''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Ýaş nesliň terbiýesi

Çaga maşgalanyň, jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly baýlygydyr. Şonuň üçin türkmen halky nesil terbiýesine aýratyn üns bilen çemeleşýär. Maşgalanyň abraýy onda kemala gelen hem-de terbiýelenen çagalaryň edep-terbiýe kadalaryny berjaý edişi, ene-atasyna we başgalara edepli gatnaşygy bilen ölçelýär. Çagalaryň özüni alyp barşy maşgalada olara berilýän terbiýä baglydyr. Maşgalada ýaş nesle zähmet terbiýesini bermek möhüm işleriň biridir. Gyz çaganyň zähmet terbiýesini guramaga ejesiniň terbiýeçilik täsiri güýçli bolsa, oglanjygyň zähmete höwesjeň bolmagynda kakanyň we özünden uly erkek doganlarynyň täsiri uludyr. Pederlerimiz bu täsiri «Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar, eneden nesihat alan gyz — keýwany» diýen ýaly dana sözleriň üsti bilen beýan edipdirler. Ata-babalarymyzdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn, halal, päkize nesil ýetişýär. Maşgalada uly ýaşlylar tarapyndan çaga kiçiliginden, özünde zähmet çekmäge höwes döränden oňa ýeňiljek işler tabşyrylyp başlanýar. Gyzjagazlar gap-gaçlary saçaga äbermek we iýlip-içilip bolandan soň, ýygnamak ýaly işlere kömekleşýärler. Biraz ulalandan soň, olary öý işlerine kömekleşdirmek, gyzjagazlara kir ýuwmak, işdäaçar taýýarlamak, özünden kiçi jigilerine seredişmek, tikin-çatyn işleri bilen meşgullanmak öwredilýär.

Öý şatlygy — toý şatlygy

Halkara zenanlar gününiň dabaralarynyň belende göterilen ajap çagynda welaýatyň köp çagaly bagtyýar eneleriniň 30-dan gowragyna «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy, birnäçesine döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy ildeşlerimiziň şatlygyny artdyran wakalar boldy. Ak bugdaý etrabyndan öý hojalykçy Aýgül Haýidowa, Gökdepe etrabyndan öý hojalykçy Gunça Allanazarowa we olaryň bagtyýar maşgala agzalaryna welaýat merkezindäki 4 gatly, 48 öýli täze, döwrebap ýaşaýyş jaýyndan 4 otagly öýüň açarynyň gowşurylyş dabarasy tolgundyryjy pursatlara beslendi. Täze ýaşaýyş jaýynyň öňündäki, döwrümiziň döredijilik ruhunda, toý öwüşgininde birkemsiz bezelen giň meýdançada şatlyk-şowhun höküm sürdi. Ol ýere bagtyýar enelerdir olaryň maşgala agzalaryndan başga-da, welaýatyň, Ak bugdaý we Gökdepe etraplarynyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleridir beýleki myhmanlar ýygnandy.

Bagt ojakdan başlanýar

Ynsan mertebesi, saglygy, abraýy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesinde has ileri tutýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä esaslanýan bu syýasat Garaşsyz Diýarymyzyň, milli Liderimiziň abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan her bir özgertmeleri, ilkinji nobatda, eziz Watanymyzyň berkararlygyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini günsaýyn ýokarlandyrmaga, il-ulsumyzyň bagtyýarlygyny ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ynsanperwer syýasatda türkmen zenanyna — enelere, gelin-gyzlara bolan hormat-sarpanyň dünýä nusgalyk derejä göterilendigi biziň buýsançly başymyzy has-da belende göterýär.

Döwletliligiň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyz dünýä okyjylar jemgyýetine «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri sowgat etmek bilen, zenanlara sarpa goýmagyň belent nusgasyny görkezdi. Çünki hormatly Prezidentimiziň gyz-gelinlere goýýan sarpasy, bimöçber tagallasy netijesinde mähremligiň, gözelligiň, eli çeperligiň, päkizeligiň, edep-ekramyň ajaýyp nusgasy bolan türkmen eneleri, zenanlary eşretli zamanamyzyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Maşgala — her ynsanyň dünýäde iň eziz görüp, mukaddes hasaplaýan öý-ojagy. Maşgalada agzybir bolup, asudalykda, bilelikde ýaşamak her bir adamyň esasy arzuwy bolup, şeýle maşgalalar halk içinde «Döwletli, sylanýan maşgala», «Bagtly maşgala» diýlip atlandyrylýar. Maşgala agzalarynyň ulyny uly hökmünde hormatlap, kiçini kiçi ýerinde sylamagy — maşgalanyň iň gymmatly baýlygy. Maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowy bolmagy, ýurduň ösüş depginine oňaýly täsir edýär.

Ene mähri

Perzendi dünýä inen enede ylahy güýç emele gelýär. Hiç haçan egsilmeýän şol güýç irginsiz yhlas bilen sazlaşyp, enäniň ýürek arzuwlaryny beýan edýän mylaýym hüwdüleriň üsti bilen çaganyň süňňüne ornaýar. Şeýlelik bilen enäniň çagasyna hamraklygy ýaly, çagada-da enesine bolan hamraklyk döreýär. Iki ýüregiň deň urmagynda dünýä inen perzent gün sanap ösüp başlaýar. Daşyndan seredeniňde adaty ýagdaý bolup görünýän bu ene bilen balanyň arasyndaky arabaglanyşyk baradaky gyzykly, dürdäne pikirler Gahryman Arkadagymyzyň«Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» atly kitabynda hem öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyz bu ajaýyp kitabyny mährem käbesi Ogulabat ejä bagyşlamak bilen, onda ene kalbynyň gözelligi hakynda pikirler gozgalýar. Ynsan — gözelligiň aşygy, bu duýgy onuň gözüni açyp, göreninden –— dünýe gözellikleriniň iň beýigi bolan eziz eneň gözel görkünden gözbaş alýar. Mähriban eneň seniň nury-didäň, durmuş ýolundaky öçmez çyragyň, görüm-göreldäň, ol seniň dünýädäki bar zadyň, onuň ornuny tutup biljek özge bir adam bolmaýar. Pygamberimizden: «Jennet nirede?» diýip soranlarynda, ol hiç pikirlenmezden: «Jennet — enäniň dabanynyň astynda» diýip, jogap beripdir. Eneler diňe bir perzentlerine däl, eýsem, Asman-Zemine-de öz mähirlerini siňdirip bilýärler. Ýer ýüzündäki ähli gudratlar enäniň dilegi, paýhasy bilen berjaý bolýar, sebäbi enäniň dilegi umman ýaly giň, daglar ýaly belent.

Dilleri senaly eneler

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolan zenanlaryň arasynda mugallymlaryň hem bolmagy örän buýsandyrýar. Bu hormatly ada mynasyp bolan mugallymlaryň käbiri bilen söhbetdeş bolup, olaryň ýürek buýsanjyny okyjylara ýetirmegi makul bildik: Ýazjemal MUHAMMETGULYÝEWA, Bäherden etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy:

Eneler keremdir, keramatdyrlar

...Ene üçin perzendinden mähriban, eziz ynsan ýok, perzent üçin hem iň eziz ynsan — ony dünýä getiren, janyndan jan beren käbesi. Şonuň üçin enäniň huzurynda, onuň mähribanlygynyň öňünde hemmeler, bütin barlyk, ynanç-ygtykadyna, jynsyna, milletine garamazdan, ähli ynsan kowumy baş egýär. Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» diýen kitabynda: «Dünýäniň akyldarlary, weliler, ýagşyzadalar hakyndaky tymsallarda hem gowy adam bolmagyň ýoly enä goýulýan hormatdan ýagtylanýar. Ene ýaradylyşda dowamatyň dowam etmeginiň başlangyjydyr. Ene ähli ýaradylyşa dahylly beýik düşünjedir. Enä minnetdar bolmak özüňe, şu dünýä, tutuş barlyga dahyllydygyňa soňsuz hoşallygyňdyr» diýen çuňňur pelsepä ýugrulan sözler bar.

Çagaly öý — döwletli öý

8-nji mart — Halkara zenanlar güni biziň köp çagaly enelerimiz üçin goşa baýram, goşa toý bolup geldi. Sekiz we şondan hem köp çagany dünýä inderen, terbiýeläp ýetişdiren enelerimize hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady berildi. Olaryň ençemesine täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açarlaryny almak bagty hem miýesser etdi. Mary welaýatynda hem sekiz we şondan hem köp çagany dünýä inderen, terbiýeläp ýetişdiren mähriban eneleriň ikisine welaýatyň Oguz han etrabynyň Döwletli zaman şäherçesinden içinde ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlary berildi. Jaý toýlary mynasybetli, bu ýerde baýramçylyk dabaralary geçirildi. Dabara gatnaşanlar täze jaýa eýe bolan köp çagaly maşgalalary tüýs ýürekden gutlap, iň süýji arzuwlaryny hem-de hormatly Prezidentimiziň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Bagtdan paýly ykbal

Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň ýaşaýjysy Ogulşirin Muhammetgulyýewa eşretli döwrümiziň bagtyýar eneleriniň biridir. 10 çagany dünýä inderip, terbiýeläp ýetişdiren mährem ene bu gün perzentlerine, 24 agtygyna, 7 çowlugyna guwanyp, Arkadagly ajaýyp zamanamyza buýsanyp ýaşaýar hem-de eziz Watanymyzy ýürekden söýýän, ýokary ahlak häsiýetli, watansöýüji, asylly däp-dessurlarymyza ygrarly ogul-gyzlaryň terbiýelenmegine özüniň saldamly goşandyny goşýar. Ogulşirin daýzanyň çagalyk döwri oba ýerinde geçýär. Ol dürli oba hojalyk işlerinde işlemeli bolýar. Şol döwrüň kyn şertlerinde işläp, zähmetde birkemsiz taplanan bu mährem ene päk zähmetinden bereket tapýar, döwletli öý-ojagyň, uly sylag-hormatyň eýesi bolýar. Ol çagalarynyň hem ilhalar adamlar bolup ýetişmegi ugrunda yhlas edýär. Olaryň edep-terbiýesine aýratyn üns bermek bilen, kär-hünär saýlamak boýunça yzygiderli öwüt-ündew edýär. Gyzlaryna ene-mamalarymyzdan gelýän nepis el işleriniň inçe syrlaryny, ogullaryna daýhançylyk tejribesini hem öwredýär. Mährem enäniň yhlasy ýerine düşýär. Onuň 4 oglunyň, 6 gyzynyň her biri bu gün asylly käriň eýesi.

Bagtdan paýly maşgalalar

Düýn Diýarymyzda Halkara zenanlar güni giňden bellenilip geçildi. Şu mynasybetli ýurdumyzda giň gerimli baýramçylyk dabaralary guraldy. Bu toý dabaralary eziz Watanymyzda mährem enelerimize, gelin-gyzlarymyza uly hormat-sarpa goýulýandygynyň aýdyň mysalyna öwrüldi. Müňlerçe ýyllyk taryhyň dowamynda bolşy ýaly, halkymyz her bir nesilde ýokary ruhy-ahlak başlangyçlaryny, dogruçyllygy, hoşniýetliligi, zähmetsöýerligi, enelere we ýaşululara bolan hormaty kemala getirýän mukaddes maşgala gymmatlyklaryny saklap gelýär. Mährem eneler jemgyýetimizde ähli döwürlerde esasy orun eýeleýär. Olar maşgala ojagynyň mähremligini, ahlak esaslaryny, halkymyzyň ruhy-ynsanperwer ýörelgelerini goraýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan

Men mähriban käbämiň öňünde özümiň perzentlik borjumyň has uludygyny duýýaryn. Çünki öz il-halkymyň ykbalyna nur çaýýan işleri durmuşa geçirmäge güýçli ymtylyşymyň we yhlasymyň özeninde käbämiň ynamynyň ilkinji orny eýeleýändigine ynanýaryn. Biz eneleriň arzuwynyň geljegiň abadanlygydygy barada hemişe aýdýarys. Eneleriň arzuwy abatlyk hem-de saglykdyr diýilýär: Watany üçin edermenligi hem-de gaýratlylygy özüne ýörelge edinen perzendini enäniň yhlasy bişowlukdan hem ýakymsyz täsirlerden goraýar. Ene — dünýäniň sazlaşygy hem-de ebediligi. Taryhyň müňläp çylşyrymlylyklaryna we külpetlerine ýan bermedik ykbalyň eýeleri — beýik şahsyýetler hem hemişe özleriniň ulalyp, kemala gelmeklerinde özüni dünýä inderen ynsanyň ornuna ýokary baha berýärler. Bu heňňamlar aýlanyp, ýaradylyşa mahsus üýtgewsiz kada diýilse, dogrudyr. Her bir asylly ýörelgäniň dowam etdirilmegi eneleriň görüm-göreldesiniň, öwüt-ündewiniň, ynamynyň netijesinde amala aşýar. Adam ogly nähili güýçli, paýhasly, edermen bolaýsyn, ol özüni dünýä inderen, jigerinden jan beren ynsanyň öňünde indi kemala gelmeli, hemişe goralmaly çaga mysalydyr. Çünki enäniň perzendine bolan söýgüsiniň ornuny tutup biljek gudrat heniz jahana inen däldir.

Mertebe mukaddesliginiň beýik baýramy

Welaýatymyzda Halkara zenanlar güni dabaralara  beslendi Hormatly Prezidentimiziň sahawatly Permany bilen, welaýatymyzdan sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň 102-sine Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy. Şu mynasybetli welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda dabara geçirildi. Dabarany welaýatymyzyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradow açdy we hormatly Prezidentimiziň Permanyny okady.

Köp çagaly eneleri hormatlamak dabarasy

AŞGABAT, 7-nji mart (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde ýurdumyzyň sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen we terbiýeläp ýetişdiren enelerini hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly ady dakyldy. Şeýle hem paýtagtymyzyň häkimliginiň binasynda köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylda dabaralar we Halkara zenanlar güni mynasybetli guralýan çäreler milletiň ruhy gymmatlyklarynyň dabaralanýandygyny, halkymyzyň gadymy mukaddes däplerine, öý-ojagyň söýesi hasaplanylýan enelere hormat goýmak ýörelgelerine ygrarlydygyny alamatlandyrýan wakalara beslenýär.

Enä tagzym — mukaddeslige tagzym

Edebiýat sapagyndan düzme ýazmaly bolanymyzda, muny biz, ilki bilen, ejem janyň okamagyny isleýärdik. Onuň sesini çykarman dymyp okamagy bolsa biziň «bäşligimizdi». Häzir ene hakdaky şol düzmämiň mazmunyndan ýadyma düşýäni: «Ejem jan asman ýyldyzy, ýyldyzsyz gijeler bolmaýar. Ejem jan baharyň mylaýymlygy, ony döredýän bolsa asmanyň güneşi. Güneşsiz gündiz bolmaýar, güller hem açylmaýar. Ejem jan! Sen meniň üçin ähli zat, muny beýan etmäge men başga söz tapyp bilmeýärin». Şonda men mugallymyň nähili bahasyna mynasyp bolandygyma üns hem bermändirin. Ýöne esasy zat, ejem jan maňa hiç zat diýmedigem bolsa, ony şonda begendirendirin diýip umyt edýärin. * * *

Dünýäniň bar görki enedir, ene!

Asylly däbe görä, her ýylyň 8-nji marty — Halkara zenanlar güni mynasybetli, olara baýramçylyk sowgatlarynyň gowşurylmagy, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen, terbiýeläp ýetişdiren enelere bolsa hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy hem enelere goýulýan aýratyn sarpanyň aýdyň subutnamasydyr. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda-da ýüzlerçe eneler bu abraý-mertebeli hem hormatly adyň eýeleri boldular. Düýn paýtagtymyzdaky Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda olara bu hormatly adyň dakylmagy mynasybetli dabaralar geçirildi. Olarda Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan mährem eneler milli Liderimiziň adyna ýürek töründen çykýan alkyşlaryny buýsanç bilen beýan etdiler. Güljahan HEZRETGULYÝEWA, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrabyndan, öý hojalykçy:

Zenanyň bagty — Zeminiň bagty

Baharyň gelşi üýtgeşik bolýar. Ýaz ýagşynyň damjasyna ezilen meýdanlardan dürterilip çykan ýaşyl maýsalar, akly-gyzylly güllere bürenen ýaşyl baglar — ähli zat özboluşly, göze ýakymly. Bu ýyl bahar köp çagaly enelerimiz üçin has-da üýtgeşik geldi. Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleriň 250-ä golaýyna, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy. Şeýle-de köp çagaly maşgalalara paýtagtymyzda we ýurdumyzyň sebitlerinde ýerleşýän döwrebap ýaşaýyş jaýlar toplumyndan ähli amatlyklary bolan täze öýleriň açarlary gowşuryldy.

XXI asyryň

21-nji ýylynyň 121 ýaşly ýaşaýjysy

Syrly dünýä

Türkmen gözellerine bagyşlanýar Sen maňa: «Men hakda bir zatlar ýaz!» diýdiň. Menem ýazdym, ýöne bu sen hakynda ýazylmaly zatlaryň aňrybaşy däldir. Oňa gözüm ýetýär. Aslynda, bu hiç kime başartmasa gerek diýibem oýlanýaryn, sebäbi seniň özüň kämil bir esersiň, Allatagalanyň söýgi bilen ýazan eserisiň.

Eneleriň sarpasy

DÜÝN Änew şäherindäki Medeniýet öýünde hormatly Prezidentimiziň Permany bilen Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyna mynasyp bolan köp çagaly eneleri sylaglamak dabarasy geçirildi. Welaýat häkimligi, welaýatyň jemgyýetçilik guramalary hem-de Medeniýet müdirligi tarapyndan guralan dabara toý ruhuna eýe boldy. Sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren we terbiýeläp ýetişdiren mährem enelere Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak ýurdumyzda asylly däbe öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda giňden dabaralandyrylýan Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda hem Gahryman Arkadagymyz şanly sene mynasybetli köp çagaly enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyny dakmak bilen baglanyşykly Permana gol çekdi. Şol resminama esasynda, welaýatymyzyň bagtyýar eneleriniň 36-syna Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly ady dakyldy. Şeýle bolansoň, hormatly ada mynasyp bolan bagtyýar eneler nobatdaky dabaranyň arzyly myhmanlary boldular.

Bagtdan paýly zenanlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe zenanlaryň bagtyýarlygy ugrunda bimöçber işler durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Halkara zenanlar güni mynasybetli ýylyň-ýylyna sekiz we şondan köp çagany dünýä indiren enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy we sowgatlaryň gowşurylmagy munuň aýdyň mysalydyr. Halkara zenanlar gününiň uly şatlyk-şowhuna beslenýän şu günlerinde habarçymyz şeýle hormatly ada mynasyp bolan mährem eneleriň käbiriniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdi. Ýazjemal MUHAMMETGULYÝEWA, Bäherden etrabyndaky 28-nji orta mekdebiň mugallymy: