''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Soraň, jogap berýäris

Redaksiýamyza ýurdumyzyň gelin-gyzlaryndan dürli mazmundaky sowallar gelýär. Olary durmuşda gabat gelýän ähli sowallar gyzyklandyrýar. Alma Seýidowa,

Syrly dünýäm — eziz käbäm

Türkmen maşgalasynda ata-enä hormat goýmak däbi giňden ýaýrandyr. Bu ýörelgäniň ruhy mirasymyzyň nesil terbiýesinde oňyn netije berýändigini durmuş tejribesinde görmek bolýar. Ene-mamalarymyzyň rowaýatlary, tymsallary, nakyllary ýerlikli gürrüň bermegi maşgaladaky agzybirligi has-da pugtalandyrýar. Şonuň üçin milli terbiýe bilen baglanyşykly «Alty aga birigip, ata bolmaz, ýedi ýeňňe birigip — ene», «Ata-ene üçin eliň aýasynda heýgenek bişirseň-de az», «Garryly öý — gaznaly öý» ýaly nakyllar aýdylýar. Gelniň dilinden aýdylýan nakylda maşgalanyň agzybirligi hakda gaýynata bilen gaýynenä hormat goýlup «Gaýynatam — ganarym, dolup durar dulumda, gaýynenem — gazanym, getirip goýar ýanymda» diýilýär. Birek-birege hormat goýlanda, şol maşgala agzybir, bagtly ýaşaýar. Öý-ojak, maşgala terbiýesi hakda danalarymyz: «Erkek daşdan, aýal içden gazansa, ol öý bitmän galmaz», «Erkek daşdan, aýal içden ýok etse, ol öý ýitmän galmaz» diýýär. Hut şol jähetden-de, ene-mamalarymyz hiç kimden ýüz görmän, her bir zada dogry baha berýär. Agzybirligiň oňat şertleri döredýändigi, şol maşgalanyň abraýynyň artýandygy öwüt-nesihat edilýär. «Gyz edebiniň il edebidigi» hakynda käbäm bize ýatladyp durýardy. «Bäş barmagyň deň bolmaýşy» ýaly, adamlaryň hem dürli-dürli häsiýetlidigini ýaşlygymyzdan gulagymyza guýýardy. Dünýäniň giň hem geňligini, durmuşda her hili ýagdaýlar gabat geläýende-de, oňa akyl-paýhasly

Mähir beren mähribanlarym

«Aýal doganymyň agtygy bolupdyr» diýen hoş habar giň öýümiň içinde ýaňlanyp gitdi. Dünýäni ýagtylandyrýan, ynsanyň göwnüni, öýüni, ömrüni, içki dünýäsini joşdurýan balajyk dünýä inipdir. Bu pursat kakamyň aýal doganlary, meniň «Aýal doganym» diýip ýüzlenýän ejekelerimiň keşbi göz öňümde janlanýardy. Indi görüp otursam, doganlarymyň her bir öwüdi göýä ýüregime mähir nuruny paýlap duran ýalydy. Her bir aýdan sözleri, beren maslahatlary gulagymda ýaňlanyp durdy. Bu zatlara ýyl geçdigisaýy, her biriň bir döwletli maşgalaň ejesi, enesi bolanyňdan soň-a, has aýdyň göz ýetirýärsiň. Gulpajygymyzy tasadyp ýören günlerimizden alan terbiýämiziň durmuşyň manysyna öwrülýändigine şaýat bolanyňdan soň ol zatlaryň gadyr-gymmatyna has içgin düşünýärsiň. Alty ýigidiň arasynda bir özüm bolsamam, aýal doganymyň ýokdugyny duýmadym. Çünki maňa kakam janyň dört aýal dogany ganat bolupdy. Bu gün aramyza alys ýollar düşenem bolsa, olar bilen aramyzdaky göze görünmeýän baglanyşyk meni özüne tarap dartyp dur. Men käbäm ejeme aýdyp bilmeýän syrlarymy aýal doganlaryma aýdýaryn. Olar bilen aladamyzam-ünjimizem, şatlygymyzam bir. Hatda başdan geçirmelerimizem, durmuşy wakalarymyzam bir-birimiziňkä meňzeşräk ýaly. Meniň çagalarym heniz ýaş. Olar hakyndaky pikirleriňizi, öwüt-ündewleriňizi diňläp, özara maslahatlaşyp, «Geňeşli don gysga bolmaz» diýlenini edýäris. Şol geňeşden soň işlerimiz ýeňilleşip, ugrugyp

Süýjülikler barada

XV asyryň Osman döwletiniň aşpezlik kitabynda süýjülikleriň biri bolan pahlawanyň ilkinji gezek Mehmet Fatih soltanyň döwründe taýýarlanandygy barada aýdylýar. Ol ony ähli baýramçylyklaryň hödür-keremi bolmagyna mynasyp tagam hasaplapdyr. Emma bu tagamyň has irräk döwürde-de taýýarlanandygy barada hem pikirler bar. * * *

Zenanlara maslahat

Arassalap dogran ýeralmalaryňyzyň garalmagyny islemeýän bolsaňyz, olary buzly suwa salyp goýuň. Çünki sowuk suw ýeralmanyň düzümindäki krahmalyň howa bilen okislenip, garalmagynyň öňüni alýar. * * *

Bägül şiresi

5—6 sany bägül ýapragy, 100 g şeker ýa-da 50 g nabat. Taýýarlanylyşy:

Bägül şiresi

Gerekli önümler: 5—6 sany bägül ýapragy, 100 g şeker ýa-da 50 g nabat.

Mälikguly Berdimuhamedow (1932 — 2021)

18-nji aprelde mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi. Özüniň manyly ömrüni halkyna, mähriban topragyna bagyş eden Mälikguly aga watansöýüjiligiň, ynsanperwerligiň we belent adamkärçiligiň mizemez nusgasyny görkezdi. Taryhy maglumatlardan belli bolşy ýaly, Mälikguly Berdimuhamedowyň çagalyk döwri geçen asyryň gazaply uruş ýyllaryna gabat geldi. Onuň durmuşy tutuş halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin görelde mekdebine öwrüldi.

Peýnirli gyzdyrma (Ýaşajyk aşpezlere maslahat)

Gerekli önümler: 1 sany baton çörek, 120 gram peýnir, 2 çemçe gaýmak, 20 gram mesge.

Taýajykly süýjülikler (Ýaşajyk aşpezlere maslahat)

Gerekli önümler 200 gram un, 2 çaý çemçesi kakao, 3 nahar çemçesi bal, 70 ml ösümlik ýagy, 250 ml suw, 5 çemçe şeker, 1 çaý çemçesi wanilin, 1,5 çaý çemçesi hamyrtozy, 90 gram şokolad.

Maşgala bagtynyň buýsanjy

Gelin-gyzlarymyz haly dokanlarynda, olaryň daraklarynyň sazlaşykly sesi ata Watanymyzyň asudalygynyň, ösüşleriniň waspyny edýän ajaýyp mukama çalym edýär. Biz bu hakykata Halaç etrabynyň Halaç şäherinde ýaşaýan Annageldiýewleriň maşgalasynda myhmançylykda bolanymyzda ýene bir ýola göz ýetirdik. Hawa, bu öýde daragyň sesi bilen çagalaryň şadyýan gülküleri belentden ýaňlanýar. Bu döwletli maşgalanyň öý bikesi, bagtyýar zenan, Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň eýesi Göwher Annageldiýewa bilen söhbetdeşligimiz hem milli mirasymyz, perzent terbiýesi dogrusynda boldy. — Durmuşda öz ornumyzy tapyp, bir işiň başyny tutup, jemgyýete garylyp-gatylyp bilen bolsak, munuň aňyrsynda, ilkinji nobatda, ata-enelerimiziň irginsiz aladalary ýatandyr. Sekiz we şondan köp çagany dünýä indirip, il hataryna goşmak bagtyýarlykdan nyşan dälmi, eýsem?!

Ene hüwdüsi

Ene hüwdüsi... Bu halk döredijiliginiň iň ajaýyp nusgalarynyň biridir. Bu asyrlardan-asyrlara, nesillerden--nesle geçip gelýän kämil eserdir. Ene hüwdüsinde düşündirip bolmaýan jadylaýjy sungat, täsin ýakym bar. Eýsem, hiç zada düşünmän aglaýan bäbejigi rahatlandyryp, uka gidirýän hüwdi dälmi? Çagasyny huwwalap, hüwdi aýtmadyk ene öň hem ýokdy, häzirem ýok. Şu ýerde, men çagalykdan hakydamda galan we häzirem uly höwes bilen aýdylýan ene hüwdüsini ýatlasym gelýär.

Gaýynekeji

Gaýynekeji sözi zenan dünýäsinde ähmiýetli düşünje bolup ornaşandyr. Gelin we gaýynekeji gatnaşyklary barada pikir alyşmak, öz garaýyşlaryňy paýlaşmak üçin söhbet edere zat kän. Gaýynekeji sözündäki «eke» sözi käbir şiwelerde uly aýal dogan manysyny berýär. Diýmek, gaýynekeji bilen gelniň arasyndaky gatnaşyk uýalarça ysnyşykly, jebisleşikli bolmaly. Ýanýoldaşyň uýasy bolan gaýynekejiň bagtyňa şärik ynsandyr. Her bir maşgalada gelniň bagtdan paýlylygy gaýynenäniň hem-de gaýynekejiniň onuň bilen göwündeş, pikirdeşliginden alamat. Maşgala agzybirligi onuň agzalarynyň hemmesiniň gatnaşygynyň ylalaşykly bolmagyny talap edýär. Gaýynene, gaýynekeji, baldyz, gaýynaga, ýüwürji we beýleki maşgala ýakyn adamlar gelniň hossarlyk gurşawy. Hususan hem, durmuşda gelin-gaýynene, gelin-gaýynekeji, gelin-baldyz gatnaşyklarynda dürli ýagdaýlar ýüze çykyp durýar. Şol ýagdaýlardan parasatly baş alyp çykmakda gaýynekejiniň üstüne düşýän jogapkärçilik kiçi-girim däldir. Ol maşgalanyň içki meselelerinde, aýratyn hem, onuň zenan agzalarynyň arasynda sözi diňlenýän adam. Gelen gelni ýat saýman, edil özüňkiň biri ýaly saýmak, gaýynenä-de, gaýynekejä-de juda lazymdyr. Käbir maşgalalarda gaýynekejiler bilen gelinleriň arasyndaky hoşgylawlylygy, mähirli gatnaşyklary göreniňde, olara öz ýanyňdan buýsanýarsyň, durmuşda şeýle bagtyýar maşgalalaryň köp bolmagyny isleýärsiň.

Maşgala edebi – asylly terbiýe

Türkmen halky gadymy döwürlerden özüniň päk göwünliligi, maşgala wepalylygy, mertligi, şahandazlygy, parahatçylyk söýüjiligi bilen her bir işde rowaçlyk gazanyp, ençeme ruhy we maddy gymmatlyklary dünýä ýaýan beýik halk hökmünde tanalýar. Halkymyz gadymdan gelýän maşgala terbiýesindäki asylly däp-dessurlaryny döwrebap röwüşde sazlaşykly ösdürmek bilen, maşgalanyň doly kämil bolmagynyň esasy ýol-ýörelgesi hökmünde saýlap alýar. Bu babatda ruhy-ahlak gymmatlyklar maşgala terbiýesinde esasy orny eýeleýär. Türkmen maşgalasynda çagany ýokary ahlakly, watansöýüji, zähmetsöýer edip ýetişdirmek terbiýäniň özeninde durýar. Ahlak gymmatlyklaryň kämilligi, maşgalanyň durnuklylygy, berkligi, ilkinji nobatda, zähmet terbiýesine aýratyn üns berilýänligindedir. Her bir ene özüniň hüwdüsi, owaza öwrülen ajaýyp heňi bilen çaga dünýä inenden onuň kalbyna guýýar. Bu babatda aýratyn bellemeli zat perzendiň geljekde kämil hünäriň eýesi bolmagy, şol hünär bilen bolsa Watany gülletmek işine goşant goşmagydyr. Halkymyzyň müňlerçe ýyllaryň tejribesinde ýaş nesli terbiýelemegiň serişdesi hökmünde zähmeti esas hasaplandyklary hemmämize mälimdir. Şonuň üçin ene öz çagasyny hüwdülände, şeýle setirleri beýan edýär: Meniň gyzym Aý ýaly, Aýa, Güne taý ýaly Çeper elli hünärde,Aýda dokar bir haly —

Myhman almaklygyň edebi

Halkymyz durmuşynda myhman kabul etmeklige ýokary ähmiýet berlip, ony parz hasaplapdyr. Şonuň üçin gapydan gelen adamy taňry myhmany hökmünde garşy almaklyk türkmençilikde däbe öwrülipdir. Myhman isle, çagyrylyp gelsin, isle-de, çagyrylman, ony güler ýüz, açyk köňül bilen kabul etmek öý eýesiniň ilkinji borjudyr. Myhmanyň gelýänini gören dessine, onuň öňünden çykyp, garşylamak gerek. Myhmany garşylan öý eýesi: «Hoş geldiňiz, sapa geldiňiz!» diýer. Gelen kişi bu ýagşy dileglere: «Hoş gördük!» diýip jogap gaýtarar.

Sagdyn durmuş ýörelgesi maşgaladan başlanýar

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin ähli zerur şertler döredilýär. Şäher we oba ýerlerinde gurlan sport mekdeplerine we desgalaryna diňe bir türgen ýaşlar däl, eýsem uly ýaşdaky, dürli kärde zähmet çekýän raýatlar hem gelip, sport bilen meşgullanýarlar, saglyklaryny berkidýärler. Oba adamlary sagdyn nesli kemala getirmek we terbiýelemek üçin bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýetine doly göz ýetirýärler. Şonuň üçin hem indi bütin maşgala bolup, döwrebap sport mekdeplerinde sport bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Şeýle maşgalalaryň biri hem Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň R.Ataýew adyndaky geňeşliginde ýaşaýan Tirkeş Babaýewiň maşgalasydyr. 10 çagany terbiýeläp ýetişdiren mährem ene, etrap hassahanasynda şepagat uýasy bolup işleýän Tawus Annaýewa öz durmuş tejribesinden sportuň adamyň saglygyna, çaga terbiýesine oňyn täsir edýändigine gowy düşünýär. Olaryň perzentleri Gahryman, Wepa, Körpe woleýbol bilen gyzyklansalar, gyzy Mamatäç taýboks bilen içgin meşgullanýar. Olar özleriniň boş wagtlarynda obada ýerleşen 3-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň bazasynda yzygiderli türgenleşýärler. Bu bolsa özüniň oňyn netijelerini hem berýär. Golaýda «Biz sport maşgalasy» diýen şygar bilen welaýat häkimliginiň, sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň, zenanlar guramasynyň we beýleki

Edep mekdebi, mähir bulagy Käbe

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eseri halkymyz tarapyndan elden düşürilmän okalýar. Okadygyňça-da, ýürege ornaýar. Bu eser «Sözden başlanýan ägirtlik», «Öý-ojagyň gelşigi», «Ene — ulus-iliň enesi, çäksiz hormat eýesi», «Ene — döwletlilik» diýen dört sany giň we çuň manyly bölümlerden ybarat bolup, onda Gahryman Arkadagymyz mähriban käbesi Ogulabat ejäniň durmuş ýoly barada gyzykly we täsirli wakalary çeper beýan edýär. Ýiti zehiniň miwesi bolan «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly eserdäki Käbä deňelýän eziz we mähriban enä bolan çäksiz söýgi her bir okyjynyň mukaddeslige bolan duýgusynyň inçe taryna kakýar. Ene barada pikirlenip, ak kagyza köňül islegiňi ýazmaga ylham berýär.

Ata-enäniň guwanjy

Adam bolmagyň manysy uludyr. Ol söz öz içinde ulalmak, kemala gelmek, ynsaply bolmak, düşünişmek we beýleki birnäçe düşünjeleri jemleýär. Türkmençilikde «Her kim bol, adam bol» diýilýär. Haýsy kärde, kim bolup işleseň-de, adam bolmak gerek. Bu barada ussat şahyrymyz Kerim Gurbannepesow şeýle diýýär: Nanyňy goşgudan berse-de ykbal, Goşgudan öň adam bolmagyň hökman.

Asylly görelde (oýlanma)

Maşgalada üç aýal dogan bolup ulaldyk, men olaryň iň kiçileridim. Bu bolsa öýüň käbir işlerinden meni azat edýärdi. Ýöne ejem «sen uly, sen kiçi» diýmezdi. Öýde her kimiň öz ýerine ýetirmeli işleri bardy. Ejemiň aýratyn üns berýän zady bolsa biziň irden örüp, okuwa hemmetaraplaýyn taýýar bolmagymyzy gazanmakdy. Edep-terbiýe babatynda hiç hili gürrüň hem bolmazdy. Sebäbi biz — zenan maşgala, edebimiz, terbiýämiz, asyllylygymyz bolaýmalydy. Özi hem «Sen şeýle bol!» diýenokdy. Şu wagt pikir edip otursam, biz edepliligi, özümizi alyp barmagyň gerekli düzgünlerini, zenana mahsus aýratynlyklary ejemiziň edýän hereketlerinden nusga alyp öwrenipdiris. Özümi «elinden dür dökülýän» hasaplaýardym. Ýöne heniz ol sözi diýmegiň juda irdigine bolsa durmuş gurup, gaýyn öýümde ýaşap başlanymdan soň aýdyň göz ýetirdim. Edep-terbiýe, medeniýetlilik – bular durmuş ýolunda çagalykdan başlap, kämillige dowam edýär ekeni. Gowy gylyk-häsiýetleri diňe bir maşgala agzalaryndan ýa-da mekdepde bilim beren mugallymlaryňdan däl-de, «Gelen gelin däl, gelen ýeri gelin» diýlişi ýaly, gaýyneneňden hem öwrenip bolýar ekeni. Ilkiler bir zatlar öwretjek bolanynda känbir göwnejaýlyk bilen kabul hem etmezdim. Sebäbi ejemiň öwredeni ýeterlik ýaly duýardym. Men arasynda «Bulary bilýärin» diýip, gaýynenemiň aýdan zatlaryna ünssüz çemeleşýärdim. Ýöne ol sesini çykarman, hereketleri bilen maňa görelde bolmagy dowam edýä

Çülçiniň gözlegi

«Görüp — gaçdy» türkmen milli oýunlarynyň biri bolup, çagalar ony höwes bilen oýnaýar. Bu oýny kiçi, ýagny 5 — 10 ýaş aralygyndaky oglan-gyzlar dynç alyş meýdançalarynda bukular ýaly amatly ýerlerde agşamara oýnaýarlar. Oýunçylar meýdançanyň bir gyrasynda ýa-da ortasynda ýörite ýer (pellehana) belleýärler. Şondan soňra olar öz aralarynda bije atyşyp, sanawaç sanaşyp, bir oýunçyny çülçi saýlaýarlar. Galanlary bolsa döwçi bolýarlar. Çülçi pellehanada gözüni ýumup durýar. Döwçüler çar tarapa ýaýrap bukulýarlar. Olar buky ýerlerde gizlenenlerinden soň, çar tarapdan «guk» diýip gygyryp, çülçä gözlege çykmaga habar berýärler. Çülçiniň esasy wezipesi bukulan oýunçylaryň hemmesini gözläp tapmak we olary oýundan çykarmak bolýar. Şonuň üçin ol ilki ýakyn töwerekdäki oýunçylaryň ýanyna ýuwaşlyk bilen ýakynlaşyp, bukulanlaryň birini tanap, adyny tutup, pellehana tarap ylgaýar. Eger tapylan oýunçynyň ady dogry tutulsa, onda ol derrew gizlenen ýerinden çykyp, çülçini kowalap başlaýar. Şu ýagdaýda çülçi tutdurman pellehana gelse, onda ady tutulan döwçi oýundan çykarylyp, çülede oturdylýar. Ýöne çülçi döwçiniň adyny nädogry tutaýsa, onda ol, bilmediň men däl diýip, ýerinden turmaly. Şeýle ýagdaýda çülçi oýny täzeden başlamaly bolýar. Kähalatlarda ol gözlege çykan wagtynda bukulyp ýatan döwçüleriň biri amatly pursatdan peýdalanyp, çülçä görünmän, ýerinden turup, pellehana tarap ylgap gelse, ond