''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Kebelekler — gülleriň gelşigi

Ýurdumyzyň tebigatynyň owadan mör-möjekleriniň biri hem kebeleklerdir. Ösümlikleri tozanlandyrmakda kebelekler möhüm ähmiýete eýedir. Ýurdumyzda olaryň 500-den gowrak topara we 57 maşgala degişli bolan 2000-den gowrak görnüşi duş gelýär. Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynda bolsa bu mör-möjekleriň 14 maşgala degişli bolan 62 görnüşi hasaba alyndy. «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi öňki çaňap ýatan çöl meýdanlaryň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň baýlaşmagyna, onuň täze-täze görnüşleriniň peýda bolmagyna getirdi. Goraghananyň ylmy işgärleri tarapyndan alnyp barylýan barlaglar bu meýdanlaryň kebelekler dünýäsiniň hem baýlaşýandygyny görkezýär. Soňky ýyllarda goraghananyň meýdanlarynda we oňa ýanaşyk ýerlerde, ýagny «Altyn asyr» Türkmen kölüniň Daşoguz golunyň ugrunda ýerleşýän Zeňňibaba kölüniň sebitinde ýelken ganatlylar maşgalasyna degişli bolan «mahaon» atly we Uzynşor kölüniň sebitlerinde nimfalidler maşgalasyna degişli bolan «admiral» atly kebelekleriň hasaba alynmagy muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

Soltantowuk

Soltantowuk durnaşekilliler toparynyň, suw towuklary maşgalasyna degişli guşdur. Ol tebigatda ýitmek howpy abanýan guşlaryň biri hökmünde Tebigaty we tebigy baýlyklary goramagyň halkara bileleşiginiň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl kitaplaryna girizildi. Bu guşuň ululygy, takmynan, kiçeňräk öý towuklary ýalydyr.

Bil­ýär­mi­di­ňiz? (Haý­wa­nat dün­ýä­si­ne de­giş­li jan­dar­la­ryň «ça­ga­lary­nyň» at­lan­dy­ry­ly­şy)

  As­lyn­da «ça­ga» sö­zi di­ňe adam­la­ra de­giş­li. Ýö­ne il için­de haý­wa­nat dün­ýä­si­ne de­giş­li jan­dar­la­ryň «ça­ga­sy­nyň» at­lan­dy­ry­ly­şy kän­bir ýör­gün­li bol­man­dy­gy, kä­ha­lat­da bol­sa bi­lin­me­ýän­di­gi üçin «atyň ça­ga­sy», «itiň ça­ga­sy», «pi­şi­giň ça­ga­sy»… ýa­ly gör­nüş­ler­de aý­dyl­ýar. Ça­ga­lar, si­ze eý­ýäm baş­lan­gyç synp­lar­da atyň «ça­ga­sy­na» – taý, taý­ça­nak; syg­ryň «ça­ga­sy­na» – gö­le; goý­nuň­ka – gu­zy di­ýil­ýän­di­gi öw­re­di­len­dir. Eý­sem, beý­le­ki jan­dar­la­ryň «ça­ga­sy» nä­hi­li at­lan­dy­ryl­ýar? Ge­liň, ola­ryň bir­nä­çe­si­ni bi­le­lik­de öw­re­ne­liň!Doň­zuň «ça­ga­sy­na» jo­juk di­ýil­ýär. Itiň­ki – gü­jük; dü­ýäň­ki – kö­şek; gu­la­nyň­ky – go­duk; ge­çiň­ki – owlak; ke­ýi­giň­ki – tokar; to­wu­gyň­ky, kä­ki­li­giň­ki, ör­de­giň­ki ýa­ly ýu­murt­ga­dan çy­kan­da ýe­lek­li bol­ýan­la­ra – jüý­je; eşe­giň­ki – kür­re; ýol­bar­syň­ky – şir­be­çe; aýyň­ky – mer­dek; tow­şa­nyň­ky – çeb­şek; gur­ba­gaň­ky – it­ba­lyk; pi­şi­giň­ki – gi­jen; gum­ryň­ky, gar­la­wa­jyň­ky, bür­gü­diň­ki ýa­ly ýu­murt­ga­dan çy­kan­da ýe­lek­siz bol­ýan­la­ra – ete­ne; ýy­la­nyň­ky – ýy­lan­çyr; til­kiň­ki – ýyl­pyz; şa­ga­lyň­ky – tu­la; mö­je­giň­ki – üzit; tom­za­gyň­ky – toý­çy diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Eý­sem, pyş­ba­ga, kir­pi, ga­ryn­ja, pil ýa­ly beý­le­ki jan­dar­la­ryň «ça­ga­sy» nä­hi­li at­lan­dy­ryl­ýar­ka? Ça­ga­

Surata düşmegi halaýan jandar

Awstraliýa tebigy gözellikleri bilen haýran galdyrýan ýerleriň biri hasaplanýar. Bu ýurtda başga ýerde gabat gelmeýän dürli jandarlaryň, ösümlikleriň ýüzlerçesi bar. Aýratyn bir yklymy emele getirýän Awstraliýanyň giň çölleri, tropiki tokaýlary, daşyny gurşap alan ummanlary, haýwanat we ösümlik dünýäsi daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekýär. Bu ýerde kengurudyr koalalar ýaly torbaly haýwanlar, iň çalt ýer gazýan jandar bolan wombatlar, kirpiňki ýaly tikenleri bolan, ýumurtgalaýan süýdemdirijiler, eşiden sesini bolşy ýaly gaýtalap bilýän guşlar ýaşaýarlar. Bu ýerdäki jandarlaryň köpüsi özüne çekiji aýratynlyklary bilen tapawutlanýarlar. Emma bu ýurtda ýaşaýan başga bir ýabany jandar ýylgyrmagy bilen tapawutlanýar. Tebigy ýagdaýda Rottnest hem-de Bold adalarynda gabat gelýän kwokka atly jandar surata düşende hem ýylgyrmagy unutmaýar. Hamala, ol surata düşüleninde suratçynyň: «Hany, ýylgyryň!» diýen sözüne düşünýän ýaly. Seýrek duşýan haýwanlaryň biri bo-lan kwokkalar bu aýratynlygy bilen meşhurdyr. Kwokkalar hem edil kengurular ýaly makropodlar (uly aýaklylar) maşgalasyna degişli. Olar 10 ýyl töweregi ýaşaýar. Iýmitlenmek üçin, adatça, gijesine daşaryk çykýarlar. Otlar, ir-iýmişler we miweler bilen iýmitlenýän bu haýwanlar adamlardan hiç hili gorkmaýar. Şeýle bolansoň, Rottnest adasyna gelen myhmanlar kwokka bilen ýadygärlik surata düşmezden yzyna dolanmaýar. Kwokkalar surata d

Balyklar hem uçýarlar

Mähriban çagalar, eýsem, siz uçýan balyklar barada eşitdiňizmi? Geň ýaly duýulsa-da, tebigatda balyklaryň uçýan görnüşi hem bar. Olaryň boýy 45 santimetre çenli ýetip bilýär. Şeýle balyklar boýlarynyň uzynlygyna barabar ýüzgüçleri bilen guşlar ýaly ganat ýaýýarlar hem-de uzak aralygy uçup geçýärler. Uçýan balyklar her gezek guýruklarynyň kömegi bilen bat alyp, ugur saýlaýarlar. Olaryň suwuň ýüzüne towsup çykyşy hem täsindir. Bu balyklar suwda sagatda 70 kilometr tizlik bilen ýüzýärler. Olaryň ortaça uçuşynyň dowamlylygy 30 sekunt bolýar. Balyklaryň uçuş beýikligi deňiz derejesinden 6 metre çenli ýetýär. Bu aýratynlyklar olara ýyrtyjy balyklardan gaçyp gutulmaga ýardam edýär. Howp abanan halatynda bu balyklar tizligini güýçlendirip suwy böwsüp, daşyna uçup çykýarlar. 2008-nji ýylyň maý aýynda Ýaponiýada balykçylar şeýle balygyň howada 45 sekuntlap uçuşyny wideoýazgy etdiler. Bu balyklaryň arkasy goýy gök, ganatlary öwşün atýan çal, ýüzgüçleri bolsa dürli reňklerden ybaratdyr. Täsin balyklar molýusklar, ownuk-uşak suw jandarlary, şeýle-de işbil bilen iýmitlenýärler. Olara «uçýan balyklaryň ülkesi» bolan Barbadosda has köp duş gelmek bolýar.

Düýäniň önümi isripsiz baýlykdyr

Biziň ýurdumyzda bir örküçli arwana düýeleri giňden ýaýrandyr. Pederlerimiziň durmuşynda düýe diňe bir ynsanyň güzeran aýlamakdaky ýakyn ýardamçysy bolmakdan başga-da, onuň süýdi-çaly, agarany, eti azyk-owkatlyk bolupdyr. “Düýe malynyň yrýa zady ýok” diýlişi ýaly, onuň derisinden çaryk, çokaý tikipdirler. Halkymyzyň söýer maly bolan düýäniň ýüňi mukaddes hasaplanýar. Düýäniň iki görnüşli ýüňi bolup, biri irimçik — üstki, beýlekisi mymyjak, ýumşak — tenine ýakyn ýerleşendir. Düýe ýüňüniň aýratynlygy onuň sowukdan, yssydan goramak ähmiýeti bilen baglydyr. Ýumşak ýüň düýäniň endamyny elmydama belli bir ýylylykda saklaýar. Günüň aşagynda gyzgynlyk 50--60 derejä ýetse-de, düýäniň endamynyň gyzgynlygy 40 derejeden ýokary bolmaýar. Bu bolsa düýäniň ýüňüniň beýleki mallaryňkydan tapawutlanýandygyny görkezýär. Düýe ýüňi goýnuň ýüňünden birnäçe esse ýeňildir. Tebigatyň şeýle ajaýyp peşgeşinden enelerimiz gadymdan bäri inçejik egrip, mata dokap, erkek kişiler üçin don-çäkmen tikipdirler. Ol don “agarçäkmen” ady bilen meşhurdyr.

Muny bilmek gyzykly

Uzyn hüpükli daş kepderisi Awstraliýada ýaşaýan kepderileriň içinde diňe iki görnüşi hüpüklidir. Olaryň biri uzyn hüpükli daş kepderisi, beýlekisi şonuň ýakyn garyndaşy hasaplanýan bürünç ganatly hüpükli kepderidir. Ikisi-de başga hiç ýerde gabat gelmeýär.

Dünýä belli itşynaslyk merkezleri

Türkmen alabaýlary dünýäde meşhur tohumlaryň biridir. Ýurdumyzyň seçgiçileriniň alabaýyň arassa ganlylygyny saklamak babatda ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirmeginiň netijesinde, olar biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini saklap geldi. Türkmen alabaý itleri dünýäniň goragçy tohum itleriniň hatarynda öňdäki orny eýeleýär. Itleri idetmek, olaryň arassa ganly tohumyny saklamak üçin dürli edaralar we guramalar hereket edýär. Munuň üçin ýörite hünärmenler zähmet çekýärler. Itşynaslygy ösdürmek we itleriň tohum babatda arassa ganlylygyny saklamaga niýetlenen dünýä belli edaralaryň käbiri bilen tanyşmak gyzykly bolsa gerek. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň toplumy

It geldi — gut geldi

Türkmen halky edil ahalteke bedewlerini ýetişdirişi ýaly, alabaý itlerini akylly, garadangaýtmaz, wepaly edip ýetişdirmegiň hem kämil tejribesini döredipdir. Ýeri gelende aýdylsa, alabaý itlerini terbiýelemek işi, ilki bilen, olaryň doglan badyna has dogumly bolup ýetişjegini saýlamakdan başlanypdyr. Alabaý itleriniň güjükleriniň içinden has dogumlysyny saýlamak üçin dürli ölçeglerden ugur alnypdyr. Iň esasysy bolsa güjükleri gapdala bir ýere äkidip goýup, enesiniň yzyna daşaýşyny synlapdyrlar. Şonda itiň agzy bilen usully dişläp, ilki getiren güjügi iň saýlama güjük bolup çykypdyr. Güjük saýlanansoň, ony terbiýelemek işlerine girişilipdir. Duzly zatlaryň itiň görşüni, ys alşyny peseldýändigi üçin, turuwbaşdan, iti duzsuz ýa-da çala duzly, ýuwan ýala uýgunlaşdyrypdyrlar. Çig eti iýmezligi öwredipdirler. Diňe eýesiniň guýan suwuny içmegi, beren ýalyny iýmegi endik etdiripdirler.

Haýwanat dünýäsiniň täsinlikleri

* Awstraliýa gelen ýewropalylar ýerli taýpalardan «Ine, şu böküp-böküp ýöreýän üýtgeşik haýwan näme?» diýip soranlarynda,olar «Kenguru» diýip jogap beripdirler. Aslynda, «kenguru» sözi «düşünmedim», diýen manyny aňladýar. * Afrika kepjebaşy zäherini 3,5 metr aralyga çenli pürküp bilýär.

Diýarymyzyň haýwanat dünýäsinden

Gorçy Gaz şekilliler toparynyň ördekler maşgalasyna degişli bolan gorçular uçup geçýän ýa-da gyşlaýan döwürlerinde Hazar deňziniň aýlaglarynda, derýalaryň jülgelerinde hem-de Sarygamyş kölünde mesgen tutunýan guşlardyr. Olar kenar ýakalarynyň ýalpak ýerlerinde we içki suw aýtymlarynda höwürtgeleýär.

– Bilgirje, düýeleriň arkasyndaky örküçleri nämä gerek?

— Düýeler «çöl gämisi» diýlip, ýöne ýere atlandyrylmaýar. Yssy howa şertlerinde 500 kilograma çenli ýük göterip, uzak wagtyň dowamynda suwsuz oňup bilýän bu jandarlar tebigatyň döreden iň täsin jandarlarynyň biridir. Käbir adamlar düýeleriň örküçleri suwdan doldurylandyr diýip pikir edýärler. Emma örküçleriň içinde suw däl-de, ýag bardyr. Haçanda düýäniň bedeni suw talap edende örküçlerdäki ýag okislenýär we 100 gram ýagyň okislenmeginden 107 gram suw emele gelýär. Diýmek, düýeler ýagy suwa öwürmek bilen suwsuzlygyny gandyrýarlar.

Iň ýalta jandar

Eziz çagalar, dünýädäki iň çalasyn jandarlaryň geçigaplaňlardygyny siz bilýänsiňiz, emma iň haýal jandarlar barada bilýärsiňizmi? Ýok, diýýärsiňizmi? Onda tanyş boluň, Günorta Amerikanyň gök öwsüp oturan gür jeňňelliklerinde ýaşaýan täsin jandarlar bolan leniwesler dünýädäki iň haýal hereket edýän jandarlaryň biri hasaplanylýar. «Leniwes» latynçadan terjime edilende «ýaprak iýiji» diýmekligi aňladýar. Tebigatda bu jandarlaryň iki görnüşi duş gelýär: üç barmaklylar we iki barmaklylar. Üç barmakly leniwesleriň agramy alty kilograma çenli ýetýär. Olar kellelerini 270 ºС-a çenli aýlap bilýärler, munuň sebäbi bolsa olarda dokuz sany boýun oňurgasynyň bolmagydyr.

Dury gözli durnalaryň döwresi

Gumly gojalaryň: «Türkmeniň çöl gezen jandarlary Hydyr görendir” diýäýmesi bar. Men bu sözüň manysyna çölde bolan täsin wakadan soň göz ýetirdim. 1979-njy ýylyň ýazynda Garagumdaky Kömürçiniň ýaýlasyndan Düýeçiniň guýusyna her iki günden inerli süýji suwa gatnaýan çolukdym. Iner bilen ýanaşyk, pyýada ýöräp çöli synlap gelýärdim. Çöli baharda göräýseň. Ýaşyl ýapynan ýaýlalar gyzyl-sary, ak-gök gülden täsin nagşa bezelip, howasy atyr dökülen ýaly kükeýärdi. Birden iner sakga durup, bir ýerlerik nazaryny dikip «Pyr-pyr” edip seslendi. Düýäniň seredýän tarapyna seredip, begençden ýaňa demim tutuldy. Taýagatym ýerdäki lälezarlykda durnalar däli-porhan bolup oýnaşyp ýördi. Bagtym çüwenine begenip, düýä bukulyp, synlap başladym. Durnalar käte halka gurap, käte taý-taý bolup biri-biriniň daşyndan pyrlanyp, ilki çüňküni ýere urup, guýrugyny ýaýradyp, sallanyp ýere degýän ganatlaryny aýagy bilen basyp-aýryp, soň boýnuny dim-dik edip, çüňküni asmana tutup, täsin owaz çykarýardy. Ganatlaryny köweldip, aýaklaryny taýly gezek ýere urup, ýapyrlybrak bir tans edýärdiler welin, hoşuň gelsin.

Bileniň — baýlygyň

Kengurularyň durmuşyndan Kenguru böküp hereket edýän ýeke-täk iri süýdemdirijidir. Bu haýwanlar 3 metr beýiklige, uzynlygyna bolsa 10 metre çenli bökýärler. Gowy ösen yzky aýaklary we 20 oňurgadan ybarat uzyn we güýçli guýruk, ýerden galmaga kömek edýär. Sagatda takmynan 50 kilometr tizlik bilen hereket edýärler. Güýçli artky aýaklary bilen ýerden bat alyp bökýärler, guýruk bolsa deňagramlylygy saklamaga kömek edýär.

Alabaýlara baglanan ykbal

Annageldiniň Garagum sährasy bilen tanyşlygy geçen asyryň 80-nji ýyllarynda, ol heniz mekdepde okaýarka başlapdy. Çekene çopany bolup işleýän kakasy Rozy aga her gezek öz ýany bilen Garaguma äkidende, ol guş bolup uçýardy. Sebäbi täsin tebigatly sähranyň ösümlik dünýäsi-de, onuň goýnunda ýaşaýan haýwanlar-da, kakasynyň bakýan sürüsiniň daşynda aýlanyp ýören alabaýlar-da onuň üçin durşuna täsinlikdi. Bu zatlaryň her birinden özboluşly lezzet alýan ýaşajyk Annageldiniň sähra bilen gyzyklanmasy barha artýardy. Aýratyn-da, çopanyň her bir hereketine düşünip, süriniň daşyndan aýlanyp ýören iki sany alabaý onuň ünsüni özüne çekýärdi. Şir ýürekli, aýy penjeli, düşbi alabaýlar barada kakasynyň berýän gürrüňleri soňabaka Annageldini iňňän gyzyklandyrdy. Şeýdip, Garagumuň gyrkylyk yzly gum depeleriniň üstüne çykyp, alabaýlar bilen kowalaşyp oýnap ýören Annageldiniň ykbaly soňabaka sähranyň bu haýwanlary bilen bagly bolup galyberdi. Haçan-da oba dolanmaly bolanda, gözi yzynda galardy. Bu ýagdaýy assyrynlyk bilen synlap ýören Rozy aga oglunyň ýüregindäki islegine gowy düşünýärdi. Emma her zadyň öz wagty bar. Ine, bir gün hem ol öýe güjükli dolanyp geldi. Ýaňy süýtden aýrylan ýaşajyk güjügi horjunyň gözünden çykardy-da, Annageldiniň eline berdi. — Al, oglum, bu güjük indi seniňki bolar, özüň bak, özüň terbiýele. Goý, ol seniň wepadar ýoldaşyň bolup ýetişsin! — diýip, Rozy aga şol gün ogluny

Gyrmyzy jüptün

Gyrmyzy jüptün (latynça, Ceyx erithacus) jüptünler maşgalasyna degişli uly bolmadyk guşdur. Bu täsin guş, esasan, Aziýa sebitinde duş gelýär. Gyrmyzy jüptüniň bedeniniň uzynlygy 14 santimetre golaý. Ganatynyň uzynlygy 8 santimetre çenli bolup bilýär. Kellesi mämişi we gyzyl reňkli bolup, aýratyn öwüşgin berýär. Onuň çüňki we penjeleri gaty güýçli, guýrugy gysga bolýar.

Täsinliklerden täsirlenip

Ýer ýüzünde arylaryň 21 müň görnüşi bolup, olar 520 maşgala bölünýär. Alymlar 2006-njy ýylda Mýanmada tapylan arynyň gatap galan görnüşine 100 million ýyl dagy bolandyr diýip çaklaýarlar. Ol ary ýabany bolup, entek balara öwrülmedik görnüş eken. Arylaryň hemmesi gadymy döwürde ýabany çäge arysyndan gelip çykandyr. Günorta Hindistan balarylaryň Watany hasaplanylýar. Arylar 60 kilometr tizlik bilen uçup bilýärler. Balarylar uly maşgala bolup ýaşaýarlar we her toparyň öz aýratyn ysy bolýar. Arylar baradaky ylma apiologiýa diýilýär. Dünýäde ady belli alymlaryň ençemesi köp ýyllaryň dowamynda arylary öwrenipdirler we täze görnüşlerini açypdyrlar. Arylaryň tebigatymyzdaky ösümliklerdir oba hojalygyna örän uly täsiri bar. Balarylary bary-ýogy 30-35 gün ýaşaýar. Gülleri tozanlandyrýan wagtlary olary belläp, ikinji gezek şol güle gonmaýar. Olar hatda adamyň ýüzüni ýatda saklamaga-da ukyplydyr. Arylar murtjagazlary, şol sanda dürli sesler arkaly habarlaşyp bilýärler. Ýene-de täsin bellemeli zatlaryň biri, bol gülli ýer ýa-da öz maşgala agzalary bilen täze ýaşar ýaly ýer tapan wagtlary dürli hereketleriň üsti bilen şol ýeri salgy berýärler. Şol ýeriň ölçegini hem aňladyp bilýärler.

Ala­ba­ýym – ezel we­pam

Alabaý itleri — türkmeniň ruhy gymmatlygy, baýlygy. Ahalteke bedewi we alabaý iti bilen taryhda şöhratly yz goýan pederlerimiziň bu mukaddes ýörelgeleri häzirki bagtyýar döwrümizde täzeçe röwşe eýe bolýar, netijede, alabaý itleriniň taryhy şöhraty dikeldilýär. Itşynaslar, it idedijiler, seýwanlar, kinologlar ýaly düşünjeleriň gymmaty häzirki döwürde biziň durmuşymyzda öz ähmiýetini has-da artdyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ösüşleriň şaýoluna düşen Watanymyzda milli gymmatlyklarymyzyň sarpasy juda belent. Ine, alabaý hem şeýle belent sarpa eýe bolan ruhy baýlygymyz. Biz golaýda alabaý itleriniň muşdagy, ýurdumyzda mebel öndürmekde meşhurlyk gazanan tejribeli telekeçi, «Aýbölek» mebel kärhanasynyň ýolbaşçysy Meretmuhammet Täçmuhammedow bilen söhbetdeş bolup, onuň türkmen tohum itlerini ýetişdirmek bilen bagly alyp barýan asylly işleri bilen giňişleýin tanyşdyk. — Meretmuhammet, uly döwletli işi alyp barýan mebel kärhanasynyň ýolbaşçysy bolmagyňam aladasy-hysyrdysy ýetik welin, siz bu işiňiziň daşyndan alabaý itlerini köpeltmäge-de höwesek ekeniňiz. Eýsem, bu işleri utgaşdyryp alyp gitmek size kyn düşmeýärmi?

Bürgüt

Bürgüt ganatlary insizräk, guýruklary başgalara görä uzynrak bolup, garaguşlaryň arasynda iň ulusy hasaplanýar. Onuň reňki goýy goňur bolup, ýeňsesindäki uzalan ýelekleri goýy çypar, garyn tarapy arkasyna garanyňda açygrak reňkde, guýrugynyň reňki agymtyl bolýar. Bürgütler oturanda ganatlary göwresine doly gysylmaýar, sähel gapdalda durýar. Ýaş bürgütleriň reňki gara goňur, guýruklary ak, guýruklarynyň ujunda gara zolaklary, ganatlarynyň aşagynda bolsa ak tegmilleri bolýar. Olaryň göwresiniň uzynlygy 80 — 93 santimetr, horazlarynyň agramy 2,8 — 4,1, mäkiýanlarynyňky 3,8 — 6,3 kilograma çenli bolýar.