''Arkadagly ýaşlar" žurnaly

Esaslandyryjysy-Türkmenistanyň magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy Salgysy: aşgabat ş.,garaşsyzlyk şaýoly; 104 Tel.:(993 12) 44-88-80; faks:44-88-94 Poçta salgysy: arkadaglyyashlar@gmail.com

Habarlar

Sag­lyk, saz we sport

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hä­zir­ki wagt­da hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­ny ber­kit­mek­de be­den­ter­bi­ýä we spor­ta uly üns be­ril­ýär. Şeý­le aja­ýyp dö­wür­de ýa­şa­ýan türk­men hal­ky is­len­dik pu­dak­da zäh­met çe­kip öz sö­ýen kä­ri­niň eýe­si bo­lup bil­ýär­ler. Äh­li pu­dak­lar­da ýe­til­ýän de­re­je­ler, be­lent sep­git­ler oňaý­ly ne­ti­jä­ni gör­kez­ýär. Üs­tün­lik sport bi­len saz sun­ga­ty bol­sa is­len­dik ýaş­da her bir yn­san üçin ze­rur, hat­da mö­hüm ge­rek­li bo­lan zat­lar hök­mün­de or­ta çyk­ýar. Çün­ki bu iki sun­gat bi­ri-bi­ri­niň için­den eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär.

Meý­le­tin­çi­ler — yg­ty­bar­ly ýar­dam­çy­lar

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hal­ka­ra bäs­le­şik­le­rin­de, şeý­le-de döw­let de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­lar­da ynam­ly ýar­dam­çy­la­ryň — meý­le­tin­çi­le­riň uly äh­mi­ýe­ti bar. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz­da hal­ka­ra de­re­je­sin­de ge­çi­ril­ýän ýa­ryş­la­ryň, sport bäs­le­şik­le­ri­niň esa­sy ýar­dam­çy­sy — ze­hin­li, iş ba­şar­jaň, ök­de meý­le­tin­çi­ler ha­sap­la­nyl­ýar. Ýur­du­myz­da meý­le­tin­çi­le­riň kä­mil, di­le­war, öz işi­ne ök­de us­sat bol­ma­gy ug­run­da bir­nä­çe okuw sa­pak­la­ry, du­şu­şyk­lar ge­çi­ril­ýär. Meý­le­tin­çi ady­na eýe bol­mak, öň­de goý­lan we­zi­pe­le­re my­na­syp höt­de gel­mek, jem­gy­ýet­çi­lik yk­rar­na­ma­sy­ny ga­zan­mak her bir meý­le­tin­çi­niň bor­ju­dyr.

300 müň adam gatnaşar

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda üstümizdäki ýylda Fransiýanyň Pariž şäherinde geçiriljek XXXIII tomusky Olimpiýa oýunlaryna giňden taýýarlyk görülýär.

Erkin göreşiň döreýiş taryhyndan

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Jan­kö­ýer­le­riň ara­syn­da uly söý­gü­den peý­da­lan­ýan sport gör­nüş­le­ri­niň bi­ri hem er­kin gö­reş­dir.

Sagdyn durmuş ýörelgesi — ruhubelentligiň çeşmesi

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de yn­san sag­ly­gy­ny ber­kit­mek, adam­la­ryň dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­me­gi we go­wy dynç al­ma­gy üçin şert­le­ri dö­ret­mek hormat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň yzy­gi­der­li dur­mu­şa ge­çir­ýän döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň mö­hüm ug­ru­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de Türk­me­nis­tan­da sag­lyk ul­ga­my­ny, şol san­da sa­gal­dyş-şy­pa­ha­na dynç alyş we sport ul­ga­my­ny ös­dür­mek bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Paý­tag­ty­myz­da hem-de Di­ýa­ry­my­zyň äh­li kün­jek­le­rin­de aja­ýyp şy­pa­ha­na­lar, be­den­ter­bi­ýe we spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak üçin ze­rur bo­lan en­jam­lar bi­len üp­jün edi­len döw­re­bap sport top­lum­la­ry gur­lup ula­nyl­ma­ga be­ril­di.

He­re­ket­li we san­ly sport

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýet­gin­jek­le­riň sag­dyn bol­ma­gy, spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry üçin hem­me­ta­rap­la­ýyn müm­kin­çi­lik­ler dö­re­dil­ýär. Köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe he­re­ke­ti­niň we ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­tuň ös­dü­ril­me­gi ýur­du­my­zyň döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri­dir. Hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­nyň ta­gal­la­sy esa­syn­da, ekst­rims­port­la­ryň (X-Sports) köp gör­nüş­le­ri dö­re­di. Kuw­wat­ly en­jam­la­ryň kö­me­gi bi­len biz fi­zi­ki ba­şar­ny­gy­my­zy has-da ös­dü­rip bil­ýä­ris.

Geljegiň oýunlary

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Yn­san şu gü­ni bi­len ýa­şa­sa-da, geç­mi­şi ýat­la­man, gel­je­giň ga­my­ny iý­män bil­me­ýär. As­ly­ýe­tin­de, şu gü­nüň bag­ty­ýar pur­sat­la­ra bes­len­me­gi üçin geç­miş­dä­ki tej­ri­bä­niň peý­da­la­ny­lyp, mi­ras ga­lan mil­li gym­mat­lyk­la­ryň kä­mil­leş­di­ri­lip gel­jek­ki ne­sil­le­re ýe­ti­ril­me­gi ze­rur. Şon­da er­tir­ki gü­nü­mi­ziň eş­ret­li, gel­je­gi­mi­ziň nu­ra­na bol­jak­dy­gy düş­nük­li­dir.

Spor­tuň top­lum­la­ýyn gör­nü­şi

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ýur­du­myz­da ösen komp­ýu­ter teh­no­lo­gi­ýa­la­ry­na ez­ber­lik bi­len erk ed­ýän ýaş ne­sil­le­riň ara­syn­da in­no­wa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len bag­ly sport gör­nüş­le­ri uly meş­hur­lyk ga­zan­ýar. Türk­men döw­let be­den­ter­bi­ýe we sport ins­ti­tu­tyn­da ýur­du­my­zyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň we mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da «He­re­ket­li we san­ly sport — sport­da in­no­wa­si­ýa­lar» at­ly spor­tuň tä­ze fi­ji­tal gör­nü­şi bo­ýun­ça ýa­ryş ge­çi­ri­ler.

Awtosport barada

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Hä­zir­ki wagt­da Türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri Gahryman Ar­ka­da­gy­my­zyň sa­ýa­syn­da türk­men aw­tospor­ty da­ba­ra­lan­ýar. Şeý­le-de bu spor­ty ös­dür­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe sport des­ga­la­ry gu­rul­ýar. Bu bol­sa öz ge­ze­gin­de aw­tospor­ty ös­dür­mek­dä­ki aja­ýyp iş­le­riň mi­we­si­dir.

Tür­gen­le­riň baý­ram­çy­lyk sow­ga­dy

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de, «Pä­him-paý­has um­ma­ny Mag­tym­gu­ly Py­ra­gy» ýy­lyn­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ýol­baş­çy­ly­gyn­da ýur­du­myz ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne sa­ry ynam­ly öňe bar­ýar.

Şöhratlanýar bu gün türkmen sporty

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň pa­ra­sat­ly baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­myz ösü­şiň tä­ze be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ynam­ly öňe bar­ýar. Bu bol­sa jem­gy­ýet­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ber­ka­rar et­mek, köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ni, ýo­ka­ry ne­ti­je­li spor­ty wa­gyz et­mek, sport ýur­dy hök­mün­de Türk­me­nis­ta­nyň hal­ka­ra ab­ra­ýy­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak bo­ýun­ça ama­la aşy­ryl­ýan top­lum­la­ýyn iş­le­riň öze­ni bo­lup dur­ýar. Türk­me­nis­tan — spor­tuň ös­ýän ýur­dy, biz mu­ňa di­ňe bir Di­ýa­ry­my­zyň sport ba­ba­tyn­da ýe­ten hal­ka­ra üs­tün­lik­le­ri­niň däl-de, ýur­du­my­zyň çar kün­je­gin­de gur­lup, ula­nyl­ma­ga ber­len kö­pu­gur­ly sta­di­on­la­ryň, sport top­lum­la­ry­nyň, sport mek­dep­le­ri­niň, be­den­ter­bi­ýe we sa­gal­dyş des­ga­la­ry­nyň hem-de beý­le­ki sport mak­sat­ly bi­na­la­ryň my­sa­lyn­da hem bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len göz ýe­tir­ýä­ris. «Sport we be­den­ter­bi­ýe dö­re­di­ji­lik baş­lan­gyç­la­ry­ny, ola­ry dur­mu­şa ge­çir­mä­ge bo­lan mak­sa­da­ok­gun­ly­ly­gy hö­wes­len­dir­ýän sag­dyn­ly­gyň hem-de güý­jüň esa­sy çeş­me­si­dir» di­ýip, eziz Di­ýa­ry­my­zyň sag­dyn­ly­gyň, ru­hu­be­lent­li­giň, spor­tuň ýur­dy hök­mün­de dün­ýä­de ga­za­nan ab­ra­ýy­ny tä­ze be­lent­lik­le­re gö­ter­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ny

Gyş­ky oýun­lar

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Gyş pas­ly­nyň he­zil­li­gi­ni gör­mek üçin, gar oý­nap, buz­da typ­mak üçin öň­ler ýö­ri­te gy­şa ga­raş­ýar­dyk. In­di bol­sa ýy­lyň is­len­dik möw­sü­mi bo­laý­syn, hat­da jok­ra­ma to­mus pas­lyn­da hem gyş­ky oýun­lar bi­len meş­gul­lan­mak müm­kin. Has dog­ru­sy, dün­ýä­de sport ýur­dy hök­mün­de ta­nal­ýan Türk­me­nis­tan Wa­ta­ny­myz­da be­den­ter­bi­ýä we spor­ta aý­ra­tyn üns ber­lip, onuň äh­li gör­nüş­le­ri hem ös­dü­ril­ýär. Hä­zir­ki wagt­da ýur­du­myz spor­tuň gyş­ky oýun­la­ry gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri gör­kez­mek bi­len, hal­ka­ra are­na­sy­na çyk­ýar.

Ter­bi­ýe­leý­ji oýun­lar

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024Dün­ýä halk­la­ryn­da ça­ga­la­ry he­re­ke­te, iş­jeň­li­ge ter­bi­ýe­le­mek üçin oý­la­nyp ta­py­lan, öza­ra umu­my­lyk­la­ry we aý­ra­tyn­lyk­la­ry bo­lan oýun­lar diý­seň kän­dir. Bu oýun­lar 5 — 7 ýa­şyn­da­ky ça­ga­lar üçin ni­ýet­le­nen, o di­ýen çyl­şy­rym­ly bol­ma­dyk he­re­ket­li oýun­lar­dyr. Ge­liň, ola­ryň kä­bi­ri­ne se­re­dip ge­çe­liň. Ot­ly oý­ny

Serenany sepgide ýetiren menziller

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 «Al­tyn tuwul­ga­» ten­nis äle­min­dä­ki iň ab­raý­ly baý­rak­la­ryň bi­ri. Ony iň bol­man­da ýe­ke­je ge­zek al­mak her bir ten­nis­çiniň ar­zu­wy. Se­re­na bol­sa ony gör, nä­çen­ji ge­zek­ler alyp­dyr. Şu­nuň özem Se­re­na­nyň sep­git­le­re ýet­mek­de mer­te­be­li men­zil­le­ri kül­ter­län­di­gi­ni äş­gär ed­ýär.

Mil­li gymmatlyk

«Türkmenistan Sport», № 1 (21), 2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de Gahry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň hem-de Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Serdarymy­zyň taý­syz ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de, ýur­du­myz­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­ni we spor­ty ös­dür­mek, jem­gy­ýet­de, aý­ra­tyn hem, ýaş ne­sil­le­riň ara­syn­da sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri­ni or­naş­dyr­mak, be­den taý­dan berk, sag­dyn, ru­hu­be­lent ýaş nes­li ter­bi­ýe­läp ýe­tiş­dir­mek ba­ra­da giň ge­rim­li iş­ler üs­tün­lik­li dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz be­den­ter­bi­ýä­niň we spor­tuň yn­san dur­mu­şyn­da­ky or­nu­na ün­si çe­kip, «Sport — mu­nuň özi gu­jur-gaý­ra­tyň, gö­zel­li­giň, sag­dyn­ly­gyň we prog­re­siň be­lent­lik­le­ri­ne ta­rap ym­ty­ly­şyň jan­ly be­ýa­ny­dyr» di­ýip, ýur­du­myz­da sag­dyn ýa­şa­ýyş dur­muş esas­la­ry­nyň berk bin­ýa­dy­ny goý­dy. Şeý­le­lik­de, ýur­du­my­zyň we hal­ky­my­zyň sag­dyn we ru­hu­be­lent dur­muş­da ýa­şa­ma­gy­na ze­rur şert­ler dö­re­dil­di.

Türk­men sam­bo­çy­la­ry­nyň üs­tün­li­gi

Ýa­kyn­da Mosk­wa­nyň hal­ka­ra sam­bo mer­ke­zin­de her ýyl ge­çi­ril­me­gi asyl­ly dä­be öw­rü­len Sam­bo­ny esas­lan­dy­ry­jy­la­ryň Ku­bo­gy ug­run­da­ky ýa­ryş ta­mam­lan­dy. Ab­raý­ly bäs­le­şik spor­tuň bu gör­nü­şi­ni dö­re­di­ji­ler ha­sap­lan­ýan Ana­to­liý Har­lam­pi­ýe­wiň, Wa­si­liý Oş­şep­ko­wyň hem-de Wik­tor Spi­ri­do­no­wyň ýag­ty ýa­dy­gär­li­gi­ne ba­gyş­la­nyp gu­ral­ýar.  Ýa­ry­şa Türk­me­nis­tan­dan, Be­la­rus­dan, Azer­baý­jan­dan, Er­me­nis­tan­dan, Ger­ma­ni­ýa­dan, Ga­za­gys­tan­dan, Gyr­gyz Res­pub­li­ka­syn­dan, Hy­taý­dan, Mon­go­li­ýa­dan, Tä­ji­gis­tan­dan, Öz­be­gis­tan­dan, Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan hem-de ýer eýe­le­ri bo­lan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­dan 250-den gow­rak päl­wan gat­naş­dy.

Tej­ri­be­li tür­gen

Bu gün ýur­du­my­zyň dür­li kün­jek­le­rin­de ýer­leş­ýän sport mek­dep­le­ri ze­hin­li ýaş­la­ryň tä­lim al­ýan, zäh­met çek­ýän ýer­le­ri­ne öw­rül­di. Le­bap we­la­ýa­ty­nyň Çär­jew et­ra­by­nyň 2-nji sport mek­de­bi­niň ku­raş gö­re­şi bo­ýun­ça tä­lim­çi-mu­gal­ly­my Aý­şi­rin Haý­da­ro­wa­ türgenleriň hem şeýle biridir. Ol 2009-njy ýyl­da ýe­ňil at­le­ti­ka bo­ýun­ça tür­gen­le­şik­le­re baş­la­ýar. 2014-nji ýyl­da bolsa tej­ri­be­li tä­lim­çi Şi­rin Ku­ba­ýe­wa­dan gö­reş gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça tä­lim al­ýar.

Sport mekdeplerinde

Ak­de­pe et­ra­by­nyň be­den­ter­bi­ýe we sport bö­lü­miniň TMÝG-niň Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Ak­de­pe et­rap ge­ňe­şi bi­len bi­le­lik­de gu­ra­ma­gyn­da agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça et­ra­byň bi­rin­ji­li­gi ge­çi­ril­di. Ak­de­pe et­ra­by­nyň 7-nji sport mek­de­bin­de do­wam eden ýa­ry­şa 2008-nji ýyl­da dog­lan og­lan-gyz­lar gat­naş­dy­lar. Og­lan­la­ryň ara­syn­da Şah­ruh Mät­ja­now, Ke­rim Nur­mä­me­dow, Ali­bek Is­ma­ýi­low, Hu­sin­baý Re­ýim­ba­ýew, Ali­jan Ata­ja­now, Şa­him Hu­daý­ber­ge­now, Egem­ber­gen Mah­mud­ja­now, Ba­bur Al­la­ber­ge­now, Ba­bur Şer­me­tow, Şa­him Re­ýim­ku­ly­ýew, gyz­la­ryň ara­syn­da Ýa­ňil­jan Mad­ra­ýi­mo­wa, Mu­ni­sa Sa­tym­ba­ýe­wa, Zü­leý­ha Ýu­sup­ba­ýe­wa, Kü­müş Baý­ja­no­wa, Di­na­ra Ku­ram­ba­ýe­wa da­gy ýe­ňi­ji bol­dy.

Hal­ka­ra ýa­ry­şyň bo­sa­ga­syn­da

Bil­şi­miz ýa­ly, paý­tag­ty­myz Aş­ga­bat­da ge­çi­ri­len Ku­raş bo­ýun­ça dün­ýä çem­pio­na­ty­nyň ta­mam­la­na­­ny­na o di­ýen köp wagt ge­çe­nok. In­di bol­sa Türk­me­nis­tan no­bat­da­ky iri bäs­le­şi­gi – hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ry­şy ka­bul et­mä­ge taý­ýar­lyk gör­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň gol çe­ken Ka­ra­ry­na la­ýyk­lyk­da, eziz Di­ýa­ry­myz­da 15 – 20-nji ap­rel ara­ly­gyn­da hok­keý bo­ýun­ça hal­ka­ra ýa­ryş ge­çi­ri­ler. Hal­ka­ra ýa­ry­şyň du­şu­şyk­la­ry­ny Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti­niň Gyş­ky oýun­lar sport top­lu­my­nyň uly we ki­çi buz­ly meý­dan­ça­la­ryn­da ge­çi­r­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Ne­sip bol­sa, bu ýa­ryş ýur­du­myz­da spor­ty ös­dür­mek­de uly iş­le­riň al­nyp ba­ryl­ýan­dy­gy­ny no­bat­da­ky ge­zek bü­tin aý­dyň­ly­gy bi­len gör­ke­zer. Eziz Di­ýa­ry­myz ab­raý­ly hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň bir­nä­çe­si­ni üs­tün­lik­li ge­çir­di. Çün­ki ýur­du­myz­da gur­lup, ula­nyl­ma­ga ber­len sport des­ga­la­ry ýo­ka­ry müm­kin­çi­lik­le­ri bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.

Gökderedäki gyzykly bäsleşikler

25 — 30-njy mart ara­ly­gyn­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de Gurbanguly Berdimuhamedow adyn­da­ky Ho­wan­dar­ly­ga mä­täç ça­ga­la­ra he­ma­ýat ber­mek bo­ýun­ça ha­ýyr-sa­ha­wat gaz­na­sy­nyň ho­wan­dar­lyk et­me­gin­de mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da ma­te­ma­ti­ka der­si bo­ýun­ça hal­ka­ra olim­pia­da ge­çi­ril­di. 28-nji mart­da Türk­me­nis­ta­nyň Be­den­ter­bi­ýe we sport ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti hal­ka­ra olim­pia­da gat­na­şy­jy­lar üçin spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri bo­ýun­ça bäs­le­şik­leri gu­rady. Gök­de­re­dä­ki «Ne­bit­çi» ça­ga­lar dynç alyş we sa­gal­dyş mer­ke­zin­de ýaý­baň­lan­dyry­lan sport ýa­ryş­la­ry o­lar­da ýa­kym­ly tä­sir gal­dyr­dy. Olim­pia­da gat­na­şy­jy­lar küşt, stol ten­ni­si, fut­bol, ta­nap çek­mek, ýag­ly­ga to­wus­mak bo­ýun­ça öz ba­şar­nyk­la­ry­ny gör­kez­di­ler. Ýo­ka­ry gu­ra­ma­çy­ly­gy bi­len ta­pa­wut­la­nan sport bäs­le­şik­le­ri o­la­ryň wagt­la­ry­ny şa­dy­ýan, gy­zyk­ly ge­çir­mek­le­ri­ne şert dö­ret­di. Bu hal­ka­ra ders olim­pia­da­sy oňa gatnaşyjylaryň alan bi­lim­le­ri­ni do­ly gör­kez­me­gi bi­len bir ha­tar­da, ola­ryň be­den­ter­bi­ýe-sport ba­bat­daky ukyp-ba­şar­nyk­la­ry­ny aýan et­megine hem müm­kin­çi­lik ber­di.