''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanyna baýramçylyk dabarasy

12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow konsertiň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Baky Bitaraplyk — türkmeniň bagty

Şeýle at bilen welaýat kitaphanasynda Saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkanabat şäher geňeşiniň guramagynda hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Oňa saglygy goraýyş işgärleri, Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyplary, ýaşlar gatnaşdylar. «Berkarar döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy bolan Bitaraplygymyzyň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi üpjün etmekde, dünýä halklaryny dostlaşdyrmakda ähmiýeti örän uludyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzyň dünýädäki ornuny pugtalandyrmak, halklaryň agzybirligini, asudalygyny, howpsuzlygyny üpjün etmek, parahatçylygy dabaralandyrmak boýunça alynyp barylýan işler rowaçlyga beslenýär» diýlip, çykyşlarda buýsanç bilen bellenildi. Agzybir halkymyzyň bagtyýar durmuşy ugrunda taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy. Welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçylary baky Bitaraplygymyzy, ata Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.       

Şa serpaýy kalbymyň nur şuglasy

Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ençeme raýatlary bilen birlikde, ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlary, medeniýet, sungat işgäri Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandylar. Hormatly Prezidentimiziň sahawatly Permany bilen Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmak bagtynyň maňa-da miýesser edenligi üçin begenjimiň, buýsanjymyň, Gahryman Arkadagyma hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyň çägi ýok. Ähli döwlet sylaglary ýaly, bu medalyň şuglasy ýüreklerimize, kalbymyza ylham nuruny saçýar. Geljegimize ýalkym saçýar. Çünki Magtymguly Pyragynyň ruhundan, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Pyragynyň eserlerine mähir nurundan dörän bu medal biziň üçin mukaddeslik medalydyr, ömrümiziň bagt ýyldyzydyr. Şu pursatda meniň kalbym joşgundan, buýsançdan doly. Menzili daglar içredir, sähraýa aşyk bolmuş,Arzuw-umytda düşledi, Gün-Aýa aşyk bolmuş,Berkarar döwlet istedi, Pyragy bagtyn görmüş,Size kuwwat, Arkadagly Gahryman Serdarymyz!Size uýýas, Size şöhrat, Gahryman Arkadagymyz!

Ömür ýatdan çykmajak bagtly pursat

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň her güni, her sagady taryhy wakalardan doly. Şol wakalar özüň bilen hem baglanyşykly bolanda ol aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. 2024-nji ýylyň 10-njy dekabrynda bagtyýar ildeşlerimiziň birnäçesi bilen birlikde Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagym meniň üçin ýatdan çykmajak pursat boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Permanyndaky: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmekde, halkymyzyň asyrlardan gözbaş alýan medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde hem-de geljekki nesillere ýetirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin... » diýen sözleri okanyňda başyň asmana ýetýär.

Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanyna baýramçylyk dabarasy

12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz konsertiň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanyna baýramçylyk dabarasy

12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow konsertiň geçirilýän ýeri bolan paýtagtymyzdaky Mejlisler merkezine geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.

Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanyna baýramçylyk dabarasy

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy möhüm ähmiýetli taryhy wakadyr. Ol ýurdumyzyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna, ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Şu günki dabara hem milli we halkara ähmiýete eýe bolup, sebitde, bütin dünýäde parahatçylyk medeniýetini ilerletmegiň wajyp şerti hökmünde Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk döwletimiziň halkara gatnaşyklarda we daşary syýasatda ugur alýan esasy ýörelgeleridir. Geçen taryhy döwür Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi.

Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanyna baýramçylyk dabarasy

12-nji dekabrda paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy möhüm ähmiýetli taryhy wakadyr. Ol ýurdumyzyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna, ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Şu günki dabara hem milli we halkara ähmiýete eýe bolup, sebitde, bütin dünýäde parahatçylyk medeniýetini ilerletmegiň wajyp şerti hökmünde Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk döwletimiziň halkara gatnaşyklarda we daşary syýasatda ugur alýan esasy ýörelgeleridir. Geçen taryhy döwür Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi.

Türkmenistanda Halkara Bitaraplyk gününe gabatlanylyp täze desgalar açyldy

Türkmenistanyň möhüm baýramlarynyň biri bolan Halkara Bitaraplyk gününiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň dürli sebitlerinde täze ýaşaýyş jaýlary we durmuş maksatly desgalar açyldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär. Türkmenbaşy şäherinde köp gatly 5 sany ýaşaýyş jaýyny ulanmaga bermek dabarasy geçirildi. Jaýlaryň her biri ýerleşdirilişi gowulandyrylan iki, üç we dört otagly öýleriň 60-syny özünde jemleýär. Öýlerde mebeller ornaşdyrylyp, döwrebap aşhanalar we amatly howa gurşawyny döredýän ulgamlar bilen üpjün edilendir. Olaryň abadanlaşdyrylan çäklerinde çagalar we sport meýdançalary bar.

Bitaraplyk — Türkmenistanyň daşary syýasatynyň milli nusgasy

Türkmenistanyň Prezidenti Bitaraplyk binasyna gül goýmak dabarasyna gatnaşdy Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün ýurdumyzda Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 29 ýyllygy giňden bellenildi.

Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanyna baýramçylyk dabarasy

Aşgabat, 12-nji dekabr (TDH). Şu gün paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagy dabaranyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy möhüm ähmiýetli taryhy wakadyr. Ol ýurdumyzyň parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk syýasatyna, ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň, gülläp ösüşiň bähbidine dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga üýtgewsiz ygrarlydygyny görkezýär. Şu günki dabara hem milli we halkara ähmiýete eýe bolup, sebitde, bütin dünýäde parahatçylyk medeniýetini ilerletmegiň wajyp şerti hökmünde Türkmenistanyň daşary syýasatynyň üstünliklere beslenýändigine şaýatlyk edýär. Bitaraplyk, deňhukuklylyk, hoşniýetli goňşuçylyk döwletimiziň halkara gatnaşyklarda we daşary syýasatda ugur alýan esasy ýörelgeleridir. Geçen taryhy döwür Bitaraplyk syýasatynyň milli bähbitlerimize, Birleşen Milletler Guramasynyň maksatlaryna doly laýyk gelýändigini aýdyň görkezdi.

Türkmenistanyň Bitaraplygy — durnukly ösüşiň we abadançylygyň binýady

Narine SAAKÝAN,BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili. Gadyrly Türkmenistanyň raýatlary, hormatly kärdeşler we dostlar!

Türk­men Bi­ta­rap­ly­gy — bütindünýä gymmatlygy

Di­ýa­ry­myz­da Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni da­ba­ra­ly bel­le­nil­di 12-nji de­kabr­da ýur­du­myz­da mö­hüm şan­ly se­ne — Hal­ka­ra Bi­ta­rap­lyk gü­ni we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan Türk­me­nis­ta­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy ha­kyn­da ta­ry­hy Ka­rar­na­ma­nyň ka­bul edil­me­gi­niň 29 ýyl­ly­gy giň­den bel­le­nil­di. Se­bit­de hem-de dün­ýä­de, döw­let­le­riň we halk­la­ryň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­lar­da pa­ra­hat­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti­ni ber­ka­rar et­me­giň mö­hüm şer­ti hök­mün­de dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­my­zyň üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň ny­şa­ny bo­lan bu se­ne mil­li we hal­ka­ra de­re­je­de aý­ra­tyn äh­mi­ýe­te eýe­dir. Hormatly Prezidentimiz hal­ky­my­za ibe­ren Gut­la­gyn­da bi­ziň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sat­da he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­my­za, bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri­mi­ze esas­la­nyp, gel­jek­de-de Ga­raş­syz döw­le­ti­mi­zi dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy, gül­läp ös­ýän dost­luk­ly ýur­du­na öwür­mek üçin äh­li ta­gal­la­la­ryň edil­jek­di­gi­ni bel­le­di.

Ählumumy parahatçylygyň hatyrasyna

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatçylyk, howpsuzlyk we durnukly ösüş babatdaky ählumumy tagallalara özüniň mynasyp goşandyny goşýan, sebitde we dünýäde ýokary abraýly hem-de täsirli döwlet hökmünde çykyş edýär. Şu ýylyň 2-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy ýurdumyzyň başlangyjy esasynda «Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şertnama» atly Kararnamany biragyzdan kabul etdi. Munuň özi eziz Watanymyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy goramak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek ugrunda edýän tagallalarynyň dünýä jemgyýetçiliginde giň goldaw tapýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Hoşallyk maslahaty geçirildi

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden bellenilen Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Daşoguz şäherinde täze ýaşaýyş jaý we desgalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegine bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi. Welaýat häkimliginde geçirilen maslahata  il sylagly ýaşulular, mährem eneler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Baýramçylyk konserti

Parahatçylyk söýüjiligi goldaýan,wagyz edýän halkymyz Bitaraplyk we parahatçylyk düşünjelerini aýrylmaz baglanyşykly düşünjeler hökmünde kabul edýär. Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne alan halkara hukuk borçnamalaryna daýanyp, daşary döwletler bilen gatnaşyklaryny deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda guraýar. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň daşary syýasatynda, ilkinji nobatda, ýakyn goňşy döwletler bilen hoşniýetli goňşuçylyk we dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýär.

Baky Bitaraplygymyzyň buýsançly waspy

Halkara Bitaraplyk gününiň we hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk şanly senesiniň dabaralary welaýatymyzda ýokary ruhubelentlige beslendi. Baýramçylyk gününiň dabarasy Balkanabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasynda Döwlet senamyzyň ýerine ýetirilmegi we ýaşyl Tugumyzyň belende galdyrylmagy bilen başlandy. Welaýat häkimliginiň, welaýat medeniýet müdirliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabarada bu ýere ýygnananlary parahatçylygy, dostlugy, agzybirligi, asudalygy dabaralandyrýan ajaýyp baýram bilen gutlaýan buýsançly çykyşlara giň orun berildi. Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyz bitaraplyk ýörelgesine berk eýermek bilen, parahatçylygy, durnukly ösüşi, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalar bilen gatnaşyklary ýola goýmakda uly tejribe toplady. Hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly we öňdengörüjilikli başlangyçlary esasynda durnukly energetika we ulag ulgamy, ekologiýa, azyk howpsuzlygy, üstaşyr ulag geçelgeleri, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hem-de beýleki halkara ähmiýetli meseleler boýunça durmuşa geçirilýän işler rowaçlyga beslenýär.

Şanly toýuň ruhy joşguny

Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk dabarasy  akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň hormatyna döredilen meýdançada toý ruhunda ýaýbaňlandyryldy. Ajaýyp bezeg aýratynlygyna eýe bolan meýdança ak öýler, türkmeniň milliligine degişli ajaýyp sergiler bilen owadan görnüşe getirilipdir.

Parahatçylygyň hem jebisligiň bitewüligi

Welaýatymyzda Halkara Bitaraplyk güni ýokary ruhubelentlikde bellenip geçildi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ajaýyp hem taryhy wakalarynyň üstüni ýetiren Halkara Bitaraplyk gününiň dabaralary kalplary joşly ildeşlerimiziň ýürek şatlygyny goşalandyrdy. Ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda-da bu özboluşlylyk giň häsiýete eýe boldy. Welaýatymyzyň merdana halky hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzy döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlar babatda ösdürmäge degişli işlere işjeň goşulmak bilen, ata Watanymyzyň bagtyýar geljeginiň hatyrasyna halal hem tutanýerli zähmet çekýärler, toý-baýramlary üstünlikli garşylaýarlar. Muny göwün galkyndyryjy dabaralaryň ajaýyp pursatlary doly açyp görkezýär.

Parahatçylygyň we berkararlygyň dabaralanmasy

Şu gün ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy — Halkara Bitaraplyk güni Lebap ilinde-de uludan baýram edildi. Baýramçylyk dabaralary Türkmenabat şäherindäki Baş baýdak meýdançasyndan başlandy. Ir säherden bu ýere welaýatymyzyň il sylagly ýaşululary, mährem eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli pudaklaryň zähmetkeşleri we talyplar ýygnandylar.