''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Edebim — mertebäm

«Çaga eziz, edebi ondan hem eziz» diýlişi ýaly, çaga maşgalanyň ezizligi bolup, ata-ene onuň terbiýe mekdebidir. Maşgalada çaga terbiýesini ata-ene özüniň ilkinji borjy hasaplap, çaganyň gylyk-häsiýetine ünsli garamalydygyna, oňa söýgüsini, mährini gaýgyrmaly däldigine düşünmegi zerurdyr. Hemmelere mälim bolşy ýaly, çaga görenini etmegi, ulularyň hereketini gaýtalamagy endik edinýär. Şonuň üçin hem çaga terbiýesinde ilki bilen maşgalanyň agzybirligi, asyllylygy möhümdir. Çaganyň edýän hereketlerine «aý, çagadyr» diýip biperwaý garamak bolmaýar. Her bir ata-ene öz perzentleriniň köpçülik ýerlerinde, mekdepde, çagalar baglarynda deň-duşlary we uly ýaşly adamlar bilen özlerini alyp baryşlaryny gözegçilikde saklamalydyr. Çagany heniz kiçilikden oňat häsiýetlere höweslendirmek zerurdyr. Alymlaryň aýtmagyna görä, ata-eneler ýaş çagalaryna has köp wagt sarp etmelidir. Çagany heniz kiçilikden oňat häsiýetlere ugrukdyrmak, ulalansoň edepli-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmegine uly täsir edýär. Çaga terbiýesinde halallyk, arassa ahlaklylyk, agzybirlik, watansöýüjilik ýaly häsiýetlere aýratyn üns berilýär.

Ene arzuwlary wysala ýetýär

Ene arzuwy, elbetde, parahatçylyk, agzybirlik, birek-birege ynanyşmak hem hormat-sarpa bilen bagly. Çünki eneleriň mukaddeslige deňelip, arzylanýan, çagajyklaryň şadyýan gülküleriniň belentden ýaňlanýan asuda hem parahat ýurdunda arzuwlar wysal tapýandyr. Garaşsyzlygy baýdak edinip, baky Bitaraplyk ýoluny saýlap alan eziz Watanymyzda-da ene arzuwlary wysal tapýar. Mähriban Arkadagymyz hem: «Biziň ähli maksatlarymyz, amala aşyrýan işlerimiz ýurdumyzda abadan, bolelin we parahat durmuşy pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Asuda durmuş bolsa ähli eneleriň köňül arzuwydyr, maksat-myradydyr» diýýär. Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda mähriban enelerimiz, gelin-gyzlarymyz ýaşaýşyň gözbaşyna, durmuşymyzyň bezegine deňelip, «Gözümiziň guwanjy, halkymyzyň buýsanjy» diýip arzylanýar. Olaryň kemally perzentleri terbiýeläp ýetişdirmekleri, dürli kärlerde ak ýürek bilen zähmet çekmekleri üçin ähli amatlyklar we ýeňillikler döredilýär. Mähriban Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her ýylyň bahar pasly eziz enelerimiz, gelin-gyzlarymyz üçin ýatdan çykmajak şatlykly wakalara beslenýär. Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, paýtagt şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylda baharyň gelşi has-da üýtgeşik boldy. Aslynda-ha, bu taryhy ýyl enelerimiz, zenanl

Eli — em, dili — melhem

Mähri — zor, terbiýesi — zer mähriban enelerimiz dünýäň söýgüsine, hormatyna mynasyp beýik ynsanlardyr. Nirede okanym ýa-da kimiň aýdany ýadyma düşenok. Ýöne, «Ýeke-täk zatlaryň ählisi-de mukaddesdir. Şonuň üçin-de, şol mukaddeslikler dünýäň söýgüsine, hormatyna mynasypdyr. Şol mukaddeslikleriň iň naýbaşysy enedir, Watandyr» diýen sözler welin, kalbymyň töründen hemişelik orun alypdyr. Bu, hakykatdan hem, şeýle. Ene Ýer ýüzünde beýik söýgä, hormata, mertebä, mynasyp bolan iň mähriban ynsandyr. Ene — bu mähir-muhabbetiň, gözelligiň hem gönezligiň, söýginiň hem bagtyň ojagy. Eýsem, ene gujagy ýaly ýylylyk, näzik elleri ýaly ýumşaklyk, ezizligi ýaly mähribanlyk dünýäde barmyka?! Akyldarlaryň biriniň aýdyşy ýaly adamzatda bar bolan ähli ajaýyplyklar Günüň altyn nurundan we ene mährinden kemala gelýär. Watanymyzyň ata, göbek ganymyzyň siňen topragymyzyň enä deňelmegi-de şondandyr. «Jennet eneleriň aýagynyň astyndadyr» diýen çuňňur mana ýugrulan söz türkmen jemgyýetinde, gör, haýsy döwürlerden bäri ýol-ýörelgä öwrülip galypdyr. Mähriban enelerimiz barada goşgy ýazmadyk şahyr, aýdym-saz döretmedik kompozitor, sazanda, olaryň keşbini döretmedik suratkeş, megerem, az-az bolsa gerek. Gadymy döwürlerden bäri türkmen halkynyň hem-de tutuş gündogaryň şahyrlary, sazandalary hem-de suratkeşleri zenanyň gaýtalanmajak gözelligini Asmanyň nury bolan Günüň we Aýyň keşbine, göreniňden göwnüňi göt

Bahar göwünli käbäm

Goja Zemine ýaz gelende, meýdan gül-pürçüge beslenýär. Bahar paslynyň enelere meňzedilmegi ýöne ýerden däl. Bahara eneleriň mylaýymlygy, gözelligi, mähri siňen. Bary-ýogy bir pasyllyk döwürde dünýäni ala-ýaz edip, gül-güläleklige, gözellige büräp, gözleriňde hemişelik galýan bahar mydama küýsegli. Ol edil ene ýaly, özüni küýsedýär. Ýaşaýşyň ýaraşygy bolan bahar ot-çöplere jan berýän bolsa, ene öz çagasyna janyndan jan berýär. Bahar — özüniň tebigy güýji bilen gök maýsalygy döredýän bolsa, ene perzentleriniň on iki süňňüniň sagat, akylly-başly, ilhalar ynsan bolup ýetişmegi üçin elinde baryny gaýgyrmaýar. Bahar — mymykdan mylaýym ýelleri bilen ösümlikleri, baglary beýiklige sary ugrukdyrýan bolsa, mähriban ene çagalaryna paýhaslylygy ündäp, olary aklyga sary, dogry ýola gönükdirýär. Hawa, daşdan seleňläp görünýän dag gerişleriniň her ýerlerinde gar görünse-de, eýýäm, howa maýlap, älem-jahan ukudan oýandy. Käbäm bilen ýazlaga gidenimizde, gatyja örülen goşa örüm saçlaryma meýdan güllerinden gysdyryp, meni bezärdi. Ýaz paslynyň gelmegi bilen baýyrlar ýaşyl dona bürenip, depe-düzler gyzyl güläleklerden ýaňa elwan haly ýazylan ýaly bolardy. Şeýle bir owadan güller açylýar welin, giň jahan olaryň ysyndan ýaňa burk urup durandyr. Ol ysy, megerem, hiç ýerden tapyp bolmasa gerek. Bu ajap pursady synlap durşuma, göwün guşum ejem janyň ýanyna telwaslady.

Şekerpara

Gerekli önümler: 125 g saryýag, 2 sany ýumurtga, 0,5 bulgur mannyý sülesi, 2 bulgur un, 1 nahar çemçe şeker tozy, 1 gap gabartma tozy, 2 nahar çemçe kakao.

Şokoladly çörek

Gerekli önümler: 1 bulgur ýyly süýt, 1 gap pakmaýa, 1 sany ýumurtga, 1 gap wanilin, ýarym bulgur şeker tozy, ýarym çaý çemçe duz, 50 g ýumşan saryýag ýa-da margarin, 2 bulgur un, 100 g şokolad.

«Öm­rü­miň ba­ha­ry» (hekaýa)

Bahar hemişekiler ýaly, doglan gününiň ilkinji gutlagyny ýanýoldaşyndan eşitmek isledi. Ýöne bu gün beýle bolmady. Garaşylýan eziz sözler eşidilmän galdy. Soňky wagtlar Kemal juda işlidi. Uzyn gününi işde geçirip, çagalaryna wagtam aýryp bilmeýärdi. Hemişekisi ýaly, bu günem entek çagalar oýanmanka daňa ýüzüni tutup, çykyp gidişidi.

Agzybir maşgala ― bagtyýarlykdan nyşan

Maşgala diýmek, uç-gyraksyz deňizde ýüzüp barýan gaýygyňyzy iki bolup küreklemek diýmekdir. Deňizde bolsa duýman durkaň gaý-tupanam, harasadam gopuberýär. Ýürekler bir bolanda, arzyly kenar daşda däl. Maşgalada döreýän ownuk-uşak düşünişmezliklere ýüz berip, olary ulaltmak iň uly ýalňyşlyklaryň biridir. Ýakynlaryňy alada goýman, her bir meseleden özüň baş alyp çykyp bilseň, gatnaşyklar hem uzagyndan bolar, maşgala gymmatlygy hem goralar. Ýaşaýşyň dowamatyny esaslandyrýan hem maşgaladyr. Şonuň üçin-de döwletiňem, jemgyýetiňem esasy birligi bolan maşgalanyň abatlygyny gorap saklamak biziň ählimiziň borjumyzdyr. Her birimiz ata-baba dowam edip gelýän ýörelgelere ygrarly bolmak bilen, Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde elimizde baryny gaýgyrmaly däldiris. Biz näçe ösen jemgyýetde ýaşasak-da, deňli-derejeli toý tutsak-da, bagty, onda-da maşgala bagtyny öz elimiz, ýürek mährimiz, soňsuz yhlasymyz bilen gazanmalydyrys. Bu bolsa kämil jemgyýeti kemala getirmäge ýardam eder.

Bagtly maşgalanyň goşa şatlygy

Men bu bagtyýar maşgalanyň Milli bahar baýramynda dünýä inen ekiz gyzlarynyň bardygyny bilemokdym. Üsti naz-u-nygmatlar, dürli görnüşli tagamlar bilen bezelen toý saçagynyň başyna ýygnanan agzybir maşgala agzalary bilen birlikde maňa hem-ä ekizleriň doglan gününiň, hem-de baýramçylygyň arzyly myhmany bolmak miýesser etdi. Ine, şonda Leýla gelneje ullakan toý döwresini ýatladyp duran jaýyň içine göz aýlap, şeýle diýdi: ― 2007-nji ýylyň 22-nji marty — Milli bahar baýramynyň ikinji gününde maşgalamyza baýramçylyk şatlygy goşadan geldi. Şepagat uýalarynyň: «Buşluk! Gyz perzentleriňiz boldy!» diýen şatlykly habary ene ýüregime ýakymly duýgulary paýlady. Bu hoş habar ählimize baýramçylyk şatlygyny paýlan bolsa, ekizlerimiz Gül we Gunçanyň dünýä inmegi bize ullakan bagt bilen birlikde hormatly ady hem getirdi. Mundan on bir ýyl öň maňa hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda köp çagaly ene hökmünde «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Bu sylagdan soň on birinji perzendimiz Gülnäz dünýä indi. Häzirki wagtda uly gyzlarym Güneş, Güljan maşgalaly. Gülşen, Güller, Gudrat we Guwanç bolsa dürli wezipelerde zähmet çekýärler. Şeýda we Bilbil 8-nji, Gül we Gunça 7-nji, Gülnäz bolsa 4-nji synp okuwçylary. Gyzlaryma ýaşlygyndan öý işlerine kömekleşmegi, el işleri bilen meşgul bolmagy öwredýärin. Ýurdumyzyň parahatlygy, ilimiziň agzybirligi eneler üçin aýratyn uly bagtdyr. Ş

Hormatly Prezidentimiziň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabyndan dürdäne jümleler

Ene hakyndaky müdimi sena çalymdaş şygyr setirlerinde aýdylyşy ýaly, «Dünýäniň bar görki enedir, ene!». Dünýäniň görki, örki, durky — bularyň barysy — ENE! ***

Käbäm

Seni küýsäp geldi ýazlar,Sen — dünýämiň ýazy, käbäm!Daşyňdadyr ogul-gyzlaň,Gül göwnümiň çagy, käbäm! Jan diýsem, janymdan eziz,Sen dünýe barymdan eziz!Sowgadyňdyr işbu Zemin,Sen — durmuşyň duzy, käbäm!

Top (Körpeler üçin sahna)

Gatnaşýarlar: Adyl — 6-njy synpyň okuwçysy.Janmyrat — onuň jigisi, 4-nji synpyň okuwçysy.Emin — Adylyň dosty, synpdaşy.Enesi.

Ene — dünýäniň bagty

Mähriban çagalar, Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp kitabynda: «Enä minnetdar bolmak özüňe, şu dünýä, tutuş barlyga dahyllydygyňa soňsuz hoşallygyňdyr» diýip nygtaýar. Çuňňur manyly bu jümle her bir perzendiň durmuşynda eziz enäniň eýeleýän belent hem mertebeli ornuny öňe çykarýar. Bu dürdäne jümläniň aňyrsynda uly many, eziz eneleriň çaga terbiýesine siňdirýän ummasyz uly yhlas-zähmeti, mähir-muhabbeti bar. «Çaga terbiýesi sallançakdan başlanýar» diýýärler. Perzent terbiýesiniň tohumlary hem şol söýgä eýlenip, şineläp, durkuna gelip başlaýar. Şu jähetden-de, perzendiň ilkinji terbiýesiniň ejeden gaýdýandygy jedelsiz hakykatdyr. Ene öz hüwdüsi bilen bäbejigiň akylyna aň, kalbyna terbiýe siňdirýär. Terbiýäni maksadalaýyk guramak örän çylşyrymly zähmetiň netijesidir. Mähriban hem merdana enelerimiz bu işiň başyny çekýärler. Diýmek, adamzat dünýäsini kemala getirýärler. Şular hakda pikir edeniňde, eneleriň tutuş dünýäniň durkudygyna, bagtydygyna tüýs ýürekden ynanýarsyň. Eziz balalar, eneler mertlik, merdanalyk, adalatlylyk, watansöýüjilik terbiýesini bermek bilen bir hatarda, siziň gözellige, çeper sungata bolan garaýşyňyzy, olara guwanmak, sarpa goýmak häsiýetleriňizi hem ösdürmäge çalyşýarlar. Şonuň üçin mukaddes sallançaklaryň başynda eziz balalaryň aňyna ýag bolup siňýän bu hüwdüler has-da belent owazly ýaňlanýar:

Sagdyn ene — sagdyn nesil

Milli Liderimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda «Ene saglygy — nesil saglygy» diýen ýörelge maşgala saglygynyň binýadynyň berk bolmagyna gönükdirilendir. Öz perzentleriniň ilhalar, bilimli, halal adamlar bolup ýetişmekleri bolsa, eneleriň baş arzuwydyr. Döwletimiz tarapyndan maşgala we eneligi goramak meselelerine aýratyn üns berilýär, nesil saglygyny üpjün etmek, maşgalada köp çagalygy goldamak, halkyň durmuş ýagdaýyny gowulandyrmak babatynda ähli şertler döredilýär. Paýtagtymyz Aşgabatda hem-de ýurdumyzyň ähli sebitlerinde “Ene mähri” we anyklaýyş hem-de keselleriň öňüni alyş merkezleri, şypahanalar, derman kärhanalary we lukmançylyga degişli beýleki desgalar gurlup, ulanylmaga berildi.

Parahatçylyk salamdan başlanýar

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnama kabul edildi. Şonuň esasynda 2021-nji ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edildi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasaty alyp barýandygyny, onuň hem halkara gatnaşyklarda oňyn netijeleri berýändigini nygtaýar. Bu şygaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň watançylyk ruhuny belende götermekde, ýaş nesli gözel Diýarymyza buýsanç, çäksiz söýgi we wepadarlyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti uludyr.

Ýaş nesliň terbiýesi

Çaga maşgalanyň, jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly baýlygydyr. Şonuň üçin türkmen halky nesil terbiýesine aýratyn üns bilen çemeleşýär. Maşgalanyň abraýy onda kemala gelen hem-de terbiýelenen çagalaryň edep-terbiýe kadalaryny berjaý edişi, ene-atasyna we başgalara edepli gatnaşygy bilen ölçelýär. Çagalaryň özüni alyp barşy maşgalada olara berilýän terbiýä baglydyr. Maşgalada ýaş nesle zähmet terbiýesini bermek möhüm işleriň biridir. Gyz çaganyň zähmet terbiýesini guramaga ejesiniň terbiýeçilik täsiri güýçli bolsa, oglanjygyň zähmete höwesjeň bolmagynda kakanyň we özünden uly erkek doganlarynyň täsiri uludyr. Pederlerimiz bu täsiri «Atadan nesihat alan ogul kethuda bolar, eneden nesihat alan gyz — keýwany» diýen ýaly dana sözleriň üsti bilen beýan edipdirler. Ata-babalarymyzdan gelýän ýaşaýyş-durmuş kadalary haýsy maşgalada göwnejaý berjaý edilse, şol öýde hemmetaraplaýyn sagdyn, halal, päkize nesil ýetişýär. Maşgalada uly ýaşlylar tarapyndan çaga kiçiliginden, özünde zähmet çekmäge höwes döränden oňa ýeňiljek işler tabşyrylyp başlanýar. Gyzjagazlar gap-gaçlary saçaga äbermek we iýlip-içilip bolandan soň, ýygnamak ýaly işlere kömekleşýärler. Biraz ulalandan soň, olary öý işlerine kömekleşdirmek, gyzjagazlara kir ýuwmak, işdäaçar taýýarlamak, özünden kiçi jigilerine seredişmek, tikin-çatyn işleri bilen meşgullanmak öwredilýär.

Öý şatlygy — toý şatlygy

Halkara zenanlar gününiň dabaralarynyň belende göterilen ajap çagynda welaýatyň köp çagaly bagtyýar eneleriniň 30-dan gowragyna «Ene mähri» diýen hormatly adyň dakylmagy, birnäçesine döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan öýleriň açarlarynyň gowşurylmagy ildeşlerimiziň şatlygyny artdyran wakalar boldy. Ak bugdaý etrabyndan öý hojalykçy Aýgül Haýidowa, Gökdepe etrabyndan öý hojalykçy Gunça Allanazarowa we olaryň bagtyýar maşgala agzalaryna welaýat merkezindäki 4 gatly, 48 öýli täze, döwrebap ýaşaýyş jaýyndan 4 otagly öýüň açarynyň gowşurylyş dabarasy tolgundyryjy pursatlara beslendi. Täze ýaşaýyş jaýynyň öňündäki, döwrümiziň döredijilik ruhunda, toý öwüşgininde birkemsiz bezelen giň meýdançada şatlyk-şowhun höküm sürdi. Ol ýere bagtyýar enelerdir olaryň maşgala agzalaryndan başga-da, welaýatyň, Ak bugdaý we Gökdepe etraplarynyň häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaşuly nesliň wekilleridir beýleki myhmanlar ýygnandy.

Bagt ojakdan başlanýar

Ynsan mertebesi, saglygy, abraýy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň döwlet derejesinde has ileri tutýan möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgä esaslanýan bu syýasat Garaşsyz Diýarymyzyň, milli Liderimiziň abraý-mertebesini has-da belende göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan her bir özgertmeleri, ilkinji nobatda, eziz Watanymyzyň berkararlygyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini günsaýyn ýokarlandyrmaga, il-ulsumyzyň bagtyýarlygyny ygtybarly üpjün etmäge gönükdirilendir. Bu ynsanperwer syýasatda türkmen zenanyna — enelere, gelin-gyzlara bolan hormat-sarpanyň dünýä nusgalyk derejä göterilendigi biziň buýsançly başymyzy has-da belende göterýär.

Döwletliligiň gözbaşy

Gahryman Arkadagymyz dünýä okyjylar jemgyýetine «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eseri sowgat etmek bilen, zenanlara sarpa goýmagyň belent nusgasyny görkezdi. Çünki hormatly Prezidentimiziň gyz-gelinlere goýýan sarpasy, bimöçber tagallasy netijesinde mähremligiň, gözelligiň, eli çeperligiň, päkizeligiň, edep-ekramyň ajaýyp nusgasy bolan türkmen eneleri, zenanlary eşretli zamanamyzyň hözirini görüp ýaşaýarlar. Maşgala — her ynsanyň dünýäde iň eziz görüp, mukaddes hasaplaýan öý-ojagy. Maşgalada agzybir bolup, asudalykda, bilelikde ýaşamak her bir adamyň esasy arzuwy bolup, şeýle maşgalalar halk içinde «Döwletli, sylanýan maşgala», «Bagtly maşgala» diýlip atlandyrylýar. Maşgala agzalarynyň ulyny uly hökmünde hormatlap, kiçini kiçi ýerinde sylamagy — maşgalanyň iň gymmatly baýlygy. Maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowy bolmagy, ýurduň ösüş depginine oňaýly täsir edýär.

Ene mähri

Perzendi dünýä inen enede ylahy güýç emele gelýär. Hiç haçan egsilmeýän şol güýç irginsiz yhlas bilen sazlaşyp, enäniň ýürek arzuwlaryny beýan edýän mylaýym hüwdüleriň üsti bilen çaganyň süňňüne ornaýar. Şeýlelik bilen enäniň çagasyna hamraklygy ýaly, çagada-da enesine bolan hamraklyk döreýär. Iki ýüregiň deň urmagynda dünýä inen perzent gün sanap ösüp başlaýar. Daşyndan seredeniňde adaty ýagdaý bolup görünýän bu ene bilen balanyň arasyndaky arabaglanyşyk baradaky gyzykly, dürdäne pikirler Gahryman Arkadagymyzyň«Enä tagzym-mukaddeslige tagzym» atly kitabynda hem öz beýanyny tapýar. Döwlet Baştutanymyz bu ajaýyp kitabyny mährem käbesi Ogulabat ejä bagyşlamak bilen, onda ene kalbynyň gözelligi hakynda pikirler gozgalýar. Ynsan — gözelligiň aşygy, bu duýgy onuň gözüni açyp, göreninden –— dünýe gözellikleriniň iň beýigi bolan eziz eneň gözel görkünden gözbaş alýar. Mähriban eneň seniň nury-didäň, durmuş ýolundaky öçmez çyragyň, görüm-göreldäň, ol seniň dünýädäki bar zadyň, onuň ornuny tutup biljek özge bir adam bolmaýar. Pygamberimizden: «Jennet nirede?» diýip soranlarynda, ol hiç pikirlenmezden: «Jennet — enäniň dabanynyň astynda» diýip, jogap beripdir. Eneler diňe bir perzentlerine däl, eýsem, Asman-Zemine-de öz mähirlerini siňdirip bilýärler. Ýer ýüzündäki ähli gudratlar enäniň dilegi, paýhasy bilen berjaý bolýar, sebäbi enäniň dilegi umman ýaly giň, daglar ýaly belent.