''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Mugallymyň bagy

Halkymyzyň arasynda bagbançylyk bilen meşgullanýan adamlara hemişe hormat-sarpa goýulýar. Zähmetsöýer bagbanlarymyzyň alyn derini ene topragymyza siňdirip ýetişdiren ir-iýmişleridir miweleriniň hasabyna bazar bolçulygy, saçaklarymyzyň berekedi artýar. Bu gün bag ekmek ýaly sogaply işe dürli kärde zähmet çekýän ynsanlar hem baş goşýarlar. Olaryň çekýän gaýratly zähmeti netijesinde, ene topragymyzda bişip ýetişýän miweleriň görnüşleri-de, mukdary-da ýylsaýyn artýar. Şeýle asylly işe baş goşanlaryň biri-de Baýramdurdy Atabaýewdir. Ol käri boýunça mugallym. Baýramdurdy mugallym birnäçe ýyl mundan öň ýanýoldaşy, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «8-nji mart» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gülşat Annamädowanyň kärende ýeriniň bir bölegini bagçylyga öwürmegi ýüregine düwdi. Mugallymyň bu pikirini daýhan birleşiginiň ýolbaşçylary, oba adamlary goldadylar. Zähmetsöýer mugallym tiz wagtda ýeri bag nahallaryny ekmäge taýýarlady, erik, şetdaly, garaly, ülje, beýi, alma, armyt nahallarynyň hersinden onlarça düýbüni göni hatarlar boýunça belli çäk aralygynda oturtdy, wagt tapdygy, yhlas bilen olaryň idegini ýetirdi.

Kuwwatly tehnikalar güýçli gollarda

Ene topragy işläp bejerýän adamlaryň baş maksady oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak bolup durýar. Munuň üçin bolsa ekerançylyk meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak ýaly ýeňil bolmadyk meseläni üstünlikli çözmeli bolýar. Belent maksatlara ynamly ýetmek üçin berk esaslaryň bardygyny-da bellemek ýakymlydyr. Indi ýer eýeleri daýhançylygyň her bir işinde kuwwatly oba hojalyk tehnikalarynyň güýjüne, olaryň giň mümkinçiliklerine daýanýarlar. Ýetip gelýän güýzlük bugdaý ekişinde hem tehnikalar esasy güýç bolup durýar. Häzirki günlerde ýerlerde olary möwsüme taýýarlamak işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam edýär. Hormatly Prezidentimiziň pudagyň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmak boýunça edýän taýsyz tagallalarynyň netijesinde daýhanlara kämil tehnikalar barha elýeterli bolýar. Munuň şeýledigine biziň welaýatymyzyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Kuwwatly tehnikalaryň uly toplumy «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki önümçilik kärhanalarynda jemlenendir. Olarda gün-günden golaýlaşyp gelýän bugdaý ekişinde işlediljek tehnikalary, iş gurallaryny abatlamakda we taýýarlyk nyzamyna goýmakda ýokary guramaçylyk görkezilýär. Abatlaýjy ussalar özlerine degişli işleri ýokary hilli ýerine ýetirmäge çalyşýarlar. Şeýle çemeleşme bolsa bugdaý ekişi ýaly jogapkärli möwsümde tehnikalaryň bökdençsiz işledilmegine uly ýardam berer.

Ikinji ekin — bolçulyk çeşmesi

Welaýatymyzyň ussat daýhanlary yhlasly zähmet çekip, ýylda toprakdan iki hasyl almakda görelde alarlyk işleri bitirýärler. Munuň üçin olar bugdaýdan boşan ýerlere aralyk ekinleri ekip, olardan bol önüm alýarlar we ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge saldamly goşant goşýarlar. Şu ýyl hem olar beýleki önümler bilen bir hatarda ýurdumyzyň ilaty üçin şalyny köp öndürmegi maksat edinýärler. Bereket tohumy taşlanan meýdanlarda bu dänelik ekiniň bol hasyly ýetişdirilýär. Häzirki günlerde tejribeli ýer eýeleri bu ekine yhlas bilen ideg edýärler. Saýat etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň 3-nji kärendeçiler toparynyň agzasy Ogulbaýram Allaberdiýewa hem şolaryň biri. Daýhan zenan geçen orakda özüne berkidilen üç gektar meýdandan 15 tonna 440 kilogram guşgursak bugdaýy Watan ammaryna tabşyrypdyr. Munuň özi daýhan birleşigi bilen baglaşylan şertnamalaýyn borçnamada bellenilenden 6 tonna 140 kilogram köpdür. Şonda her gektardan alnan hasyl 51,5 sentnere golaýlapdyr. Ýer eýesi orak tamamlanan dessine 2,3 gektar meýdany şaly ekmäge taýýarlapdyr, ekişi aýny wagtynda geçirip, endigan gögeriş gazanypdyr. Onuň gök öwsüp, gün-günden boý alnan ekinlerini synlanyňda, olara yhlas bilen garaşyk edilýändigine aýdyň göz ýetirip bolýar. Ogulbaýram daýhan birleşigi bilen şalynyň her gektaryndan 46 sentnerden geçirip hasyl tabşyrmak barada şertnama baglaşypdyr. Ol şertnamalaýyn borçnamasyny a

Solmazyň bereketli meýdany

Halaç etrabynyň «Çohpetde» daýhan birleşiginiň hasyl ussatlary bugdaýdyr gowaça, gökdür bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde, olardan ýokary hasyl almakda ýylyň-ýylyna üstünlik gazanýarlar. Hojalykda ene toprakdan bol hasyl alýan öňdebaryjy toparlaryň birnäçesi bar. Sylap Allanazarowyň ýolbaşçylyk edýän 6-njy kärendeçiler toparynyň edermen gallaçylary hem şolaryň hatarynda. Olar geçen orak möwsüminde hem bugdaý ekilen 24 gektar meýdanyň her gektaryndan meýilnamada görkezilen 30,7 sentnere derek 40 sentnerden gowrak hasyl ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmagy başardylar. Öňdebaryjy toparyň agzalary şu güýzde 48 gektar meýdana bugdaý ekmegi göz öňünde tutýarlar, her gektaryň hasyllylygyny bolsa 50 sentnere ýetirmegi maksat edinýärler. Häzirki günlerde bugdaý ekiljek meýdanlar ekişe taýýarlanylýar, ýerler dokünler bilen gurplandyrylýar. Olar şüdügär sürümini iň soňky gektarlarda alyp barýarlar. Bu işlerde mehanizatorlar Astan Aganyýazow, Ýagşymyrat Hudaýnazarow, Agamyrat Hudaýnazarow yhlaslylyk görkezýärler. Toparyň ussat kärendeçileriniň biri-de Solmaz Muhyýewadyr. Solmaz her ýyl bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň galla oragyny hem üstünlikli jemlemegi başardy. Ol şertnamalaýyn borçnamada görkezilen 28 sentnere derek gektaryň hasyllylygyny 60 sentnerden geçirip, galla almagyň hötdesinden geldi. Biz toparyň «Çapalak atyz» diýlip atlandyrylýan meydanyna gel

Oba hojalyk pudagyny dolandyrmagy kämilleşdirmek

Her bir pudagyň ösüşi — bu milli ykdysadyýetimiziň geriminiň giňelmeginiň kepilidir. Azyk önümleriniň bolçulygy, şeýle-de öndürilýän önümleriň ýaramlylyk möhleti, olaryň içerki we daşarky bazarlardaky müşderileriň islegini doly kanagatlandyrmagy — bularyň ählisi oba hojalyk pudagynyň görnetin ösýändiginiň güwäsidir. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek boýunça ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda oba hojalyk ekinleriniň seçgiçilik we tohumçylyk işini dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Ylmy-barlag däneçilik, Ylmy-barlag ekerançylyk, Ylmy-barlag pagtaçylyk institutlarynyň, oba hojalyk ekinleriniň tohumçylyk merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda bu ylmy-barlag institutlarynda gowaçanyň, bugdaýyň, gök-bakja ekinleriniň Diýarymyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirilýär. Şeýle-de Döwlet ýer kadastryny ýöretmek boýunça işleriň çäklerinde zerur bolan tehnikalar, enjamlar bilen üpjün etmek babatda zerur bolan tagallalar ýerine ýetirilýär.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Daýhan yhlasy — bereketli hasyl Toprak — ekleýjimiz. “Ýykylsaň ýere ýapyş” diýlip ýöne ýere aýdylmaýar. Muňa oňat düşünýän oba zähmetkeşleri onuň her daban ýerini ýerlikli peýdalanmaga çalyşýarlar. Daýhanyň maňlaý deri siňen ene toprak atylan her bir dänäni müň edip yzyna gaýtarýar.

Möhüm möwsüme taýýarlyk

Daşoguz welaýatynyň pagtaçy daýhanlarynyň tutanýerli zähmeti bilen, şanly ýylymyzda ak bagta deňelýän «ak altynyň» bereketli hasyly ýetişdirilýär. Daýhan üçin gyzgalaňly döwür bolan häzirki günlerde gowaça meýdanlary joşgunly zähmete beslenýär. Möhüm möwsüme taýýarlygyň çäginde oba hojalyk düzümleriniň sazlaşykly hereketi ýola goýuldy. Şu günler welaýatyň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynda ýygym möwsüminde işlediljek kombaýnlaryň, dürli kysymly tehnikalaryň, traktorlaryň tirkegleriniň tehniki ýagdaýy gözden geçirilýär, düýpli abatlanyp, taýýarlyk hatarynda goýulýar. Sebitiň pagta arassalaýjy kärhanalarynda, harmanhanalarda täze hasyly bökdençsiz kabul etmek, aýawly saklamak boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda welaýat boýunça 140 müň gektar meýdanda bol hasyl ýetişdirildi. Patrak ýaly açylan gozalar ýygym möwsüminiň barşynda taýýarlanylmagy göz öňünde tutulan 275 müň tonnalyk sepgide ýetiljekdigine uly ynam döredýär. Welaýatyň pagta arassalaýjy kärhanalarynyň 10-synda, harmanhanalaryň 47-sinde ýygnalan hasyl gije-gündizleýin bökdençsiz kabul ediler.

Bu toprakda mekan tutan del ekin

Mundan ýarym asyr ozal, talyp döwrümde «kabaçok ikrasy» atly çüýşe gaba gaplanan, özem biraz goňras-gyrmyzy reňkli arzandan hümmetli tagamy witamin zerurlygy bilen ilkinji gezek iýip görüpdim. Görüp otursak, bu goýultmanyň düzüminde üwelen kabaçok bilen käşirdir sogan we pomidor üwmeji bar ekeni. Bizde ösdürip-ýetişdirip boljak ösümligiň beýleki goşundylarynyň ählisi bilen şol döwrüň ýerli azyk senagatynyň hem öndürip biljek harydy heniz nätanyşdy, çünki bu-da ozalky soýuzyň gaýry ýerlerinden getirilýärdi. Hawa, şol mahalky ýörelge-düzgünleriň bazar ykdysadyýetinden alys-daşdalygy sebäpli, ýurduň haryt üpjünçiliginiňem häzirki dürli-dümenlik bilen asla deňeşdirip bolmajak ebla ýagdaýdadygyny gören nesil bolan biz — ýaşy ulular üçin bu köpdürli eşretli ýaşaýşyň gadyr-gymmaty aýry. Dünýäniň alys künjündäki islendik harydy öz bazaryňda görmek, ylaýta-da, şolaryň aglabasynyň öz ýurduňda-da öndürilýändigi ozal hyýalyňa-da gelmedik hakykat. Özem şolaryň galabasy — hemmä elýeterli bahaly. Muňa köp mysallardan biri — ýene kabaçok. Tagamy badamjanyňka çalym edýän bu önümiň bahasy hem edil badamjanyňky ýaly. Munuň sebäbi, onuň ýurdumyzda geregiçe öndürilýändiginden. Üstesine, munuň şindi hem müşderisi bol däl. Onsoň bu bişirip-düşürmesi hem iňňän ýeňil-aňsat önümiň, iň bolmanda, käbir jähetlerini öwrenmegi müwessa bildim. Internet maglumatlarynyň birinde asly Demirgazyk Me

Mäşiň bereketli hasyly kemala gelýär

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ilatynyň gündelik isleg bildirýän ter gök-bakja, miwe we beýleki oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça oba hojalyk işgärleriniň öňünde möhüm wezipeleri goýýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu babatda beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek boýunça Köneürgenç etrabynda hem giň gerimli işler alnyp barylýar. Munuň aýdyň mysaly hökmünde etrabyň Akgala daýhan birleşiginiň çäginde mülkdar Gurbanmyrat Ýazmyradowyň alyp barýan işlerini bellemek bolar. Gurbanmyrat aga özüniň 3 gektar ýerinde her ýyl däneli ekinleriň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirip, bol hasyl almagyň hötdesinden gelýär. Öňki ýyl ol künji eken bolsa, geçen ýyl mekgejöwen ekip, bol hasyl almagy başardy. Ol Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda özüniň mülk ýerinde mäşiň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirýär. Her ýyl dürli ekinleriň ekilmegi ýerleriň hasyllylygyny artdyrmakda oňyn netije berýär. Şonuň üçin mülkdar bu işi ünsden düşürmeýär. Şu ýyl hem ol mäşiň ekişini öz wagtynda geçirip, otamak, ýekelemek, zyýankeşlerden goramak, goşmaça mineral dökünler bilen iýmitlendirmek ýaly ähli agrotehniki işleri öz wagtynda ýokary hilli geçirdi. Bu bolsa bol hasylyň kemala gelmegine şert döretdi. Mäş ekilen meýdanlar mülkdaryň çeken zähmetiniň ýerine düşjekdiginden habar berýär. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň or

Ussat kärendeçi zenan

Ekini ösdürip ýetişdirmek üçin yhlasly zähmetiň gerek bolşy ýaly, birkemsiz ýetişen hasyly yrýa etmän, ýygnap almaga hem başarnyk, guramaçylyk gerek. Halkymyzda ene topraga ak bugdaýyň tohumyny ekmek, ondan bol hasyl almak, saçaga bereket goşmak sogap iş hasaplanýar. Ynha, gadymy Lebap topragynyň gallaçy daýhanlarynyň hem döwlet öňündäki şertnamalaýyn borçnamany abraý bilen ýerine ýetirmekde gazanan üstünlikleri olaryň hormatly Prezidentimiziň oba zähmetkeşleri üçin döredip berýän mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanyp çeken zähmetleriniň datly miwesi, bereketli topraga siňdiren yhlaslarynyň ajaýyp görkezijisi boldy. Şeýle göreldeli daýhanlaryň biri hem Çärjew etrabynyň «Lebap» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Aýgül Jumaýewadyr. Halal zähmeti bilen hemmelere görelde bolýan Aýgül gelneje özüne degişli 2 gektar kärende ýerinden ýylyň-ýylyna bugdaýyň bol hasylyny alyp, döwlet harmanyna özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Şu ýyl hem zähmetkeş zenan her gektardan 5 müň 200 tonna, jemi bolsa 10 müň 400 tonna bugdaý hasylyny döwlet harmanyna tabşyryp, özüniň öňde goýan maksadyna ýetdi, abraý bilen borçnamany berjaý etdi.

Ýorunjany ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy

Biziň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerinde ýorunja mallar üçin ýokumly ot-iýmlik ekindir. Bu ekin terligine we guradylan bede görnüşinde mallara bermek üçin ösdürilip ýetişdirilýär. Ýorunja diňe bir mallar üçin ýokumly ot bolman, eýsem, ol özüniň kökündäki bakteriýalaryň kömegi bilen howadaky erkin azot maddasyny toplap, ony özleşen halda, ýagny ýorunja sökülenden soňra ekilen ekin üçin taýýar dökün maddasynyň ýagdaýyna öwürýär. Şonuň üçin pagtaçylyk bilen meşgullanýan etraplarda ekin dolanyşygy geçirilende ýorunja uly üns berilýär. Ýorunja belogy köp saklaýan gymmatly ot-iýmlik we topragy gurplandyryjy ekindir. Ýorunjanyň gök otunda dürli ýokumly maddalar bolýar, şol sanda belok 3,3 göterim, karotin we mineral duzlar köp mukdarda saklanýar. Onuň düzüminde oba hojalyk mallaryna zerur bolan witaminleriň ählisi diýen ýaly bar, esasan hem karotin we askorbin kislotasy köp bolýar. Ýorunjanyň 100 kilogram bedesinde 53,4 göterim ot-iým birligi bolup, ol göklügine, bede we senaž edilen görnüşinde mallara berilýär.

Gülzar obasynyň gülçüsi

Ýurdumyzyň ak bazarlarynda oba hojalyk önümleriniň giň bolçulygy dolup-daşýar. Onuň hakykatdan şeýledigine biziň her birimiz gözli şaýat. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bazar bolçulygynda kärendeçi daýhanlardyr bagbanlar, maldarlar bilen bir hatarda, şahsy mellek eýeleriniň hem goşandy kiçi-girim däl. Melleginde kömekçi hojalygy ýola goýup, dürli önümleri öndürýän, maşgalasyna köp mukdarda girdeji getirýän maşgalalar hem az däl. Biz hem gazetimizde täze rubrika arkaly ýurdumyzyň dürli künjeginde mellegini has netijeli peýdalanýan adamlar dogrusynda dürli žanrdaky gazet makalalaryny yzygiderli berip durmagy göz öňünde tutýarys. Şabat etrabynyň Nowbahar geňeşliginde bir obanyň ady Gülzar. Oba bilen tanyş bolanyňda, «Bu ady tüýs bilip dakypdyrlar» diýeniňi duýman galýarsyň. Sebäbi bu obada gül ösdürip ýetişdirmeýän maşgala ýok. Obanyň ýol ýakasynda miweli agaçlar bar diýäýmeseň, ilatyň mellekleri durşuna dürli görnüşli güllerden doly. Melleginde bezeg gülleriniň nahalyny oturtmak, otag güllerini edinmek, ter çemen dessesini satyn almak isleýänler ýöriteläp şu oba gelýärler. Welaýat merkeziniň, etrabyň gül bazarlaryny ter gül desseleri, gül nahallary bilen doldurýan-da, esasan, şu obanyň adamlary.

Belent maksatly iş

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Mary welaýat alyjylar jemgyýetleriniň birleşiginiň Murgap önümçilik birleşiginiň gök we miwe önümlerini gaýtadan işleýän önümhanasynyň agzybir işgärleri Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylyny zähmet üstünlikleri bilen şöhratlandyrmak üçin joşgunly zähmet çekýärler. Ady agzalan birleşigiň işeňňir adamlarynyň 14-sini özünde jemleýän önümhananyň işçi-hünärmenleri telekeçilerdir daýhanlardan, içerki bazarlardan amatly nyrhlardan satyn alynýan pomidor, hyýar ýaly gök önümleri, miweleri aýna gaplara gaplap, ilatyň gaplama önümlerine bolan ösen islegleriniň doly kanagatlandyrylmagyna mynasyp goşant goşýarlar. — Önümhanamyzyň işgärleriniň hemmesi öz işine ussat, işeňňir adamlar. Olardan Begenç Saryýewiň, Oguljemal Gutjaýewanyň, Güljeren Hotjyýewanyň adyny ilkinjileriň hatarynda agzasym gelýär. Bu işçiler göreldeli zähmet çekmek bilen, birleşigimizde halypa-şägirtlik ýörelgesiniň nusga alarlyk derejede dowam etmegine-de özleriniň gowy täsirlerini ýetirýärler — diýip, birleşigiň önümçilik boýunça hünärmeni Begenç Pendigulyýew gürrüň berýär.

Joşgunly zähmetiň üstünligi

Tomus paslynyň öz hökümini ýöredýän şu günlerinde ak bazarlarymyzdaky ýokary hilli bakja önümleriniň bolçulygy köpleriň göwnüni göterýär. Şirin-şeker gawunlaryň bereket-bolçulygyny döretmekde daýhan hojalyklary-da özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýle hojalyklaryň biri-de Tejen etrabyndaky «Miweli diýar» daýhan hojalygydyr. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhan hojalygynyň gawun ýetişdirilen 8 gektar meýdany berekedini bolluk bilen eçildi. Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Anna Allaberdiýewiň gürrüň berşi ýaly, üstümizdäki ýylda ekerançylyk meýdanlarynda waharman, injir görnüşli gawunlar ýetişdirildi. Şu günler hasyly ýygnamak işi gyzgalaňly alnyp barylýar. Gündelik diýen ýaly terligi bilen ak bazarlarymyza ugradylýan gawunlara ilat arasynda isleg uly.

Gowaçanyň bereketli hasyly

Sarahs etrabyndaky «Nygmatly tebigat» daýhan hojalygynda şu ýyl gowaçanyň bereketli hasyly ýetişdirilip, pagta ýygymy möwsümine ykjam taýýarlyk görülýär. Hojalygyň zähmetsöýer daýhanlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 85 gektar meýdana gowaça ekip, ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ideg işlerini ýola goýup, bol hasyly kemala getirdiler. Yhlas bilen ýetişdirilen gowaçaly meýdanlary synlanyňda zähmetsöýer daýhanlaryň çeken zähmetiniň ýerine düşendigine magat göz ýetirýärsiň. Gowaçalaryň bol hasyl toplamagy daýhan hojalygynyň daýhanlarynyň göwnüni galkyndyrýar. Biz bu daýhan hojalygynyň gowaça ekilen meýdanynda bolup, onuň ýolbaşçysy Guwanç Berdimyradow bilen söhbetdeş bolduk. Şonda ol şu ýyl gowaçanyň bol hasylyny ýygnap almak bilen, bellenen tabşyrygyň üstünlikli berjaý ediljekdigi barada gürrüň berdi.

Üzümiň seçgisi — bol hasylyň buşlukçysy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan oba hojalyk pudagy barha pajarlaýar. Şunda soňky ýyllarda esasy göze ilýän täzelikleriň, döwrebap, özgerişlikleriň biri-de ylym bilen tejribäniň utgaşyklygydyr. Özem şonuň dünýä tejrbesi, nou-haular, öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanmak, iň esasysy-da, toprak, suw, howa şertlerimize mahsus ýagdaýda amala aşyrylýandygydyr. Bu işleriň barha giň gerim alýandygy begendirýär. Dünýä ylmynyň häzirki zaman gazananlaryny önümçiligiň ähli ugurlaryna ornaşdyrmagyň ykdysady bähbidi juda uludyr. Oba hojalyk babatda aýdylanda bolsa, ýaşap ýören zam a namy zy ň ösen tehnologiýalaryny, ylmyň ýüze çykarýan täzeliklerini hem-de öňdebaryjy tejribäniň gazananlaryny ata-babalarymyzyň ekerançylykda toplan baý tejribesi bilen utgaşdyrylyp, işimize giňden ornaşdyrylmagynyň önümçiligiň ýaýrawynyň giňemegine, milli ylmyň ösmegine diýseň oňyn täsiri bar.

Baglarynyň bary bar...

Halkymyzy ekologiýa taýdan arassa we ýokumly miwelerdir gök önümler bilen üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan oba hojalyk özgertmeleriniň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň rysgal-berekede beslenýän günlerinde hususyýetçi daýhanlaryň miweçilik hojalyklarynda ýetişdirilen bol hasylyň ýitgisiz ýygnalyşyny göreniňde gözüň dokunýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýdarlary tarapyndan Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň çäginde bölünip berlen ýerde dünýäniň iň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly, gazanylýan netijeler hem guwandyrýar. Döwlet Baştutanymyzyň tagallalary bilen telekeçilik üçin ykdysady, maliýe we durmuş şertleriniň döredilmeginiň netijesinde hususyýetçi daýhanlar keremli topragymyza yhlas siňdirip, halal zähmetden rysgal-bereket tapýarlar. «Miwe» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň paýdarlary tarapyndan özleşdirilen dag etegindäki giň meýdanda dürli görnüşli miweli baglaryň aňyrsy-bärisine göz ýetmeýän hatarlaryny göreniňde, ynsan eliniň, hakykatdan-da, gyzyl güldügine ynanýarsyň. Hususyýetçi daýhanlar tarapyndan müňlerçe gektara barabar meýdanda ösdürilip ýetişdirilýän miweli baglardan bol hasyl ýygnalyp, halkymyzyň sarp edýän ýokary hilli azyk önümleriniň

SÜÝT ÖNÜMÇILIGINIŇ TARYHYNY BILÝÄŇIZMI?

Süýt ynsan saglygy üçin iň ýaramly, iň ýakymly özünde juda kän ýokumly, peýdaly witaminleri jemleýän mukaddeslik hasaplanýar. Gippokrat, Galen, Lukman Hekim, dünýäniň, Gündogaryň lukmanlary süýdüň adam saglygy üçin peýdalydygyny belläp geçipdirler. Iň gadymy önümleriň biri bolan süýtden günde millionlarça, belki, milliardlarça adamyň peýdalanmagy bu önümiň gymmadynyň hem-de dünýä boýunça önümçiliginiň barha artmagyny şertlendirýär. Biz süýt önümçiligi bilen meşgullanýan kompaniýalar barada söhbet açmakçy. Olaryň ugurlary bir bolsa-da, hersiniň alyp barýan işlerine çemeleşişleri dürli-dürli. Ady belli bu kompaniýalaryň aýratynlygy hem hut şondadyr.

Ekene gaýrat, iýene sogap

Jöwzaly tomsuň dürli naz-nygmatlarynyň içinde gawundyr garpyzyň aýratyn orny bar. Olary iýip bolanyňdan soňra, «Ekene gaýrat, iýene sogap,//Mezit azat, Pygamber Hudaga salawat» diýlip omyn edilmegi-de bu nygmatlaryň behişdidiginden habar berýär. Türkmen gawun-garpyzlarynyň görnüşi 400-e golaýlaýar. Öz döwründe bu datly önümleri ekip, tohumyny ýitirmän saklan saýatly bakjaçy, Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri Ömürguly Ahmedowyň asylly işini ogly Annaguly Ahmedow dowam edýär. Ol ýaşlygyndan gawun-garpyz bilen bagly örän köp zat öwrenipdir. Jeýhunyň iki kenarynda ýaşaýan we bakjaçylyk bilen meşgullanýan tejribeli ekerançylar indi ondan maslahat sorap, gawun-garpyz ýetişdirmegiň netijeli usullaryny özleşdirýärler. Şeýle tejribeli halypalardan tälim alyp, bu gün ussatlyga ýetişen bakjaçylaryň sany Lebap topragynda 100-den hem geçýär. Olaryň arasynda Köýtendag etrabyndan Allanazar Jumaýew, Gurban Mämmetgulyýew, Hojambaz etrabyndan Suwhan Taýyrow, Merdan Taýyrow, Kerki etrabyndan Merdan Allaberdiýew, Eziz Çerkezow ýaly onlarça bakjaçynyň adyny agzamak bolar. Olaryň tagallasy netijesinde, Lebap topragynda bu ýyl hem gawundyr garpyzyň bereketli hasyly ösüp ýetişdi. Iň guwandyryjy ýeri-de, süýji tagamy bilen hemmäni özüne bendi edýän bu behişdi önümler Lebabyň täze özleşdirilýän ýaýlalarynda hem bitýär. Şol ýaýlalara bolsa Amyderýanyň süýji suwy belentlige göter

Ila­tyň sa­ça­gy­na —ter nygmatlar

Ýur­du­my­zyň beý­le­ki ýer­le­rin­de bol­şy ýa­ly, Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň us­sat ýer eýe­le­ri­niň, kä­ren­de­çi­le­ri­niň asyl­ly zäh­me­ti ne­ti­je­sin­de gök we bak­ja önüm­le­ri­niň, mi­we­le­riň bol ha­sy­ly ýe­tiş­di­ril­di. Şu gün­ler bu azyk­lyk nyg­mat­la­ryň ha­sy­ly­ny ýyg­nap al­mak iş­le­ri gyz­ga­laň­ly do­wam ed­ýär. Ak ba­zar­lar­da el­ýe­ter­li ba­ha­lar­dan sa­tyl­ýan gök önüm­le­riň dür­li gör­nü­şi, dat­ly mi­we­ler be­re­ket­li sa­çak­la­ra be­zeg ber­ýär. Daý­han­lar ýyg­na­lan ha­sy­lyň uly bö­le­gi­ni we­la­ýat mer­ke­zi­niň ete­gin­de ýer­leş­ýän döw­re­bap am­ma­ra tab­şyr­ýar­lar. Bu ýer­de gök-bak­ja önüm­le­ri­ni, mi­we­le­ri ter ýag­daý­da sak­la­ma­ga, ola­ry gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça saý­la­ma­ga äh­li şert­ler bar. Daý­han bir­le­şik­le­ri­niň kä­ren­de­çi­le­ri, ýer­le­ri uzak möh­le­te ulan­ma­ga alan daý­han ho­ja­lyk­la­ry we beý­le­ki önüm ön­dü­ri­ji­ler önüm­le­ri sak­la­mak üçin bu top­lum bi­len ýö­ri­te şert­na­ma bag­laş­ýar­lar. Am­ma­ryň de­giş­li jaý­la­ryn­da ýy­lyň ba­şyn­dan bä­ri 3700 ton­na go­laý ýe­ral­ma, 10 ton­na­dan gow­rak erik kiş­de­si, al­ma-ar­my­dyň, ary ba­ly­nyň we beý­le­ki azyk­lyk önüm­le­riň uly möç­be­ri tap­gyr­la­ýyn esas­da ýer­leş­di­ril­di. Bu ýer­de or­naş­dy­ry­lan ýy­la­dy­jy hem so­wa­dy­jy en­jam­lar ho­wa­nyň ze­rur de­re­je­si­niň bol­ma­gy­ny üp­jün ed­ýär. Bu bol­sa önüm­le­ri