ŞIRIN HEM PERHADYŇ GEZEN ÝERLERI

2 Mart 2023
760

Geçmişde baý medeni mirasyň eýesi bolan türkmen halky öz medeniýetini dowamly ösdürip, dünýä ösüşine saldamly goşandyny goşupdyr. Şeýle medeni mirasyň bir bölegi Daşoguz welaýatynyň «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň çäginde ýerleşýär. Bu ýadygärlikleri öwrenip, ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirmek goraghana hünärmenleriniň paýyna düşýär. «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 – 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda binagärlik we arheologik ýadygärlikleri giňişleýin öwrenmek, olar baradaky gyzykly maglumatlardyr rowaýatlar bilen tanyşdyrmak biziň baş maksadymyz bolup durýar. Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň günbataryny eýeläp oturan Döwkesen galasy hem şeýle täsin ýadygärlikleriň biridir. Galany synlanyňda, göz öňüňde ertekiler dünýäsiniň täsin bir görnüşi janlanan dek bolýar. Gyryň üstünde ertekileri ýatladýan ajaýyp köşk-aramgähiň birki sanysy seleňläp görünýär. Halk arasynda bu galanyň «Döwkesen» adynyň gelip çykyşy barada haýran galdyryjy rowaýatlar saklanyp galypdyr. Şol rowaýatlaryň birinde şeýle diýilýär.

Aýtmaklaryna görä, Döwkesen galasynyň töwereginde Perhat atly bir ýigit ýaşapdyr. Ol akylly-paýhasly, eli hünärli ussa ýigit ekeni. Perhat şanyň hüýr dek owadan mylaýym gyzy Şirini halaýan eken. Ýöne şagyzynyň atasy bularyň söýgüsi- ne garşy bolupdyr. Olary biri-biri bilen duşurmazlyk üçin patyşa hem-de onuň wezir-we killeri aşyk ýigidiň öňünde agyr şert goýýarlar. Şa ýigide belli bir möhletiň dowa- mynda şäheriň içine duşman goşuny girmez ýaly çuň garym gazmaly diýip buýruk berýär. Şäher gyryň üstünde ýerleşendigi sebäpli, daş-töweregi durşuna daş ekeni.

Gülnur REJEPOWA,
«Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň hünärmeni.