''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Işleriň depgini ýokarlanýar

Tejen etrabynyň oba zähmetkeşleri güýzlük däne ekişine göwnejaý taýýarlyk görýärler. Şu günler sürüm işlerini tekizlemek we geriş çekmek işleri bilen utgaşykly alyp barýan gallaçy daýhanlar wagtyň her bir pursatyndan netijeli peýdalanýarlar. Etrapda tohumlyk bugdaýyň taýýarlygy aýratyn üns merkezinde saklanýar. Ekiji tehnikalar we gurallar hem doly taýýarlyk ýagdaýyna getirilýär. Bu zatlar geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük däne ekişine guramaçylykly başlamaga we irki möhletde taýýarlamaga şert döreder. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Tejen etrap Geňeşi tarapyndan ekiş döwründe tapawutlanýan mehanizatorlary höweslendirmek göz öňüne tutulýar.

Bol hasyla garaşylýar

Lebaply ekerançylar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şaly ekilen 10 müň 200 gektar meýdandan 47 müň 400 tonna hasyl ýygnamagy maksat edinýärler. Etraplaryň ählisinde ekilen şalynyň aglabasy ýokary hasyl berijiligi bilen tapawutlanýan «Nukus-2» görnüşidir. Darganata etrabynyň daýhanlary hem her ýylda bu azyklyk ekiniň bol hasylyny ýygnap, ýokary netijeleri gazanýarlar. Şu günlerde etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň kärendeçileri şaly ekinine göwnejaý ideg edýärler. Etrap boýunça şalynyň tutýan meýdany 75 gektar bolsa, şonuň 38 gektary şu daýhan birleşigine degişli bolup durýar. Geçen ýyllarda etrabyň ekerançylary şalydan bol hasyl ýetişdirmegiň inçe syrlaryny birkemsiz özleşdirdiler. Hormatly Prezidentimiziň şaly ýaly bereketli ekini ösdürip ýetişdirmekleri üçin giň mümkinçilikleri we ýeňillikleri döredip bermegi olary ruhubelent zähmet çekmäge höweslendirýär. Şaly hasylynyň döwlet satyn alyş bahasy hem ýokarlandyryldy. Bu bolsa daýhanlaryň şalydan bol hasyl ýygnamak baradaky höweslerine hem höwes goşdy.

Yhlaslary ýerine düşýär

Gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmekde Kerki etrabynyň «Azatlyk» daýhan birleşiginiň 5-nji kärendeçiler toparynyň babadaýhanlary has yhlaslylyk görkezýärler. Bu topara indi on bäş ýyldan bäri tejribeli ekerançy Atamyrat Atanyýazow ýolbaşçylyk edýär. Ol işiň abyny-tabyny bilýän başarjaň guramaçy. Onuň söýgüli kesbi daýhançylyk. Ol toparyň her bir agzasyna, her bir atyzyna bäş barmagy ýaly belet. Atamyrat haýsy kärendeçi bilen nähili işleşmelidigini, haýsy atyza nähili garaşyk etmelidigini gowy bilýär. Şeýle bolansoň, bu ýerde işler barha ilerleýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem topar boýunça 100 gektar meýdana gowaça ekildi. Şu wagta çenli gowaçalaryň hatar aralary 12 gezek bejerilip, 3 gezek dökün berildi we 3 gezek suwaryldy. Gowaçalaryň ujuny çyrpmak işi hem ilkinjileriň hatarynda ýerine ýetirildi. Şu günler idegi kemsiz ýetirilýän gowaçalar köpçülikleýin hasyla durdular. Ynha, biz 4,5 gektarlyk atyzyň gowaçalaryny synlaýarys. Kemsiz boý alyp, ymykly hasyla duran gowaçalary synladygyňça, gözüň dokunyp, guwanjyň artýar.Ýetişip gelýän bu berekediň aňyrsynda, gör, näçe daýhan zähmetiniň durandygyna sözsüz düşünip bolýar. Onýança ýoldaşymyz, kärendeçiler toparynyň ýolbaşçysy Atamyrat Atanyýazow içki begenjini daşyna çykardy:

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Keremli topragyň eýesi 2020-nji ýylda Nazargeldi Akylyýew diňe Çäçdepe obasynda däl, Murgap etrabynda ilkinjileriň biri bolup, 59 gektar ekin ýeri 99 ýyllyk mülk edinip aldy. Uly ynam, aýdyň maksat, käre bolan söýgi telekeçä ýeňiş getirdi. Her ýyl ak ekiniň, “ak altynyň” bol hasyly alnyp, telekeçi Nazargeldi Akylyýew şertnamalaýyn borçnama abraý bilen hötde geldi. 2021-nji ýylda Nazargeldiniň oba hojalygynda gazanan ýokary görkezijilerine seredilip, Gahryman Arkadagymyzyň adyndan JOHN-Deere kysymly kuwwatly traktor sowgat berildi. Bu kuwwatly traktory Nazargeldiniň ogly Aman bökdençsiz işledýär.

Gant şugundyry — düşewüntli ekin

Şu günler tomus paslynyň dowam edýän günlerinde kärendeçi daýhanlar ekerançylyk meýdanlarynda ekinden bereketli hasyl almak maksady bilen tutanýerli zähmet çekýärler. Pagtaçylar gowaçanyň idegini ýetirseler, gallaçy kärendeçiler ýerleri ekişe taýýarlamak bilen meşgullanýarlar. Bir ýerden iki hasyl almagy maksat edinýän kärendeçiler bolsa aralyk ekinleriň idegini ýetirmek bilen aladalanýarlar. Sakarçäge etrabynyň “Birleşik” daýhan birleşiginiň agzybir kärendeçileri hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygynyň bellenilýän ýylyny zähmet üstünliklerine beslemek maksady bilen gujur-gaýratly işleýärler. Daýhan birleşiginde her bir ekinden gowy netijeleri gazanyp, öňdebaryjylygy eýeleýän kärendeçileriň birnäçesi bar. Olaryň biri hem tejribeli kärendeçileriň hatarynda tanalýan Nurmuhammet Agaýewdir. Bu kärendeçi diňe bir ýokary zähmet görkezijileri bilen däl, eýsem, ekinlere edýän idegi, kärende ýeriniň arassalygy bilen hem tapawutlanýar. N. Agaýew eýelik edýän 8 gektar kärende ýerinden üstümizdäki ýylda bugdaýdan bereketli hasyl alyp, Watan harmanyna tabşyrdy. Galladan boşan meýdana aralyk ekin bolan gant şugundyryny ekip, talabalaýyk idegini alyp barýar. Yhlasly zähmetini, maňlaý derini topraga siňdirip, täze hasylyň aladasy bilen meşgullanýar. Häzirki günlerde idegi ýetirilýän ekinler gününi sanap ösýärler. Bu hasyly ýetişdirmekde kärendeçilere daýhan birleşigi, «Maryşeker» kärhana

Tehnikalar gözden geçirilýär

Mary welaýatynyň hasyl ussatlary gowaçalara ideg etmegi agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda dowam etdirýärler. Olar daýhançylykda toplan baý tejribelerini ylymda gazanylan üstünlikler bilen utgaşdyryp alyp barýarlar. Bu bolsa ekinleriň berekediniň artmagyna getirýär. Welaýatyň ýer eýeleri ekinlere ideg etmek bilen bir hatarda, ýetip gelýän jogapkärli möwsüme — pagta ýygymyna hem ykjam taýýarlanýarlar. Olar daýhanyň daýanjy bolan «meýdan gämilerine» uly bil baglaýarlar. Şonuň üçin pagta ýygýan kombaýnlary, olary arassalamakda, ýuwmakda ulanylýan «OWH-4» ýuwujy tehnikalary we gaýry serişdeleri birkemsiz gözden geçirýärler. Tehnikalary pagta ýygym möwsümine taýýarlamakda welaýatyň Baýramaly, Türkmengala, Ýolöten etraplarynda netijeli işler alnyp barylýar.

Hazar deňzinde seýrek duş gelýän lososa gabat gelindi

Gazagystan Respublikasynyň Ylmy-önümçilik merkeziniň balykçylyk hojalygy tarapyndan alnyp barlan gözlegleriň dowamynda Hazar deňzinde seýrek duş gelýän losos (Salmo caspius) balygyna duş gelindi. Merkeziň habaryna görä, balyk Kenderli aýlagynda tutulypdyr. Onuň uzynlygy 47 sm, agramy 1,3 kg deňdir.

Türkmenistanyň wekiliýeti «Food AG 2024» halkara sergisine gatnaşdy

9 — 11-nji awgust aralygynda Pakistanyň Karaçi şäherinde azyk we oba hojalygy boýunça «Food AG 2024» atly ikinji halkara sergi geçirildi. Söwdanyň ösüşi guramasy (TDAP) tarapyndan guralan bu çäre Karaçi sergi merkezinde ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň telekiçilerini öz içine alýan wekiliýet ady agzalan halkara foruma tejribe toplamak, azyk hem oba hojalygyndaky häzirki zaman tendensiýalary bilen tanyşmak üçin gatnaşdy. «Food AG 2024» sergi «Durnukly geljegi döretmek» mowzugynda geçirilip, onuň maksady geljege umumy garaýyş döretmek üçin halkara hem ýerli jemgyýetleri birleşdirmäge gönükdirilendir. Dürli ýurtlaryň wekillerini bir ýere jemlän «Food AG 2024» halkara sergi döwletara gatnaşyklary berkitmäge kömek edip, oba hojalyk we azyk senagaty pudaklarynda hyzmatdaşlygyň aýdyň geljegini açýar. Bu halkara çärä türkmen wekiliýetiniň synçy hökmünde gatnaşýandygy ýurduň oba hojalyk we azyk senagaty pudaklarynda öňdebaryjy tejribäni hem-de tehnologiýalary öwrenmäge gyzyklanma bildirýändigini görkezýär. Bu Türkmenistanyň agrosenagat toplumynyň mundan beýläk-de ösmegine we bu ugurda innowasiýa çemeleşmeleriniň girizilmegine goşant bolup biler.

Daý­ha­nyň he­re­ke­di – saçaklaryň be­re­ke­di

Agajyň miwesinden belli bolşy ýaly, ynsan hem öz zähmeti bilen abraý gazanýar. Ata-babalarymyzyň «Adam eli — gyzyl gül» diýmegi hem ýöne ýerden däl. Çünki yhlas bilen çekilen zähmet öz miwesini berýär, yhlasly zähmet siňen işde kem-köst bolmaýar. Muňa oba zähmetkeşleri aňryýany bilen düşünip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň oba hojalygyny ösdürmek üçin berýän hemaýat-goldawyndan peýdalanyp zähmet çekýärler. Döredijilikli döwlet syýasaty ajaýyp zamananyň binýadyny goýdy. Onda pederlerimiziň wesýetleri, halkymyzyň milli däpleri häzirki zamanyň ruhy bilen sazlaşykly utgaşýar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän düýpli özgertmeler bugdaý ösdürip ýetişdirmekden başlap, ony gaýtadan işlemäge çenli ýurdumyzyň gallaçylarynyň ähli iş ugurlaryna öz oňyn täsirini ýetirýär. Döwlet Baştutanymyz 2024-nji ýylyň 9-njy fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini üýtgedip guramak hakynda» Permana gol çekdi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginden bölünip aýrylmagy arkaly «Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Azyk senagaty döwlet birleşigi, Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşigi, «Türkmenpagta» döwlet konserni hem-de «Türkmenobahyzmat» döwlet birleşigi döredildi. Durmuşa geçiri

Halal hazynanyň başynda

Häzirki wagtda welaýatymyzyň haýsy künjegine barsaň hem, bag-bakjaly meýdanlar, gözel mesgenler ünsüňi çekýär. Ýöne has köp, biri-birine utgaşyp gidýän bagly ýerler hem bar. Şabat etrabynyň Sadylla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň çäkleriniň bu babatda aýratyn göze ýakymlydygyny olara nazar aýlan adamlar bilýändirler. Elbetde, bu hojalykda bagbanlaryň çekýän yhlasly zähmeti bilen baglanyşyklydyr.

Bereketli toprak eşret getirýär

Ýurt Garaşsyzlygymyzyň geçen ýyllarynda Milli Liderimiziň we Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwletimiziň ösüşlerini berkidip, oýlanyşykly işlenilip düzülen, giň möçberli milli maksatnamalar esasynda ýene-de öňe barýarys. Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş derejesini düýpli gowulandyrmak üçin bar bolan ähli önümçilik, maliýe we zähmet serişdeleri herekete girizilýär. Sebitleri ösdürmek boýunça düýpli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Geçen ýyllarda gazanylanlara ser salyp, döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda uly ösüş ýoluny geçendigi barada buýsanç bilen oýlanýarys. Milli Liderimiziň oba hojalyk önümçiliginiň kuwwatyny artdyrmak, ýeriň hasyl berijilik derejesini ýokarlandyrmak boýunça başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda yzygiderli dowam etdirilmegi pudagyň ösüşlerini ýene-de güýçlendirýär. Munuň şeýledigine biziň welaýatymyzyň mysalynda göz ýetirse bolýar. Şu ýyl welaýatymyzyň gallaçylary Watan harmanyna 310 müň tonnadan gowrak bugdaý hasylyny tabşyrdylar. Ilatyň galla bolan isleginiň üpjün edilmegi azyk garaşsyzlygynyň esasy görkezijisi bolup durýar. Häzirki wagtda oba hojalyk toplumy tarapyndan galla bolan içerki isleg doly kanagatlandyrylýar. Gallanyň ätiýaçlyk gory hem döredildi. Döwletimiz tarapyndan daýhanyň bol önüm öndürmegi üçin edilýän aladalar olaryň zähmet girdejileriniň artmagyna, şonlukda ýaşaýyş-durmuş şe

Ene topraga baglanan ykballar

Biz Dostluk galla önümleri kärhanasynyň baş buhgalteri Abdymyrat Atamuradow bilen wagtal-wagtal habarlaşyp durýarys. Şonda ol her gezek bizi kärhananyň önümçilik görkezijileri, sebitiň gallaçylarynyň gazanýan netijeleri, unuň we çörek hem-de çörek önümleriniň öndürilişi hakyndaky maglumatlar bilen höwesli tanyşdyrýar. Bu sapar bolsa ondan geçen orakda iň ýokary netije gazanan ýer eýeleri hakynda maglumat bermegi haýyş etdik. Şonda ol Köýtendag etrabynyň Ýalkym geňeşliginden Mekan Bazarowyň adyny ilkinji bolup agzady. Munuň özi ýöne ýerden däl ekeni. Ol geçen güýzde 150 gektar meýdana ekilen ak ekinden şu ýylyň oragynda jemi 504,7 tonna galla alyp, her gektaryň hasyllylygyny 33,6 sentnere ýetirmegiň hötdesinden gelipdir. Bu bolsa meýilnamanyň iki esseden hem gowrak berjaý edilendiginden habar berýär. Şu ýerde ýene bir zady bellemek ýerlikli bolar. Gazetimiziň okyjylary her gektardan has ýokary hasyl alýan gallaçylaryň bardygyndan hem habarlydyrlar. Bu ýerde gürrüň ozaldan ekin ekilip gelinýän däl-de, täze özleşdirilen ýerden şonça hasylyň alnandygy hakynda barýar. Diýmek, janypkeş daýhan ene topraga yhlas bilen ideg etmegiň, ekerançylygyň medeniýetini düýpli ýokarlandyrmagyň hasabyna abadan we bolelin ýaşaýşyň berk binýadyny emele getirýän guşgursak bugdaýyň bereketli hasylyny almagy başarypdyr. Geliň, nygmat bolçulygynyň döredilmegine saldamly goşant goşup, ene ý

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Ideg gyzgalaňly barýar Welaýatymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Ýolöten etrabynyň kärende ýerlerinde hem gowaça ideg etmek işi gyzgalaňly dowam etdirilýär. Etrabyň pagtaçy kärendeçileri gowaçadan bol hasyl almak maksady bilen her bir agrotehniki çäräni öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Etrapda her bir ekinden bereketli hasyl almak bilen tapawutlanýan öňdebaryjy kärendeçileriň birnäçesi bar. Şeýle kärendeçileriň biri hem etrabyň “Täze durmuş” daýhan birleşiginden Juma Nurmämmedowdyr.

Düzlükler gülzara öwrülýär

Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň «Garagumderýagurluşyk» önümçilik birleşiginiň «Garagumsakagurluşyk» önümçilik dolanyşygyna 2018-nji ýylyň dowamynda «Erdem» hojalyk jemgyýetiniň kömegi bilen Niderlandlaryň önümi bolan «Beaver» kysymly läbik sorujylaryň 29-sy satyn alyndy. Netijede, indi bu dolanyşygyň eýelik edýän çägi bolan Garagum derýasynyň 210-njy kilometrine çenli onuň hanasynda işleýän läbik sorujylaryň sany 40-dan hem geçdi. Olar her sagatda 2 müň kub metr gyrmançany derýanyň hanasyndan daşary çykaryp bilýär. Munuň özi öňki işledilýän läbik sorujylara garanyňda, öndürijiligi örän ýokary bolup, iş meýilnamalarynyň wagtyndan öň berjaý edilmegine doly şert döredýär. Paýzylla Öwezmyradow, Mürzebeg Jumaýew, Baýram Musaýew, Begençmyrat Amanow ýaly öz işine ussat, halypa mehanizatorlar läbik sorujylaryň bökdençsiz işlemegini üpjün edýärler. Olaryň her bir läbik sorujydaky topary 11 adamdan ybarat bolup, her biriniň öz ýerine ýetirýän işi bar. Ýöne şonda-da olar biri beýlekisini goldamak bilen özara arkalaşyp durýarlar. Ylym, öňdebaryjy tejribe bolsa mydama ösüşde, täze-täze tehnikalar we iş usullary peýda bolýar. Olardan baş çykarmak üçin mydama kämilleşip durmaly. Ýaňy-ýakynda hem bu dolanyşygyň işgärleriniň birnäçesi Aşgabat şäherinde kämilleşdiriş okuwynda bolup geldiler. Şondan soň bolsa bu ýere läbik sorujylaryň ýene-de has kämil täze

Täze hasylyň aladalary

Hasyllylyk ugrundaky tagallalar Kaka etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri 2 müň 150 gektar ekerançylyk meýdanlarynda gowaçanyň «Jeýhun» orta süýümli görnüşini ýetişdirýärler. Olar şu günler ekiniň ideg işlerine jogapkärli çemeleşýärler.

Işine ussat kärendeçi

Türkmeniň gaýratly ogul-gyzlary kän. Olar göwün beren işine gül bitirýän ökdelerden. Elleri ezber, bilekleri güýçli, zehini daş ýarýan, maksatlary belent, niýetleri pamyk deýin ak diýilýän ynsanlar olar. Kärendeçi zenan Annajeren Ýazberdiýewany hem, turuwbaşdan, şolaryň biri hökmünde tanapdym. Ikimizem Ahal ýaýlasynda toýlanan ajaýyp baýramlaryň biriniň myhmany bolupdyk. Onuň bilen tanşyp, aýak üstünde söhbetdeş bolanymdan bäri Annajereniň yhlasy, mähri siňen kärende ýerini synlamagyň höwesindedim. Şol göwün arzuwymyň nesibeli güni düýn-öňňine ýazylan eken... Ak bugdaý etrabynyň «Ýaşyldepe» Geňeşliginde oba hojalygynyň ekerançylyk, maldarçylyk pudaklary boýunça ýylyň-ýylyna guwandyryjy netijeleri gazanylýar. Elbetde, bu geňeşlikde halk hojalygynyň beýleki ugurlary boýunça-da ýola goýlan işler az däl.

«Bizde muňa daýhan tomsy diýerler»

«Bazarda bal akýar» diýen aýtgy howaýy mahabat däl. Ol ak bazarlarymyzyň haryt bolçulygyna oňyn baha berlip, hak aýdylan aýtgy. «Halk aýtsa, galp aýtmaz» diýleni. Bu durmuş hakykatyna göz ýetirmek üçin bazarlara, söwda merkezlerine baryp göräýmeli. Hemişe bolşy ýaly, şu günler olaryň tekjelerindäki harytlary, şol sanda ysy burk urýan dürli görnüşli gawun-garpyzlary, miweleri, dürli ir-iýmişleri, bakja önümlerini görseň, gözüň dokunýar, synlasaň, synyň oturýar. Münder-münder gawun-garpyzlaryň, şetdalylaryň, almalaryň, erikleriň, üljeleriň, garalydyr saralylaryň deňinden biparh geçip bolanok. Iň bolmanda, olaryň bahasy bilen gyzyklananyňy duýman galýarsyň. Nyrhlary bolsa elýeterli.

Önümleriň bolçulygy döredilýär

Balkan welaýatynyň zähmetkeş daýhanlary ýurdumyzda gök-bakja önümleriniň bolçulygyny döretmek we ilatyň azyk önümleri bilen üpjünçiligini ýokarlandyrmak üçin netijeli işleri alyp barýarlar. Olar ýurdumyzda oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny berkitmäge öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Welaýatyň Bereket, Gyzylarbat etraplarynyň daýhan birleşikleriniň Garagum derýasynyň boýundaky mes toprakly meýdanlarda ösdürilip ýetişdirilýän gök-bakja önümleri diňe bir welaýatyň çäklerinde däl, eýsem, ýurdumyzyň beýleki welaýatlarynyň, paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň bazarlarynda hem ilatymyza elýeterli bahalardan hödürlenilýär.

Taýýarlyklar ýaýbaňlanýar

Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň iri gallaçylyk hojalyklarynyň biri bolan «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde güýzlük bugdaýyň ekiş möwsümine taýýarlyk işleri barha giň gerim alýar. Daýhan birleşigiň gallaçy kärendeçileri bu ýyl 1 müň 200 gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekmegi göz öňünde tutýarlar. Hojalykda täze ýylyň bugdaý hasyly üçin ekişe taýýarlyk işine, hasyl ýygnalandan soň, bada-bat girişdiler. Samandan arassalanan ýerlerde şüdügär sürümi, ýeňil tekizlemek, çil çekmek işleri barha gyzyşýar. Bu işlerde daýhan birleşigi boýunça tehnikalaryň 6-sy netijeli işledilýär. Gallaçy kärendeçileriň samandan arassalanan ýerlerinde Täşli Baýlyýew, Meretdurdy Amannazarow, Magsat Mamyşow, Rejepdurdy Agamedow ýaly mehanizatorlar önjeýli zähmet çekýärler. Olar tekizlemek, çil çekmek işiniň bol hasylyň girewidigine düşünmek bilen, ýerine ýetirýän işlerine aýratyn jogapkärçilikli çemeleşýärler. Daýhan birleşiginde güýzlük bugdaýyň ekiljek ýerlerine tagt suwuny tutmak, ekiş geçirmek işleriniň wagtynda we oňat hilli geçirilmegini üpjün etmekde taýýarlyklaryň depginini gowşatmaýarlar. Bu işleriň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk geçirilmegine hünärmenler tarapyndan yzygiderli gözegçilik edilýär.

Işiň depgini hem-de hili ýokary

Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynyň däneçilik babatda zähmet üstünliklerine beslenmegine mynasyp goşant goşan Mary welaýatynyň zähmetsöýer gallaçy daýhanlary geljek ýylda alynjak gallanyň güýzki ekişine ekin meýdanlaryny taýýarlamak işine-de berilýän ünsi günsaýyn güýçlendirýärler. Bu babatda Baýramaly etrabynda ýola goýlan işler hem ýörite bellärliklidir. Bu ýerde häzir güýzki däne ekişi geçiriljek meýdanlary şüdügärlemek işi depginli dowam etdirilýär. Etrap boýunça 2025-nji ýylyň hasyly üçin ekiljek 18 müň 100 gektar ýeri şüdügärlemek meýilleşdirilýär. Bu möhüm agrotehniki çäräniň aýny wagtynda amala aşyrylmagy üçin bolsa gursagy hyjuwdan doly, işeňňir hem tejribeli mehanizatorlara ynanylan tehnikalaryň 20-si bökdençsiz işledilýär. Işiň diňe depginine däl, eýsem, hiline-de uly üns berýän mehanizatorlardan düzülen toparlaryň arasyndaky özara bäsleşik günsaýyn giň gerime eýe bolýar.