniň gadymdan bäri hereket edýän dünýäniň dört sany merkeziniň biridir.

Jan­ly te­bi­ga­tyň ýat­keş gu­şy

ýa-da totuguşlar hakynda maglumatlar • Totuguşlar tebigatda iň owadan guş hasaplanýar. Olar Awstraliýada 5 million ýyldan bäri ýaşaýarlar.