YNAMYŇYZY YHLAS BILEN HAKLARYS!

2 Mart 2023
808

Milli Liderimiziň göreldesi bilen, ata Watanymyzda halypalara gol beren ýaşlyk, ýaşlara nusgalyk ýol bolan halypalyk sazlaşýar.

Ynha, nesip edeninden milli senenamamyzyň altyn sahypasyna edil daşa ýazylan ýaly bolup, ýaşlaryň hem ady ýazyldy. Şygarly senenamamyza meň-ä şygyrly senenamamyz diýesim gelýär. «Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek» ýyly, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly, aýdyň, heý, goşgy kemi barmy?! Topbak-topbak bentleri bolmasa-da, joşgunyň belendi bar, mukaddes pendi bar. Bir gowy goşgynyň ýürejigiňe jüňk bolup, ýatda galýan iň gowy setiri ýaly ýüreklere ornaýar. Onsoňam, Gündogar müçenamasy boýunça towşan ýyly ýa-da milady ýyl hasaby boýunça 2023–nji ýyl diýip senäni aňlatmak bir başga, «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýmek başga. Bu ýylyň mazmuny, ähmiýeti, dabarasy biz – ýaşlar üçin hasam ütgeşik. Çünki biz – bu şygarda ady belentde tutulýan ýurdumyzyň ýaş raýatlary, Watanyň kuwwatly ganatlary. Halkymyz geçmişde-de öz edepli, edenli ýaşlaryna uly ynam bilen garapdyr. «Akyl ýaşda däl, başda», «Boljak oglan on bäşinde baş bolar» diýen nakyllar hem muňa bir mysal. «Beh, türkmeniň ýumruk ýalysy şular ýaly pikir edip bilýän bolsa, beýlekileri nähilikä?» diýip gaýry ýurtly kerwenbaşylary, şalary haýran galdyran türkmen perzentleri baradaky rowaýatlar dilden dile, ilden ile ýaýrap, şu günki günümize çenli gelip ýetipdir. Bu hakdaky tymsalymyz, taryhy mysalymyz sanardan kän. Olara rowaýat diýer ýalam däl, şu günki günem biz şeýle ýagdaýlaryň gözli şaýady. Ata Watanymyzyň ýaşyl tugy ýaşlaryň golunda parlaýar. Abraýly hem jogapkärli wezipeleri eýeleýän hem ýene ýaşlar. Olar ynamy ödemegem başarýarlar. Çünki Watany üçin diňe hany-manyny däl, şirin janyny, başarnygyny gaýgyrmajak kemally ýaşlar kemala geldi. Biziň ýaşlarymyz edermen, bilermen, dilewar. Dilewar diýenimde, diňe suhangöýliklerini däl, daşary ýurt dillerinde saýraýandyklaryny, ösen tehnologiýalaryň diline düşüşdiklerini, her biri diplomat ýaly, dialog bilen göwünleriň dilini tapyp bilmek ukyplaryna eýediklerini hem göz öňünde tutýaryn. Sebäbi bu ýaşlar, bütin Ýer şarynda BMG tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýeke-täk Bitarap döwletiň ýaşlary. Döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň çagalykdan aňymyza, ýüregimize guýlup ýetişdirilmegi hem döwrümiziň uly üstünligidir. Ýaşuly nesliň ýaşlygynda uly guwanjy depesi topluja (şarikli) ruçkasy bolan bolsa, Garaşsyzlygymyzdan öň ýaňy mekdebiň gapysyndan ätlan başlangyç synp okuwçylarynyň şahsy noutbugy bolar diýseler, ynanmak kyn düşerdi. Ýöne gözlerimiziň görýän zady hyýal güýjümizdenem öňde barýar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň hataryna girdi. Sagdyn durmuş ýörelgesi, sport doly güýjünde dabaralanýar. «Tüweleme» diýseň, «tüweleme», sanasaň sogaby bar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ýaşlar üçin buýsanjy bilen birlikde, jogapkärçiligi, terbiýeçilik ähmi- ýeti hem uly. Söýgüli şahyrymyz Atajan Annaberdiýewde  «On bäş ýaşyňda goýbe- ren hataňy, 50 ýaşyňda-da düzedip bolmaz» diýen jümle bar. Şonuň üçin göçgünlilik däl, göçüm etmek üçin yhlas edýäris. Bize paýhasly göçümler, ýeňişler ýaraşýar. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň «Ömrümiň manysy» atly ajaýyp kitabynda: «Hawa, adatça: «Adamyň  başyna düşen kynçylyklar ony gahrymana öwürýär» diýil- ýär. Süýji durmuşda eljiremek ýa-da özüňi diňe ähli zat bilen üpjün durmuşa taýýarlamak we şeýle durmuşa endik etmek adamy emelsiz, juda gowşak edip goý- ýar. Adam hemişe özüni taplamaly. Hakyky adam üçin bu ýöne bir zerurlyk dälde, gowulyga ganat berip göterýän isleg bolmalydyr» diýen sözleri biz – ýaşlaryň diňe bir ýandepderçesine däl, ýüregine ýazan jümleleri. Bu gün Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda hem jümle-jahana nusga bolup, ýurdumyzyň ýaşlar baradaky döw- let syýasatynyň giňden dabaralanmagy bilen, ýaş juwanlara toý tutmak, ýaş maşgala lara öý tutmak üçin döwlet tarapyndan ýeňillikli karz lar, goldawlar berilýär. Düşe- wün diňi artdyryp, halal baýajak  bolsaňam, baş üstüne, döwlet ýaş telekeçileriň arka- synda. Mahmal owazyň barmy, hanha mikrofon, aýdym aýt, güýjüň barmy, göreş, döwletimiz ähli babatda zehinlerini goldaýar. Bol, bol, ýaşlar bol! Tüýs, altyn aşygy alçy gopan ýaşlar biz! Sahna, münber ýaşlaryňky bolsa, sarpa, güller halypalaryňky. Sebäbi olaryň baý tejribesi biziň ýollarymyzyň şamçyragy, ýaşyl yşygy, sazlaşygy. Milli Liderimiziň göreldesi bilen, ata Watanymyzda halypalara gol beren ýaşlyk, ýaşlara nusgalyk ýol bolan halypalyk sazlaşýar. Sözümi jemlemek bilen, ýene-de bir zady aýdasym gelýär: «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýmek, diňe ýaşlaryň ýyly diýmek däl. Sebäbi: «Adam garrasa-da, göwün garramaz» diýilýär. Bu ýyl garrylyga per bermedik, juwan göwünlileriň hem ýyly. Ýaşlyga, sagdynlyga, ruhubelentlige çakylyk bu ýyl. Biz – ýaşlar akgöwünli meýletinçiler bolup, edil ak kepderilerdir garlawaçlar ýaly, şol çakylygy hemmelere paýlamaly, türkmen Tuguny ýer ýüzüne aýlamaly. Biz dost-doganlygyň ilçileri, dialogyň dilçileri bolmaly. Bize bu işimizde uly üstünlikler ýar bolup, Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň belent ynamlaryny ödemek hemmämize nesip etsin!

Gülnabat BEGENJOWA,
žurnalist