''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Bag — durmuşyň bezegi

Tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagy elmydama üns merkezinde saklan atababalarymyz baglaryň tebigatymyza berýän gözelligini duýup ýaşamagy we ynsan saglygy üçin peýdasyny ýaş nesle düşündirip, olary zähmetde terbiýeläpdirler. Bu ugurda birnäçe nakyllary döreden halkymyz tebigaty gözüniň göreji deýin gorapdyr. Ajaýyp zamanada pederlerimiziň asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu meseläni hemişe üns merkezinde saklaýar. Bag — Zeminiň görki. Ýurdumyzy bagy bossanlyga öwürmek, miweli, saýaly we bezeg baglary ekmek ýaşaýşa dowamat bermekdir. Şeýle asylly ýörelgä eýerilip, ýurdumyzda guralýan ählihalk bag ekmek dabaralary her ýyl uly ruhubelentlige beslenýär. Bag nahallary ekilýär, arassalaýyş we timarlaýyş işleri geçirilýär, agaç nahallaryna göwnejaý ideg edilýär. Günsaýyn özgerýän Diýarymyzyň obaşäherlerinde baglaryň hatary gitdigiçe artýar. Bagy bossanlyklaryň döredilmeginiň maksady bolsa daşky gurşawyň arassalygyny gorap saklamak hemde adamlaryň sagdyn durmuşyny üpjün etmek bilen berk baglanyşyklydyr. 

«Ýaşyl ykdysadyýet» — ösüşiň möhüm ugry

Garaşsyz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşini gazanmaga gönükdirilen uzakmöhletleýin maksatnamalarda «ýaşyl ykdysadyýetiň» giňden ýaýbaňlandyrylmagynyň möhüm ugurlary aýdyň kesgitlenilýär. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda: «Daşky gurşawy goramak babatynda döwlet syýasatynyň strategik maksady ähli ýerde «ýaşyl ykdysadyýetiň» ýörelgelerini ornaşdyrmagyň we tebigy ulgamlary mümkin bolan derejede saklap galmagyň esasynda jemgyýetiň we raýatlaryň ýaşaýşy we işi üçin ekologiýa taýdan amatly şertleri üpjün etmek bellenilýär» diýlip aýratyn nygtalmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň dünýä we sebit ekologiýasy bilen bagly alyp barýan çäreleri döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň hatarynda bolmak bilen, täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagy, ekologiýa taýdan howpsuz iş şertlerini döretmegi, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürmegi, tebigy baýlyklardan tygşytly peýdalanmagy, ekologiýa boýunça halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegi, ilat arasynda ekologiýa terbiýesine düýpli üns bermegi we beýlekileri öz içine alýar.

«Ýa­şyl» yk­dy­sa­dy­ýet — tämiz ýaşaýyş

Häzirki wagtda ekologiýa abadançylygyny gazanmak, daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynyň esasy maksatlarynyň hataryndadyr. Ekologiýa meseleleri, daşky gurşawy ýaramaz tehniki täsirlerden we beýleki howplardan goramak bu gün tutuş dünýäde möhüm meseleleriň birine öwrüldi. Howanyň üýtgemegi, Ozon gatlagynyň ýukalmagy, çölleşmek hadysasy arkaly abanýan howplar, aýry-aýry sebitlerde süýji suwuň ýetmezçiligi, howanyň hapalanmagy, biologiki dürlüligiň kemelmegi we başga-da birnäçe hadysalar häzirki döwürde möhüm ekologiýa meseleleri hasaplanylýar. Daşky gurşawy goramak bilen bagly syýasaty jemgyýetiň hem tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmak, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny döretmek ýaly wezipeler üns merkezinde durýar. Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işler, dünýä jemgyýetçiliginiň durnukly ösüş syýasaty halkara derejede ykrar edilýär. Bu babatda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinde möhüm başlangyçlaryň ençemesini öňe sürdi. Geçen ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda parahatçylygy, howpsuzlygy we ynanyşmagy pugtalandyrmagy, Bitaraplyk syýasatyna ähmiýet berilmegini, öňüni alyş diplomatiýasy düşünjesiniň ýaýbaňlandyrylmagyny, durnukly ösüşiň bähbidine ulag, energetika, ekologiýa hem-de ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy

ÝURDUMYZDA SUW DIPLOMATIÝASYNYŇ ESASY UGURLARY

Hormatly Prezidentimiz suw diplomatiýasyny we ekologiýa abadançylygyny oňyn Bitaraplyk hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitleýär. Suw serişdelerini aýawly saklamak we netijeli ulanmak bilen bagly meseleler boýunça ýurdumyz halkara derejesinde möhüm başlangyçlary öňe sürýär. Olarda durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek üçin häzirki zamanyň ählumumy çagyryşlaryna ýurdumyzyň garaýyşlary we jogaplary suw boýunça syýasy gepleşikleriň we hereketleriň mehanizmi hökmünde Türkmenistanyň suw diplomatiýasynyň esasy ýörelgeleri öz beýanyny tapýar. Häzirki döwürde suwuň gymmaty Ýer ýüzünde yzygiderli artýar. Çünki islendik önümçilik işi suwy ulanmak bilen amala aşyrylýar. Şonuň üçin suw, ykdysadyýet, azyk howpsuzlygy biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu babatda «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugrunyň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» hem suw diplomatiýasyna Türkmenistanyň daşary syýasy we daşary ykdysady işiniň düzüm bölegi hökmünde garaýandygy bellenilýär.

Goýny barly bahry-Hazar

Gojaman Hazar deňziniň haýwanat we ösümlik dünýäsi örän baýdyr. Bu ýagdaý onuň geografiki ýerleşişi, deňze guýýan derýalarda dürli görnüşli peýdaly minerallaryň barlygy, suw jandarlary we ösümlikleri üçin iýmit serişdeleriniň köplügi bilen şertlenendir. Uly suw giňişliginiň ekologiýa ulgamyny we tebigy baýlyklaryny goramak boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, birleşen tagallalary Hazaryň biodürlüligini gorap saklamaga gönükdirmek, onuň baý tebigy serişdelerini rejeli ulanmak ileri tutulýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Hazaryň ekologiýa ulgamyny we tebigy gurşawyny aýawly saklamak, onuň baýlygyny geljekki nesillere ýetirmek hem möhüm meseleleriň hatarynda durýar». Hazar parahatçylygyň, dostlugyň we hyzmatdaşlygyň deňzi hasaplanylýar. Hazarýaka sebitinde ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça halkara derejede maslahatlaryň, duşuşyklaryň geçirilmegi deňiz gurşawynyň durnukly ösdürilmegine we goralmagyna, ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegine, oňa ýaramaz täsir ýetirýän şertleriň öňüni almaga gönükdirilen dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna ýardam edýär.

Ekologiýa abadançylygy — ösüşiň möhüm ugry

Tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak, oňa milli baýlyk hökmünde aýawly garamak türkmen halkynyň gadymdan gelýän durmuş ýörelgesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelge Türkmenistanyň döwlet syýasatynda, milli maksatnamalarynda, ägirt uly düzümleýin taslamalarda öz beýanyny tapýar. Ata Watanymyzyň tebigy baýlygyny, ekologiýa abadançylygyny saklamak, bu bahasyz baýlygy artdyryp, geljek nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda geçirilýän işler, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň döredilmegi, ykdysadyýetiň senagatlaşmagynda «ýaşyl ykdysadyýeti» kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işler ylma daýanýan ekologiýa innowasiýalarynyň aýdyň mysallarydyr. Ýurdumyzda innowasion senagatlaşmak yzygiderli amala aşyrylýar, daşky gurşawy goramaga, senagat kärhanalarynyň ekologiýa howpsuzlygyna aýratyn üns berilýär. Ylmy gazanylanlaryň daşky gurşaw bilen sazlaşykly utgaşdyrylyp peýdalanylmagy döwrüň esasy talaplarynyň biri bolup, ösüşiň tebigy gurşaw bilen sazlaşykda alnyp barylmagynyň nusgalary näçe diýseň bar. «Akylly» şäher konsepsiýasyna esaslanýan Arkadag şäherinde bina edilen desgalar ekologiýa, howpsuzlyk hem-de tehnologiýalar babatda dünýäniň häzirki zaman ülňülerine laýyk gelýär. Pudaklarda serişde tygşytlaýjy täzeçe tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Gu

Ählumumy abadançylygyň bähbidine

Tebigaty goramak, onuň serişdelerinden aýawly peýdalanmak, biologik köpdürlüligi gorap saklamak döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Bu babatda ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. Şunda içeri syýasatda öňe sürülýän ekologik ýörelgeler daşary syýasatda-da aýdyň beýanyny tapýar. Türkmenistan özünde sagdyn ekologik ýagdaýy saklamak bilen, BMG-niň tebigaty goramak babatdaky konwensiýalarynyň birnäçesine, ýagny biodürlülik hakdaky we çölleşmä garşy göreş, howanyň üýtgemegi baradaky konwensiýalara hem-de Kioto teswirnamasyna, Ozon gatlagyny goramak baradaky Wena konwensiýasyna, Ozon gatlagyny weýran edýän maddalara degişli Monreal teswirnamasyna, Bazel we Orhus, şeýle-de BMG-niň suw-batgalyk ýerler hakdaky Ramsar konwensiýalaryna goşuldy. Bu resminamalardan gelip çykýan borçnamalary amal etmek bilen, ýurdumyzda adamlaryň we raýatlaryň sagdyn ýaşaýşyny, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi ekologiýa syýasatynyň tebigatyň sagdynlygyny, köpdürlüligini, goraglylygyny, aýawlylygyny üpjün etmäge gönükdirilendigini, şonuň bilen birlikde raýatlaryň abadan durmuşyny nazarlaýandygyny, häzirki zaman ylmynyň iň soňky gazananlaryna esaslanýandygyny doly tassyklaýar. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistan tarapyndan işlenip taýýarlanan hem-de 19 ýurduň awtordaşlygynda kabul edilen «Birleşen Mill

Baglar we tokaýlar: arassa howa, sagdyn nesil hem bezeg

Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde bezeg baglarynyň ähmiýeti Tokaýçylyk bilen bezeg baglary biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Tokaýyň we bezeg baglarynyň tebigatda we adamyň ýaşaýşynda ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzyň görnükli tokaýçysy K.Mukymowyň «Tokaýçylyk we bezeg bagçylyk» (Aşgabat, 2019 ý.) atly kitabynda tokaýlaryň we bezeg baglarynyň tebigatdaky we adamyň ýaşaýşyndaky ähmiýeti doly beýan edilýär.

Belkanyň ýüňünden täze dokma önümleri alnar

Durnukly materiallary öndürýän ABŞ-nyň «Bloom Labs» kompaniýasy pagta, ýüpek ýa-da poliester ýaly häsiýetlere eýe boljak täze süýümler üçin tebigy ýüňi gaýtadan işlemegiň usulyny tapdy. Kompaniýa indi önümçiliginde belkalaryň ýüňünden peýdalanar. Pagta, ýüpek we poliester ýaly materiallaryň düzümine garylyp taýýarlanjak täze süýümiň tebigylygy we ýumşaklygy bilen isleg bildirilýän önüme öwrüljekdigi baradaky habarlar kompaniýanyň sosial ulgamynda yzygiderli berilýär.

Ekologiýa abadançylygy — durmuşyň talaby

Adamzat durmuşyny, ýaşaýşyny tebigatsyz göz öňüne getirmek asla mümkin bolmasa gerek. Çünki ynsan ömrüniň tutuş döwri tebigat bilen aýrylmaz baglanyşykda bolupdyr. Halkymyzda tebigata aýawly çemeleşmek, onuň bilen sazlaşykda ýaşamak asylly ýörelgä öwrülip, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ugurda kabul edilýän maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde amala aşyrylýan işlere bu günki gün Watanymyzyň bagtyýar raýatlary işjeň gatnaşýarlar. Daş-töweregimizi gurşap alan tebigaty arassa saklamak hem-de ekologiýa terbiýesi bilen baglanyşykly nakyllar halkymyzyň aňynda, durmuşynda berk ornaşyp galypdyr. Munuň şeýledigine «Kimde kim bir agaç ekse ýadygär, dünýä kitabynda onuň ady bar», «Daragt ek, darykmarsyň», «Bir nahal ekseň, ýaşyň baky» ýaly nakyllaryň üsti bilen hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ata-babalarymyz gadymdan agaç ekmek, bag ýetişdirmek işlerine aýratyn ähmiýet beripdirler. Baglar zeminiň görki, olar ynsanyň sagdyn ýaşamagy, arassa howadan dem almagy üçin wajyp bolup durýar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Daragtlaryň biziň süňňümize we sagdynlygymyza ýetirýän täsiri uly. Ol hem maddy, hem ruhy taýdan ähmiýetlidir. Käbir daragtlar bize täsirli we jadyly güýji bagyş edýär diýsek öte geçmeris. Bir daragta gözümiz düşse, ýüregimize ýakyn we ýakym

Ekologiýa abadançylygy — ýurduň baýlygy

Ýurdumyzda ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Hemmämize mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, ekologiýa, daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreş meselesi hyzmatdaşlygyň has möhüm meseleleriniň biri hökmünde kesgitlendi. BMG-niň belent münberinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynda Merkezi Aziýadaky ekologik meselelere has düýpli we täsirli üns bermek üçin wagt ýetendigine ünsi çekipdi. Türkmenistan Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen dünýäniň we sebitiň ekologik meseleleri bilen bagly möhüm başlangyçlary öňe sürüp, olaryň çözgüdine degişli ençeme teklipleri hem girizdi.

Rowaçlygyň çeşmesi

aşky gurşawy goramak ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeler maksatnamalary ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda innowasion, serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň, şeýle hem iň gowy dünýä tejribeleriniň önümçilige ornaşdyrylmagy hem ozaly bilen ekologiýa abadançylygyny berkitmek maksadyny göz öňünde tutýar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynda howanyň arassalygyna, gurulýan zawodlaryň we fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologiýa talaplaryna laýyklygyna gözegçiligiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen dürli çäreler durmuşa geçirilýär. Tutuş ýaşaýşymyzyň ekologiýa abadançylygyna baglydygy baradaky düşünjäniň ösmegi daşky gurşawy goramak we tebigatdan peýdalanmak babatda kanunçylygyň ösmegine hem düýpli täsirini ýetirdi. Tebigaty goramak we ondan rejeli peýdalanmak babatda täze kanunlaryň uly topary kabul edildi. Şolaryň hem birnäçesi wagtyň geçmegi we täze şertleriň peýda bolmagy netijesinde gaýtadan işlenildi. Meselem, Türkmenistanyň Tokaý kodeksi gaýtadan işlenilip, rejelenen görnüşde kabul edildi. Ekologiýa kanunçylygyny döwrebap üýtgetmek işi häzirki wagtda hem dowam edýär. Daşky gurşawy goramaklyga gönükdirilen esasy ugurlary kesgitleýän binýatlyk

Belent borç

Arassa tebigatymyzy gorap saklamak her birimiziň  borjumyzdyr. Çünki arassa tebigat — arassa ýaşaýyş. Howanyň ýaramazlaşmagy we daşky gurşawyň hapalanmagy, ilkinji nobatda, adamyň dem alyş ýollaryna aralaşyp, howply keselleri döredýän bakteriýalary we wiruslary ýaýradýar. Howanyň ýaramaz täsirleri, haçanda ekologiýa howpsuzlygynyň kada-kanunçylygy bozulan ýagdaýynda has güýçli duýulýar. Daşky gurşawyň hapalanmagyna täsir edýän adam faktorlarynyň we beýleki täsirleriň öňüni almak ugrunda ýurdumyzda kabul edilýän kanunçylyk namalary dünýä ülňülerine laýyklykda, yzygiderli kämilleşdirilýär. Hususan-da, «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa auditi hakynda», «Ekologiýa maglumaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary hem-de Tokaý, Ýer we Suw kodeksleri hereket edýär.

Daşky gurşawy goramakda ýurdumyzyň tejribesi

Daşky gurşawy goramak howanyň üýtgemegi bilen belli bir derejede baglydyr. Howanyň üýtgemeginiň öňüni almagyň derwaýyslygy, ilkinji nobatda, bu meseleleriň diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde örän wajypdygy hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygy bilen düşündirilýär. Häzirki döwürde adamzadyň geljegi bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri tutuş dünýäniň üns merkezinde saklanýar. Şoňa görä-de, adam bilen biosferanyň özara baglanyşygy, tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak döwrüň iň möhüm wezipeleriniň biridir. Ýer ýüzünde howanyň üýtgemeginiň dünýä ykdysadyýetine we adamzadyň geljegine edýän täsirini soňky ýyllarda geçirilen barlaglar aýdyň görkezýär.

Ekologik medeniýet — sagdyn geljegiň girewi

Häzirki wagtda ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, tebigaty gorap saklamak döwrüň wajyp meseleleriniň biri hasaplanýar. Ylmy-tehniki progresiň netijesinde, tebigaty aýawly saklamak, tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak ýörelgesiniň talaplary hem yzygiderli artýar. Şol sebäpden, tebigaty goramak, ekologik howpsuzlygy üpjün etmek, ekologik medeniýeti berjaý etmek wezipelerini durmuşa geçirmekde ýaş nesliň uly orny bolup, bu babatda bilim ulgamy aýratyn ähmiýete eýedir. Çünki bu ulgam ýaş nesilleri terbiýelemekde, watansöýüji, ahlak taýdan arassa, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýýan, bilimli, ylymly şahsyýetleri kemala getirmekde esasy güýç bolup durýar. Häzirki zaman şertlerinde adamzat jemgyýetiniň we biosferanyň sazlaşykly ösmegi üçin inžener-tehniki ugurly ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlaryň aňyna «ekologik medeniýet» düşünjesini ornaşdyrmakda, olara öz hünärinden daşgary, ekologik howpsuzlyk babatda hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça bilim bermegiň hem aýratyn ähmiýeti bardyr. Islendik inžener-tehniki ugurly bilim ojagyny tamamlaýan talybyň ýyllyk taslama ýa-da diplom-taslama işlerini ýerine ýetirende emele gelen netijelere laýyklykda, taslamanyň energonetijeliligi ýokarlandyrýan, ykdysady bähbitliligi bolan we ekologik şertlere kybapdaş hasaplamalary hem-de täzelikleri ýüze çykarmak wezipesi onuň baş şerti bolup durýar. Şol sebäpden, inženerçi

«Ýaşyl ykdysadyýet» — döwrüň talaby

«Ýaşyl ykdysadyýet» diýlende, ilki bilen, tebigat, daş-töweregimizi gurşap alýan giňişlik göz öňümize gelýär. Çünki adamyň hojalyk işleri, güzerany üçin tebigatdan peýdalanmagy oňa belli bir derejede täsirini ýetirýär. Bu köplenç ýurduň ykdysady ösüşine gönüden-göni bagly bolup durýar. Şoňa görä-de, soňky döwürde dünýäde «ýaşyl ykdysadyýet» ýörelgesiniň derwaýys meselä öwrülmegi netijesinde ony oňyn çözmek üçin dürli garaýyşlar kemala geldi. Bu babatda biziň ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler nusga alarlykdyr.

Ekologiýa abadançylygy — ýaşaýşyň abadançylygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, gözel tebigatymyzyň baýlyklaryny aýawly saklamak meselelerine uly ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryna aýawly çemeleşmek, bagy-bossanlyga öwürmek babatda ýurt we halkara derejesinde netijeli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda alnyp barylýan ekologiýa diplomatiýasy halkara jemgyýetçiligi tarapyndan hem uly gyzyklanma döredýär. Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden taryhy çykyşynda hem Merkezi Aziýa boýunça BMG-niň maksatly ekologiýa strategiýasyny taýýarlamagy, Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini, «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmegi teklip etdi we Merkezi Aziýanyň ekologiýa meselelerini çözmäge dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekdi.

Ekologiýa abadançylygy ugrunda

Ýurdumyz ekologiýa meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara tagallalary utgaşdyrýar. Munuň şeýledigini bu ugurda ýöriteleşdirilen halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hem tassyklaýar. Tebigaty goramak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ylym, bilim we ýokary sanly tehnologiýalar ulgamyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak üçin türkmen ýaşlaryna döredilýän ähli mümkinçilikler öz ajaýyp miwelerini berýär. Ýaňy-ýakynda Dubaý şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň çäklerinde BMG-niň howa boýunça 18-nji Ýaşlar maslahaty hem 165 döwletden müňlerçe ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirildi. Bu maslahata ýurdumyzyň zehinli ýaşlary işjeň gatnaşyp, howanyň üýtgemegi zerarly ýüze çykýan derwaýys meseleler barada çykyş etdiler. Bu bolsa türkmen ýaşlarynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda diňe bir ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna däl, eýsem, dünýä ýurtlaryndaky forumlardyr maslahatlara hem işjeň gatnaşyp, zehin, ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmekleri, dünýägaraýşyny giňeldip tejribelerini has-da kämilleşdirmekleri üçin amatly şertleriň döredilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Abadan ýaşaýşyň güwäsi

Daşky gurşawyň abadançylygyna gönükdirilen taslamalary işläp düzmek, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek Garaşsyz Watanymyzyň amala aşyrýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri. Ekologik abadançylyk bilen baglanyşykly wezipeleriň üstünlikli çözülmegi ugrunda tagallalary birleşdirmäge ymtylýan ýurdumyz ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen, ilkinji nobatda, BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ähmiýet berýär. Eziz Diýarymyzda daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly milli strategiýanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi Milletler Bileleşiginiň Durnukly ösüş maksatlaryna we dünýäniň ekoulgamyny goramak boýunça öňde durýan möhüm wezipelere doly laýyk gelýär. Şeýle-de Türkmenistan BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen bilelikde durmuşa geçirilýän taslamalaryň onlarçasyny tassyklady. Döwletimiziň ýokary derejeli forumlarda öňe süren başlangyçlary halkara bileleşik tarapyndan giň goldawa eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek, BMG-niň Suw strategiýasyny we Aral deňziniň sebiti boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, BMG-niň Aral meselesiniň aýry-aýry ugurlaryny ýüze çykarmak, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny üpjün etmek ýaly teklipleri görkezmek bolar.

Ekologiýa abadançylygy — döwrüň derwaýys wezipesi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde iş saparynda bolup, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (COP28) gatnaşmagy hem-de onda çykyş etmegi baky Bitarap ýurdumyzyň dünýä bileleşiginiň öňünde öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygyny, dünýäniň howpsuzlygynyň we sagdyn geljeginiň bähbidine ähli tagallalary edýändigini ýene bir gezek aýdyňlygy bilen subut etdi. «COP28» maslahatynyň çäklerinde azyk howpsuzlygy, daşky gurşawy goramagyň maliýeleşdirilmegini özgertmek, howa şertlerini nazara almak bilen, ekologik ulgamda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerine bagyşlanyp geçirilen çäreler döwrüň derwaýys wezipeleriniň biri bolan ekologiýa meselelerini çözmekde wajyp ähmiýete eýe boldy. Bu babatda biz welaýat daşky gurşawy goramak müdirliginiň inžener-himigi Hojadurdy Aşyrow bilen gürrüňdeş bolduk. Şonda ol şeýle gürrüň berdi: — Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň saýasynda ata Watanymyzyň her bir güni uly ösüşlere beslenýär. Döwlet Baştutanymyz daşky gurşawy goramakda we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde diňe bir ýurdumyzda däl, tutuş sebit, dünýä babatynda hem uly a