''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Daşky gurşawyň goragynda

Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe durnukly ösüşiň ýolunda daşky gurşawy we tebigy serişdeleri gorap saklamak babatynda alnyp barylýan möhüm işler uly üstünliklere beslenýär. Daşky gurşawy goramak häzirki döwürde bütin dünýäde tutuş adamzat üçin iň bir wajyp meseleleriň biridir. Döwletimiziň tebigy gurşawyň goralmagyny üpjün etmek babatdaky wezipesi, onuň serişdelerinden rejeli peýdalanmagy, jemgyýetiň ekologik we ykdysady bähbitlerini dogry utgaşdyrmagy üpjün etmekdir.

Tebigaty goramak — durmuşy söýmek

Daştöweregimizi gurşap alan tebigata aýawly çemeleşmek, onuň baýlyklaryny, gözelliklerini, haýwanat we ösümlik dünýäsini goramak, geljekki nesillere ýetirmek üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe tutumly işler alnyp barylýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, gök zolaklary döretmäge, tebigaty baýlaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy tebigaty goramak we ony baýlaşdyrmak maksadyna gönükdirilendir. Onda bellenen wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde Diýarymyzyň ähli künjeklerinde tokaý zolaklary emele gelip, ýurdumyz bagybossanlyga beslenýär. Daşky gurşawy goramak we ekologiýa babatda ýurdumyzyň halkara we sebit guramalary bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmagy, halkara konwensiýalara goşulmagy tebigaty goramakda asylly ýörelgeleriň rowaçlanýandygyny görkezýär.  Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty ykdysadyýetiň pudaklaryny ekologiýa taýdan howpsuz ösdürmäge, tebigaty goramagyň we tebigatdan peýdalanmagyň netijeliligini üpjün etmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde umumadamzat bähbitli işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyza hemde Arkadagly Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işlerinde mundan beýläkde üstünlik arzuw edýäris.

GÖ­ZEL­LIK GO­RAL­SA GO­WY

Türk­me­nis­ta­nyň Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­den soň­ky oý­lan­ma­lar Ýag­şy işe ba­dal­ga be­ril­se, ýü­re­giň üs­ti sy­pa­la­na­na dö­näý­ýär. Şu ýy­lyň 14-nji iýu­lyn­da ge­çi­ri­len Mi­nist­rler Ka­bi­ne­ti­niň gi­ňiş­le­ýin mej­li­sin­de Türk­me­nis­ta­nyň oba we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­ni böl­mek, onuň bin­ýa­dyn­da Oba ho­ja­lyk mi­nist­rli­gi­ni hem-de Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nist­rli­gi­ni dö­ret­mek ba­ra­da res­mi­na­ma­la­ra gol çe­kil­me­gi, şeý­le hem Döw­let ýer ka­dastr­la­ry­nyň ýe­ke-täk ul­ga­my­ny şu ýy­lyň ahy­ry­na çen­li işe gi­riz­mek üçin ze­rur iş­le­ri çalt­lan­dyr­mak hak­da tab­şy­ry­gyň be­ril­me­gi hem­mä­mi­ziň gö­wün gu­şu­my­zy ga­nat­lan­dyr­dy.

EKOLOGIÝANY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNLERI

Tomus paslynyň gelmegi bilen ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän baýramçylyklaryň sany hem köpelýär. Ýurdumyzda hemde tutuş dünýä döwletlerinde her ýylyň 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni hökmünde bellenilýär. Sport we sagdyn durmuş ýörelgeleri ynsana öz başarnyklaryny doly açmaga mümkinçilik berýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty dünýä derejesinde ösdürmek, jemgyýetimizde  sagdyn durmuş kadalaryny ornaşdyrmak arkaly halkymyzyň saglygyny berkitmek, sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek üçin uly alada edilýär. Amala aşyrylýan özgertmeleriň, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň we ägirt uly taslamalaryň özeninde döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş baýlygy hasaplanylýan adamyň saglygy durýar. 5nji iýun — Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni her bir adamyň ekologiýanyň ýagdaýyna jogapkärçiligi, tebigata aýawly çemeleşilmeginiň zerurdygy, onuň gözelligini we baýlygyny geljek nesilleriň bähbidine saklamaga bolan tagallalara işjeň gatnaşygy barada pikirlenmek üçin esasdyr. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan her bir döwlet maksatnamasy halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň mundan beýläk-de ýokarlanmagyna, ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegine, ekologiýa üçin howpsuz önümçiligiň döredilmegine gönükdirilendir. Her ýylyň 8nji iýuny — Bütindünýä ummanlar güni hökmünde bellenilýär. Bu şanly sen

Ýaşlarda ekologiýa medeniýeti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň daşky gurşawy goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek babatyndaky döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 14-nji iýulynda geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde  Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini hem-de Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligini döretmek hakynda Permana gol çekmegi  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalygy bilen birlikde daşky gurşawyny goramagy düýpli özgertmegiň we bu ugurdaky işleriň netijeliligini has-da  kämilleşdirmegiň kämil binýady boldy.

Daşky gurşawy goramak — baş maksat

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň tebigatyny, daşky gurşawy goramak ulgamynda uly işler, şeýle-de halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen daşky gurşawy goramak, tebigatymyza aýawly çemeleşmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Eziz Diýarymyzda ekologiýa, daşky gurşawy goramak babatda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça ähli zerur işler yzygiderli amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde amala aşyrylýan taslamalaryň, gurulýan täze binalaryň, kärhanalaryň ekologiýa nukdaýnazaryndan ygtybarly bolmagy hökmany şerte öwrüldi. Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz daşky gurşawy goramak boýunça halkara konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň, taslamalaryň çäklerinde dünýä jemgyýetçiligini tolgundyrýan meseleleriň oňyn çözülmegine saldamly goşandyny goşup gelýär.

Tebigatyň abadançylygy ugrunda

Berkarar ýurdumyzda tebigatyň gözelliklerini goramaga, tebigy baýlyklardan we serişdelerden rejeli peýdalanmaga, daşky gurşawy baýlaşdyrmaga aýratyn üns berilýär. Sebäbi tebigat bilen adamyň ýaşaýşyny üzňelikde göz öňüne getirip bolmaýar. Biziň ekin ekip, bereketli hasyl alýan topragymyzam, teşneligimizi gandyrýan suwumyzam, salkyn saýasynda janymyza şypa tapýan baglarymyzam... — tebigatyň bize eçilen taýsyz peşgeşi. Olar hem baýlyk, hem saglyk, hem-de gözellik. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda tebigaty goramak we onuň abadançylygyny üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler toplumlaýyn häsiýete eýedir. Daşky gurşawyň howpsuz ekologiýa ýagdaýyny üpjün etmek bilen birlikde, ýurdumyzyň tebigatyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamaga, biodürlüligini has-da baýlaşdyrmaga, ylmy taýdan öwrenmäge, ekologiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär. Bu ugurda milli we döwlet maksatnamalarynyň kabul edilmegi, kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi, önümçilik we beýleki maksatly binalar gurlanda, “ýaşyl” tehnologiýalaryň ulanylmagy, ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegi tebigaty goramak ýaly möhüm meseläniň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny, adamyň arassa daşky gurşawda sagdyn ýaşamagy barada edilýän aladanyň ilkinji nobatda goýulýandygyny subut edýär. Şeýle tutumly işleriň netijesinde hem-de Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasyny

Ekologik tagallalaryň ykrarnamasy

Daşky gurşawyň abadançylygy hakyndaky alada ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet syýasatynda möhüm ugurlaryň biridir. Diýarymyzda gurulýan binadyr desgalarda, amala aşyrylýan taslamalarda tebigata aýawly çemeleşilmegi, ekologik abadançylygyň üpjün edilmegi esasy talaplaryň hatarynda durýar. Şu ýylyň 1-nji iýunynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Arkadag şäheriniň «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde durnukly, «ýaşyl», howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek» taslamasyna goşulýandygy baradaky we Türkmenbaşydaky Halkara deňiz portuna berlen «EcoPorts» güwänamalaryny gowşurmagy hem aýdylanlaryň aýdyň subutnamasydyr.

Ekologiýa — abadan durmuşyň gözbaşy

Berkarar Diýarymyzyň tebigy baýlyklaryny we gözelligini goramak, bu gymmatly baýlygy geljekki nesillere ýetirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şundan ugur alnyp, häzirki wagtda «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Resminama laýyklykda, tokaýlary dikeltmegiň we köpeltmegiň täze usullary we tehnologiýalary boýunça özara tejribe alyşmak bilen bilelikde ylmy-barlag işlerini geçirmek, tokaý hojalygyny durnukly dolandyrmagyň usullaryny we tokaý kanunçylygyny kämilleşdirmek, tokaý gaznasyny tükellemek we olar barada maglumatlar binýadyny döretmek meselelerine aýratyn üns berilýär. Aýratyn hem, ýapyk kök ulgamly nahallary ýetişdirmek boýunça sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça işler alnyp barylýar. Asylly däbe görä, ählihalk bag ekmek dabaralaryna ildeşlerimiziň uly höwes we hyjuw bilen gatnaşmagy eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmegiň, ýaşyl zolaklaryň gerimini giňeltmegiň hem-de ekologiýa abadançylygyny gazanmagyň ýolunda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Arkadag şäheri — ekologiýanyň we saglygyň ajaýyp sazlaşygy

Saglyk hakda söz açylsa, hökmany suratda däri-dermandyr bejergiler bilen bir hatarda, atmosferadan, ýagny howadan hem söz açylýar. Adamlaryň beden gurluşynyň deň bolmaýşy ýaly, olaryň daşky gurşawy, suwy, howany kabul edişleri-de meňzeş däl. Kimlere sähra howasy ýarasa, kimlere dag howasy ýakymly täsir edýär. Şeýle şypaly howa, keýpiňi göterip, ruhuňy belende galdyrmaga-da, işe, durmuşa bolan höwesiňi artdyryp, güýjüňe güýç goşmaga-da ýaramly. Mahlasy, adam tebigat bilen gönüden-göni bagly. Adam aňynyň ähli ulgamlarda belent-belent sepgitleri nazarlap, görlüp-eşidilmedik üstünliklere ýetýän häzirki döwründe daşky gurşawy ynsan saglygyna peýdaly täsir edip bilýän derejede özleşdirip, ekologiýany has-da gowulandyrmaga örän uly üns berilýär. Şu ýylyň 29-njy iýunynda hormatly Prezidentimiziň, şeýle-de daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda birinji tapgyry uly dabara bilen açylyp, ulanmaga berlen, sebitde ýeke-täk «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň ekologiýa aýratynlyklary hem bu aýdanlarymyza buýsandyryjy mysaldyr.

Daşky gurşawyň abadançylygy

Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda daşky gurşawy goramak ulgamynyň kanunçylyk binýadyny has-da berkitmek we kämilleşdirmek ugrunda uly işler alnyp barylýar. Bu ulgamda hereket edýän kanunçylygyň kämilleşdirilmegi, ýurdumyzda ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça halkara maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi tebigaty aýawly saklamak, ondan rejeli peýdalanmak babatda döwlet syýasatynyň ugurlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Daşky gurşawy goramagyň we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň hukuk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen, «Tebigaty goramak hakynda», «Ekologiýa howpsuzlygy hakynda», «Ekologiýa seljermesi hakynda», «Haýwanat dünýäsi hakynda», «Atmosfera howasyny goramak hakynda», «Agyz suwy hakynda», «Ösümlik dünýäsi hakynda», «Ösümlikleri goramak hakynda», «Ýerasty baýlyklar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary we beýleki kanunçylyk namalary kabul edildi.

Goýnuň dönsün erem bagyna, Diýar!

Türkmen tebigatynyň görkana keşbi asyrlar boýy halkymyzyň ruhy dünýäsini şöhlelendirip gelipdir. Taryhyň şaýatlyk etmegine görä, ekerançylyk bilen meşgullanan pederlerimiz zähmeti bilen ene topragyň keşbini özgertmäge girişipdirler. Suwaryş desgalaryny gurmak, teşne ýerleri suwdan gandyrmak, suwsuz topraklary gülletmek halkymyzyň aň-düşünjesinde mukaddes maksat-ýörelgeleriň biri hökmünde orun alypdyr. Türkmen halkynyň taryhy tejribesiniň, ruhy dünýäsiniň baýlygynyň we özboluşlylygynyň beýany bolan milli medeniýetinde-de, halk döredijiliginde-de, däp-dessurlarynda-da onuň tebigata mährem, näzik, sarpaly garaýşyny aýdyň görmek bolýar. Tebigatdan tygşytly peýdalanmak, onuň gözelligini gorap saklamak möhüm meseleleriň biridir. Şunuň bilen baglylykda, adamzadyň durnukly we howpsuz ösüşine wehim salýan meseleleri aradan aýyrmak boýunça BMG-niň öňe süren Durnukly ösüş maksatlaryny ilkinjileriň biri bolup kabul eden we olary döwlet syýasatynyň gün tertibine uýgunlaşdyran ýurt hökmünde Türkmenistan özüniň durmuş-ykdysady taýdan ösüş maksatnamalaryny daşky gurşawy goramaga gönükdirilen çäreler bilen berk utgaşykly amala aşyrýar. Şonuň ýaly-da adam eli bilen döredilýän tokaý zolaklary ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, biodürlüligi gorap saklamak, şeýle hem adamlara ýaşamaga, dynç almaga amatly şertleri döretmek bilen bir hatarda, ilatymyzy ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli ter gök w

Ekologiýa abadançylygy — sagdyn ýaşaýşyň çeşmesi

Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly syýasaty bilen ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Tebigat gözelliklerini goramak, daşky gurşawy aýawly saklamak, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak babatda durmuşa geçirilýän işler, bu ugurda badalga berlen maksatnamalar häzirki we geljekki nesilleriň abadan hem bagtyýar durmuşy, saglygy baradaky aladany öz içine alýar. Arkadagly Serdarymyzyň aýdyşy ýaly, «Halkymyzyň arassa daşky gurşawda ýaşamagy ugrunda amala aşyrylýan taryhy özgertmeler gözel tebigatymyzy gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmaga hem-de ylmy taýdan öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredýär». Dostlugyň, asudalygyň deňzi hasaplanylýan Hazar deňzi gazylyp alynýan ummasyz tebigy baýlyklary, endemik ösümlik we haýwanat dünýäsini özünde jemleýär. Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny gorap saklamak we onuň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmak uzak ýyllardan bäri sebitiň ýurtlaryny umumy maksada birleşdirýän derwaýys meseleleriň biri bolup durýar.  Şonuň üçin hem deňziň biologik köpdürlüligini gorap saklamaga, onuň tebigy baýlyklaryny rejeli peýdalanmaga, baýlaşdyrmaga, sebitde hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berilýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy we onda tokaý zolaklarynyň döredilmegi Hazaryň ekologiýa derejesini ýokarlandyrmaga  ýardam edýär. Munuň özi berkarar döwletimizde Gahryman Arkada

Tebigatyň goragynda 55 ýyl

Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti 1968-nji ýylda esaslandyrylyp, ol Diýarymyzyň çäginde indi 55 ýyl bäri ekologiýa we daşky gurşawy goramak meseleleri boýunça giň möçberli ylmy, wagyz-nesihat, amaly işleri alyp barýar. Tebigaty goramakda we ekologiýa jemgyýetçilik seljermeleri geçirmekde uly tejribesi bolan bu jemgyýetiň häzirki wagtda 310 müňden gowrak meýletin agzalary bar. Olar daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmak maksady bilen, birnäçe kinofilmleri we wideo ýazgylary şekile geçirip, teleýaýlymlaryň üsti bilen halk köpçüligine ýetirýärler. Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmenleri çagalar baglarynda, ýokary we orta okuw mekdeplerinde, edara kärhanalarda tebigata eýeçilik gözi bilen seretmek, aýawly saklamak barada wagyz işlerini geçirýärler. Bu bolsa raýatlaryň ekologiýa medeniýetiniň artmagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Şeýle çäreleriň biri hem Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti bilen Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň bilelikde geçiren «Durnukly ösüşde ekologiýa syýasatynyň durmuşa geçirilmegi» atly aýdym-sazly söhbetdeşlik duşuşygydyr. Bu çäräniň esasy maksady ýaşlaryň tebigata bolan söýgüsini artdyrmakdan, ösümlik we haýwanat dünýäsine eýeçilik gözi bilen garap, olary geljekki nesillere ýetirmekden ybaratdyr.

Oýlanyşykly sarp ediş — abadançylygyň güwäsi

Tomsuň yssy günlerinde sowadyjylaryň we howa sazlaýjy ulgamlaryň üznüksiz işledilmeginiň netijesinde elektrik energiýasynyň sarp edilişi ep-esli artýar. Ýöne şonda-da, ýönekeý kadalary ýerine ýetirmek bilen, köp möçberde energiýa tygşytlamak we daşky gurşawyň abadançylygyna goşant goşmak mümkin. Ekologiýa abadançylygy baradaky söhbetimiziň şu gezekkisini tomusda elektrik enjamlaryny we suw serişdelerini ýerlikli peýdalanmak bilen baglanyşdyrýarys. Sowadyjylaryň dogry peýdalanylyşy

Abadan hem bagtyýar durmuşyň kepili

Tebigatymyzyň gözelligini, daşky gurşawy gorap saklamak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Gurulýan desgalarda «ýaşyl» innowasion tehnologiýalary ulanmak, desgalaryň taslamalary işlenip taýýarlananda, olaryň ýanaşyk ýerlerinde bag nahallaryny oturtmak, seýilgähleri döretmek hökmany talap bolup durýar. Geçirilýän köpçülikleýin ekologik çäreler — bag ekmek daşky gurşawy we adamlaryň saglygyny goramaga, amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmäge uly goşantdyr. Tebigaty goramak babatdaky hukuk gatnaşyklary Türkmenistanyň Konstitusiýasy, bu barada kabul edilýän beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, şeýle hem ýer, suw, tokaý kodeksleri we ýerasty baýlyklar hakyndaky, atmosfera howasyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak hakyndaky kanunlar bilen düzgünleşdirilýär.

Tebigat — umumy öýümiz

Diýarymyzda tebigaty goramak, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Ýurdumyzyň gözel tebigatyny gorap saklamaga, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmaga, ylmy taýdan öwrenmäge giň mümkinçilikler açylýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli hem-de parasatly ekologiýa syýasaty dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak babatda halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzda giň gerimde alnyp barylýar. Türkmenistan döwletimiz parahatçylyga we adamzat ösüşine degişli bolan ekologiýa meselelerini çözmäge özüniň mynasyp goşandyny goşmak bilen, bu ugurda abraýly halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmegini dowam etdirýär. Şeýle tutumly işleriň çäklerinde ýer-suw baýlyklaryndan aýawly peýdalanmak, çölleşmäge garşy göreşmek ýaly asylly çäreleri mysal getirmek bolar. Ekologiýa bilen baglanyşykly bitirilýän beýik işleriň ählisi halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýär. Şeýle asylly işleriň amala aşyrylmagynda irginsiz tagallalary edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!

Bagy-bossan Diýarym

Häzirki wagtda batly depginlerde ösýän, täsin keşbe girýän gözel paýtagtymyz Aşgabat Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň ajaýyp eýýamyny we röwşen geljegini alamatlandyrýar. Ak şäherimiz ajaýyp binagärligiň, gözelligiň hem-de amatlylygyň täsin sazlaşygyny äleme äşgär edýär. Şunda tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Gözel paýtagtymyz Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen sanlyja ýyllaryň içinde gür baglyga bürendi. Ak mermerli Aşgabat seýilgählere, tokaý zolaklaryna örän baý şäher. Bu bolsa ýurdumyzyň baş şäheriniň ösüşiniň, galkynyşynyň esasy şerti bolup durýar hem-de jemgyýetiň ekologiýa medeniýetiniň ýokarlanmagyny, daşky gurşawyň goraglylygyny we adam ömrüniň uzalmagyny şertlendirýär. Ýaşyl zolaklar, seýilgähler, gülzarlyklar baş şäherimiziň we onuň ýaşaýjylarynyň açyk kalbyny, myhmansöýerligini beýan edýär. Şeýle işleriň netijesinde bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi hem ähli ildeşlerimizi guwandyrdy. Seýilgäh toplumlary, ýaşyl zolaklar we dürli öwüşginli gülzarlyklar her bir ynsanyň kalbyny joşdurýar. Munuň özi şäheriň tebigy aýratynlygy we bezeg görnüşleriniň özboluşlylygyny artdyrmak bilen bir hatarda, paýtagtym

Ekologiýa abadançylygy — ýaşaýşa gönezlik

Tebigatymyzyň gözelligini artdyrmak, onuň ajaýyplyklaryny geljekki nesillere ýetirmek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda orun alýar. Türkmenistan biologik dürlüligiň görnüşleriniň dörän merkezleriniň biri hasaplanýar. Ýiti kontinental, örän gurak klimatly howa şertleri, geografiki taýdan Ýewraziýa yklymynyň merkezi böleginde ýerleşmegi — bularyň hemmesi Türkmenistanyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň tebigy köpdürlüliginiň emele gelmegine öz täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň biodürlüligi 20 müňe golaý görnüşden ybarat bolup, olaryň 7 müňden gowragy ösümlikler, 13 müňe golaýy hem haýwanlardyr. Ösümlik dünýäsiniň 2 müňden hem gowrak görnüşi Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda dermanlyk ösümlikler hökmünde beýan edilýär. Bu düýpli neşir ýurdumyzyň gymmatly ösümlik dünýäsini öwrenmekde botanika, farmakologiýa ylymlarynyň ösmeginde bahasyna ýetip bolmajak goşant goşdy. Şunda Köpetdagyň ekoulgamynyň ähmiýeti diýseň uly bolup durýar. Bilşimiz ýaly, häzirki döwürde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek baradaky mesele ählumumy wajyp meseleleriň biri hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan toplumlaýyn we uzak möhletleýin ekologiýa syýasaty jemgyýetimiziň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen saz

Tebigaty goramagyň möhüm ugurlary

5-nji iýunda Türkmenistanyň Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň uly mejlisler zalynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda daşky gurşawy goramak boýunça gazanylan üstünlikler we bu ugurda halkara hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Forum her ýyl ýurdumyzda giňden bellenilip geçilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli guraldy.   Maslahata ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça düzümleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ylmy jemgyýetçiligiň, ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, abraýly sebit we halkara guramalaryň — BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň, Merkezi Aziýanyň Sebitleýin ekologiýa merkeziniň, Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri ýüzbe-ýüz görnüşde we sanly ulgam arkaly gatnaşdylar.