''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Tämiz ekologik gurşaw — röwşen geljegiň güwäsi

Türkmen topragy ösümlik we haýwanat dünýäsine gaty baýdyr. Ol özüne mahsus daglary, düzleri, derýalary we beýleki suw çeşmeleri, sähralary we jeňňelleri bilen tapawutlanýar. Olaryň ekologiýa taýdan arassalygy ynsanlaryň saglygyna kepil geçýär, şu gününi we röwşen geljegini ak ýollara atarýar. Şonuň üçin biziň ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty türkmen jemgyýetiniň sagdynlygyny, ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmaga, ýaşaýşyň ekologiýa taýdan arassa gurşawyny emele getirmäge gönükdirilendir. Tebigatyň gözelliklerini has-da artdyrmak, ony gorap saklamak babatda alnyp barylýan işler ýurdumyzyň ähli sebitlerinde ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga ýardam berýär. Ýurdumyzy tokaýlaşdyrmak boýunça geçirilýän köpugurly toplumlaýyn çäreler umumy döwlet bähbitlerini we onuň ekologiýa howpsuzlygyny berjaý etmegi göz öňünde tutmak bilen ýerine ýetirilýär. Ekologiýa howpsuzlygy babatyndaky maglumatlary ýaýratmak, adamlaryň arasynda ekologiýa bilimleri giňden ýaýratmak, ilaty habarly etmek, tebigaty goramak baradaky wagyz-nesihat çärelerini geçirmek meseleleri bilen baglanyşykly işler yzygiderli amala aşyrylýar. Ata-babalarymyz ýol, köpri gurmagy hem-de bag ekmegi iň bir sogaply işler hasaplapdyr. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda hem ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda giň gerimli işler alnyp barylýar. Bag ekmek, ýaşyl zolaklary döretmek, eko

Ekologiýa abadançylygy — halkyň sagdynlygy

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy umumadamzat ösüşiniň ähli ugurlary babatynda kämilleşýär. Ýurdumyzyň ýer ýüzünde ykrar edilen şeýle belent at-abraýy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijesidir. Türkmenistan tebigaty we daşky gurşawy aýawly saklamak we goramak babatyndaky umumy halkara tagallalaryna hem işjeň goşulýar. Tebigaty gorap saklamak, ony netijeli peýdalanmak, şol baýlyklary halkyň eşretleri üçin ulanmak, ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalar Türkmenistanyň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş ýolunyň esasy ugurlarynyň biridir. 2008-nji ýylda milli senenamamyza girizilen Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni ýurdumyzda aýratyn bellenilýän baýramçylyklaryň biridir.

Sagdynlygyň sakasy

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijelerini Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça kanunçylygynyň halkara ekologiýa hukuk kadalary bilen sazlaşyklylykda yzygiderli kämilleşmeginde hem görmek bolýar. Munuň özi daşky gurşawy goramagyň we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagyň, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almagyň, azyk önümleriniň hem-de howa gurşawynyň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmegiň häzirki zaman şertlerinde wajyp wezipeleriň hatarynda durýandygy bilen baglanyşyklydyr. Ata Watanymyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününiň, 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň giňden bellenilip geçilmegi örän ähmiýetlidir. Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň işjeň agzasy bolan ýurdumyzda hem bu halkara ekologiýa seneleri uludan bellenilip geçilýär.

Ekologiýany goramagyň hukuk esaslary

Daşky gurşawy gorap saklamak, oňa aýawly çemeleşmek boýunça Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz tarapyndan uly işler durmuşa geçirilip, ekologiýa kanunçylygy hem yzygiderli kämilleşdirilýär. Daşky gurşawy goramak ýörelgeleriniň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda beýan edilmegi, bu babatda birnäçe kanunlaryň kabul edilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Esasy Kanunymyzda beýan edilýän ýörelgeler we kabul edilen kanunlar amatly daşky gurşawa bolan konstitusion hukugyny kepillendirmek bilen, ekologiýany, daşky gurşawyň hukuk esaslaryny kesgitleýär, amala aşyrylýan hojalyk we beýleki işleriň tebigata zyýanly täsirleriniň hem-de ekologiýa abadançylygyna abanýan howplaryň öňüni almak bilen baglanyşykly seresaplylyk çäreleriniň geçirilmegine degişli meseleleri düzgünleşdirýär.

Ekologiýa we biz

Eşretli geljegimiziň aladasynda Ene topragymyzyň gözel tebigatyny goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak hemişe aladasy edilmegi derwaýys meseledir. Çünki, ajaýyp gözelligi özünde jemleýän tebigatymyz biziň öýümizdir. Güneşli Diýarymyzyň tebigaty gymmatly baýlygymyz bolup, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, olaryň köpdürlüligini aýawly goramak, geljekki nesillere ýetirmek biziň wajyp wezipämizdir. Şu wezipä hormatly Prezidentimiz hemişe uly üns berip, tebigatymyzy goramak, daşky gurşawy sagdynlaşdyrmak, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmak bilen bagly wezipeleri öňde goýýar.

Ýollar şuglazar bolsun, çöller lälezar bolsun!

Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ekologiýa abadançylygy, tebigy ekoulgamlaryň abatlygy babatda başy başlanan beýik işler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň döwlet ekologiýa syýasaty il-ýurt bähbitli taslamalaryň, durmuş-ykdysady maksatlaryň tebigat bilen sazlaşykda ýola goýulmagyna gönükdirilýär. Şunlukda, senagatyň tebigata, adam saglygyna zyýanly täsiriniň peseldilmegi we daşky gurşawa zyňyndylaryň azaldylmagy, tebigy çeşmeleriň energiýalarynyň peýdalanmagy we landşaft dürlüligiň saklanyp galmagy bilen baglanyşykly döwrebap çözgütler kabul edilýär. Täze ýerleri özleşdirmek, suwarymly meýdanlaryň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almak boýunça uly işler alnyp barylýar. Ilatyň ýaşamagy we işlemegi üçin amatly gurşawy döretmek, tebigy baýlyklary tygşytlamak maksady bilen, ykdysadyýete ylmy täzeçillikler, «ýaşyl tehnologiýalar», «ýaşyl ykdysadyýet» ýörelgeleri ornaşdyrylyp, ösüşiň täze — innowasion basgançaklaryna geçilýär.

Hazaryň kenarynda

Beýik Biribar türkmen halkyna täsin we gözel tebigaty eçilipdir. Güneşli Türkmenistanyň bir tarapy ençeme baýlyklary özünde jemleýän Garagum sährasyna uzap gitse, beýleki tarapy, Hazar deňziniň jana ýakymly howasy bilen göreni özüne bendi edýär. Bedew bady bilen öňe barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gelim-gidimli şäherleriniň biri hem goja Hazaryň kenarynda ýerleşen Türkmenbaşy şäheridir. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen jana ýakymly sergin howaly Türkmenbaşy şäherini ýurduň iri syýahatçylyk merkezine öwürmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şäherden günbatarda  10—12 kilometr daşlykda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň gözelligi göreni haýrana goýýar. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy  dünýä arhitekturasynyň öňdebaryjy gazananlaryny özünde jemleýär.

Ýurdumyzda ekologiýa we durnukly ösüş babatda uly işler alnyp barylýar

5-6-njy iýunda paýtagtymyzdaky «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilen «Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähetleri» atly halkara ylmy-amaly maslahaty (TESC — 2024) milli nebitgaz kompaniýalarynyň hem-de daşky gurşawy we «ýaşyl» geljegi goramagy ugur edinýän halkara guramalaryň, akademiki bileleşikleriň, maliýe institutlarynyň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm orun eýeledi. «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan guralan, iki gün dowam eden forumyň işine dünýäniň 33 ýurdundan wekilleriň 270-siniň gatnaşmagy daşary ýurt kompaniýalarynyň biziň ýurdumyz bilen daşky gurşawy goramak meseleleri babatda hyzmatdaşlyga gyzyklanmasynyň artýandygyna şaýatlyk edýär.

Işewürlikde «Ýaşyl» mümkinçilikler

Daşky gurşawyň abadançylygy häzirki döwürde dünýä derejesinde iň derwaýys meseleleriň biri hasaplanylýar. Bu meseläniň çözgüdini tapmak köptaraplaýyn çemeleşmäni we tagallalary birleşdirmegi talap edýär. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde işewürlige we önümçilige uly orun degişlidir. Şonuň üçin-de, dünýä belli kompaniýalaryň köpüsi bu meseleden çetde durman, önümlerini ýerlemekde we hyzmatlaryny ilerletmekde täzeçil çemeleşmeleri, döwrebap çözgütleri peýdalanýarlar. Işewürlikde «eko-marketing» diýlip atlandyrylýan ugruň ösmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Eko-marketing — haryt nyşanyny ösdürmegiň strategiýasy bolup, onuň esasy maksady sarp edijileriň ekologik talaplaryny kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Bu ugruň ýüze çykmagy ekologik medeniýetiň ösmeginiň netijesinde, sarp edijileriň jogapkärçiliginiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem kompaniýalaryň köpüsi işewürlik nusgasyny üýtgedip, daşky gurşawy goramak boýunça başlangyçlary durmuşa geçirýärler. Meselem, işjeň dynç alyş üçin niýetlenen «Patagonica» haryt nyşanly egin-eşikleri öndürýän kärhana köp ýyl bäri girdejileriniň 1 göterimini tebigaty aýawly saklamaga gönükdirýär. Sport lybaslaryny öndürýän «Nike» kompaniýasy köne aýakgaplardan basketbol meýdançalarynyň üstki gatlagyny taýýarlaýar.

Eko­lo­gi­ýa baý­ram­çy­lyk­la­ry

«7/24. tm» №24 (211), 10.06.2024 Ýan­war aýy

Ekologiýa abadançylygy

Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Watanymyzyň ajaýyp tebigaty biziň her birimizi ony aýap saklamaga has-da baýlaşdyrmaga, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gazanmaga borçly edýär. Ýeri gelende bellesek, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ekologiýa, tebigatdan rejeli peýdalanmak we ony goramak meselelerine dahylly kanunlaryň, kararlaryň birnäçesi kabul edildi hem-de olar iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň täsin we ajaýyp tebigatynyň ygtybarly goralmagy, baýlaşdyrylmagy, onuň baýlyklarynyň aýawly saklanmagy kanunçylyk esasynda alnyp barylýar.

Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany

5-nji iýunda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp, «Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Her ýyl geçirilýän forumyň ekologiýa ulgamynda gazanylanlary we türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda dowam etdirilýän döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýändigini bellemek gerek.

Ýaşyl dünýä — ýaşaýyş

Häzir dünýäde ekologiýa meseleleriniň ähmiýetine hemme döwürlerdäkiden oňat düşünilýär. Şol meseleleri çözmezden, adamzat jemgyýetiniň mundan beýläkki durnukly ösüşini göz öňüne getirmek mümkin däl. Ýurdumyzda her ýyl ýaş agaç nahallaryny oturtmak boýunça ählihalk dabarasyna badalga berilýär. Paýtagtymyzyň töwereklerinde ýaşyl tokaý zolaklary döredilip, howanyň hilini gowulandyrmaga we biodürlüligi gorap saklamaga uly üns berilýär. 5-nji iýunda bellenilip geçilen Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe gabatlanyp, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çapdan çykmagy bolsa, bu babatda edilen ajaýyp işdir. Galyberse-de,  bu waka ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamaga, baýlaşdyrmaga döwletimiziň ygrarlydygynyň ýene-de bir güwäsidir.

Ekologiýa diplomatiýasy

Ýakynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Ol umumy mejlisden we üç bölümden ybarat boldy. Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň uly mejlisler jaýynda geçirilen bu ylmy-amaly maslahatyň umumy mejlisine S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň Daşky gurşawy goramak, tebigatdan peýdalanmak we agrosenagat toplumy baradaky komitetiniň, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň wekilleri, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň referenti gatnaşdy.

Tebigaty goramak boýunça halkara tagallalary birleşdirip

Aşgabat, 5-nji iýun (TDH). Şu gün Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp, “Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Her ýyl geçirilýän forumyň ekologiýa ulgamynda gazanylanlary we türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam etdirilýän döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýändigini bellemek gerek. Utgaşykly görnüşde guralan maslahata ýurdumyzyň tebigaty we daşky gurşawy goramak düzümleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamyndaky üstünliklerini şöhlelendirdi. Onda Gahryman Arkadagymyzyň eserlerine hem-de Diýarymyzyň gaýtalanmajak ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda aýratyn ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň dördünji neşirine giň orun berildi.

Tebigaty goramak boýunça halkara tagallalary birleşdirip

Aşgabat, 5-nji iýun (TDH). Şu gün Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp, “Türkmenistan — ekologiýa abadançylygynyň mekany” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Her ýyl geçirilýän forumyň ekologiýa ulgamynda gazanylanlary we türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam etdirilýän döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi bilen tanyşmaga mümkinçilik döredýändigini bellemek gerek. Utgaşykly görnüşde guralan maslahata ýurdumyzyň tebigaty we daşky gurşawy goramak düzümleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly halkara we sebit guramalarynyň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň öňüsyrasynda Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan sergi ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamyndaky üstünliklerini şöhlelendirdi. Onda Gahryman Arkadagymyzyň eserlerine hem-de Diýarymyzyň gaýtalanmajak ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamakda aýratyn ähmiýeti bolan Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň dördünji neşirine giň orun berildi.

Jemgyýet we ekologiýa

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanan çäreler giň gerimde ýaýbaňlandyryldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda ýurdumyzda ekologik howpsuzlygy üpjün etmekde düýpli işler amala aşyrylýar. Ykdysadyýetiň depginli ösüşini üpjün etmek, durmuş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça geçirilýän giň gerimli özgertmeler abadan durmuşyň aýrylmaz bölegi bolan ekologiýa bilen ýakyndan baglanyşyklydyr. Daşky gurşawy gorap saklamak babatynda ata-babalarymyzdan gelýän milli däp-dessurlar bu günki gün has-da kämilleşdirilýär. Ata Watanymyzda her ýylda ählihalk bag etmek dabaralarynyň geçirilmegi ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegine hem-de halkymyzyň gözel tebigata bolan söýgüsiniň artmagyna uly itergi berýär.

Tebigaty goralyň!

Tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsinden aýawly peýdalanmak, onuň baýlyklaryny gorap, gözelliklerini  geljekki nesillere  miras goýmak üçin ata-babalarymyz uly alada edipdirler. Suwa, ýere, baglara, haýwanat  dünýäsine seresap çemeleşmelidigini ündäpdirler. Häzirki wagtda eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat  dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy goramak  boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Gök zolaklary döretmek boýunça kabul edilen maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly käbir ýüze çykýan ýagdaýlara garşy  göreşmek baradaky  bütindünýä işine ägirt uly goşantdyr.

Ekologik abadançylyk — rowaç ýaşaýşyň kepili

Ýurdumyzda milli däp-dessurlarymyzy ýörelge edinip, adam saglygy babatdaky aladany ileri tutup, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak we olary geljek nesillere has gözel görnüşde ýetirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir. Toplumlaýyn ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ösüşini tebigat bilen sazlaşykly alyp barmaga, ýaşaýşyň arassa gurşawyny döretmäge, suw, ýer we biologik serişdelerden rejeli peýdalanmaga, biologik köpdürlüligidir tebigaty goramaga, çölleşmä hem-de tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmäge, ilatyň ekologiýa bilimini ýokarlandyrmaga gönükdirilip, bu ugurda netijeli işler alnyp barylýar, halkara hyzmatdaşlyk yzygiderli ilerledilýär. Ekologik abadançylygy gorap saklamak we onuň köpdürlüligini has-da baýlaşdyrmak bilen bagly halkara maslahatlarda, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlary halkara jemgyýetçilikde giňden goldaw tapýar. Häzir dünýäde ekologik meseleleriň ähmiýeti örboýuna galdy, olary çözmezden jemgyýetiň durnukly ösmegini göz öňüne getirmek mümkin däldir. Dünýä jemgyýetçiliginiň bu ugurdaky tagallalaryna Türkmenistan wajyp ähmiýetli maksatnamalary durmuşa geçirmek arkaly saldamly goşant goşýar.

Daşky gurşawyň abatlygy — umumadamzat abadançylygy

Tebigat jemgyýetleriň maddy, ruhy, medeni isleglerini kanagatlandyrmak, adamzadyň gündelik ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi, sagdynlygy, zehin kämilligi, nesil dowamatlylygy üçin ilkinji hem esasy, iňňän zerur çeşme bolup hyzmat edýär. Hemmelere deň garaýan janly tebigat tutuş adamzady öz gurşawyna salyp, bir bitewülikde ýaşamaga, baýlyk-barlyklaryna ählumumy genji-hazyna hökmünde çemeleşmäge borçly edýär. Şoňa görä-de, dünýä jemgyýetçiliginde ekologiýa wezipeleriniň oýlanyşykly ýola goýulmagy häzirki döwrüň ählumumy kanunalaýyklygy hökmünde garalýar. Umumy geljegiň kepili bolan milli, sebit hem-de ählumumy ekologiýa howpsuzlygy babatda halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we özara goldawyň ösdürilmegine, döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Şunlukda, daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen halkara bileleşiginiň 1972-nji ýylyň 5-6-njy iýunynda geçiren Stokgolm konferensiýasyna möhüm orun degişli bolup durýar. Konferensiýada daşky gurşawy goramak boýunça kabul edilen Jarnamada we Hereketleriň meýilnamasynda häzirki hem-de geljekki nesilleriň bähbitleri üçin tebigy serişdeleri abat, aýawly saklamak tebigy gurşawy gowulandyrmak üçin ykdysady, durmuş ösüşi, daşky gurşawyň halkara meselelerini özara hyzmatdaşlyk esasynda çözmegiň zerurlygy ýaly ekologiýa ýörelgeleri jemlendi. Şular esasynda, 1972-nji ýylyň 16-njy dekabrynd